Pol Uoker (ru: Пол Уокер, en: Paul Walker)

Пол Уокер

Dünýä Belli aktýor «Форсаж» filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirip adamlaryň söýgisini gazanan we biwagt dünýäden ir giden Pol Uoker barada muşdaklary üçin maglumat.
Doly ady: Pol Uilýam Uoker IV
Doglan wagty: 12.09.1973.
Doglan ýeri: ABŞ. Kaliforniýa. Glendeýl.
Aradan çykdy: 30.11.2013.
Aadançykdy: ABŞ. Kaliforniýa. Walensiýa.
Aktýor,prodýuser,model.

Pol Uilýam Uoker IV 1973-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Glendeýl şäherinde dünýä inýär. Polyň kakasy Pol Uoker III biznesmen, ejesi — Şerl Krebtri geçmişde model bolan. Polyň 2 sany gyz uýasy bar — Emi we Eşli we 2 oglan jigisi — Kaleb we Kodi Býu.

Polyň üstünligi 2 ýaşynda başlandy. Şol wagtky ejesiniň abraýy bilen, oň tanyşlarynyň kömegi bilen şou-biznes ulgamynda, teleýaýlymda podguznik reklamasyna düşdi. Oň ýaşy ulaldygyça abraýy ulalyp seriallarda keşpleri suratlandyrdy.

Ol kinodaky ilkinji keşbini 1986-njy ýylda «Монстр из шкафа» filmde ýerine ýetirdi. 1987 — 1990 ýyllarda ol «Чарльз в ответе» we «Кто в доме хозяин?», şol sanda 1988 — nji ýylda «Молодые и дерзкие» seriallarda düşdi.

1991 — nji ýylda Pol orta mekdebi tamamlap Kaliforniýadaky kolleje girdi. Ýöne ol 3 ýyl okady, 1994-nji ýylda aktýorçylyk etmek üçin kolleji taşlady. Şol ýylda Pol «Тэмми и Ти-Рекс» filmde baş keşpleriň birini ýerine ýetirdi. 1999-njy ýylda «Это всё она» atly film oňa üstünlik getirdi.

Poly DünýäBelli eden 2001-njy ýylda Win Dizel bilen bile düşen «Форсаж» filminde baş keşpleriň birinde düşmegi teklip etdiler. Film örän üstünlikli çykdy we 200 mln dollar girdeýji getirdi. «Форсаж» filminden 3 aý soň Pol «Ничего себе поездочка» filmde düşdi. Soňra «Форсаж» filminiň yzgyderli bölümlerinde düşdi.

Pol birnäçe festiwallarda birnäçe ýokary baýraklaryň eýesi boldy.
Pol birnäçe kärdeşleri bolan aktrisalar bilen aragtnaşyk saklady, ýöne olaryň hiç biri bilen nikasy başa barmady. 1999-njy ýylda Rebekka atly gyz bn tanyşdy we olaryň Midou Reýn atly gyzlary boldy.

Polyň 2 öýi bar, biri Santa-Barbarada beýlekisi Hantington-Biçde. Ol boş wagtlary sport bilen meşgullanmagy we gezelenç etmegi gowy görýär. Polyň ulanan wtomobilleri Nissan Skyline GT-R we Porshe 911.

2011-nji ýylda «Форсаже 5» filmde, 2 ýyl soňra bolsa 700 mln dollar töweregi gazanan «Форсаже 6» filmlerde düşdi. Pol filmleriň ýany bilen reklama kompaniýasynda işledi. 2011-nji ýylda «Coty Prestige» parfýumer kompaniýasynyň «Davidoff Cool Water for Men» önüminiň ýüzi boldy.

Pol Uoker 2013-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, Kaliforniýanyň Walensiýa şäherinde awtoawariýa heläkçiliginde aradan çykdy. Rolda Polyň dosty, özü bolsa sürüjiniň ýanynda bolupdyr. Gyzyl reňkli Porsche Carrera GT 2005 sport awtoulagy, hereket dolanşygyny ýitirip ýoldaky stolby urdy. Adamlar haçanda kömege gelenlerinde olaryň ikisi hem ölüpdir. Polisiýa işgärleriniň ölçegleriniň netijesi boýunça awtoulag örän uly tizlikde ýöräpdir.

Pol Uoker barada gyzykly faktlar.

2001-njy ýylda Pol Uoker «People» žurnalynyň hasaby boýunça dünýäde iň owadan adamlaryň biri boldy.

Pol «REACT Worldwide» medissina guramasyny döredijidir, ol bu gurama bilen bilelikde 2010-njy ýylda Çilidäki ýer titremede jebir çekenlere kömek berdi.

 

Maglumat  www.dunyabelli.com  saýtynda taýýarlanyldy.
Eger maglumatyň göçürmesini kopiýalajak bolsaňyz hökman çeşmesini görkezmeli. Çeşme görkezilmedik ýagdaýynda çäresi görüler.