Magtymguly Pyragy

TÜRKMENIŇ

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Köňül howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.

Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz,
Gargyşa, nazara giriftar olmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözüm gaýra düşmez köňül eglenmez,
Magtymguly – sözlär tili türkmeniň.

 

“TURGUL !” DIÝDILER
(Düýş)
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: “Turgul !” diýdiler.
“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.

Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana:
“Durma, oglan, anda bargyl !” diýdiler.

Şol iki diwana tutdy golumdan,
Alyban gitdiler durgan ýerimden.
Bir yşarat boldy anyň birinden:
“Seýranda baryban durgul !” diýdiler.

Olturypdyk, geldi iki pirzada,
Gözünden ýaş akar, dili dogada,
“Hüw, hak !” diýip çykdy alty pyýada,
“Adam indi geler, görgül !” diýdiler.

Bir tört atly geldi, bary sebzebaz,
Asalary ýaşyl, aty teblebaz.
“Mejlis halkasyny gurmaň beýle az,
Adam köpdür, ulug gurgul !”diýdiler.

Daşdan çykdy, altmyş atly gördüler,
“Muhammet !” diýip, tamam garşy ýördüler,
Saglyk-salamatlyk bir-bir sordular,
“Durmaň, ulug jaýa ýörgül !” diýdiler.

Bir atyň ardyna meni berdiler,
Seýranda şol jaýa baryp durdular,
Tamam olturdylar, mejlis gurdular,
“Oglan-maňa-ara girgil!” diýdiler.

“Alydyr” diýdiler, tutdy destimden,
Borýa düşegimi aldy astymdan.
Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden,
“Ýolugan döwrandyr, sürgül!” diýdiler.

Haýdardan soradym barça atba-at:
“Hazreti pygamber oldur, bolma ýat,
Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,
Ol Weýsel Karadyr, bilgil!” diýdiler.

“Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir,-
Biri Zeňňi Baba ol-da namdardyr,
Ol söýenşip duran tört çaryýardyr,
Maksadyň ne bolsa aýgyl!” diýdiler.

Şol wagytda duran iki şeýhi-şap,
“Bu oglana pata beriň – diýdi – sap –
Ýüz ýigrimi tört müň enbiýa, eshap,
Barysy şolardyr, bilgil!” diýdiler.

Resululla aýdy: “Ýa, Şahymerdan,
Eýa, Selim hoja, ýa, Baba Selman,
Ebubekir-Sytdyk, ýa, Omar, Osman,
Bu gulnuň maksadyn bergil!” diýdiler.

Selim, Baba Selman buýurdy merde,
Pyýalany tutup, saldylar derde,
Gitdi akyl huşum, ýatdym şol ýerde
“Arşda, ferşde ne bar, görgül!” diýdiler.

Ýel boldum, ýügirdim ýeriň damarna,
Nazarym tokundy Arşyň kemerne,
“Jebrut äleminde Jelil syryna –
Gelip, özüň garap götgül!” diýdiler.

Näge hyýal etsem, ele getirdim,
Kaýda baksam, aňa nazar ýetirdim,
Bu hal ile men parahat ýatyrdym,
Ýüzüme tüýkürip: “Tur gul!” diýdiler.

Resululla aýdy: “Eshaplar, ýörüň,
Oglany uzadyň, bir pata beriň,-
Buýurdy tört atla, eltip tabşyryň,
Getirgen jaýyňda goýgul!” diýdiler.

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serine ne köýler gelip geçipdir,
Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,
“Oglan, Alla ýaryň bargyl, bargyl!” diýdiler.

 

GÖRDÜŇMI

Ýagty salar gider zulmat tününde,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!
Bahar eýýamynda, heýhat gününde
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Anka sypat turup, “Hüw!” diýip galkan guş.
Gijesi tirikdir, gündizi bihuş,
Redaly jindeli, egni hyrka puş,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Gan edipdir pelek bagrym pyrakda.
Elmydam gezer men ýar diýip sorakda,
Käbe etrapynda, Şamda, Yrakda
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Rumda, Gypjakda, Çynda-Maçynda,
Zemaýel ornunda, arşyň içinde,
Yklym degresinde, pelek burçunda
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Aşyklar ahynda, Gulzum döwründe,
Kubbatyl-yslamda, Jeýhun bahrynda,
Sidre sährasynda, İsa şährinde
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Hezret Aly etgeç älemge dawy,
Kapdan Kaba düşdi hazretiň çawy,
Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Mesgen tutmuş gara dagyň burnunda,
Alynyň mülkünde, İsa ornunda,
Ýeriň arkasynda, gögüň garnynda
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Magtymguly çeker ýaryň gamyny,
Gezip, tapa bilmez ruýy-zemini,
Ýa, ady Jebraýyl – hakyň emini,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

NÄME SEN

Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?

 

BU DERDI

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi.
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar erip, çeke bilmez bu derdi.

Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana,
Pelek gördi, gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eýläp, geldi lerzana,
Çöller, düzler çeke bilmez bu derdi.

Behişt gaçyp çykmyş arşyň öýüne,
Tamug gorkup, inmiş ýeriň teýine,
Gaçdy derýa, adam aldy boýuna,
Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi.

Magtymguly, çekseň derdi-dügünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden,
Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.

 

Bady sabany görsem

Dehistanyň baýrynda
Bady-sabany görsem.
Bahaweddin Mirkulal,
Zeňňi Babany görsem.

Nagleýni arşa täçdir,
Ady äleme paçdyr,
İki jahan mätäçdir,
Arap zybany görsem.

Gelen geçer çaşt edip,
Eglenmez güzeşt edip,
Köňül aýdar keşt edip,
Älem-jahany görsem.

Hezyr kimin çöllerde,
Ylýas kimin köllerde,
Kowus kimin daglarda,
Ýagşy-ýamany görsem.

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem.

Jan pany, jahab şeýda,
Mundan hiç ýokdur peýda,
Ýedi dag, ýedi derýa, –
Däli dünýäni görsem.

Magtymguly hoş bolsa,
Aksa didäm, ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem.

 

KEREM ISLÄRIN

 

Owwal başda, kadyr Alla,

Senden ne kerem islärin.

Badam gabak, alma ýaňak,

Bir zyba senem islärin.

 

Taňry bermese, nädeli,

Baş alyp, kaýda gideli,

Oturşy-turşy edaly,

Gaşlary galam islärin.

 

Özüne hormat getiren,

Ärniň hyzmatyn bitiren,

Gaşyny çytman oturan –

Maňlaýy gülen islärin.

 

Ýigrimi ýaş ötdi menden,

Hezl etmedim, dünýä senden,

Tili süýji lebi handan,

Bir goýna salan islärin.

 

Pyragy, geldim jahana,

Bir ýar bergil akly dana,

Duşdym üm bilmez nadana,

Bir gadrym bilen islärin.

 

SEDA BOLDUM

 

Sandywajy-sermestem, bergimden jyda boldum,

Bergimni hazan çaldy, bisowat-u seda boldum.

Bir gülçihre ýolunda bihuda pida boldum,

Bet işlere baý boldum, haýr işe geda boldum,

Pyrkat, waslat, her ne ki, – aslyn ez huda bildim,

Barçany bidar gördüm, özüm uýkuda bildim,

Dünýäge dura gelgen, eglenmeý gidä bildim,

Iýgenim awy sandym, geýgenim reda bildim,

Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

 

Ýaranlar, ýoldaş boldum nefsi-howa zalymga,

Keýik deý gaçar, barmaz, nesihatgöý alymga,

Serkeşligin subhana meşhur etdi älemge,

Men näteýin, ýa, dostlar, ugursyz ykbalymga[1],

Goýmady öz halymga, ýörige mejalymga,

Ne gazanja guwanjym, ne hoşwagtlyk malymga,

Jöw mukdaryna geçmez bu jahan hyýalymga,

Bilmen, älem ne köýde, men haýran öz halymga,

Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

 

Jehl işine çabuk men, Alla emrine suster,

Garky-zelalet boldum, hedaýetni sen göster,

Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar,

Gardaşlar gulak berse, aýtsam sözümni raster,

Pikir eýläň, kim bardyr eýämden özge doster,

Bendelikde bolmasaň, bolganyň ýagşy nister,

Görmedim Gün astynda hergiz özümden pester,

Ataşa laýyk bolmaz eda bolgan häkister,

Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

 

Pukrasyna[2] Süleýman ger sürse sed syýasat,

Gelse peri patyşahy-Aktemir-u Janpolat,

Ýüz-müň döwe baş bolan döw töresi Demirbat,

Meges şasy Turtarus hemralyk etse, heýhat,

Mur mäligi Munzere gelse bihed, bigaýet,

Musa nur golun açyp, Isa okyp ýüz aýat,

Hyzyr doga eýleýip, Ylýas etse mynajat,

Mundag murda jesetge mahaldyr tapmak nejat,

Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

 

Magtymguly, misginem, köňlüm öýi nä magmur,

Sözge ýakyn bende men, haýrym kem-u şerim zor,

Özüm halka nä kabyl, ykbalym keç, bagtym şor,

Nä şaýeste agmalym, göýä gadam urar kör,

Meger eýäm istese, bolgaý nury-agla nur,

Tir tarfatyl – aýnda düşgendir bolup mehjur,

Betgylyk birle boldum jahan içinde meşhur,

Degirmen deý bangir men, semender deý ataşhur,

Ýandym, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

 

BAGRYM DILENIM

 

Dertli dilber, dilleşer sen, gel bäri!

Dullukdyr meniň-de bagrym dilenim.

Soraýyr men, men hem sen deý bir ýary,

Seni soramakda ýokdur ýalanym.

 

Eger geňeş salsam ýada, bilişe,

Diýrler: «Şirin, asal ýaga gelişe»,

Säher ýazygym çün tursam nalyşa,

Owwal bir ýar bolar ýada salanym.

 

Bilen ýanda meňzär gymmat düre sen,

Tanymaza duşup, degme ýere sen,

Kadyr kysmat etse, maňa bara sen,

Seniň kimin ýardyr meniň ölenim.

 

Her dilber kim, köňlüm öýün ýarydar,

Ýatan bagtyn ol ýaradan ýörüder,

Gargyşym daşlary mum deý erider,

Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.

 

Gözel görküň gökde Günden aýynmaz,

Güli, destembili ysgan doýunmaz,

Magtymguly, baş bermese baýynmaz,

Mährimi inderip, nazar salanym.

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

HER ÝANA

 

Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,

Göz salyp gezsem her ýana,

Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,

Köp muşakgat degdi jana.

 

Bir ýar bergil etli-ganly,

Köňli giň, göwsi meýdanly,

Dil bilen, akly kemally,

Ýüzi hem bolsun görkana.

 

Gadyr bilenden daş etme,

Nägadyra ýoldaş etme,

Til bilmez bela duş etme,

Sada til bolsun – türkana.

 

Keremiň güýçlüdir, görgül,

Diýr sen: «Doga kyl, el gergil»,

Ne berseň, tizräk bergil,

Ygtybar ýokdur bu jana.

 

Boýy uzyn, pes bolmasyn,

Hetden aşa mes bolmasyn,

Akylsyz, näkes bolmasyn,

Sadadan bolsun – türkana.

 

Ýagşy aýal ele gelmez,

Nadan ýagşyň gadryn bilmez,

Aýalsyza mydar bolmaz,

Dönseň hökmi Süleýmana.

 

Derwüşlere ýolsuzlygy,

Ýigitlere malsyzlygy,

Ylahy aýalsyzlygy

Görkezme hiç musulmana.

 

Magtymguly, köýsem, bişsem,

Ynanmazlar oda düşsem,

Höwesim bar, bir gyz guçsam,

Diýsem sözümni erkana.

 

ÝAR BIZIM SARY

 

Gulzumy gyr sanyp[3] kyrk ýol geçer men,

Eger ki meýl etse ýar bizim sary,

Gadam ýerne ganat baglap uçar men,

Diýse dilber: «Aşyk, ýör bizim sary!»

 

Kyrk ýyl gol gowşuryp, gullukda dursam,

Alty günçe görmen altmyş ýyl ýörsem,

Bir şunçakly bolsa, görsem, jan bersem,

Jemalyn görkeze ýar bizim sary.

 

Ne laýykly ýüzüm bardyr tutarga,

Ne aýry gapym bar andan giterge,

Umydym bar, goýmaý bela-beterge,

Dergahyndan açsa der bizim sary.

 

Bir kimse ýolukdy desti şeraply,

Ýelden jaý namazly, suwdan mähraply,

Egni ak redaly, ýaşyl nykaply.

Ugraşdy bir ajap är bizim sary.

 

Ýoldaş bolup, bile ýördüm bir meýdan,

Meýdan içre dolup oturmyş merdan,

Bir eýwan üstünde çyrlap tört ýerden,

Diýdiler: «Goluňny ber bizim sary».

 

«Pyragy!» diýp çagyrdylar, eltdiler,

«Kandadyň?» diýp, gulagymdan tutdular,

Istihanym altmyş para etdiler,

Diýdiler: «Mert bolsaň, dur bizim sary».

 

Magtymguly, bäş gün aşret sürmäge,

Jaý imesdir eglenmäge, durmaga,

Kararym ýok oturmaga, turmaga,

Agzyn açyp durmuş ýer bizim sary.

 

GALYP MEN

 

Jahyllygyň joşy çykdy başymdan,

Men ol joşdan haly bolup galyp men.

Bir gama ulaşdym, gitdim huşumdan,

Bu dert ile doly bolup galyp men.

 

Başym ýüz höwesde, köňlüm joşgunda,

Girdaba düşüp men däli daşgynda,

Nejd dagynda gezen Mejnun yşkynda

Ýanar otly Leýli bolup galyp men.

 

Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,

Kämillik kiştisin derýa batyrdym,

Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim,

Il içinde däli bolup galyp men.

 

Bu dünýäni göçüp bargan göç bildim,

Işini bet aňdym, özün puç bildim,

Öňün oýun gördüm, soňun hiç bildim,

Tirik erken, öli bolup galyp men.

 

Magtymguly, paş eýlegil sözüňni,

Pelek muşty häk etmeýen gözüňni,

Bu wagta deň ýaş bilerdiň özüňni

Imdi gör, bak, uly bolup galyp men.

 

OGLUM – AZADYM

 

Azady:

 

  • Paş eýle syryňny, saklama pynhan,

Emma ki, sözümden çykmagyl, oglum!

Günde ýüz köý geler-geçer bu başa,

Agyrtma, köňlümi ýykmagyl, oglum!

 

Magtymguly:

 

– Utanardym, syrym paş eýlemezdim,

Paş ederin, habar alsaň, Azadym!

Ýüz köý geler-geçer her gün bu başa,

Istäri bar, sapar kylsak, Azadym!

 

  • Jepa urma özüň, çagyr möwlany,

Arzuwlama hany, begi, soltany,

Besdir bize owwal Taňry bereni,

Aldyrma köňlüňni, gitmegil, oglum!

 

  • Gidenmiz ýok alty bile, bäş bile,

Seýran etsek niçe deň-u duş bile.

Meger şonda gamgyn köňlüm hoş bola,

Köňül galkar, karar etmez, Azadym!

 

  • Wezişiň ýok, ýaş sen, gide bilmer sen,

Şöwür bar, şowhun bar, çyda bilmer sen,

Her işe baş goşup, ede bilmer sen,

Gitmeklik ýagdaýyn etmegil, oglum!

 

  • Kişi sözlemeýen, syry paş olmaz,

Ýagşydan, ýamandan aňlan ýaş olmaz,

Şu gez ibermeseň, köýlüm hoş olmaz.

Raýymyz gaýtarma, goýber, Azadym!

 

– Bizi beýle niçik terk edesiň bar?

Bu ýol bihudadyr, bir gidesiň bar.

Gel, gitmegil, saňa köp terhosym bar,

Gaýgy, harajata batmagyl, oglum!

 

– Kalbyma giripdir yslam höwesi,

Teňňedir, dirhemdir halkyň tamasy,

Köňlüm narow etme, kylma terhosy,

Bir sapar işidir, goýber, Azadym!

 

– Kuran okyp gezgil, ýagşy kelamdyr,

Birehim owgandyr, dini yslamdyr,

Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr,

Ölermiň, galarmyň, gitmegil, oglum!

 

  • Synaýyn, göreýin, bu gün ykbalym,

Ýagşy gün, hoş sähet gelipmi salym,

Kast edip janymga, ýetse ajalym,

Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym!

 

– Bilgeşleýin özüň nirä atar sen?

Niçik işdir, muny beýle tutar sen?

Diýgil ahyr, kimiň bile gider sen?

Dem tartyp, her ýana bakmagyl, oglum!

 

  • Jylawdary bolam Ýazyr han piriň,

Köňül guşy perwaz urar pakyryň,

Bu gün ýedi gündür, «alhamd» okyryn,

Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym!

 

– Azady diýr, bile sapa süreli,

Eýsem ibereli, synap göreli,

«Amin!» diý, tur, oglum, pata bereli,

Bir Taňry ýar olsun saňa git, oglum!

 

  • Magtymguly aýdar: galmyşam çohdan,

Köňül guşy talwas urar yrakdan,

Her ýerde saglygym iste ol Hakdan,

Doga kylyp, Haka ýalbar, Azadym!

 

GALMAZ-A

 

Görsem, eý, dilber, jemalyň, ygtyýarym galmaz-a,

Görmez ersem bir zaman, sabr-u kararym galmaz-a,

Waslyň umydyna bir dem ygtybarym galmaz-a,

Bolmasa umydy waslyň, hiç mydarym galmaz-a.

 

Ger enaýat bolmasa senden, açylmaz ýolumyz,

Tutgun olar daýyma, bolmaz küşat ykbalymyz,

Jebr ile bimar olup, aşufta bolgan halymyz,

Rehm edip, sen sormasaň, bir aýry ýarym galmaz-a.

 

Hasrat içre galmyşam, ajyz boluban mande men,

Parh ede bilmen özüm eýwanda ýa weýranda men.

Kimse pähm etmez bu derdim, bolmuşam dermende men,

Sanyram ölmezden owwal tende janym galmaz-a.

 

Göýä ki beýtul-hazan men, şat gelen gamnäk ola,

Tä haýaty-panyýam, synam seniň çün çäk ola,

Suratym nisýandadyr, istihanym häk ola,

Tä olynça ruzy-magşar, ahy-zarym galmaz-a.

 

Gerçe bu Magtymgulydyr maýyly-nefsi-howa,

Hak erer sen birligiň, çün hajatym kylgyl rowa,

Hajatym senden rowa bolmas erse ger, muddaga,

Beýle maglymdyr ki, hiç bir gamgusarym galmaz-a.

 

HALYMA MENIŇ

 

Kerem eýle, ýa Rebb, gudratly subhan,

Garyp, gamgyn geçen halyma meniň.

Aklym haýrandadyr, etmişem puşman,

Bilmezlikde geçen salyma meniň.

 

Magşar gün bolmasaň sen maňa dalda,

Ýa Rebb, niçik bolar işim şo halda,

Imanym matagyn aparan ýolda,

Rehzenler goýmagyl ýoluma meniň.

 

Din gylyjyn ursam, tende zorum ýok,

Mätäje nan biýrle elde zerim ýok,

Pakyr menem, senden özge ýerim ýok,

Bir teselli bergil köňlüme meniň.

 

Istese deň-duşlar başa altyn täç,

Pakyrlyk mülkünden maňa bergin paç,

Ýa, Ýaradan, etme namarda mätäç,

Dilegim, duş etme zalyma meniň.

 

Ajyz menem, senden özge kimim bar,

Öz beren janyňa jebr etme, jepbar,

Magtymguly aýdar, keremli gaffar,

Bakma kyldygyma, pälime meniň.

 

IKI HELALAN

 

Namut eken nazarym,

Gördi iki helalan.

Janym rahatyn aldy,

Andan husny-jemalan.

 

Bar andan ägä boldy,

Özüni ýyrak saldy,

Eşk gözden rowan oldy,

Göýä degmiş mugylan.

 

Muttasyl eşkim akyp,

Goýmaz görerge bakyp,

Nebsim hüýüne çekip,

Yhlasymdan ýalanan.

 

Röwende-ýu aýende,

Zyban seni guýende,

Mydam olup juýende,

Til seniň çün nalanan.

 

Yşk hanjaryn eýläp tiz,

Sen ýene eýläp hunriz,

Tapman anyň le hergiz,

Şemmeýi ez wasylan.

 

Pikr ile pany boldy,

Gurbatda haýran galdy,

Yşkyň goşuny saldy,

Aklym mülküne talan.

 

Magtymguly, şeb-u ruz,

Jan gudaz-u ýürek suz,

Bul sebäpden berf-u buz,

Bagra basar suz alan.

 

 

UÇDUM, ÝARANLAR

 

Bir jumga gijesi gördüm düýşümde,

Bal urup, göklere uçdum, ýaranlar.

Perwaz eýläp, seýran etdim dünýäni,

Bir abadan jaýa düşdüm, ýaranlar.

 

Kehkeşana çykyp dürli semerler,

Müň dürli miweler, horram şejereler,

Narynjy, turunjy, leýmun, almalar,

Bir abadan baga duşdum ýaranlar.

 

Açylmyşdyr anda reňbe-reň güller,

Şuryş-u efganda şeýda bilbiller,

Mermerden howuzly, köwser dek suwlar,

Tahaýýyr eýleýip, çaşdym, ýaranlar.

 

Ol gara baglykda gördüm bir çemen,

Ajaýyp mejlisin gördüm enjümen.

Döwre girip, gördüm, oturmyş çilten,

Salam berip, golun guçdum, ýaranlar.

 

Hemme awaz eýläp, «Aleýk!» aýdylar,

Yşarat eýleýip: «Ötgül» diýdiler.

Döwre gurap, jama şerap guýdular,

Maňa ýetgeç, golum açdym, ýaranlar.

 

Bilmedim, köpmi ýa maňa az berdi,

Özge älem, başga bir awaz berdi,

Yşk aldy köňlümi, tile söz berdi,

Aýakdan-aýaga düşdüm, ýaranlar.

 

Magtymguly, hüşýar oldum, oýandym,

Oýandym, örtendim, tutaşdym, ýandym,

Magny bazarynda haýýata döndüm,

Şirin gazal donun biçdim ýaranlar.

 

BIR GÖRÜP GITSE DAŞYMDAN

 

Hemderd olup, içgin-içgin sormaýan,

Nä bilsin bir görüp gitse daşymdan.

Kämil bolup, jan gulagyn bermeýen,

Aňa bilmez öten işi başymdan.

 

Aňa bilmen, ahyrym ne terze men,

Köp wagtlar goşulmadym herze men,

Ýaratgandan ýetmiş ýedi ryza men,

Ýagşy-ýaman, her ne gelse başymdan.

 

Eý hykarat bile bakan bizlere,

Mejaz bilip, müňkür bolma sözlere,

Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere,

Tutgul, ýagny bilgil, nan-u aşymdan.

 

Arpa nany besdir, tapsaň damaga,

Ömür bakasyna düşme tamaga,

Köňül turar, «Hüw!» diýr suýy-asmana,

El üzsem diýr, köwüş, muze, peşimden.

 

Magtymguly çekip duşman neharyn,

Pişäm ýuwutmakdyr ýaman gaharyn,

Ötürip men ýigitligiň baharyn,

Gutulmak ýok garrylygyň gyşyndan.

 

BERME PELEGE

 

Pelek bazy bermiş jümle-jahana,

Meniň ygtyýarym berme pelege.

Köňül guşy uçup gitse her ýana,

Mätäç etme ganat, guýruk, ýelege.

 

Bidöwlet ynanjaň, käsip käýinjeň,

Ýedi ýeser bolsa, biri göwünjeň,

Baý halky ýaňra bor, garry öwünjeň[4],

Çalyp bolmaz çal agarsa çelege.

 

Orda başy bolmak aýra kyn bolar,

Parça geýse, gyz-oglana syn bolar,

Dul gözüne garry näzenin bolar,

Ýene gözün aýlar köre, çolaga.

 

Çepine aýlanan çarhy-pelekdir,

Adam ogly – gelen bary-heläkdir,

Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir,

Bu bölekden goşma özge bölege.

 

Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,

Razy men üstümden basyp ötseler,

«Magtymguly» diýip adym tutsalar,

Gören göz jort atar eşden gulaga.

 

BIR IŞE ULAŞDY

 

Deňim-duşum, goç, ýigitler,

Her kim bir işe ulaşdy.

Hak her kime bir ýol berdi,

Her kim bir borja dalaşdy.

 

Kimler girdi hak ýoluna,

Ýagşylyk düşdi päline,

Kim gylyç aldy eline,

Çaldy, yslam dinin açdy.

 

Ner-bedewli begler, hanlar,

Atlansa, dolar meýdanlar,

Sökdi dere, dökdi ganlar,

Goçaklar serinden geçdi.

 

Biz istedik ulug ýaran,

Nesip bizi etdi haýran,

Kimi gitdi Eýran, Turan,

Kim Yspyhan, Töwriz aşdy.

 

Haka aýan boldy halym,

Halkda bilen – bolmaz mälim,

Magtymguly, meniň ýolum

Ol dostlardan aýra düşdi.

 

ILDEN UÝALMAK

 

Aşyky-ezel men, sonam, men saňa,

Ne edep-erkan bar, ilden uýalmak,

Iltifat etmediň hergiz sen maňa,

Eýlemez bu işi bir gara galpak.

 

Meniň deý yşkyňda çohlar sen ýaryň,

Gündiz giriftaryň, gijeler zaryň.

Ömrüm paýmalyňdyr janym nisaryň,

Bolsaýdy waslyňa bir çäre kylmak.

 

Eger ki hiç isem, sana geler men,

Hoşk istihan isem, gana geler men,

Murdaýy-sed sal isem, jana geler men,

Bolsaýdy bezm içre bir ýada salmak.

 

Ahym şeraryndan üýn salyp otlar,

Bardylar dergaha eýleýip datlar,

Eridi, ab oldy jümle jemadlar,

Öňden soňa barmy hiç beýle bolmak.

 

Bendäňem, ger diýseň: «Nan beren alsa».

Mydam mätäjiň men, kän beren alsa.

Ger zowky-wysalyň jan beren alsa,

Ýaraşar Pyraga jan berip almak.

 

GALMAGALY NEÝLEREM

 

Ähli-hal bolsam, diýer men: «Özge haly neýlerem»,

Bu sowulmaz derdi-ýu galmagaly neýlerem,

Owwaly zowky-serwer, hasratly maly neýlerem,

Ahyry möwt-u gubur, bu boş hyýaly neýlerem,

Bolmuşam men zowk ähli, esbab-melaly neýlerem.

 

Düşdi yşkyň ataşyga, gylça janym köýdi, ýar,

Gury jismim otdan alyp[5] otga ýakmakda ne bar,

Gamda köňlüm bikarardyr, başda derdim sed hezar,

Anyň üçin dähr era bir köşe kyldym ygtyýar,

Ygtyýarym ýok turur, jeňňi-jedeli neýlerem.

 

Görnüşiň aşretnama, görküň üçin köňlüm gudaz,

Gysga ykbalym goly, dost, dameni – waspyň deraz,

Pür hatar, ol ýol ýyrak, yşkyň geran, kuwwatym az,

Düşmüşem bir müşgüle, sen-sen bu işe çäre saz,

Iltifatyň imdi kyl, ötgen mahaly neýlerem.

 

Her zaman, Magtymguly, halk içre gezme lap edip,

Sakla gybatdan tiliň, ugrunda gez ynsap edip,

El uzatma köp pisada, ýör Hudadan howp edip,

Sopulyk esbaby hoşdur, geý içiňni sap edip,

Bolsa möý-möjek içim, bu eski şaly neýlerem.

 

ÖÝLENGIN

 

Ýigit halyň garrylyga

Salaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk endişesin

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

 

Kethudalyk gözel ýoldur,

Gaýgy garrydar, gam öldir,

Ýigitlik bir gyzyl güldür,

Solaýyn diýseň, öýlengin.

 

Öý, il gerek, ýorgan-düşek,

Perzent bentdir, aýal-duşak,

Ýüke werzişgär boz eşek.

Bolaýyn diýseň, öýlengin.

 

Gezer sen oýnap, dalaşyp,

Galar sen gama bulaşyp,

Hasrata, derde ulaşyp

Galaýyn diýseň, öýlengin.

 

Joşgun eder sen özüňden,

Aýrylar sen hoş ýazyňdan,

Tükenmez derdiň yzyndan

Ýeleýin diýseň, öýlengin.

 

Ötir ýigitlik zamanyn,

Getir garrylyk dumanyn,

Dünýäniň ýagşy, ýamanyn

Bileýin diýseň, öýlengin.

 

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,

Garrylykda öçer röwşen.

Gujak-gujak gara ýowşan

Ýolaýyn diýseň, öýlengin.

 

Magtymguly, gezip her taý,

Etmezdiň jahanda perwaý,

Pygamber sünnetin berjaý

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

 

PARA-PARADYR

 

Ýaranlar, gerdişi-çarhyň elinden,

Bu meniň ýüregim para-paradyr.

Syzzyldaşar tenim Eýýup teni dek,

Kişi bilmez, bir agyzsyz ýaradyr.

 

Gije-gündiz işim-güýjümdir haý, waý,

Telmuryp ýyglar men gözlenip her taý,

Uçraşyp kölüge gark oldum diýr, «Haý!»

Ärler-pirler, sizden medet-haraýdyr.

 

Garyp eger garyp ýerde ýörijek,

Gözlerinden ganly ýaşlar ýörijek,

Aşyk eger magşugyny görijek,

Gül-güli açylar, köňli paradyr.

 

Tohum sal, orar sen, geldiň bu jaýa,

Ömrüňni geçirme bihuda-zaýa,

Nazar eýlär sizler uşbu dünýäýe,

Gelen geçer, durmaz, köne saraýdyr.

 

Magtymguly kylmyş jigerin bürýan,

Ýürege gan dolmuş, bu çeşmi-girýan,

Şeýle ajyz galmyş, ýalbaryp her ýan,

Rehm eden bolmady, bagtym garadyr.

 

WEÝRANA GELDI[6]

 

Baýram gelin, Hanmeňli gyz, Janesen,

Bu dertleriň haýsy birine ýana sen,

Çarhy-pelek, her gün çepe döne sen,

Kalbymyň dünýäsi weýrana geldi.

 

Üçüň ykbalyny batyrdyň laýa,

Ömrümi gam bilen ötürdim zaýa,

Şam-u säher golum serdim Hudaýa,

Asman ahym görüp, girýana geldi.

 

Magtymguly, elip bilim buruldy,

Damarym dartyldy, ganym duruldy,

Ölüm zarby üç tarapdan uruldy,

Akylym dagylyp, haýrana geldi.

 

EÝLEDIŇ MENI

 

Eý, Huda-ýa, gudratyňdan,

Ýokdan bar eýlediň meni.

Deň-duşlardan gaýra kylyp,

Gamgusar eýlediň meni.

 

Täleý bagtym giňden salmaý,

Dileglerim kabul kylmaý,

Ylmy – dünýä ata kylmaý,

Malga zar eýlediň meni.

 

Gardaş-u ata-enemden,

Aýrylyşyp doganymdan,

Jyda düşüp il-ýurdumdan,

Mysapyr eýlediň meni.

 

Magtymguly pygan eýlär,

Gözde ýaşyn rowan eýlär,

Haka zar-u nalan eýlär,

Beýle har eýlediň meni.

 

JAN ÇYKAR

 

Ger tutsa halymdan habar, gury agaçdan gan çykar,

Ynsan şerarymdan eser tapsa, teninden jan çykar.

 

Karun kylyp malyn eda, sed jan istär, bolsa pida,

Gün şemgydan bolup jyda, nurun goýup, pynhan çykar.

 

Bir köşede bolsam mukym, köňle geltirsem kadry-sim,

Her köşeýi-weýranadan sed genji-bipaýan çykar.

 

Köňlümge gelgen nagyşlar gözlerge peýda bolsa ger,

Goşulsalar köp nadanlar, kämil bolup, merdan çykar.

 

Hiç aňlamaý zir-u zeber, ger tapsa jezbämden eser,

«Elipden», «biden» bihabar her demde bir «Kuran» çykar.

 

Jebr etdi Jemşit janyna, ki irdi magdan känine,

Ýüz ýyl okap, paýanyna ne Zal-u, ne Lukman çykar.

 

Men hem Pyragy ol kadar, aklymny kyldym derbe-der,

Bir bihözir tapsa hözir[7], per baglaýyp, asman çykar.

 

Magtymguly, az eýle söz, barça galar dag-u deňiz,

Topraga dolsa üşbu göz, Hakdan ýene perman çykar.

 

ÝAR SENDEN

 

Bilbilleri ýesir eden güli-handan,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar senden!

Ýedi yklym maňa görüner zyndan,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar senden!

 

Ispendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,

Şam, Nejefde, Mekke, Dymşyk ilinde,

Arzy Karsda, Kerbelanyň çölünde,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar senden!

 

Şerap içip, serhoş bolup, segresem,

Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,

Görogly dek dagdan-daga ugrasam,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Bir gül kokar gözel ýaryň bagynda,

Bilbil hüjüm eýlär sol-u sagynda,

Beýtullanyň Safa, Merwe dagynda,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Şyh Sengan deý uzyn gaýga ulansam,

Şibli kimin toz-topraga bulansam,

Käbä baryp, ýedi keret dolansam,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Ýusup kibi zyndan içre aglasam,

Jirjis kibi jan ýolunda çaglasam,

Ýunus kibi Haka gulluk baglasam,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Doga kylyp, elim göge galdyrsam,

Gül, Ferhar dek gyzyl meňzim soldursam,

Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Isa kibi hylwat tutsam semada,

Idris kibi gulluk etsem zyýada,

Hyzyr, Ylýas kibi girsem zulmada,

Ý, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Magtymguly, aşyklaryň mestinde,

Hyra gözi haýran olar dostunda,[8]

Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde,

Ýa, Rebb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

IÇMEÝIN JAMYM

 

Dözmenem, doýmanam, durmanam, eý ýar,

Bu saky döwründe içmeýin jamym.

Jamy-meý sundugyň görmesin agýar,

Gelmenem aklyma görmeýin kamym.

 

Bolmuşam guwwas-u, ýüzmüşem köli,

Tapmyşam hemraýy, tutmuşam ýoly,

Şowkuň şerabyndan bolmuşam däli,

Bilmen niçik geçer çäştim-u şamym.

 

Tä nepes tendedir, tende jan bardyr,

Dil saňa maýyldyr, çeşm intizardyr,

Çekdigim pygandyr, werzişim zardyr,

Tä ki bu dert ile geçer eýýamym.

 

Gözleriň jellatdyr, tilleriň aýýar,

Gamzaň bimar eder, ýüzleriň timar,

Mansur belasyna bolsam giriftar,

Giderem sen sary süýreýip hamym.

 

Magtymguly, hoş hab içre ýatyrdym,

Emriňe ugradym, iman getirdim,

Özümni unutdym, huşum ýitirdim,

«Pyragy» diýp çagyraý sen bu namym.

 

NOWRUZDAN SENI

 

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,

Diýdiň: «Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni»,

Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,

Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni,

Isterem Hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.

 

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara ýok,

Il-gün rehm eýlemezler, men kibi biçäre ýok,

Ýüregim sed para tekdir, hiç tenimde ýara ýok,

Sen garyp sen, men pakyr men, sende, mende çäre ýok,

Söwdügim, takdyry-hakdyr aýyrgan bizden seni.

 

Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni,

Günde ýüz katla tilär men ýaradan-Hakdan seni,

Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni,

Hak götersin aradan, şaýed, rakyp-şermendäni,

Kyl buhl bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.

 

Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun,

Gaflata galsa rakyp, bir dem salyşsak gol boýun,

Hakdan özge çäre ýokdur, ne kylaý men, neýleýin,

Inçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz boýun,

Saklasyn Taňry penahynda ýaman gözden seni.

 

Haýryňy duşman görer, dostuň çeker jebri-jepaň,

Ýara, dildarlyk bolarmy sürmeýin zowky-sapa,

Salsalar mizana, Balkan dagy bolmazdyr päheň,

Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň,

Biwepalar hup sowutmyşlar, sonam, bizden seni.

 

ÝARYM, ÝA, ALLA

 

Jan joşguna geldi, ýandym, ýaryldym,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

Sangysyz söýüşdim, öýsüz aýryldym,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile,

Ýüreginde ýar hyýaly bar bile,

Imdi, leýken, aýyrdylar zor bile,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

Köňül hoşdur ýada salyp gezmände,

Ýadyma salmanda, yşkym gyzmanda,

Meni gamda goýma, aly permanda,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

Yhlas ile ýar meni diýr, men ýary,

Jowrandy jigeri, gitdi karary,

Ol anda ah çeker, men munda zary,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

Boldy pynhan-pynhan şirin sözümiz,

Bolan işe haýran galdyk özümiz,

Bir-bire bakmakdan doýmaz gözümiz,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

Elim saňa ýetmez arzym etmäge,

Işimiň rowajy ýokdur bitmäge,

Dilber derdi goýmaz meni ýatmaga,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

Magtymguly, dünýä köne jahandyr,

Söýüşmeklik bu dessury-zamandyr,

Jürmüm çoh bolsa hem, keremiň kändir,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla!

 

AÝRYLDYM

 

Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym.

Gözden ganly ýaşym döküp,

Ol söwer ýardan aýryldym.

 

Ýara ýaraşar sürmeçe[9],

Sypatyn söýlärem ança,

Lebi şeker, agzy gunça,

Zülpi garadan aýryldym.

 

Şirin janda ýokdur takat,

Jebri anyň jana rahat,

Gaşlary pitneýi-apat,

Çeşmi hunhordan aýryldym.

 

Aýryldym gunça-gülümden,

Syýa saçy sünbülimden,

Hoş owazly bilbilimden,

Şirin güftardan aýryldym.

 

Däli köňlüm arzymany,

Külli gözelleriň hany,

Sekiz jennetiň bostany,

Bakjaly bardan aýryldym.

 

Illeri bar diňli-diňli,

Sowuk suwly, ter öleňli,

Ili – gökleň, ady – Meňli,

Näzli dildardan aýryldym.

 

Magtymguly, aşyk mestan,

Bagladym şanyňa destan,

Menzilgähi bag-u bostan,

Almaly nardan aýryldym.

 

BARMY, ÝARANLAR

 

Yşk ýolun höwes eýläp,

Gelen barmy, ýaranlar?

Derdimni beýan etsem,

Bilen barmy ýaranlar?

 

Bolmuşam mesti-şeýda,

Hezar pişe, sed söwda,

Älemde men deý ryswa,

Bolan barmy, ýaranlar?

 

Daşym dert, içim bürýan,

Eder men nala-girýan,

Menim deý mesti-haýran,

Galan barmy ýaranlar?

 

Ýalan dünýäde ýaýnap,

Gezer sen gülüp, oýnap,

Yşk mezhebinde gaýnap,

Ölen barmy, ýaranlar?

 

Yşk duş bolsa bir merde,

Toz bolar, döner gerde,

Menim deý özün derde

Salan barmy, ýaranlar?

 

Tap etmeýen zulumga,

Bardy halym ölümge,

Ýyglamaýyn halymga,

Gülen barmy, ýaranlar?

 

Magtymguly jan çekse,

Rehm etmezler, ýaş dökse,

Yşkyň ýolunda ýoksa,

Talan barmy, ýaranlar?

 

GÖKDEN INMEZ, ÝARANLAR

 

Köňül perwaz eýläp, galdy ýerinden,

Howalanmyş, gökden inmez, ýaranlar,

Bir hyýala düşmüş, çykmaz serinden,

Bu hyýaldan gaýdyp dönmez, ýaranlar.

 

Noş edipdir muhubbetiň gandyndan,

Gulak tutmaz zahydlaryň pendinden,

Turdy mekanyndan, çykdy bendinden,

Dolanyp, ornunda gonmaz, ýaranlar.

 

Yşk işini akyl eden, huş eden,

Aýylarmy yşka düşüp, joş eden,

Ýar elinden ary bada noş eden,

Agzyn goýsa içer, ganmaz, ýaranlar.

 

Bir hat bardyr ol Patmanyň saçynda,

Okudarlar magşar halkyn seçende,

Bir ot bardyr aşyklaryň içinde,

Bu otlar dek, belli, ýanmaz, ýaranlar.

 

Magtymguly, yşk özünden bat eýlär,

Yşk işidir, aşnalary ýat eýlär,

Ýalynsyz ýandyrar, ýelsiz ot eýlär,

Her zamana çekse, sönmez, ýaranlar.

 

SED JAN, EÝ, DOST

 

Gözüme hergiz sensiz görünmez jahan, eý, dost!

Ne jahan, belki, tende ger bolsa sed jan, eý, dost!

 

Dostlaryga bu işler biwepalyk ermesmu?

Jana jebriň artdyrdyň açdykça zyban, eý, dost!

 

Ol ki ruhsaryň görüp, köňül gopdy sen ýara,

Jan bermeý gutulmak ýok hiç aňa imkan, eý, dost!

 

Waslyňa umyt etgen üzmüş elin janydan,

Çeşmiň jellady-jahan, gaşyňdyr keman, eý, dost!

 

Destury-zaman budur, mazlumlara, lutf etgil,

Şerary-şowkuň artar etdikçe aman, eý, dost!

 

Umytly aşyklara wasl umydyn katg etdiň,

Aşyklara jebr andan bolgaýmu bu ýan, eý, dost!

 

Magtymguly, bir mahluk, men aşygam, sen – magşuk,

Ger diýseň: «Istegim ýok», baraýyn kaýan, eý, dost!

 

GÖZEL SEN

 

Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan Aýy, gözel sen!

Ussa Jagfar işi, senjap jüpbesi,

Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!

 

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,

Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,

Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,

Aýn-al baky suwnuň laýy, gözel sen!

 

Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,

Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen[10]

Yşk bilen açylan bir täze gül sen[11]

Ýusup–Züleýhanyň taýy, gözel sen!

 

Her kim güýçli bolsa, oňa «pir» diýrler,

«Dertli guluň dermanyny biýr» diýrler,

«Gawunyň ýagşysyn şagal iýr» diýrler,

Ykbally bendäniň paýy, gözel sen!

 

Owazaň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,

Seni görenleriň akly çaşasy,

Hindistanyň reňki gyzyl meşesi,

Suraýy çilimniň naýy, gözel sen!

 

Magtymguly halkdan syryn gizlese,

Dişini uşadyň, ýalan sözlese,

Owalda, ahyrda eýäm gözlese,

Garyp biçäräniň paýy, gözel sen.

 

BIKARARAM, DOGRUSY

 

Eý, peri, men aşygam saňa, diýerem, dogrusy,

Görmeýinçe gül ýüzüňni, bikararam, dogrusy,

 

Şähriňizde bir peri, adyň eşitdim men seniň,

Bilbili-biçäreýem, çoh ahy-zaram, dogrusy,

 

Bir bezirgenem menem, yşkyň matagyn sataram,

Şähriňizge gelmişem, bes, söwdagärem, dogrusy.

 

Gide bilmen şähriňizge, hyz-haramdan gorkaram,

Ýedi pirniň lefziden bir ýadygärem, dogrusy.

 

Eý, peri, zülpüň feri, walla, seniň deý huplara,

Aýdadyr Magtymguly, bes pişekärem, dogrusy.

 

MEŇZÄR HÖKÜMLI

 

Köňüller köşkünde hyýalyň hany

Öwlady-hüňkara meňzär hökümli.

Aşyk çeker nalany,

Ýasa salar läläni,

Ýerde beşer patyşahy,

Hudaýymnyň halany,

Gamzaň garakçysy salar talany,

Kirpigiň ok, gaşyň ýaýdyr çekimli.

 

Gözelleriň waspyn etseler kanda,

Älem agzy tamam jem ola sende,

Tä jan bardyr bu tende,

Arzumendim bar sende,

Adyň Ruma düşdi, owazaň gitdi Hinde,

Leýli saňa kenizek, Züleýha bolsun bende,

Men hem seniň derdiňden galyp erdim dermende,

Bagda biten gülçihre sen bulgur bakymly.

 

Yşkyň ataşyny saçyp sen düze,

Jan polatdan bolsa, dözmez bu köze,

Gonsa dilber, bu köze,

Zyban geler her söze,

Görküň Güneşi dogsa, ne san bardyr ýyldyza,

Alma zenehdana, bu kümüş ýüze

Syýa zülpüň suratkärdir dökümli.

 

Humaý oturyşly, laçyn turuşly,

Kebuter topukly, maral görüşli,

Täze helal gaşly, merwerit dişli,

Tawus guş zynatly, Dawut towuşly,

Tezerw şiweli, käkilik ýörişli,

Tugun guş timarly, tarlan bakymly.

 

Baglanyban çyksaň şiddeýi-gülzar,

Husnuň hyýalaty älemni aldar,

Aşyk aýdar: «Eý dildar,

Husny Güne taý dildar,

Tapar hajyň sowabyn –

Her kim bir garyp goldar,

Magtymguly, sen dek görmedim, dildar,

Bu jana taraly, köňle ýakymly.

 

BÜRÝANA BOLDUM IMDI

 

Yşk ataşyna düşdüm, perwana boldum imdi,

Şowkuň közüne köýdüm, bürýana boldum imdi,

Jismim kebaba döndi, girýana boldum imdi,

Genç isteýenler gelsin, weýrana boldum imdi,

Aýryldym agýarlardan, bigäne boldum imdi.

 

Çykardym başdan imdi dünýä höwesin mutlak,

Ne ferşe aýak basdyň, dolan, bir özüňe bak,

Kül bolup, ýelge sowrul, ol güzerde janyň ýak,

Lazym oldy okymak «ene-l hak-u» «min el hak»,

Meý içip meýhanadan, mestana boldum imdi.

 

Dünýä menden hezl etmez, men hem bähre almaz men

Odum ötgür, derdim çoh, hoşwagt olup gülmez men,

Agyr baha älemni alty jöwge almaz men,

Dost kaýsy, duşman kaýsy, parhyn ede bilmez men,

Hiç kimse aňmaz halym, aýana boldum imdi.

 

Bir makama duş boldum, pikr anda pikre batdy,

Jan anda jandan boldy, essinden gidip ýatdy,

Jeset ýolda ýok boldy, köňül özün unutdy,

Yşk goşunny ýygyp, akyl mülkün dagytdy,

Talana berlip aklym, diwana boldum imdi.

 

Magtymguly, her zaman neýleýin olmaý girýan,

Pikir laýyna batdym, çyka bilmez men bir ýan,

Göwre harap, ten turap, köňlümniň şähri weýran,

Jan, jeset, til, akyldan aýrylyp, galdym urýan,

Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi.

 

DERT OLDY

 

Köňül berdim bir biwepa mahbuba,

Çykdy elden, dagy jana dert oldy,

Aşyk diýr: «Bakmanam indi ol huba»,

Ýol üstünden düşdi, gözüm tört oldy.

 

Menlik bilen etdim işimni zaýa,

Ykbalym eşegin batyrdym laýa,

Ýa bir merde ýykyl, ýa-da Hudaýa,

Bende işi baş tutmady, art oldy.

 

Tugunym tur bolup gaçdy saýýatdan,

Göwre gamdan doldy, ýürek hem otdan,

Gorkaram, ýar bizi çykarar ýatdan,

Aýry ýerde mesgen tutdy, ýurt oldy.

 

Sonam el bermedi, saldym bazymny,

Laçyn kowdy, garga aldy gazymny,

Şunça pakyrlyga urdum özümni,

Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy.

 

Magtymguly, ýüregimde dert dörär,

Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär,

Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,

Kaçan turdy – namart ogly mert oldy.

 

GYZMALY BOLDUM

 

Yşk derýasy doldy, daşdy, gaýnady,

Täze hyruç eýläp, gyzmaly boldum.

Köňül tagty möwç üstünde oýnady.

Anda guwwas bolup, ýüzmeli boldum.

 

Ýatyrdym düýş gördüm, tisgindim turdum,

Yşk bir müşgil işdir, okydym, gördüm,

Şowkun şirin gördüm, bu ýola girdim,

Imdi çäre ýokdur, dözmeli boldum.

 

Ýaryň ýeli ösdi, özi gizlendi,

Umyt elin gerdi, şunça gözlendi,

Hijran kuwwatlandy, yşk täzelendi,

Ol metbehde gaýnap, gyzmaly boldum.

 

Ýolda ýolukdyrdym çeşmi-jadyny,

Ölçerdim, el çoýdum yşkyň oduny,

Köňül gözgüsine ýaryň adyny,

Hekkaklyk eýleýip, gazmaly boldum[12].

 

Bu pikirden, bu hyýaldan daş bolup,

Nefsi-howa, kibir, kinden boş bolup,

Ol bazarda yşk talana duş bolup,

Belli, jandan umyt üzmeli boldum.

 

Gana-gana içdim dostuň zährini,

Zährin şypa sansam, salmaz mährini,

Bu göwrede gurlan köňül şährini

Yşka nöker bolup, bozmaly boldum.

 

Magtymguly, ol menzile, diýara,

Giren, gaýdyp çyka bilmez kenara,

Eý, ýaranlar, barmy bu derde çäre,

Örtenip, jowranyp gezmeli boldum.

 

AÝA DÖNDI

 

Ýüzi mahy-tabanym

Gün ýaly, Aýa döndi,

Çarh oldy nerdiwanym,

Gök paýa-paýa döndi.

 

Bir gün aşyk şowh oldy,

Gam-gussasy çoh oldy[13],

Her kirpigiň ok oldy,

Gaşlaryň ýaýa döndi.

 

Aşygy saldyň oda,

Goýduň gitdiň uýada,

Günorta berdiň wada,

Wagt geçdi, saýa döndi.

 

Jan galmady bedende,

Ýanar men ah edende,

Gözüm gelip, gidende,

Her günüm aýa döndi.

 

Müň söwdam bar, bir başym,

Goýdum ilim, gardaşym,

Aglamakdan gözýaşym

Joşgunly çaýa döndi.

 

Ýaryň köňli çag oldy,

Aşyklar tussag oldy,

Dalda ýerim dag oldy,

Düz ýerim gaýa döndi.

 

Istär men günde-günde,

Ýyglar men tünde-tünde,

Her zülpüne bir bende,

Hüý (?) saýa-saýa döndi.

 

Dal pudaklar egildi,

Göçdi bilbil, dagyldy,

Akar suwlar soguldy,

Çöl ýerler suýa döndi.

 

Derman bolmaz alaja,

Zat bermezler mähtäje,

Baýlar döndi gallaja,

Pakyrlar baýa döndi.

 

Magtymguly, gezende,

Halap, Kaýsar düzünde,

Gözel ýaryň yzynda

Ömrümiz zaýa döndi.

 

BULUDA GARDY MENI

 

Yşk ýüregimde gaýnap, ýandyrdy derdi meni,

Tütünim bada berip, buluda gardy meni,

Pelek bilegim towlap, çarhyna sardy meni,

Hyrydar gözi birle kim gelip gördi meni,

Hijran ýagmyry ýagyp, gam sile berdi meni.

 

Gam sili birle gidip, yşk ülkesine baryp,

Hyýalym pikre dolup, aklymy ýel aparyp,

Ol haýrat meýdanynda men garyp galdym aryp,

Yşk hanjaryn çekibän, hijran ýüregim ýaryp,

Älemge destan eýläp, aftaba serdi meni.

 

Ne jeset içre jan bar, ne kuwwat galdy tende,

Hem serkeşte, hem haýran, bu işe boldum bende,

Ne hastaýam, ne bimar, ne murdaýam, ne zinde,

Gam hüjüm eýläp gökden, zemin sary inende,

Pelek elimden tutup, howala berdi meni.

 

Bu ahwala duş boldum, gam hüjm etdi, öldürdi,

Bu işiň seriştesin yşk okudyp bildirdi,

Bu hala rehim inip, elim tutup galdyrdy,

Jemal bir jilwe berdi, içim şowka doldurdy,

Sözlemeýin neýläýin, ýaranlar, ýardy meni.

 

Magtymguly, begligim ýar jemaly gul etdi,

Wysal umydyn berip, ýüz tilli bilbil etdi,

Aýralyk oda saldy, pyrak turdy, ýel etdi,

Yşk çekdi zybanasyn, ýakyp-örtäp, kül etdi,

Hijran ferapiç (?) alyp, ýele sowurdy meni.

 

AŞYK BOLMUŞAM

 

Eý, ýaranlar bir ýüzi gül, Aýa aşyk bolmuşam,

Barçalar maksudy – gül ragnaýa aşyk bolmuşam,

Bilbilem, bag içre bir gowgaýa aşyk bolmuşam,

Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam,

Menzilim dag içredir, sähraýa aşyk bolmuşam.

 

Çün pelek saldy meni ol gün pena topragyna,

Düşdi seýrim daýyma Mekke, Medine dagyna,

Bilbil oldum, saýradym, girdim Eremniň bagyna,

Paýy-bent oldum o gün gam ähliniň duzagyna

Ýüz bela-mähnetli bir söwdaýa aşyk bolmuşam.

 

Köňlüm içre ýar gamydyr, menzilim sährada, heý,

Puşeşim gam-gussadyr, men dönmüşem Perhada, heý,

Saldy yşkyň, dilber-a, jan-u jigerim oda, heý,

Wadaryg-a, geçdi ömrüm zaýa, berdim bada, heý,

Ahy çoh, efgany çoh, bir köýe aşyk bolmuşam.

 

Bilmenem, ol ne bahrdyr, ne muazzem dagydyr,

Aldy köňlüm, gitdi aklym, ten mydam nä çagydyr,

Any nisbet etmek olmaz, gumry, bilbil, zagydyr,

Aý, garaz, her zülpüne ýetmiş müň är tussagydyr,

Kaddy-kamaty belent, zybaýa aşyk bolmuşam.

 

Dost, howaýy waslyňy men şunça çyndan isterem,

Damy-zülpüň kaýdyna özümni zyndan isterem,

Diýme: «Gamdan bir zaman köňlümni handan isterem»,

Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem,

Gije-ýu gündiz, biliň, hüw-haýa aşyk bolmuşam.

 

Wasly-ýarymdan digerge intizarym ýok meniň,

Galmyşam haýran olup, gaýry mydarym ýok meniň,

Aldy janym yşkyň ody, ygtyýarym ýok meniň,

Gelse, aklym dagydar, gitse kararym ýok meniň,

Gamzasy ok, gaşlary ol ýaýa aşyk bolmuşam.

 

Aýdadyr Magtymguly, men anda käne ugradym,

Seýr edip, bardym pelege, lamekana ugradym,

Çün meni ryswa kylan yşky-ýegana ugradym.

Ýetmiş iki şähr içinde müň bir dükana ugradym,

Şunça sergerdan-sepilu raýa[14] aşyk bolmuşam.

 

SATAŞDYM

 

Säher wagty seýran edip gezerkäm,

Ajap menzil, ajap jaýa sataşdym,

Ugrum bilmeý, ýoldan-ýola azarkam,

Hup mekana, hup saraýa sataşdym.

 

Ussasyz işlenen, kirşsiz gatylan,

Gymmatsyz satylan, elsiz tutulan,

Gol degmeý çekilen, oksuz atylan,

Çillesiz gurulan ýaýa sataşdym.

 

Nije dostlar bilen seýranda eken,

Hatarda azaşdym, kerwende eken,

Jandan umyt üzüp, haýranda eken,

Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym.

 

Köňlüm gitdi dostlar içen şerbetde,

Olar ýüz sapada, men müň hasratda,

Aýrylyp-nalada, galdym gurbatda,

Çeşmeden suw istäp, çaýa sataşdym.

 

Ne tende kuwwat bar, ne içde jan bar,

Bu işde ne sud bar, bilmen, zyýan bar,

Ne hasap, ne hesip, ne belli san bar,

Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym.

 

Başa baglap diwanalyk kemendin,

Segredip ýetişdim yşka semendim,

Al şeraba el uzatdym, emendim,

Durusyn içmişler, laýa sataşdym[15].

 

GÖZÜM DÜŞDI

 

Şükür, alhamdulilla!

Janana gözüm düşdi,

Meýhanada meý içdim,

Mestana gözüm düşdi.

 

Eý, zülpi, saçy anbar,

Mährap ki ýüzüň münber,

Eý, lagly-lebi göwher –

Ummana gözüm düşdi.

 

Eý, gözleri ahramy,

Gel, gözlegil ýaramy,

Eý, köňlümiň aramy –

Imana gözüm düşdi.

 

Eý, jady jeren gözli,

Eý, şähd-u şeker sözli,

Eý, Şems-u Kamar ýüzli –

Tabana gözüm düşdi.

 

Arzuwda gezer iller,

Hyzmatga geler gullar,

Täze açylan güller –

Bostana gözüm düşdi.

 

Her saçlary bir sünbül,

Göýä ki menem bilbil,

Eý, jennet era bir gül,

Ryzwana gözüm düşi.

 

BU IŞI

 

Bende, sen bet işe batyrlyk etme,

Aldyňda goýarlar ol gün bu işi!

Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,

Hyjalata goýar, bilgin bu işi!

 

Nebsiň aýdar: «Urgun, bu bir hözirdir!»

Janyň aýdar: «Haý, dur, Taňry häzirdir!»

Sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr,

Utangyn, eýmengin, goýgun bu işi!

 

Bir ýolda günä bar, bir ýolda sowap,

Arasatda senden istärler jowap,

Halala hasap bar, harama – azap,

Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi!

 

Ömrüň geçip bargan ýazdyr bir sagat,

Ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat,

Sowaba şatlyk bar, jürme – hyjalat,

Boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi!

 

Başyň göge, göwsüň ýele göterme,

Köňlüňe gorkyny çala getirme,

Ýürekde ýok sözi tile getirme,

Yhlas gulagyna çalgyn bu işi!

 

Mysapyr sen, mukym işin gurar sen,

Bibaka dünýäde niçe durar sen,

Munda ne iş etseň, anda görer sen,

Ýagşydyr, ýamandyr ol gün bu işi.

 

Şeýtan aýdar: «Şirin işdir, azagoý!»

Rahman aýdar: «Nebs umydyn üzegoý!»

Magtymguly: «Tur goluňny köze goý,

Eger döze bilseň, kylgyn bu işi!»

 

DÖKÜP BARADYR

 

Gam dumany basyp garyp köňlümni,

Gözde ýaşyn sylmaý, döküp baradyr,

Kimdir rehm eýleýen, sorup halymny,

Bozuk köňlüm görkün ýykyp baradyr.

 

Gerçe ot ýaksalar yşyk ýagyndan,

Ölüm asan erer dost pyragyndan,

Hijran meni kowdy sabyr bagyndan[16],

Pyrak bogun-bogun söküp baradyr.

 

Ol döwri-döwranym çarh bulaşdyrdy,

Gam janym guratdy, ot tutaşdyrdy,

Yşk meni ýandyrdy, hetden aşdyrdy,

Ýüregim içimden çykyp baradyr.

 

Parahat ýatyrdym nebsimni besläp,

Turdy köňlüm ýar jemalyn höwesläp,

Hakdan hajat diläp, myradyn isläp,

Gözüm ol ýollara bakyp baradyr.

 

Magtymguly, mejalym ýok, söýläýin[17],

Dostlarga derdimni aýan eýläýin,

Eý, ýaranlar, ýyglamaýyn neýläýin,

Yşk meni ýandyryp, ýakyp baradyr!

 

ÝYGLAP GEÇER HALYMGA

 

Giň göwräni gam basypdyr özünden,

Baş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Bagyr ýaşyn köňül döker gözünden,

Gaş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

Garrylyga döndär ýigit çaglary,

Geda eýlär täç eýesi begleri,

Gurşun deý erider Kap dek daglary,

Daş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

Älem içre bir ah ursam bir zarba,

Eda bolar ynsan, gelmez pil gurba,

Gaplaň güýçden galar, döner gurt-gürbä,

Guş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

Puşmanda men eden-etmiş kärimden,

Biperwaýam bolan-bolmuş barymdan,

Hemra bolan ýata bilmez zarymdan,

Hyş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

Hak yşkydyr bizi goýan közlere,

Bu közlerdir kysmat bolan bizlere,

Bilbil tilsiz galar, barsam ýazlara,

Gyş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

Aňlamaýan yşk derdiniň käninden,

Bu söz geçmez ýakynyndan-ýanyndan,

Yşka düşen umyt üzer janyndan,

Läş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

Pähm eýleýen Magtymguly sözüni,

Derde düşüp, ýaşa doldyr gözüni,

Şat gülenler tuta bilmez özüni,

Hoş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

 

MÜBTELA KYLDY

 

Eýa, dostlar, pelek jebri

Başymny mübtela kyldy.

Aýyrdy söwer balamdan,

Ýüregimni ýara kyldy.

 

Ötdi hoşwagt-horram wagtym,

Bozuldy tylladan tagtym,

Ýaňy biten bir daragtym

Hazan bady pena kyldy.

 

Şum ajala bolmaz çäre,

Jebrinden galdym bu zara,

Ýüregime saldy ýara,

Garyp jismim eda kyldy.

 

Indi bir dem kararym ýok,

Bu menzilde durarym ýok,

Bu sözden hiç habarym ýok,

Habarsyz binowa kyldy.

 

Ýanyp perwana dek her dem,

Ýüregim dolduryp ýüz gam,

Kaddym ham, gözlerim pürnem,

Bu janymga jepa kyldy.

 

Gamyndan örtenip suzan,

Çeker men nala-ýu efgan

Pyrakynda gözüm girýan,

Neteý, neýleý, geda kyldy.

 

Magtymguly kyldy perýat,

Meniň ahwalyma heýhat!

Pelekniň elinden müň dat,

Meniň bagtym gara kyldy.

 

GÖZLEMEÝIN BOLARMY

 

Bir käkilik aldyrsa zürýe balasyn,

Saýraý-saýraý, gözlemeýin bolarmy?

Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,

Hasratyndan sözlemeýin bolarmy?

 

Kürresi elinden gitse eşegiň,

Telmuryp tört ýana, gözlär uşagyn,

Akmaýa aldyrsa elden köşegin,

Bagryn bozup, bozlamaýyn bolarmy?

 

Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,

Bala sesin diňläp, salar gulagyn,

Döke-döke gözýaşynyň bulagyn,

Mäleý-mäleý, yzlamaýyn bolarmy?

 

Agsagyň elinden alsaň agajyn,

Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,

Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,

Jojugyny gizlemeýin bolarmy?

 

Aýralyga adam ogly neýlesin?

Kim galar görmeýen ajal hilesin,

Magtymguly haýwan bilse balasyn,

Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy?

 

ATAMYŇ

 

Altmyş ýaşda[18], nowruz güni, luw ýyly,

Turdy, ajal ýolun tusdy atamyň,

Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,

Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

 

Agyr döwletlere köňül goýmady,

Bu jahanyň eşretini söýmedi,

Eski şaldan artyk puşeş geýmedi,

Ahret öýi boldy kasdy atamyň.

 

Diýrdi: Dünýä durmaz, ömre baky ýok,

Gündiz roza, gije bolsa uky ýok.

Müňkür bilmez, muhluslaryň şeki ýok,

Pygamber destidir desti atamyň.

 

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,

Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,

Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,

Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň.

 

Nukaba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,

Çiltende atama nazarym düşdi,

Nujeba barsam, heftenlere garyşdy,

Abdallardyr çyn peýwesti atamyň.

 

Älem içre adam galmaz, at gezer,

Bu syrlardan jahan halky ýat gezer,

Jany jennet içre, gökde şat gezer,

Ýerde joşwagt ýatar posty atamyň.

 

Magtymguly, gizlin syryň bar içde,

Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde,

Magşar gün gaýgysyz girer behişde, –

Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.

 

BULAR GELMEDI

 

Göçi-gony birle gitdi Abdylla,

Hemme giden geldi, bular gelmedi,

Mämmetsapa gitdi kömek bermäge,

Uzadanlar geldi, bular gelmedi.

 

Enesinden aýry ýatmaz oglanlar,

Ýa, Rebb, gören barmy bulardan, iller,

Aýlanyban aýlar, dolanyp ýyllar,

Aýlar, ýyllar geldi, bular gelmedi.

 

Hassadan sagaldy zäher dadanlar,

Inji alyp geldi goýun güýdenler[19],

Alty aýlyk ýola – Käbä gidenler,

Hajy bolup geldi, bular gelmedi.

 

Ýyrakdan, ýakyndan baryp gelenler,

Barmydyr bulardan görüp, bilenler,

Hindistana bezirgenlik kylanlar,

Malyn satyp geldi, bular gelmedi.

 

Darydy bir doly, ýolukdy baran,

Birin ýurdy bile eýledi weýran,

Birisiniň ýary yzynda haýran,

Gözleri ýoldadyr, bular gelmedi.

 

Ýykylanyň bagry ýerden galmazmy,

Hiç baran gelmezmi, aglan gülmezmi,

Ötenden, geçenden sorsaň, bilmezmi,

Bilinmezler geldi, bular gelmedi.

 

Magtymguly, derdi goýmaz ýatmaga,

Ugrun bilmen soraý-soraý gitmäge,

Ýerden jogap çykmaz habar tutmaga,

Gören-bilen barmy,bular gelmedi.

 

BAGLAR HEÝ

 

Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara,

Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý!

Haýran-mejnun bolup, çykam çöllre

Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý!

 

Oýun bilen oglanlygyň deminden,

Ýetip geldim kämilligiň çeminden,

Köňlüm lerzan boldy dünýä gamyndan,

Tutdy synam çapraz-çapraz daglar, heý!

 

Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan,

Ýetip geldim kämilligiň paýyndan,

Batdy başym, çyka bilmen laýyndan,

Ýada düşer öňki gezen çaglar, heý!

 

Jahyllykda çar tarapa atyşan,

Bilmezlikde hamu işe gatyşan,

Ajyz galyp, garrylyga ýetişen,

Dert edinip, öz-özünden aglar, heý!

 

Magny aňlan Magtymguly sözünden,

Pikre düşer, ýaşlar akar gözünden,

Hemme zatlar tagýyr tapar özünden,

Ýa, Rebb, ýykylmazmy beýik daglar, heý!

 

AT ISLÄRIN

 

Kerem etseň, kadyr Alla,

Dünýälikden at islärin.

Talygym ukuda galmyş,

Bir açylmyş bagt islärin.

 

Ýoksuzlyk bir ýaman ýoldur,

Pakyr menem, golum galdyr,

Halal ryzk ber, kesp bildir,

Kimiýa atlyg ot islärin.

 

Ýalan dünýäde ýörmäge,

Döwlet ber aşret sürmäge,

Ömür ekläp, gün görmäge,

Segsen ýyl pursat islärin.

 

Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,

Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr,

Feridun bir öwlüýädir,

Baryndan hümmet islärin.

 

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştba-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

 

REÝGAN EÝLEDI

 

Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp,

Şum pelek azabym reýgan eýledi.

Ýazan kitaplarym sile aldyryp,

Gözlerim yzynda girýan eýledi.

 

Gapyllykda duşman aldy daşymyz,

Dargatdy her ýana deňi-duşumyz,

Bäş ýylda bir kitap eden işimiz –

Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.

 

Bir niçämiz goly bagly gul bolup,

Niçeler yzynda sargaryp, solup,

Kimi berip, anyň bahasyn alyp,

Her kime bir belli baha eýledi.

 

Şum pelek birehim, maňa bildirdi,

Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy,

Golýazma kitabym sile aldyrdy,

Duşmanymy jeýhun derýa eýledi.

 

Niçeler dünýäde boldy bir kişi,

Niçäniň agzyny doldurmaz aşy,

Niçäniň matamdan gutulmaz başy,

Gije-gündiz waweýleta eýledi.

 

Köýdürer şum pelek zulmy-jepasy,

Ýalandyr, ynanmaň, ähdi-wepasy,

Magtymguly, ýok bu sözüň hatasy,

Pelek elip kaddym duta eýledi.

 

BOLDUM GIRÝANA

 

Ýazygym ýat edip, ýüzüm häk edip,

Säher nalyş bilen boldum girýana.

Dideden ýaş döküp, synam çäk edip,

Telbe dek özümi urdum her ýana.

 

Köňlümni geçirdim jümle-jahandan,

Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,

Hyzyrdan, Isadan, Şahymerdandan,

Hümmet istäp, bakdym suýy-asmana.

 

Asmanyň ýüzünden kehkeşan öçdi,

Nägehan üç äre nazarym düşdi,

Iki ýaşyl geýmiş, bir sefid puşdy,

Gözüm gördi, tilim gelmez permana.

 

Biri gelip, elin gögsüme urdy,

Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy,

Agzyma agzyn goýup, biri dem urdy,

Diýrler: «Arzyň diýgil Şahymerdana!»

 

Bular beýle diýgeç, tilim açyldy,

Gana-gana meý-muhubbet içildi,

Köňlüme ýedi tewr sowal geçildi,

Diýdim: «Rugsat bolsa, gelsin zybana».

 

Iki uzyn ärdir, bir gysga kaddyr,

Diýdiler: «Hoşwagtdyr, ýagşy pursatdyr»,

  • Sözüň bolsa, sora – diýrler – rugsatdyr,

Köňle gelen sözüň geltir beýana!»

 

Diýdim: «Gökden agyr, ýerden mert nedir?

Derýadan baý nedir, daşdan saht nedir?

Otdan ýakyjyrak, buzdan serd nedir?

Zäherden ajyrak nedir bu jana?»

 

Diýrler: «Ýaman töhmet agyr asmandan,

Gaharsyz, ýagşy söz giňdir jahandan,

Mynapygyň köňli saht seňistandan,

Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana,

 

Jebr etgujy soltan – ýakyjy közden,

Bahyldan dileseň, sowukdyr buzdan,

Pakyra jebr etmek – zeherdir suzdan,

Öwütdir bu sözler, bizden nyşana».

 

Bular beýle diýgeç, ýerimden turdum,

Ýüwrüp, elim etegine ýetirdim,

Mest boldum, sust boldum, aklym ýitirdim,

Gep-kelam tapmadym, galdym haýrana.

 

Diýrler: «Üç kişi bolduk ustadyň,

Daýym destan bolsun älemde adyň,

Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň…,»

Bu syry akmak açar ýa bir diwana.
ÄLEME BELGILIDIR

 

Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir,

Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir.

 

Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri,

Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ýoludyr[20],

 

Diýrdi ýar: Men aşygam öz elim le katl edem,

Andan owwal gam meni paýmal edip almalydyr.

 

Özge aşyklaryň olsa paýy bent zülp-taryna,

Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr,

 

Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar

Mejlis içre ýat edip diý: «Ol garyp gaýgylydyr».

 

Ýar geler[21], wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim,

Açaýyn diýsem, açylmaz, ne agyr uýkulydyr.

 

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,

Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.

 

ŞYPA BER

 

Bu çölde rehm eýle garyp halyma,

Älemni ýaratgan, subhan, şypa ber!

Çoh yzaly, dertli şirin janyma,

Ýa, Mustafa, fahry-jahan, şypa ber!

 

On iki ymam, biri-birinden serwer,

Ýedi weli, ýaran bolup, medet ber,

Meşhet, Gara Baba, ýa Şeýs pygamber,

Hasan, Huseýn, Şahymerdan, şypa ber!

 

Nuh pygamber, nazar eýle bir nepes,

Ömrümi bihuda geçirdim – ebes,

Zekeriýa pygamber, ýa, Hyzyr, Ylýas,

Kowus, Kyýas, Musa, Ymran, şypa ber!

 

Ybrahymyň jandan aýryldy taby,

Käbä baran hajy tapar sowaby,

Gara Älem ata, ýa Halat nebi,

Gözli ata, Baba Selman, şypa ber!

 

Ogul döwletini bermän egesi,

Yzynda bir nyşan ýokdur nowasy,

Döw-periniň, ynsyň, jynsyň patşasy,

Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber!

 

Özüň dogry gözle, ýa Rebbim jelil,

Barçanyň ryzkyna özüň sen kepil,

Ýa Dawut, ýa Jirjis, Ybraýym Halyl,

Abu Bekr, Omar, Osman, şypa ber!

 

Dat eýläp, tilimden kyldym pyganlar,

Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar,

Horezm ýurdunda ýatan jananlar,

Ismi Mahmyt – är päliwan, şypa ber!

 

Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,

Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma,

Magtymguly aýdar, meniň derdime,

Dünýäniň tebibi – Lukman şypa ber!

 

ŞASY GALANDAR

 

Aşyklar ähliniň hany, soltany,

Tejelli tagtynyň şasy galandar.

Gezerem ýollary ýitirip ýarny,

Bilmenem, habar ber, kaýsy, galandar.

 

Men bu ýolda şunça zille bolmuşam,

Mande, galyp, ajyzlygym bilmişem,

Şeblini, Mejnuny alyp gelmişem,

Pehliwan, Pirýary, Weýsi, galandar.

 

Habar aldym bagy-bostan, gülünden,

Reňgi solmuş bady-hazan ýelinden,

Gerdany keç gahba pelek elinden,

Menewşe tutarmyş ýasy, galandar.

 

Hoşlugym ýok oýnamaga, gülmäge,

Rakyp goýmaz dogrulyban gelmäge,

Bir hylwatda ýar habaryn almaga,

Sende bar aşnalyk ysy, galandar.

 

Gündiziň pikirdir, oýdur agşamyň,

Bu resme geçirdim, wagtyň eýýamyň,

Ýa, Rebb, kerem etseň bize bir jamyň,

Gyýmatyn aýt, ne bahasy, galandar?

 

Söýseň ol ýaradan kadyr subhany,

Men garyby şat eýlegin pynhany,

Göterdi älemi, tutdy jahany

Aşygyň nalasy, sesi, galandar.

 

Magtymguly aýdar, istihan seniň,

Ten seniňdir, damar seniň, gan seniň,

Gyýmat üçin akyl seniň, jan seniň,

Dodagyma tutgul tasy, galandar!

 

ÝETIŞDI SALYM

 

Garrydykça, goldan gitdi ynsabym,

Eýa, dostlar, ellä ýetişdi salym.

Kerim-a, gün-günden kem boldy howpum,

Dembe-demden artdy bu ýaman pälim.

 

Daryga, din üçin ýokdur bir işim,

Ömrüm edalandy, agardy rişim,

Kuwwatym kemeldi, küteldi dişim,

Ýigitlik öwjünde heniz hyýalym.

 

Köňül dünýä zerin yzlap durupdyr,

Göz hem gözelleri gözläp durupdyr,

Til hem gybat, ýalan sözläp durupdyr,

Şeýtan bir käpirdir, nebis hem zalym.

 

Senden medet ýetişmese, ýa jepbar,

Bu beladan baş gutarmak haçan bar?

Howaýy höwesge boldum giriftar,

Hak gullugna ýokdur zerre mejalym.

 

Dostlar, ygtybarym ýokdur ömürge,

Bagtymyň syýasy reň biýr kömürge,

Talygym Güneşi galmyş ümürge,

Eýäm, sen oýandyr uýumyş ykbalym.

 

Hudawend-a, gerçe nebsim ýamandyr,

Dilegim dergahdan nury-imandyr,

Şer işim biheddir, günähim kändir,

Sen özüň geçirgil, ýa, züljelalym.

 

Magtymguly, yşk oduna bürýanam,

Il malyna, men halyma girýanam,

Gorky, umyt ortasynda haýranam,

Taňla-magşar, ýa, Rebb, ne ola halym?

 

NÄLER GÖRÜNDI

 

Seýl edeliň bu jahana,

Jahanda näler görüner,

Isgender, Jemşit saldyran

Beýik binalar görüner.

 

Bişeleri şir, peleňli,

Gülgüzar, nowça bileňli,

Gün düşmeýen ter öleňli,

Çeşmeli zawlar görüner.

 

Ýaradan bar etdi ýokdan,

Daglar dünýä sürer çohdan,

Sorsaň habar berer Nuhdan,

Garrygan awlar görüner.

 

Çaglan, ýalan dünýä çaglan,

Ne gülen galar, ne aglan.

Gar-ýagmyrlar, burjy baglan

Kemerli daglar görüner.

 

Serinden dumany gitmez,

Eýýam geçip, ýere batmaz,

Garryp galmaz, ölmez, ýitmez,

Gorganly daglar görüner.

 

Ne külbe galar, ne çeten,

Senemler seýl edip öten,

Toty, bilbil mesgen tutan,

Howaly baglar görüner.

 

Magtymguly, kim bar ölmez?

Ajal doýmaz, zemin dolmaz,

Asman inmez, ýer çöwrülmez,

Gün ýörir, Aýlar, görüner.

 

BU NE TERHOS – TÖWELLADYR

 

Ýüzüm ýar ýüzüne düşse, tilim alhamdülilladyr,

Eger gahryna ugraşsam, okyrym kulhualladyr.

 

Bu dergahy durar kurbet, erer ol hadiýi-wahdet;

Muhubbetniň makamynda anyň ez waspy löwladyr.

 

Pelekler nerdibanydyr, zemin saýasyna mätäç,

Iki naleýni arşyň kellesinde täji-agladyr.

 

Eger misgin, eger bir baý, taparmy sensizin hiç raý,

Ýamandyr aýralyk, eý-waý, arap labzynda weýladyr,

 

Jewaryňdan jydalarga, köýüňde jan pidalarga,

Seni istän gedalarga zekewat husnuňda öwladyr.

 

Erer men bir günäkäriň, hemişe aşyky-zaryň,

Ýüzün görmesem ol ýaryň, kaçan köňlüm tesalladyr.

 

Pyragy, niçe wagt oldy, habar tapmas men ol ýardan,

Ýanar men ataşy-yşka, bu ne terhos-töwelladyr.

 

SÖÝMÜŞEM SENI

 

Ýa habyp, Hak resuly sen,

Çyn jandan söýmüşem seni,

Derwüşler gadyr gijesin

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Eýleýip seýr-u seýrany,

Keşt etsem külli Eýrany,

Misli Ybraýym Sarany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Ýakup ýurt etdi Kengany,

Ogludyr Müsür soltany,

Misli Ýusup Züleýhany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Ýalançyny tutdy ady,

Olardyr yşkyň binýady,

Mejnun Leýli perizady

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Dildi daglaryň zirini,

Tapmaýan biri-birini,

Aşyk Perhat ol Şirini

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Egdi meni dünýe maly,

Bolmady yşkym kemaly.

Seýpelmelek Mahjemaly

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Basdy muhubbet nyşany.

Keşt eýledim çar köşäni,

Ýemende Warka Gülşany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Gitdi elden ygtyýary,

Galmady sabr-u karary.

Aşyk Nowruz, Gül-Ferhary

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Bir gün ýolukdylar Hyzra,

Durdular nyýaza, nezre,

Bir-birini Wamyk, Uzra

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Gezdiler Rumuň düzüni,

Berdiler Hakyň karzyny,

Aryzda Ganbar Arzyny

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Tutmady olar dünýäni,

Galmady ýary-ýarany,

Misli ol Tahyr Zöhräni

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Bu dünýä goýupdyr kimi,

Hoş tutuň bäş günlük demi,

Aşyk Garyp Şasenemi

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Magtymguly, dünýä pany,

Ötüpdir Rüstemler, kany?

Aý, Gün-u Zemin, asmany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

GÜLE MEŇZÄR

 

Eý, ýaranlar, ýagşy ýaryň,

Goýny jennet, güle meňzär,

Sözlese, dürler saçylar,

Dilleri bilbile meňzär.

 

Yşk ody ýandyrdy bizi,

Soramaňlar menden sözi,

Ýaryň eýgi gyzyl ýüzi

Göýä Aýa-Güne meňzär.

 

Näler çekdim derdi-pyrak,

Ýeteý diýsem, ýolum yrak,

Galam gaşly, badam gabak,

Saçlary sünbüle meňzär.

 

Zülplerine urup şana,

Meni ol kyldy diwana,

Göýä ol – şem, men – perwana,

Ýandym, tenim küle meňzär.

 

Köýen ýok dünýäde mençe,

Didar görmek ýok doýynça,

Dişleri dür, agzy gunça,

Bili inçe – gyla meňzär.

 

Gözi nerkes, boýy şemşat,

Kirpikleri misli polat,

Peri-peýker serwi azat,

Desse-desse güle meňzär.

 

Göwsünde bar goşa nary,

Ak ýüzünde jüre haly,

Leblerinden akan baly,

Şähd ile şekere meňzär.

 

Özüne köpdür binasy,

Geýip reňbe-reň lybasy,

Eline goýan hynasy,

Göýä gyzyl huna meňzär.

 

Magtymguly, bolduň harap,

Istap tapman ýary sorap,

Oturyşyň ýola garap,

Ýol tapmadyk köre meňzär.

 

DAŞ GALDY

 

Ne zowk-u sapalar ýigitlik bilen

Bahar bolup geçdi, bizden daş galdy.

Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen,

Mizan ötdi, hazan geldi, gyş galdy.

 

Ömrümni sarp etdim haý bile waýa,

Gulluk-tagat eýlemedim Hudaýa,

Ýigitlik eserin ötgerdim zaýa,

Imdi ne güýç-kuwwat, ne bir joş galdy.

 

Ömrümniň galmady bir zerre şady,

Hiç kimse eşitmez ahy-perýady,

Jismim kebap etmiş aýralyk ody,

Ýürekler gan bolup, gözde ýaş galdy.

 

Her bir gula şum aýralyk salyndy,

Jismim hazan urdy, güli solundy,

Gaznasy uruldy, öýi talandy,

Ne anda bir akyl, ne bir huş galdy.

 

Goýdy meni ýüz müň azara pyrkat,

Gijäm uzyn boldy, daň atmak rykkat,

Gussa bilen gün geçirmek muşakgat,

Ne janda parahat, ne bir aýş galdy.

 

Aýralyk jan-jisme çoh azar berdi,

Renj-u elem çekdim, tenim sargardy,

Gussa bilen saç-sakgalym agardy,

Ne ruhda şat, ne köňülde hoş galdy.

 

Magtymguly, işim kyl-u kal boldy,

Şum aýralyk bile aklym lal boldy,

Bilmedim, ne söwda, niçik hal boldy,

Jan tenden aýryldy, gury läş galdy.

 

KÖŇÜLDIR WEÝRAN

 

Diýdim: «Ýüzi tabana». Diýdi: «Meňzär!» Meňli han.

Diýdim: «Goýduň armana». Diýdi: «Köňüldir weýran».

Diýdim: «Ölerem imdi». Diýdi: «Galar sen aman».

Diýdim: «Ok kirpikleriň». Diýdi: «Gaşlarym keman».

Diýdim ki: «Puşeş geýmiş». Diýdi: «Dony-zerefşan».

 

Diýdim: «Ýüzde hallar bar». Diýdi: Roýda güller, heý».

Diýdim: «Gumry zybandyr». Diýdi: «Şähdi-diller, heý».

Diýdim: «Gel, sen habarlaş». Diýdi: «Biler iller, heý».

Diýdim: «Ol ne serwidir?» Diýdi: «Inçe biller, heý».

Diýdim: «Tawus ne kaýdan?» Diýdi: «Jaýy-Hindistan».

 

Diýdim: «Gijäň garaňky». Diýdi: «Ukuda Aýym».

Diýdim: «Kimler ýasawul?» Diýdi: «Kirpigim-ýaýym».

Diýdim: «Kaýda mesgenim?» Diýdi: «Lamekan jaýym».

Diýdim: «Zerefşan erer». Diýdi: «Köwserdir çaýym».

Diýdim: «Ondan ber maňa!» Diýdi:»Istärmiş bijan».

 

Diýdim: «Bu ne tütündir?» Diýdi ki: «Gara marlar».

Diýdim: «Gorkaram andan». Diýdi: «Il-u gün zarlar».

Diýdim: «Sözüň aslyny». Diýdi: «Sorar, duýarlar».

Diýdim: «Syry paş etdiň». Diýdi: «Aýtmyş aýýarlar».

Diýdim: «Ölüm bar saňa». Diýdi: «Saňa hem perman».

 

Diýdim: «Eý, Magtymguly!» Diýdi: «Gözler ýaş bolar!»

Diýdim: «Ol ne oglandyr?» Diýdi: «Sizge baş bolar».

Diýdim: «Ýakyndyr Käbe». Diýdi: «Köne daş bolar».

Diýdim: «Ýagşy Zamandyr». Diýdi: «Bu hem düýş bolar».

Diýdim: «Imdi gider men». Diýdi: «Gitseň, bar aman!».

 

KÜLAHLY GELDI

 

Bir gije ýatyrdym, bir ahwal gördüm,

Bir bölek başlary külahly geldi.

Tisginip oýandym, ýerimden turdum,

Gollary tylladan asaly geldi.

 

Bir bölek erenler tekrimni eýläp,

Al-u ýaşyl geýip, esbabyn şaýlap,

Tutdum birisini baryndan saýlap,

Lebleri şekerden mazaly geldi.

 

Bir peri sallanyp, seýle çykypdyr,

Gamza birle galam gaşyn kakypdyr,

Meniň janym yşk oduna ýakypdyr,

Başlary tylladan jygaly geldi.

 

Jepalar çekipdir ýar diýarynda,

Bagda biten alma bile narynda,

Magtymguly bir periniň zarynda

Hemmesiniň tili senaly geldi.

 

BAŞ BOLMAK

 

Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler,

Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň!

Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz,

Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň!

 

Deňňene eýleme, salyşma kylmaň,

Arassa söwda et, çalyşma kylmaň,

Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,

Mende zynhar, iliň bile kaş bolmaň!

 

Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil,

Burunkydan galan: «Kepiller sepil».

Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil,

Aýaklaşma edenlere baş bolmaň!

 

Nesihat diňleseň, ärniň äri sen,

Almasaň nesihat, köpüň biri sen,

Artyk salgydyny özüň tölir sen,

Agzy ala kowumlara baş bolmaň!

 

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,

Biwagt ýörgen melamata çoh galar,

Ömrüň boýy ýygnatganyň ýok bolar,

Haram söýen ýigitlere baş bolmaň!

 

Hergiz ýaman bilen birge ýörmäňler,

Oýnaýyp gülüban, bile barmaňlar,

Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler,

Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň!

 

Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,

Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,

Özüňi bil, özge le ne işiň bar,

Bahabar ýör, Hak ýadyndan daş bolmaň!

 

ZOR BOLAR

 

Ýagşykda ile özün tanydan –

Alkyş alyp, derejesi zor bolar,

Ýaman bolup, ýagşylygy unudan –

Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.

 

Muňly bolar myradyna ýetmeýen,

Müýnli bolar Hak emrini tutmaýan,

Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen,

Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.

 

Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,

Özi müşgül eder asan işini,

Kim dargatsa akyl bilen huşuny,

Eder işin bilmez, şermisar bolar.

 

Zehini keç bolar bady ýaňylan,

Biygtyýar bolar goly daňylan,

Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,

Içi doly namys bilen ar bolar.

 

Gaýraty kem bolar gahary azyň,

Depgini pes bolar matamda sazyň,

Öýüne barsaňyz, bir binyýazyň,

Göwresi gysylar, köňli dar bolar.

 

Kim belany satyn alsa başyna,

Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,

Tokuş etse kim başarmaz işine,

Söwdasyndan gele bilse, är bolar.

 

Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan,

Ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,

Pähm ediň, her ýerde bir päli azan,

Ýowuz musallata sezewar bolar.

 

Hazana dönüpdir ömrüm ter güli,

Nazaryn pes tutar ilden, bergili,

Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli,

Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.

 

Öňde yzda görseň her kes gulamyň,

Ondan aýamagyn Taňry salamyn,

Kim okyp unutsa Hakyň kelamyn,

Kyýamat gün iki gözi kör bolar.

 

Haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,

Imany şikest tapar haram iýeniň,

Kastdan roza, namazyny goýanyň,

Özi käpir, biliň, jaýy dar bolar,

 

Magtymguly, sözde her ne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,

Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolar!

 

ILI GÖZLÄR

 

Ilinden aýra düşen –

Ah urar, ili gözlär.

Ýolundan aýra düşen –

Jäht edip, ýoly gözlär.

 

Gökde pelek gerdandyr,

Halk ýerde sergerdandyr,

Ne bazygär jahandyr,

Göz açan maly gözlär.

 

Kimlerde altyn täçdir,

Kimler saýyl mätäçdir,

Kimler düýpden gallaçdyr,

Kim parça, haly gözlär.

 

Kim nan tapmaz iýmäge,

Kim ýer tapmaz goýmaga,

Kim don tapmaz geýmäge,

Kim tirme şaly gözlär.

 

Bu jahan bir puştadyr,

Kim zinde, kim küştedir,

Her bende bir işdedir

Her kim bir haly gözlär.

 

Heňňam uzyn, ömür az,

Çahar pasla başdyr ýaz,

Gökde ganat ýaýan gaz –

Gözleri köli gözlär.

 

Magtymguly, huş eýläp,

Gezgin didäň ýaş eýläp,

Däli köňül joş eýläp,

Ýüz müň hyýaly gözlär.

 

SIL BILÄNI

 

Belent daglaryň başynda

Bulut oýnar sil biläni.

Goç ýigide toýdyr-baýram

Her iş gelse il biläni.

 

Til bilenler güň bolupdyr,

Altyn, kümüş zeň bolupdyr,

Peşe haçan deň bolupdyr

Ugraşanda pil biläni?

 

Otlaga gaçar buzawlar,

Öňün başlar ýagşy gäwler,

Tanalar hasse bedewler,

Köne, ýyrtyk jul biläni.

 

Haram işden gaçar pirler, –

Tilki sarkydyndan şirler,

Gusdurmany goýmaz diýrler,

Guýmak iýseň gyl biläni.

 

Hak bendesi Haka çokar,

Ýaman öz pälinden tapar,

Magtymguly, aýbyn ýapar

Aş, gylyj-u til biläni.

 

GADRYN NÄBILSIN[22]

 

Harazban goluna düşse algyr baz

Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin.

Bir çopan eline degse bir almaz,

Çakmak daşy kylar, gadryn näbilsin.

 

Pakyra mynasyp sabr-u kanagat,

Baýlar ýaraşygy haýr-u sahawat,

Har beslän täjige düşse şalyk at,

Palan çeker sürer, gadryn näbilsin.

 

Kämil bolmaz ol şerbetden datmaýan,

Hezl eýlemez söz aslyna ýetmeýen,

Däli Mejnun yşky eser etmeýen,

Perizat Leýliniň gadryn näbilsin.

 

Meýlis girip, märekäge barmaýan[23],

Beglik ede bilmez, berim bermeýen,

Çölde açlyk muşakgatyn görmeýen,

Öýde yssyg nanyň gadryn näbilsin.

 

Ötenden soň, aňlar adam döwletin,

Bilmez döwlet bile geçen nobatyn,

Çekmeý kişi bimarlygyň zähmetin,

Bu gözel saglygyň gadryn näbilsin.

 

Rysmanyň berk edip, labyr salmaýan,

Girdaba ugraşar häzir bolmaýan,

Kiştisi kölekde bendil galmaýan,

Gury gara ýeriň gadryn näbilsin.

 

Aýralyk oduna ýanyp bişmeýen,

Zalymlar elinden ülke aşmaýan,

Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen,

Ülkesinde iliň gadryn näbilsin.

 

Ýigit degil bir ykrarda durmasa,

Ulag gadryn bilmez kişi armasa,

Ördek, guba gazlar çöli görmese,

Serçemenli kölüň gadryn näbilsin.

 

Magtymguly aýdar, ýar-u hemdemge,

Geliň, dostlar, şükr edeliň bu demge,

Zatynda söz pähmin bilmez adamga,

Müň magny söýleseň, gadryn näbilsin.

 

REFTARYDYR

 

Ýigit köňlüne sygynan,

Atyň görki reftarydyr.

Ile-ulusa hoş gelen –

Aş, gylyç, är güftarydyr.

 

Öňüň gara, ardyň gözle,

Hoş sözüň diý, gahryň gizle,

Sözlä bilseň, ýagşy sözle,

Halk ýamanyň bizarydyr.

 

Dünýä deraz, ömür galmaz,

Ajal gelse, çäre bolmaz.

Ne iş baryn adam bilmez,

Barça iş Hakyň käridir.

 

Öter döwran, bermez salym,

Her kim jam berse, ber çalym,

Munda nobat sürse zalym,

Erte Hak garyp ýarydyr.

 

Öz erkim bilen söz diýmen,

Gelejek ryzka gam iýmen,

Jahanda bar işden ýaman

Bir müminiň azarydyr.

 

Aňlamaz ugra gelmese,

Syrlaşarga ýar bolmasa,

Il-günde gadyr galmasa,

Söz hem ne derde däridir.

 

Magtymguly, sen dembe-dem,

Ahyret sary ur gadam,

Ýagşy-ýaman barça adam

Ajalnyň giriftarydyr.

 

DUMAN PEÝDA

 

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,

Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,

Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,

Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,

Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,

Babeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

 

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçeň,

Zemin sebzezar olup, teninden aýrylar zeň,

Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,

Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,

Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylar aheň,

Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,

Hyruja gelip, älem, kylarlar pygan peýda.

 

Surud-u seda birle, jahan ýüzi abatdyr,

Olma suruda magrur, paýanasy bibatdyr,

Hak yşkynda zinde jan, biliň, baky-haýýatdyr,

Her tende ki yşk olmaz, ruzy-ezel mematdyr,

Ýaz ötinçä ýer-u gök, günden-güne zyýatdyr,

Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy-arasatdyr,

Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peýda.

 

Zerbaba zowkun olma, baka ýokdur döwletde,

Ömrüňni bada berme, sen bu darel-mähnetde,

Ýeter saňa ir-u giç, ne ýazylsa kysmatda,

Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasretde,

Sowap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde,

Älem barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda,

Hasylyň ataş bolgaý, eýleseň ýaman peýda.

 

Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan,

Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden,

Umydym hasyl olmaz, bu ömri-tebahymdan,

Jan köýdi jeset içre bu ataşy-ahymdan,

Golum sunup, dilär men hajatym Allahymdan,

Bende men, umydym köp ol keremli şahymdan,

Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda.

 

ATY GEREK

 

At gazanar goç ýigidiň

Owwal bedew aty gerek.

Gelene garşy çykmaga

Ýagşy muhubbeti gerek.

 

Mert gerek jepa çekmäge,

At gerek dere sökmäge,

Supra ýaýyp, nan dökmäge

Köňlüniň hümmeti gerek.

 

El götergil ham hyýaldan,

Saňa yssyg ýokdur maldan,

Ruzygär geçse halaldan,

Aryflar söhbeti gerek.

 

Ýöriseň gulluk kylmaga,

Pygamber ýolun bilmäge,

Derwüşler köňlün almaga

Elinde döwleti gerek.

 

Magtymguly bir gedaýdyr,

Barçany saklan Hudaýdyr,

Eger misgin, eger baýdyr –

Gelene hyzmaty gerek.

 

TAPMAS SEN

 

Niçe işi akyl bilen jem etseň,

Pelek çaşyr, bir gün hasap tapmas sen.

Bu jan saglygynda haýyr gazangyl,

Ýer astyna girseň, sowap tapmas sen.

 

Munda ne iş etseň, anda garawly,

Sen hem ýagşylardan alawer bowly,

Häli hem bir pille, eý, adam ogly,

Alymlar kemelse, edep tapmas sen.

 

Ýigrimi ýaşynda äriň ne gamy,

Ýykar dagy, daşy erider demi,

Bir gün öter ýigitligiň möwsümi,

Ýyglap-ýyglap gelseň, jowap tapmas sen.

 

Ýigit bolsaň, gezgil ýagşy at bilen,

Bedew münüp, gezgil perizat bilen,

Ömrüňni ötürgil jemagat bilen,

Mesjidi ýykylsa, mährap tapmas sen.

 

Magtymguly, görüň niçik hoş oldy,

Säher wagty erenlere duş oly,

Bir käse meý içip, jana noş oldy,

Her gün käse doly şerap tapmas sen.

 

GYMMAT ÝAGŞYDYR

 

Söwdagärlik kylyp, bazar gezenden,

Alsaň nesihatym, gymmat ýagşydyr.

Hatam bolup, günde gyzyl berenden,

Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.

 

Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden,

Söweş güni sanjar ganym gözünden,

Her kim tapylmasa aýdan sözünden,

Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr.

 

Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,

Dost bolup, dostundan syryn gizländen,

Hudany unudyp, ýalan sözländen –

Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.

 

Kadyr eýäm jismimizi bar eden,

Biakyldyr Hak işine ar eden,

Bimahal salyngan bozuk köprüden,

Jähennem üstünde syrat ýagşydyr.

 

Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň,

Bilip ahyretiň, gamyny iýseň,

Janyň barlygynda haýyr gazansaň,

Rahat ýatjak ýeriň – kümmet ýagşydyr.

 

Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan,

Bihabarlar aýra düşer Hudaýdan,

Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan,

Ärsiz, pirsiz loly arwat ýagşydyr.

 

Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany,

Ýalançynyň bolmaz anty-imany,

Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany,

Her kimiň öz ili – ymmat ýagşydyr.

 

GIDIJI BOLMA

 

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:

Watany terk edip, gidiji bolma!

Özüňden egsik bir gaýry namardyň

Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

 

Hyzmat kylsaň bolsun bir asylzada.

Ata-babasyndan beýik begzada,

Her çent eger bolsa aj-u uftada,

Ýanyndan bir zaman gidiji bolma!

 

Akmaýyn galmazdyr bir akan aryk,

Bir tende adam ki, semizdir aryk,

Bar ýüzi barukdyr, ýok ýüzi çirik,

Çirik diýp, gaty söz aýdyjy bolma!

 

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

Ýüwrükni çamanga satyjy bolma!

 

Bir nesihat bereý, pendimi alsaň,

Imtiýaz eýlegil, otursaň-tursaň,

Indegsiz-habarsyz bir ýere barsaň,

Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma!

 

Çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma,

Çagyrylmagan ýere görünme, barma,

Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,

Buýrulmagan işi ediji bolma.

 

Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,

Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,

Gulagyma bergen pendiň alaýym,

Kişige gaty söz aýdyjy bolma.

 

Nem düşmese gökden, ýer neý götermez,

Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez,

Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez,

Namart ogly deýin gaýgyçy bolma.

 

Mert ogludyr, ilge ýaýar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,

Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma.

 

Saht dil kükregi hergiz boş bolmaz,

Herniçe katlansa, köňli hoş bolmaz,

Iki ýagşy bir-birewge duş bolmaz,

Ýagşyny ýamana çatyjy bolma.

 

Töwekgel ner erer, endişe – maýa,

Köňlüňni iberme her kaýsy jaýa,

Barçanyň yşanjy kadyr Allaýa –

Alladan özgäge söýenji bolma.

 

Okur bolsaň[24] ok ur nebsiň gözüne

Gara, çyn göz bile müshef ýüzüne,

Aldanyp girmegil şeýtan sözüne,

Allanyň emrine goýgujy bolma.

 

Eger bolsun diýseň ýeňil, agyrlar,

Çykgyl bir ýana, tä, bürýan bagyrlar,

Ýoluksa gözüňe güňu-sagyrlar,

Olaryň halyga gülüji bolma.

 

Kiçilikden ybadatga boýun goý,

Kyýamatnyň oýun kylsaň, oýun goý,

Terk edip dünýäni, zowk-u toýun goý,

Gir pena ýoluga, gaýtgujy bolma.

 

Uruglyg men diýme, taňla urug[25] bar,

Hasab-u nama-ýu wezn, sorag bar,

Ýalançy bende, miz sansyz durag bar,

Bilip, ýalgan sözni aýdyjy bolma.

 

Meý içseň mertebe hezar haşrda,

Otny ur Kagbaga taryky-künçde,

Kurany köýdürip, butga kyl sejde,

Merdumga azar iş ediji bolma.

 

Ger tapsaň dünýäde mülki Isgender,

Karunyň maly hem bolsa miýesser,

Ahyry bolar sen ýerge barabar,

Köňülde men-menlik ediji bolma.

 

Eger çendi bolsaň sahyby-mansap,

Sözün diňle, köňül bozgynça teňläp,

Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bol hiff,

Goldan gelmez işni ediji bolma.

 

Daň atsa, mollalar çagyrar azan,

Bozulmazdyr hergiz kysmatda ýazan,

Ýigitlik bossandyr, garrylyik – hazan,

Tesbihden özge söz aýdyjy bolma.

 

Aýdarlar: «Ýyrtyk don görse, it gapar»,

«Päli ýaman bende, Hudadan tapar»,

Ahyry bir güni kylar sen sapar,

Dar köňül pyglyny tutujy bolma.

 

Kitabyn açyban okyp molla diýr,

Gögeredir ýagmyr suwy birle ýer,

Alkyşy-fatyha doga bilen är,

Mazlumga sütemlik ediji bolma.

 

Yzzat etgen bile kişi baý bolmaz,

Her niçe katlansa, mülki şaý bolmaz,

Jahany talh edip, köňli jaý bolmaz,

Jennetde jaýyňdan gidiji bolma.

 

Garrylyk gelgisi bir gün apaty,

Ýigitlik gitgisi bir gün kuwwaty,

Ganymat bil, gapyl, bu dem – pursaty,

Murda dek uzanyp, ýatyjy bolma.

 

Itniň balasyny tula azdyrar,

Hojasy geçirer, bende ýazdyrar,

Argumak balasy bara ozdurar,

Bende sen, hojaňa ýazgyjy bolma.

 

Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,

Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,

Birehim zalymyň bagry daş bolar,

Barar ýerge kesek atyjy bolma.

 

Är ogul balasy bara beý bolar,

Gamçynyň astynda ýaman eý bolar,

Märeke görmegen ýigit neý bolar,

Geler-gelmez sözi aýdyjy bolma[26].

 

Mümüniň kinesi-keten roýmaly,

Guraýança bolar ermiş mysaly,

Köňlüňniň kineden eýlegil hali,

Küpür dek kinäni tutujy bolma.

 

Eý köňül, gelgil sen, hakny tapaly,

Nebsimiz merkebni münüp çapaly,

Aýdarlar: Hak ermiş mähr-u wepaly,

Şol sözünden hergiz gaýdyjy bolma.

 

Hak ermiş bendäge ýakyndan-ýakyn,

Kim nesip eýlese muhubbet çakyn,

Jaýba-jaý getirseň bendelik hakyn,

Hojanyň buýrugyn goýujy bolma.

 

Men diýdim birniçe pendi-nesihat,

Bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat,

Pesihat bilmegil, bilgil nesihat,

Ýalançy sözleri aýdyjy bolma.

 

Maksat – bu sözleriň kylgyl ygtybar,

Umdetil-umra mehter ynak bar,

Aňlamaý sözleme: «Tamda gulak bar»,

Iç syryň kişige aýdyjy bolma.

 

Magtymguly, köňülde köpdür armany,

Tapmady akybet derde dermany,

Ýetişer bir güni Taňry permany,

Ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma.

 

ÝYKMAÝAN ÄRDEN

 

Hiç köňül şatlygy çykmaz,

Bir köňül ýykmaýan ärden,

Ýagşylyk tamasyn etmäň,

Ýamanlyk çykmaýan ärden.

 

Kimse ile beglik eder,

Bir jem bilen ýola gider,

Kethudalyk ýyrak gider,

Ýaman söz çekmeýen ärden.

 

Ýagşy är il aýbyn açmaz,

Göre-bile haram içmez,

Ýaradan ýazygyn geçmez,

Gözýaşyn dökmeýen ärden.

 

Eglenmez, eýýam öwrüler,

Zaman öter, nyrh çöwrüler,

Agyr döwletler aýrylar

Bir agza bakmaýan ärden.

 

Öz-özünden akly ýetmez,

Akyllaryň sözün tutmaz,

Ýoksullyk ýok bolup gitmez,

On iş derk etmeýen ärden.

 

Magtymguly, ýangyl, öçgül,

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl,

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl,

Nesihat ýokmaýan ärden!

 

BAŞY GEREKDIR

 

Sypah bolup, ata çykan, her ýerden

Akly känden kesen başy gerekdir,

Bir musulman gaçsa iki käpirden,

Kellesine saňsar daşy gerekdir.

 

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,

Göwresi giň gerek, özi pähimli,

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,

Ýerinde hünäri, işi gerekdir.

 

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,

Tilki kimin bazy berse her ýana,

Duranda, gaýa dek durup merdana,

Alar ýerden at salyşy gerekdir.

 

Ýigidiň hyýaly bolsa serinde,

Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda,

Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,

Ony başarmaga kişi gerekdir.

 

At gerek gaçarga, kowsa ýeterge,

Ýowny gorkuzarga, tirik tutarga,

Meýdanda sangysyz her iş bitirge,

Ýigrimi, otuzly ýaşy gerekdir.

 

Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden,

Muhannesler geçer jandan, oguldan,

Gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan,

Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir.

 

Magtymguly, goç ýigitler çapylyp,

Gök damardan[27] gyrmyz ganlar sepilip,

At salanda doňuz kimin topulyp,

Aýy kimin asylyşy gerekdir.

 

MEÝDAN ÝOLUKSA

 

Bedew ölse, meýdan galar armanly,

Hak yşkyna at sal meýdan ýoluksa,

Är ölejek, heňňam galar döwranly,

Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.

 

Ýigit bardyr sözün tapmaz, surrudyr,

Ýigit bardyr demi daşlar eridir,

Jaý ýerinde gaýra galsa garrydyr,

Goç ýigidiň aty çaman ýoluksa.

 

Işi dürst gelmez köňül çenine,

Dodagyny dişläp, «ah» diýr zenine,

Ýylan zähri bolup ýaýryr tenine,

Ýigit garryr hatyn ýaman ýoluksa.

 

Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň,

Mert çeker täsibin iliň – ýurduň,

Bitiren işini, görüň, namardyň –

Jeň diýibän gaçar duman ýoluksa.

 

Magtymguly, öwüt bergin söz bilen,

Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen,

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,

Namart özün gizlär myhman ýoluksa.

 

DEPE NEDIR, DÜZ NEDIR

 

Ýedi ýaşan arap atyň şanynda

Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir.

Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda

Elli nedir, altmyş nedir, ýüz nedir.

 

Namart ogly gorky çeker meýdanda,

Agaç adam bolup görner her ýandan,

Muhannese ýol bermegil ýeläňden,

Seçe bilmez, duman nedir, toz nedir.

 

Sypah bolup, müner atyn bilmeýen,

Aryf bolup, öz yzzatyn bilmeýen,

Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen,

Aňa bilmez mejlis nedir, saz nedir.

 

Garga ýiter baz, balaman jeňinde,

Görne bilmez ol meýdanyň deňinde,

Aç garyçgaý, algyr laçyn öňünde,

Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir.

 

Magtymguly, söz joş eder tiliňden,

Muhannese ýol bermegil ýeläňden,

Bu hünärler geler, gelmez eliňden,

Tilden gelen bu jürýetli söz nedir?!

 

ÖŇI-ARDY BILINMEZ

 

Ýomut, gökleň täsin edip özünden,

Çekdi goşun, öňi-ardy bilinmez.

Sygmaý çykdy deşti-Dahhan düzünden,

Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

 

Garga salsa, tugun bile depişer,

Haýbatyndan daglar-daşlar gapyşar,

Öli turup, dirilere ýapyşar,

Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez.

 

Üç müň naýzabazy bardy nökerden,

Tört müň pildary bar gala ýykardan,

Teke, salyr ýöriş etse ýokardan,

Duşmanyň namardy, merdi bilinmez.

 

Ähli sünni namys edip gelerler,

Gala ýykyp, bagyn berbat kylarlar,

Döw çekerler, Ispyhany alarlar,

Bu kentleriň üçi, dördi bilinmez.

 

Magtymguly, Alynyňdyr bu meýdan,

Ne iş tutar, görüň, bu Omar, Osman,

At deminden doldy zemin-u asman,

Horasanyň häki-gerdi bilinmez.

 

ÝAÝLAHLARY BAR

 

Sapar edip barsak Nuşah[28] mülküne,

Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.

Seýran etsek gunçasyna, gülüne,

Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.

 

Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar,

Arryk, müflis, garyp bolan oňalar,

Serçemen agajy bile deňeler,

Ajap guş salmaly awlahlary bar.

 

Meýdany doludyr şeker gamyşdan,

Dileg etmez hergiz gardaş gardaşdan,

Üsti ýapyglydyr kümüş kerpiçden,

Her kimiň özi çün suwlahlary bar.

 

Baş goşmandyr arryk, agsak şa bile,

Atdyryp du kunbul, baz le, na bile,

Şirwan galasydyr, any kim bile,

Her burçunda altyn baýdahlary bar.

 

Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň

Ajaldan, gaýrydan bolmaz teşwüşiň,

Baýlaryň, pakyryň, ähli derwüşiň

Ýurdy bolar ýaly farsahlary bar.

 

GUL BOLGUL

 

Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,

Döwletliniň gapysynda gul bolgul!

Bedasyl beg gullugynda galynçaň,

Asyl begiň saýasynda kül bolgul!

 

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,

Kelhemeç hem: «Öz oglanym gözel diýr».

Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,

Goýun kimin çar tarapa ol bolgul!

 

Süleýman sen, mura bir gulak goýgul,

Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl,

Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,

Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

 

Ne işdendir – ýatyp, nebsiň besleseň,

Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,

Her bazarda rowaç bolmak isleseň,

Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul!

 

Magtymguly, bardyr demiň hesibi,

Ir-giç ýeter her bendäniň nesibi,

Kişi bolsaň, goýgul gury tewsifi,

Ýagşy, ýaman, barçalara dil bolgul!

 

DÖKER BOLDUK ÝAŞYMYZ

 

Istär – elden çyka döwlet humaýym,

Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz.

Dilegim duş eýle, gözel Allahym,

Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz.

 

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,

Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz.

 

Derwüşler köňli jem dursun namaza,

Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,

Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, –

Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz.

 

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

 

Magtymguly, diýdi jannyň dirligne,

Musulmany goýma, käpir horlugna,

Rowaç bergil ýomut, kökleň birligne,

Ol Kemal han owgan bolsun başymyz!

 

SOŇUDAGY

 

Janym biziň, Soňudagy,

Dagdanlydyr biliň seniň.

Ganym görse garşylaşar,

Ýomut, gökleň iliň seniň.

 

Öýlükde[29] ýaýlany gursak,

At çapdyryp, baýrak bersek,

Temetede[30] orak orsak,

Aş dökmek hyýalyň seniň.

 

Kesgiç-kesgiç baýyr geçer,

Gyzylbaýyr göwün açar,

Sowuk çeşme suwuň içer,

Şonda dürli malyň seniň.

 

Dürli-dümen otuň biter,

Her deräň bir ile ýeter,

Hatarlanşyp kerwen öter.

Naýba naýdyr[31] ýoluň seniň.

 

Magtymguly dür seçende,

Bu döwran senden geçende,

Üstüňden iliň göçende,

Niçik geçer halyň seniň?

 

ÝAGDYR ÝAGDYR, SOLTANYM!

 

Seniň dek kadyrdan dileg dilärin,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

Garybam, gamgynam, nalyş eýlärin,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Kadyr Alla dökgün nusrat barany,

Ekiniň hemdesti, ýeriň ýarany,

Ýeriň, gögüň, arşyň, kürsüň subhany,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Bilbiller mest bolsun, älem aýylsyn,

Gaýgylar dep bolsun, gamlar sowulsyn.

Nowşirwan wagty dek jahan ýaýylsyn,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Rahmetiň işigi arşdan açylsyn,

Nuruň inip, ýer ýüzüne saçylsyn,

Gubar göçsün, älem gerdi gaçylsyn,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Älem takdyr gözlär – Hakyň permany,

Jahany best eýle, çyksyn armany,

Senden biter dertlileriň dermany,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Bende-biçäreýem, ne bardyr mende,

Rahym sen, rahman sen, kerem kän sende,

Keremiň bolmasa, galdyk dermende,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Dergahdan dilener nalyşly gullar,

Mynajat eýleýip, açylar tiller,

Ýamanlyk göterlip, ýaýylsyn iller,

Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

Magtymguly, yşkyň eýlär erada,

Yşkyňny kemal et, goýma arada,

Ýetirgin maksada, magşar-myrada,

Rem eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym!

 

EMIRE DÖNER

 

Ülkede sahyp bolmasa,

Arbaplar emire döner.

Üç ýyl şire uçramasa,

Tilki, şagal şire döner.

 

Gahba pelek kaşyk salar,

Birne biýr, birinden alar,

Her kime bir nobat geler,

Ülke agar, tura döner.

 

Şir her çakda bir aw atar,

Diýr: «Awuma kim el gatar».

Pil burnun pelege tutar,

Kerg görse, hamyra döner.

 

Ajal ýeter, adam duýmaz,

Döwran geçer, ömür doýmaz,

Tilki sarkydan şir iýmez,

Bir iýse, zähere döner.

 

Dert – ýürekde bir ot bolar,

Söz – jahanda bir at bolar,

Pukara aşna ýat bolar,

Mallansa, ýat ýara döner.

 

Mertler jeňde – toý içinde,

Aç börüdir koý içinde,

Namart gorkar öý içinde,

Barsaň, hyra-hyra döner.

 

Magtymguly, budur derdiň,

Sahyby gerek her ýurduň,

Şir zarbyn görmeýen gurduň,

Her murty bir tire döner.

 

NOGSANA GELGEÝ

 

Musulmanlar gylyç ursa bir-bire,

Döwlet dönüp, dinler nogsana gelgeý.

Zulm eýläp, bir-birin alsa ýesire,

Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.

 

Bir-birini çapmak ermes ärlikden,

Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,

Agzalalyk aýrar ili dirlikden,

Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.

 

Görelde ýok boldy, bir hesip galdy,

Ýaman ýalawlandy, ýol kesip galdy,

Şerigat hiç boldy, bir täsin galdy,

Zamanyň zowky şeýtana gelgeý.

 

Diňle, mesgen tutan kişi çöllerde,

Tasaddyk kemelse ulug illerde,

Halk üstüne agram düşüp ýyllarda,

Hastalyk köpelip, kast jana gelgeý.

 

Musulman sen, habar algyl zulaldan,

Gaçawer haramdan, isle halaldan,

Ölçegin[32] kiçeldip, daşyn ulaldan,

Bereketi göçüp, asmana gelgeý.

 

Sözümni diňleýe bir bilen, belkä,

Myradym – nesihat etmekdir halka,

Kazysy aňlamaz, begi pis ülkä,

Ýagmyr ýagmaý, ýerler gyzmana gelgeý.

 

Şere şöhrat bermek – şeýtanyň käri,

Gahryn ýutmak erer rahmanyň käri,

Köpelse her iliň seri-serkary, –

Nyzamy bozulyp, weýrana gelgeý.

 

Perwerdigär özi pakyra pena,

Ol kimdir,bolmagaý tilinde sena,

Kaýsy welaýatda köpelse zyna,

Zemin jünbüş eýläp, lerzana gelgeý.

 

Magtymguly, dursam sözüm saçmaga,

Aňlamazlar, ýüz goýarlar gaçmaga,

Her il destur etse şerap içmäge,

Ol ýuwurda tagun durmana gelgeý.

 

ARŞY AGLAÝA

 

Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyň,

Adyň asman gider arşy aglaýa.

Gelen nökeriňdir, gelmeýen awuň,

Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa.

 

Eýrana gylyç ur, ýörüt sypahy,

Başynda berk bolsun döwlet kulahy,

Humaýun dagynda şirleriň şahy,

Göýä bir näheň sen möwji-derýaýa.

 

Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen,

Rumustan beýnisi, döwüň biri sen,

Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen,

Guştasp ogly dek belli belaýa.

 

Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr,

Dost işine hoşwagt, duşman haýrandyr,

Ykbalyň açylar, işiň döwrandyr,

Merhemet nazaryň salsaň bir jaýa.

 

Pyragy diýr, rowaç biýr sen, sen dini,

Şalaryň şalary, yslamyň zeýni,

Emriňe mutyg et Eýran zemini,

Ruz-u şeb nalyşym budur Hudaýa.

 

ÇOWDUR HAN ÜÇIN

 

Ahmet patyşadan habar almaga,

Umyt etdi iller Çowdur han üçin.

Sag-salamat baryp, gaýdyp gelmäge,

Oňmady ykballar Çowdur han üçin.

 

Baglar doňup galdy ýagyşlar görmän,

Bulut bewl saldy, bu derde arman,

Zemin zaýa boldy, pelekler perman,

Jennet boldy çöller Çowdur han üçin.

 

Kaza gahra mündi – pirin syndyrsa,

Pelek hyýal etdi – mährin inderse,

Derýa joşa geldi – suwdan gandyrsa,

Muştak boldy köller Çowdur han üçin.

 

Yzyňda boldular il intizaryň,

Umyt bilen gezdi Annahal ýaryň,

Atanazar boldy çekerge zaryň,

Gözleý-gözleý ýollar Çowdur han üçin.

 

Barsa, paýy belli soltanda, handa,

Ili bilmeý galdy armany janda,

Kazadyr, kysmatdyr Ýezdde, Kermanda,

Meger tartdy ganlar Çowdur han üçin.

 

Gurralar güň boldy, pallar şum boldy,

Baranlar bent boldy, ýollar bim boldy,

Çeşmeler höşk boldy, daşlar mum boldy,

Guýa boldy tiller Çowdur han üçin.

 

Söýle, Magtymguly, älem bilsinler,

Jaýy jennetdedir, güwä bolsunlar,

«Hak rahmet etsin!» diýp, doga kylsynlar

Tamam ulus iller Çowdur han üçin.

 

GEÇDI DIÝDILER

 

Eý ýaranlar, ýowuz destan bitildi,

Bir goçak panydan geçdi diýdiler.

Ahyrzaman boldy, Aftap tutuldy,

Aý-Günüň şuglasy ýaşdy diýdiler.

 

Nägehan ugrady aýralyk dagy,

Seýdim Tarhan çeker derdi-pyragy,

Ömrüniň hasyly ýalyňsyz çyragy,

Bady-hazan urup, öçdi diýdiler.

 

Gitdi Öwezgeldi, ýene çoh zatlar,

Bozuldy söhbetler, gam boldy şatlar,

Gardaşlar, syrdaşlar, ýakynlar, ýatlar,

Gara geýip, gan ýyglaşdy diýdiler.

 

Bedew atly, bek kemerli, ýaragly

Döwleti, zynaty malyna bagly,

Myhmanly bir ärdir, zatly, otagly,

Bir belent ordasy çaşdy diýdiler.

 

Ýekelik hesreti başdan ötermiş,

Ogulsyzlyk barça işden betermiş,

Zürýatsyz ýigidiň orny ýitermiş,

Ýurdy ýok, kerweni göçdi diýdiler.

 

Magtymguly, Türküstanyň töresi,

Bir goçakdyr – söýünhanyň seresi,

Ýygyn görki, ýow gününiň öresi,

Uşbu gara ýeri guçdy diýdiler.

 

DÖWLETALYNYŇ

 

Sünnüýe sütündir, käpirge setdir,

Çalsa tygy-tizi Döwletalynyň.

Älemde destandyr, illerde hatdyr,

Söhbet içre sözi Döwletalynyň.

 

Sözleri pend bolup galdy tillerde,

Pakyrlar penahy ýaman günlerde,

Yrak ülkelerde, ýakyn illerde

Dost, duşmany razy Döwletalynyň.

 

Çoh jahan seýr etdi ömri bolynça,

Ýaradan ýok edip, ýere salynça,

Ýalançyda ýaýlap, täki ölinçä,

Sowulmady ýazy Döwletalynyň.

 

Har geçmez her kimni mydam istese,

Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa,

Bürgüt deý alardy laçyn beslese,

Şir alardy bazy Döwletalynyň.

 

Agyr uruglydyr hem beýik illi,

Köp ýygylsa meşhur, äleme belli,

Meýdanda – gylyçly, diwanda – tilli,

Ýüze taýdyr özi Döwletalynyň.

 

Dileg etse, doň daşlary erider,

Gazap etse, hökmi daglar ýörüder,

Güneşden göwherdir, Aýdan dürüdir,

Pelekde ýyldyzy Döwletalynyň.

 

Sansyz ile serkerdedir, soltandyr,

Jeň ýerinde jellat, belki, arslandyr,

Menzili meshitdir, ferşi diwandyr,

Gijesi, gündizi Döwletaynyň.

 

Temennasy ýerden asmana deňdir,

Bişede babyrdyr, dagda peleňdir,

Gämige labyrdyr, derýa näheňdir,

Herýan barsa özi Döwletalynyň.

 

Naçarlaryň eňreşerler sag-solda,

Hiç biri bolmady derdiňe dalda,

Bedew bagda galdy, ýoldaşy ýolda,

Diýinmez habary Döwletalynyň.

 

Magtymguly, geçdi dünýäde deňsiz,

Törelikde taýsyz, ärlikde eňsiz,

Pygamber peýsizdir, Süleýman soňsuz,

Şoňa meňzär yzy Döwletalynyň.

 

MALA SERETMEZ

 

Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,

Baş döwletin tapan mala seretmez.

Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,

Nadan ogul atasyna seretmez.

 

Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz,

Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,

Söweş güni muhannesde üýn bolmaz,

Ýere garar, özge ýana seretmez[33].

 

Alaman öňüni serdary başlar,

Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,

Kimse adam ýykyp, kimse at goşlar,

Abyraý tapmasa, paýa seretmez.

 

Är dostdan geçerler adam aç galsa,

Ýar ýardan aýrylyp, ara daş galsa,

Ýaman hatyn ýagşy äre duş bolsa,

Başyny[34] terk eder, daýa seretmez.

 

Köne dünýä muhannesiň öýüdir,

Süýthor bolan kesiň dowzah jaýydyr,

Altyn-kümüş gözleriniň maýydyr,

Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez.

 

Dünýä görki näzeninler, ne janlar,

Nadana ýolukdy türpe jenanlar,

Ärden galan, äri ölen juwanlar

Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.

 

Magtymguly garyp köňlün baý edip,

Kanagat ülkesin bende jaý edip,

Her kim öz ýaryny dogan Aý edip

Aýyn gözlär, başga Aýa seretmez.

 

ÝAR GEREKDIR

 

«Menem» diýen goç ýigide

Bir mynasyp ýar gerekdir.

Arap at, ýowly ýigide

Almaz zülpükar gerekdir.

 

Ýigit oldur – ýurt üstünde,

Janyn berse din üstünde,

Goç ýigitler il üstünde

Namys bilen ar gerekdir.

 

Bäş gün köňül hoş etmäge,

Supra ýaýyp, nan dökmäge,

Abraý alyp, at etmäge,

Gollarynda bar gerekdir.

 

Mekgä baran bolar hajy,

Aýralyk ölümden ajy,

Goç ýigide din gylyjy,

Aşyga didar gerekdir.

 

Artdyr pelek ah-u zaryň,

Alar elden ygtyýaryň,

Magtymguly, söwer ýaryň

Syýa zülpi tar gerekdir.

 

GÜRGENIŇ

 

Öňünde belent dag, serinde duman,

Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.

Bulut oýnap, dolsa çaýlara baran,

Akar boz bulanyp sili Gürgeniň.

 

Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly,

Gözelleri bardyr altyn-kümüşli,

Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli,

Argaly gäw bolar maly Gürgeniň.

 

Hatarlanşyp duran iner, maýalar,

Agyr bezirgenli, tüçjar eýeler,

Seňrikläp, abanyp duran gaýalar,

Öňi-ardy, sagy-soly Gürgeniň.

 

Begleri bar, titme çalar biline,

Ýorga münüp, tarlan gondyr eline,

Ak göwsün biýr jeren deňiz ýeline,

Mäleýir gazaly çöli Gürgeniň.

 

Magtymguly, ilden ile aralar,

Hijran tygy bilen bagryn paralar,

Golun sallap maral gabak periler,

Iner olumyndan däli Gürgeniň.

 

MAL ÝAGŞY

 

Adam bolup, adam gadryn bilmeýen,

Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,

Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

 

Hudaýym saklasyn şerden, gahardan[35],

Minnetli aş ajy bolar zäherden,

Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,

Ondan ki bir güwläp ýatan çöl ýagşy.

 

Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,

Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,

Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,

Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.

 

Bir biwepa ýara gülüp bakandan,

Şirin jany yşk oduna ýakandan,

Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,

Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.

 

Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,

Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden.

Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –

Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.

 

GUMLY ÇYKYPDYR

 

Haktagala, bu ne-niçik ahwaldyr,

Dury diýp içdigim gumly çykypdyr.

Ne ýeser bihuda şum-keç ykbaldyr,

Halal diýp iýdigim jimli çykypdyr.

 

Kimse syrym bilmez, özün öldürse,

Pakyr bendelerge Taňry bildirse,

Ile şatlyk, şadyýanlyk güldürse,

Maňa hemra bolan gamly çykypdyr.

 

Amuhta men örtenmäge, bişmäge,

Kişi ýok sözleşip, dert aýyşmaga,

Oba ujundan bardym öý soraşmaga, –

Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr.

 

Menden şikaşat eder elim gerenim,

Galbirden şal çykar syrym berenim,

Pakyr diýp, paşmagna elim uranym,

Deprenende, döwden demli çykypdyr.

 

Magtymguly, hasaby ýok görenim,

Tama tutup, umyt elin gerenim,

Obasyna ärmiş diýip baranym,

Etegne el ursam, … çykypdyr.

 

BILMEZMIŇ

 

Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň?

Efsun urup, hüthütni inderdigim bilmezmiň?

Arş üstüne galdyryp, mündürdigim bilmezmiň?

Tört gije, üç gün aglap, dyndyrdygym bilmezmiň?

Eşek münüp Isa dek, ýeldirdigim bilmezmiň?

 

Mejnun kibi sährada ýyglaý-ýyglaý gezdigim,

Gözüm ýaşyn merjen deý düzüm-düzüm düzdügim,

Warka kimin Gülşadan ölüp, umyt üzdügim,

Joşgun berip yşk ody, gaýnap-gaýnap gyzdygym,

Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?

 

Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyna bardygym,

Bag içinde Bulkysyň saçyn açyp gördügim,

Süleýmanyň tagtyndan sözläp habar berdigim,

Guş gonsun diýp başymga bilbil heňin gurdugym,

Çarşenbe gün çäş wagty gondurdygym bilmezmiň?

 

Surahnyň[36] arkasynda Mejnun gurdy jadyny,

«Bismilla» diýp çagyrdy, tapmady ustadyny[37].

Hakdan gaýry bir kimse eşitmedi dadyny,

Kyrk aşyk nagra çekip, şugla urdy oduny,

Gözýaşymdan suw alyp, söndürdigim bilmezmiň?

 

Şirwan hanyň söwdasy ne ajaýyp söwdadyr,

Gyldan bu ýan agdyrsa, kyýamat gün ryswadyr,

Ýüz ýigrimi sap gurlup, her sapda bir gowgadyr,

Aşyklyk bir joşgundyr, akmaz daşgyn derýadyr,

Bir jurgadan kyrk aşyk gandyrdygym bilmezmiň?

 

Ýetilmiş şunkarym, gamyş ganat ak türpek,

Dünýä meni taýdyrdy, bir ýanym etdi urpak,

Janan jiger dilibän, tartar, gan goýmaz toprak,

Her tikenden ýüz gaffy, her kyrk gülden bir ýaprak,

Dagy-daşy aýlanyp, öndürdigim bilmezmiň?

 

Magtymguly, sözleýir, dokuz pelek Zöhresi,

Ýedi ýyldyz gardaşy, Aýyň, Günüň parasy,

Aby-Zemzem çeşmesi, Safa, Merwe arasy,

Süleýman dek ähdimni syndyrdygym bilmezmiň?

 

ÝÖRMELI BOLDUM

 

Eý ýaranlar, musulmanlar,

Jebirde ýörmeli boldy.

Nije zähmet çeken janlar

Jepany görmeli boldy.

 

Jahan giňdir, melamat kän,

Arada köýdi şirin jan,

Üstümizde rehimsiz han,

Bil ahyr urmaly boldy.

 

Azypdyr gökleň hanlary,

Kän görür bize hallary,

Goýman sürdi bar mallary,

Göz dikip durmaly boldy.

 

Magtymguly, aýama jan,

Biliň guşa, geý gazap don,

Hetden aşdy bu zalym han,

Ahyr tor gurmaly boldy.

 

BOLAR SEN

 

Belent daglar, beýikligňe buýsanma,

Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!

Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,

Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!

 

Daglaryň arslany, babyr-peleňi,

Bir güni deň bolar pil, peşe jeňi,

Mejmegul-Bähreýniň, Niliň näheňi,

Gulagyna urlan har dek bolar sen!

 

Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,

Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,

Zalymlar har bolar, galar aýakda,

Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!

 

Ýagşy bedew münen, hup mahbup guçan,

Bile eltipmidir bakyýa göçen,

Hakykat namartdyr imansyz geçen,

Iman bile barsaň, ner dek bolar sen!

 

Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,

Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,

Alymlara uýsaň, açylar gözüň,

Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen![38]

 

Lukman kibi dertler dermanyn kylsaň,

Süleýman dek döwni permana salsaň,

Isgender dek ýeriň ýüzüni alsaň,

Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!

 

Magtymguly, garap gözle daşyňny,

Jaýyn bilip sarp et nan-u aşyňny,

Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny,

Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!

 

AHYRZAMANA

 

Köňlüm aýdar, dostlar, eýläýin beýan,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana,

Dünýä üçin şerigatny taşlaban,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Mollalar ylmyna etmedi amal,

Şerigat işine eýlemeý jedel,

Pälimiz bozulyp, köpeldi kesel,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Müftüler mal alyp, rowaýat berer,

Nähak pulny alar, hakny köýdürer,

Pälleri bozulyp, pisat köpeler,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Reýis bolan paýekiden pul alar,

Bermese, boýnyga gyl arkan salar,

Günäler köpeler, şerigat galar,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Işanlary yrýa eýlär namazyn,

Gaflatda ötürer gyş bile ýazyn,

Ýalan sözläp, ilden alar nyýazyn,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Sopular nebs üçin mele don geýip,

Şübheli tagamny halal diýp iýip,

Şeýtan pygly birlen keramat diýip,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Şyh bolanlar nezr üstünde uruşyp,

Bir pul üçin zen, perzende sögüşip,

Öwlüýä gapysynda mundag boluşyp,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Kethuda bolanlar dogry sözlemez,

Para alar, leýken hakny gözlemez,

Nähak güwä bolar, dawa düzlemez,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Baýlarda galmady haýry-sahawat,

Dünýä diýp gezerler bolmaý parahat,

Garyplar baýlardan görmez kipaýat,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Ogly hoşroý bolsa edermişler şat,

Göýä ki, döwleti bolandyr zyýat,

Gün-günden jahanda köpeldi pisat,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Gyz juwanda ýokdur haýadan eser,

Ýigitler gyz bile oýnaýyp gezer,

Ýaman iş köpeldi gün-günden beter,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Zamana işleri ýaman bolupdyr,

Jahan içre pisat işler dolupdyr,

Pälimiz gidiban, reňler solupdyr,

Blmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Baýlar zekat bermeý, bolupdyr süýthor,

Il içinde köpelipdir husythor,

Ömür ötüp, gaflata bolupmyz magrur

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Günäler köp bolup, egsildi sogap,

Gorkar men, bu jahan bolmagaý harap,

Kesp edip satarlar arag-u şerap,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

Magtymguly, munça kylmak hekaýat,

Akyllara şaýed, bolgaý kipaýat,

Dünýäniň işine ýokdur nehaýat,

Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.

 

BETNAM OLUR

 

Ger emiriň, ger weziriň akly kuteh, ham olur,

Ol emiriň ady ahyr halk era betnam olur.

 

Bir akyl-sahyp kemalyň goly birle iş tutan,

Işini daşdan alar, terpendikçe, kam olur.

 

Isteseň serişdesi sen bu jahanyň serbe-ser,

El açan, gahryn geçen, puşmanda, ol el bam olur[39].

 

Gelleban arbaba dönüp, bolmuş arbaplar emir,

Şahlara ýokdur itagat, ili naferjam olur;

 

Diýiň salam Magtymgulydan bagy bolgan beglere,

Aý dolar, enjüm batar, ryswaýy has-u a:m olur.

 

ÇATYP BOLMAÝYR

 

Iki dagyň agajynyň başyny[40],

Düýbi bir bolmasa çatyp bolmaýyr.

Magallagyň agyr-näheň daşyny

Gol bilen göterip, atyp bolmaýyr.

 

Kelte diňden bolmaz beýik minara,

Ýaman hatyn duşsa bir ýagşy äre,

Başyn kesip, ganyn döküp kenara,

Ýa öldürip, ýa-da satyp bolmaýyr.

 

Il içinde seniň ulalsa adyň,

Seni ýaman görmez ýakynyň, ýadyň.[41]

Goluňda bolmasa bir gerek zadyň,

Meňki diýip, başyn tutup bolmaýyr.

 

Pakyrlar mal diýer, baýlar zer diýer,

Ýeke eşekli: «At ber, esrik ner» diýer,

Dünýäden doýmak ýok, «Ýene ber» diýer,

Köňül maksadyna ýetip bolmaýyr.

 

Her kim elin gerer pany jahana,

Saglykda jepa biýr bu şirin jana,

Bu dünýä bil baglan galar zyýana,

Dünýä dostlugyna bitip bolmaýyr.

 

Kör pakyrlar: «Gözüm!» diýer görmese,

Agsaklar aýaksyz turup ýörmese,

Her kimiň istegin Taňry bermese,

Baryp: «Maňa ber!» diýp tutup bolmaýyr.

 

Magtymguly, nesihatym bolmasa,

Sana geçmen her kim gulak salmasa[42],

Ýigit köňül söýenini almasa,

Ynjalyp, parahat ýatyp bolmaýyr.

 

DON BOLSA

 

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,

Köýnekli diýr: wah, üstünden don bolsa!

Bäş pul diýip, Hakdan dilär garny aç,[43]

Bäşin tapsa, arzuw eder – on bolsa!

 

Ol ýigit ki, çeke-çeke hasraty,

Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,

Ýany birle tapsa ýaragy-aty,

Ýene diýr ki: mugt, tükenmez nan bolsa!

 

Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,

Gyz-gözelden mahbup istär hem öwlat,

Bu döwleti peýda etse adamzat,

Köňli istär, beýik şähre han bolsa!

 

Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,

Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,

Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,

Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa!

 

Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,

Mert oldur, şat tuta gamdan synasyn,

Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,

Karun kimin näçe gaznaň kän bolsa!

 

AT ÝANYNDA BELLIDIR

 

Eşek özün egsik saýmaz bedewden,

Gymmat etseň, at ýanynda bellidir,

Bedew diýgeç, bolmaz hemme bedew deň,

Çyn bedewler meýdanynda bellidir.

 

Oglanlykda bilmez idiň, beg idiň,

Ýamana hiç ýokmaz sözüň, öwüdiň,

Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň,

Edebinde, ekramynda bellidir.

 

Bu jahanda doýmaz gözüň, sir bolmaz,

Her tilkiden ýolbars bolmaz, şir bolmaz,

Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz[44],

Goç ýigitler myhmanynda bellidir.

 

Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda,

Hemaýatly ili gerek daşynda,

Ýigit özün maglum eder işinde,

Gylyjynda, zybanynda bellidir.

 

Magtymguly, garyplaryň gözýaşy

Daglary ýandyryp, erider daşy,

Pakyra jebir eden zalymyň işi,

Ruzy-magşar diwanynda bellidir.

 

ŞAL TAPSA

 

Eýesine yhlas eden çyn merdan,

Ebrişüm höwesin etmez şal tapsa,

Dünýä maly, işi üçin sergerdan

Köňül guwanç eder artyk mal tapsa.[45]

 

Ýol ýoldaşy ýoldaşyna söýener,

Howply ýerde ýatan tiz-tiz oýanar,

Garakçylar kerwen görse guwanar,

Küşti tapmaýanlar suwda sal tapsa.

 

Geçirler her ýerde sözüm takyga,

Garry arman çeker ýigit çakyga,

Eşek monjugna biýr ýa-da akyga,

Biçäre çopanlar ýakut-lagl tapsa.

 

Jan howpundan bolar akyly haýran,

Ýylan kişmir görse, ütelgi-taýran,

Şir syýaguş görse, pil hem kergerdan,

Agaja gurt düşse, gawun hal tapsa.

 

Mertden dileg eden namut öwrülmez,

Namarda düşen iş, mälim, gaýrylmaz,

Perwana ot görse, jan biýr, aýrylmaz,

Simap gyzyl tapsa, mesge bal tapsa.

 

Eý, terbiýet istän, kişi, ten üçin,

Aşret tilän ogul-gyz-u zen üçin,

Ak puly saklarlar gara gün üçin,

Hoş gezerler gyzyl, ýaşyl, al tapsa.

 

Magtymguly, ýüz müň köýler, köçeler,

Aýdadyrlar: «Döwran bizden geçeler»,

Hak, nähakdan mal gazanyp niçeler,

Sarp ederge jaýyn tapmaz mal tapsa.

 

IŞ BOLMAZ

 

Gel, köňlüm, sydk ile ýalbar Allaga,

Ýaradandan hiç ýaşyryn iş bolmaz.

Ryzk bir mukadderdir şah-u gedaga,

Galam birdir, munda ýazan biş bolmaz.

 

Bir niçeler ýortar gije ýatmaýyn,

Birew ýatyr, öýden jepa tartmaýyn,

Takdyry-ezelden hergiz artmaýyn

Gezgen artyk bolup, ýatan boş bolmaz.

 

Bir goç ýigit ýalan dünýäge gelse,

Gylyk, gylyç, çörek, desterhan bolsa,

Ýalançyda abraý hem iman bolsa,

Ýetmiş, segsen, ýüzden artyk ýaş bolmaz.

 

Kimseler döwletmend, kimseler garyp,

Kimseler haýr edip, zekatyn berip,

Kimseler ömründe nan diýip ýörip,

Kimselerde ýassyk, düşek, aş bolmaz.

 

Magtymguly, bu günüňe şükr eýle,

Allanyň gudratyn görüp, pikr eýle,

Ryzk üçin gam iýme, Haka zikr eýle,

Ezelde ýazylan senden daş bolmaz.

 

SIR GIDER

 

Köp namarda mal berip sen, dun dünýä,

Gözi gökde, gaýgysy ýok, sir gider,[46]

Kany aklyn? Oda düşüp ýan, dünýä!

Ne mertler bar, ýoksullykda hor gider.

 

Az ömrüňi sürseň elwan aşratda,

Soň şirin jan galar uzyn hasratda,

Akmaklar bu ýerde galar gaflatda,

Akyl bolan öz gamyny iýr gider.

 

Ne dogry gelene mähriň inderdiň,

Ne gelmäne sowgat-salam gönderdiň,

Hiç parhy ýok sende merdiň, namardyň,

Arslan öter, tilki geçer, şir gider.

 

Peýda diläp gelen dünýä şährinden,

Janyn berip, guryp galar gahryndan,

Dünýä mardyr, ol ýylanyň zährinden,

Tüý döküler, ganat gyrlar, per gider.

 

Dünýä zendir, köp oýnaşly, äri bir,

Bir öpüşde etiň, ganyň sorubiýr,

Ölenden soň, şah-u geda bary bir,

Mundan her kim boldujagyn goýr gider.

 

Adam ogly ýalançynyň ýalanyn,

Çyn sanypdyr egri bakyp gülenin,

Gam çekme, eý dünýä, her kim alanyn –

Karz malyňdyr, ýene gaýdyp biýr gider.

 

Magtymguly, güýçli bile dalaşmaň,

Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň,

Ýagşy, ýaman sözüm köpdür, gülüşmäň[47]

Neçün, her kim bildijegin diýr gider.

 

DELALAT ÝAGŞY

 

Asla adamzada ajy söz urmaň,

Pakyra-misgine delalat ýagşy.

Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,

Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.

 

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,

Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,

Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,

Entäni goldara hemaýat ýagşy.

 

Ýigit oldur – söze eýlese amal,

Goldan gelmez işe etmese jedel,

Allanyň emrine kylmagyl bedel,

Bege – berim, şaha – adalat ýagşy.

 

Garyplyk bir dertdir – adam öldürmez,

Öldürmese, dirilikde güldürmez,

It hem aryklygyn gurda bildirmez,

Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.

 

Magtymguly, şükür, şirin til berdi,

Şejerler gögerip, semer gül berdi,

Görogly Reýhana niçik ýalbardy,

«Amandyr» diýene diýanat ýagşy.

 

KYL-U KAL BOLAR

 

Her kişiniň iki bolsa aýaly,

Gije-gündiz işi kyl-u kal bolar.

Her biriniň bardyr ýüz müň hyýaly,

Owkat sürüp, gördüjegi hal bolar.

 

Birin söýüp, birin eýlese naçar,

Ile ryswa bolup, öz aýbyn açar,

Akly haýran bolup, baryndan geçer,

Deň tutmasa ýaryn, bikemal bolar.

 

Gähi bilbil kibi saýrar tilleri,

Tomaşadan häzir eder illeri,

Gähi ýer ýumruklar, gähi-külleri,

Ärin göre bilse, tilsiz lal bolar.

 

Gahr eýleýip, gelmez bolsa ýanyna,

Söz aýtmasa her biriniň şanyna

Beýle är goşulmaz adam sanyna,

Iki hatyn, bir är – üç aýal bolar.

 

Magtymguly, kimse bilmez batyny,

Öýlenseňiz, garap alyň zatyny,

Eýäm görkezmesin ýaman hatyny,

Adam özün bilmez, ham hyýal bolar.

 

SALAR GUŞUN AŇLAMAZ

 

Bedasyla beglik ýetse bir günde,

Alar awun, salar guşun aňlamaz,

Ýarlygy ýörigen nurbatsyz begler,

Pukaranyň gözde ýaşyn aňlamaz.

 

Belet başlar dogry ýola çyn bile,

Akyl ýigit söz başlamaz «men» bile,

Namart oldur – geňeş eýlär zen bile,

Goç ýigitler zen geňeşin aňlamaz.

 

Mertden dileg etseň aýdar: «Hup bolar»,

Bir bagşaşdan ýetmiş bela dep bolar,

Muhannes geňeşi öýde köp bolar,

Duşman görse, tutar işin aňlamaz.

 

Hak ýolunda her kim haýr-yhsan kylar,

Kyýamat gün bir ýerine on geler,

Namart duşman görse, gussadan öler,

Goç ýigitler tördün, bäşin aňlamaz.

 

Magtymguly beg ýanynda til başlar,

Gylyjy, gaýraty bolan il başlar,

Mertden dogan ýygyn görse, ýol başlar,

Namart ogly deňin-duşun aňlamaz.

 

OTUR-TURŞUN GÖRÜŇ

 

Her ýigiňdiň aslyn bileý diýseňiz,

Märekede otur-turuşyn görüň!

Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,

Owwal ykrarynda duruşyn görüň!

 

Uzak ýola gidip geler bolsaňyz,

Merdanalyk gyljyn çalar bolsaňyz,

Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz,

Synasyn, sagrysyn, gerişin görüň!

 

Bir pul düşse bir üflasyň goluna,

Göwsün açyp gezer gyşyň ýeline,

Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,

Edebin, ekramyn, oturşyn görüň.

 

Goç ýigidiň at-ýaragy şaý bolsa,

Ýetişer her ýerde haý-da haý bolsa,

Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,

Çar tarapdan myhman gelişin görüň!

 

Bir niçäni kyldyň maly-bisýary,

Bir niçäni kyldyň bir puluň zary,

Ýagşy-ýaman, barça adamyň bary

Nobat bile ötüp baryşyn görüň!

 

Taňry bizar erer zekatsyz baýdan,

Zynhar siz hem gaçyň ol gelen jaýdan,

Merde her iş düşse, görer Hudaýdan,

Namardyň hemradan görüşin görüň!

 

Namart ýörer mydam ölümden gaçyp,

Öýüne gelende, zäherin saçyp,

Mert ýigit ölüme synasyn açyp,

Meýdanda ters söweş guruşyn görüň![48]

 

Zalymlar unudar zikri – Allany,

Arzan alyp, gymmat satar gallany,

Süýthor naýynsaplar halal tyllany,

Haram peýdasyna berişin görüň!

 

Şeýtan melgun hergiz tagat etdirmez,

Haramdan gaýtarmaz, halal ýutdurmaz,

Namaza uýdurmaz, roza tutdurmaz,

Lagnaty şeýtanyň talaşyn görüň!

 

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar[49],

Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar,

Ýamanyň her günde uruşyn görüň!

 

Gadyrdan gardaşdan uzak, daş bolup,

Gadyrsyz ýat bile garyndaş bolup,

Magtymguly näsazlara duş bolup,

Hojanyň, seýidiň ýörüşin görüň.

 

GEÇDI DIÝIP AGLARYN

 

Eý, ýaranlar, ömrümden,

Geçdi diýip aglaryn.

Gitdi aklym ornundan,

Çaşdy diýip aglaryn.

 

Giden gelmez ýolundan,

Dönmez ýaman pälinden,

Diýanat halk elinden

Uçdy diýip aglaryn.

 

Häzir biziň zamanda,

Ýaman sözler zybanda,

Zulum işler jahanda

Joşdy diýip aglaryn.

 

Bu eýýamda betkärler,

Ýüz til bile aldarlar,

Kany niçe dildarlar,

Geçdi diýip aglaryn.

 

Niçe sada deň-duşlar

Şeýtan biligin başlar,

Ýüz dönderip gardaşlar,

Gaçdy diýip aglaryn.

 

Görüň pelegiň oýnun,

Üzer älemiň boýnun,

Ne jenanlar ýer goýnun

Guçdy diýip aglaryn.

 

Magtymguly diýr merde,

Dünýä bentdir, ten perde,

Bir başym sansyz derde

Duşdy diýip aglaryn.

 

DÖKE BAŞLADY

 

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,

Ýetimler gözýaşyn döke başlady.

Orramsydan bolan haramhor begler,

Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

 

Jemagatsyz azan bir gury sesdir,

Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,

Kazylaryň käri çaý bile nasdyr,

Bir bozuk nyşana tuta başlady.

 

Işanlary her gapyda tapylar,

Mollalarna ýok myjabat ýapylar,

«Öwlüýä men» diýip jögi sopular,

Gygyryp, asmana böke başlady.

 

Çykar beýabana gyzy, gelini,

Ak ýüzüne ýapar gara telini,

Kemçinlik eýleýip, ýygan puluny

Düzedip özüne daka başlady.

 

Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi,

Baýlaryň mallary bizekat erdi,

Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi,

Bigünä, bir-birin ýaka başlady.

 

Magtymguly, başa baglap selleler,

Aç böri deý ýortup niçe mollalar,

Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,

Her ne tapsa, dynmaý dyka başlady.

 

AÝ-GÜNÜŇIZ BATMAGA

 

Altmyş ýaşan, ýetmiş ýylky sopular,

Az galypdyr Aý-Günüňiz batmaga.

Çöl ýerlerde tazy görmän tilkiler

Hyýal eder ýatan şiri atmaga.

 

Garga aýdar: «Ýokdur men dek şabaza»,

Müň garga ýygylsa, degmez bir baza,

Güne gargyş eden sary kelpeze

Dem çekedir aždarhany ýuwtmaga.

 

Agsak keýik ýüz torsuga ýetdirmez,

Şir beçesi togsan tilkä atdyrmaz,

Öli ýylan ýüz kelpezä ýuwtdurmaz,

Akyl gerek bu işlere ýetmäge.

 

Ýetmiş ýaşap, ýat etmezler tobany,

Horram bile oýnadyrlar gahbany,

Müňkürler jem bolup ýykdy Käbäni,

Ýezit gitdi agaçlaryn satmaga.

 

Bakyň bu eýýamy, görüň gerdişi,

Pakyra zulum etmek boldy werdişi,

Hak ýolunda dogry gezen derwüşi

Goýmadylar öz halyna ýatmaga.

 

Ýüregim sabyrdan, gitdi karardan,

Ýaman işdir bugz bolmak är ärden,

Bizara gelip men beýle diýardan,

Jür bolup men başym alyp gitmäge.

 

Magtymguly aýdar, bagtym biweçdir,

Nesibim, takdyrym, ykbalym keçdir,[50]

Niýetim Käbedir, hyýalym haçdyr,

Yhlasym bar haç towabyn etmäge.

 

YHSAN KAÝSY, BILINMEZ

 

Derdim köpdür diýarymdan, döwrümden,

Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy, bilinmez.

Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden

Yslam kaýsy, iman kaýsy, bilinmez.

 

Söhbetinde Hak kelamyn söýlän ýok,

Mejlisinde bir nesihat eýlän ýok,

Halal kaýsy, haram kaýsy, saýlan ýok,

Sud kaýsydyr, zyýan kaýsy, bilinmez

 

Halaýykda görelde ýok, görüm ýok,

Baýlarynda sahawat ýok, berim ýok,

Hatynlarda haýa, gyzda şerim ýok,

Edep kaýsy, erkan[51] kaýsy bilinmez.

 

Kişiniň malyna gözün aldyrlar,

Täsip edip, köňle kine doldyrlar,

Bir-birin nähak ýere öldirler,

Nurbat kaýsy, aman kaýsy, bilinmez.

 

Magtymguly, jan myhmandyr, göwre läş,

Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş,

Bu eýýamda baş-aýakdyr, aýak-baş,

Ýagşy kaýsy, ýaman kaýsy bilinmez.

 

GAÇA BAŞLADY

 

Indi bildim zamananyň azanyn,

Ýamanlar ýagşydan gaça başlady,

Gaýta bedasyllar asylzadadan

Pisint etmeý, töre geçe başlady.

 

Yrýa boldy köpüň okan namazy,

Taňry hiç birinden bolmady razy

Pygamber ornunda oturan kazy

Para üçin elin aça başlady.

 

Şalarda galmady hökmi-adalat,

Bir pul üçin müfti berer rowaýat,

Bil, bu işler – nyşanaýy-kyýamat,

Zalymlar bitoba öte başlady.

 

Dadhahlar turuban, ýüzün sarardyp,

Kim töresin tapyp, reňňin gyzardyp,

Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,

Gamçysyndan ganlar saça başlady.

 

Müjtehid sözüne amal bolmady,

Mynafyklar Ýaradany bilmedi,

Sopular pirinden taglym almady,

Dünýä üçin dinden geçe başlady.

 

Bir para sopular «sopy men» diýer,

Soramaý, zalymlar tagamyn iýer,

«Bizni ýagşy kişi diýsinler» diýer,

Her işikde halka gura başlady.

 

Garryga aýlandy biz gören ýaşlar,

Aýaga dolandy biz gören başlar,

Bimahal ýük baglap imdi gardaşlar,

Ahyret azmyna göçe başlady.

 

Akyl bolan gamda ýüregin ezip,

Derdiniň dermanyn soraglap gezip,

Zamananyň pisat bolanyn syzyp,

Panydan bakyýa göçe başlady.

 

Ne asyl begleriň nobaty ötdi,

Gaýta şugul-haramyga söz ýetdi,

Dünýäde kim galyp, myrada ýetdi,

Muhubbet çyragy öçe başlady.

 

Kazy bolan bir jowapda durmady,

Gije mähnet tartyp, kitap görmedi,

Şerigat ugrunda dogry ýörmedi,

Nebs üçin imansyz öte başlady.

 

Magtymguly aýdar, barha ýol tany,

Bäş gün synama iberdi seni,

Senden burun öten jananlar kany?

Her kim nobatynda öte başlady.

 

DAG-U HASRATDAN NYŞAN

 

Tapdy şöhrat halk içinde bu jahalatdan nyşan,

Galdy derwüşler tilinde dag-u hasratdan nyşan,

Galmady mazlumlara desti-nusratdan nyşan,

Serbe-ser doldy jahana bu bet apatdan nyşan,

Degdi älem ählige ýüz müň hyjalatdan nyşan,

Är bilerler kimde bolsa ol şeraretden nyşan,

Ýada salmaz haýr işi tapgan zelaletden nyşan,

Ne mürewwetden eser bar, ne adalatdan nyşan,

Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.

 

Her kişi betgatga batyr, any ki är bildiler,

Magşara müňkür bolup, ýok dünýäni bar bildiler,

Şerg işin bet aňlaýyp, hup işni bet kär bildiler,

Rastlary haýyn bilip, haýynlary ýar bildiler,

Tamyga kanyg diýip, kanyglary zar bildiler,

Kim şerigat ähli bolsa, hejw edip, har bildiler,

Müňküri mürşit bilip, ýalganny ykrar bildiler,

Gümrahy takwa sanyp, takwany inkär bildiler,

Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.

 

Hormat ähli boldy ol kimniň golunda sazydyr,

Kim kemal okysa halk ýanyda, har awazydyr,

Werdleri derwüşleriň hylwatda halk enbazydyr,

Ortada gyz-u juwan, diýr sen ki toýdur, bazydyr,

Syçraşar gyz-u gelin üstüňge, göýä tazydyr,

Hak işinden bihabar halk içre bagzy kazydyr,

Tabygy jyndyr anyň, hakkan ki, şeýtan özüdir,

Tamugyň tykanjadyr, her kim bu işge razydyr,

Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.

 

Taňry, pygamber sözünden bihabardyr bu pirler,

Pasykny kazy bilip, naýypny soltan diýrler,

Her kişi owwal gelip görse, ki rişwet biýrler,[52]

Baglaýyp böhtan ile fakr ähline tagsyrlar,

Selle baglap başyna aç böri sopy-pirler,

Eýleýip halk üstüge köp hileýn-tezwirler,

Ger halal-u ger haram tapsa dykarlar-iýrler,

Ruzy-magşar Hak-resulga ne jowabyn biýrler,

Şek degildir, dostlarym geldi kyýamatdan nyşan.

 

Egsewer, Magtymguly, söz birle derdiň her zaman,

Ne üçin zalymga nobat berdi bu döwri-zaman,

Anyň çün göz gören – eşdenden öte geçdi güman,

Eýleýip bir-birine dagwaýy-batylny heman,

Bir şaýylyk mal üçin, takyk, berer elden iman,

Özüni är saýynar kim, artyk iş etse ýaman

Bu köňül ýüz şowk eder nähak üçin tökmäge gan,

Güýji ötse gürbäniň, gaplaňa hiç bermez aman,

Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.

 

DÖWLETI-MALY BOLMASA

 

Goç ýigidiň ady çykmaz,

Döwleti-maly bolmasa,

Endişeli iş bitirmez,

Meýdanda däli bolmasa.

 

Bolmasa ýigdiň zürýady,

Ölende tutulmaz ady,

Tutaşmaz synanyň ody

Başda hyýaly bolmasa.

 

Almaz guşlar awa çapmaz,

Hünärsiz öz syrtyn ýapmaz,

Märekede orun tapmaz

Akly-kemaly bolmasa.

 

Gonmak täze ýurda ýagşy,

Haly düşek törde ýagşy,

Ol ýigitler görde ýagşy,

Başy gowgaly bolmasa.

 

Magtymguly, bolsa başly,

Uýalmaz gylyçly, aşly,

Duzy zor, duşmany güýçli,

Dosty wepaly bolmasa.

 

DON TAPYLMASA

 

Dok talaşar sigse hylgat geýmäge,

Kilim gözel zatdyr don tapylmasa,

Aç dyryşar gaty nany iýmäge,

Müşgildir bişirge un tapylmasa.

 

Hasyl umydy bar ekin ekene,

Bu işler maglumdyr mähnet çekene,

Aýak ýalaň basa bilmez tikene,

Neýlesin geýerge gön tapylmasa.

 

Akylsyzlar iş ahyryn garamaz,

Jollab çigidinden garpyz döremez,[53]

Agyr mejlislere çopan ýaramaz,

Neýlesin öterge jum tapylmasa.

 

Ýigitlikde her kim aşretde ýaýlar,

Başyna ýa geler, ýa gelmez köýler,

Dişsizler nan tapsa çäresin eýlär,

Müşgildir iýerge nan tapylmasa.

 

Magtymguly söýmez jedeli, jeňi,

Ahyret azm etdi köp dosty, deňi,

Dünýäde ne iş bar – bolmaýyr soňy,

Muşakgatdyr tende jan tapylmasa.

 

DONLY GÖRNER

 

Dogry bakmazlar jullyýa,

Göze gyzyl donly görner,

Söz pähm etmez akmak-gedi,

Öz ýanyndan tilli görner.

 

Başa degmeýinçä gurtlar,

Kasd etmäň, gerekdir ýurtlar,

Ýagyda tanalar mertler,

Il içinde mally görner.

 

Pikr et başa iş düşmände,

Yssy ýokdur soň puşmanda,

At meýdanda, är duşmanda

Toýda tirme şally görner.

 

Jany sagyň sözlär tili,

Jomardyň dek durmaz eli,

Her kişiniň öz akyly

Özüne kemally görner.

 

Gadymdan setdir ýagşylyk,

Ýagşy zatdyr ýagşy gylyk,

Mert ýigide az ýagşylyk

Az hem bolsa, sewili görner.

 

Gel, akyl dolandyr indi,

Ýürek peýbendi, jan bendi,

Her kişiniň öz perzendi

Özüne jemally görner.

 

Magtymguly, söz binýadyň

Agzynda ýakynyň, ýadyň,

Hünär ýok, söz bilen adyň

Halk içinde belli görner.

 

ÝAT BOLAR

 

Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,

Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.

Gaçar agaň, iniň bolmaz hatyraň,

Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

 

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,

Bir märekä barsa, orny aşakdyr,

Garyplar at münüp, depse – eşekdir,

Döwletliler eşek münse, at bolar.

 

Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,

Dostuň yhlas bilen merhemet etmez,

Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,

Diňlemezler, gury, sözüň bad bolar.

 

Göreş bir abraý, uruş bir destdir,

Kişini kemsiden – özi näkesdir,

Bir mümine gybat etmek hebesdir,[54]

Gybatkeşiň gazanany ot bolar.[55]

 

Magtymguly, şükür eýlegil Hudaga,

Ölüm barabardyr şah-u gedaga,

Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

 

DÜÝŞÜNE DEGMEZ

 

Ýoksullykda niçeleriň döwrany

Ýatyp, ýagşy gören düýşüne degmez.

Niçeler hasratda tapyp höşk nany,

Bir lezzetli tagam dişine degmez.

 

Soran bolsa, synam içre suzlar bar,

Ýüz tümenden ýegdir, niçe sözler bar,

Neýsansyz, nebatsyz niçe ýazlar bar,

Hoşluk bilen geçen gyşyna degmez.

 

Akyllar bar-başa baglap keçeler,

Içgin-içgin sorsaň, many seçeler,

Akmaklykda özün bezäp niçeler,

Kellesine saran peşine degmez.

 

Aňlamaza aýat sözlerin diýseň,

Pygamber hadysyn öňünde goýsaň,

Gyýmazlykda müň söz gulagna guýsaň,

Ol sözler gulagnyň daşyna degmez.

 

Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn,

Toba kylmaý, Hak geçirmez hatasyn,

Döwran gelse bilmez, ne iş tutasyn,

Her kimiň bu işler başyna degmez.

 

Niçeler mal tapmaz, teňgi-dest bolar,

Niçeler bar – dünýälikden mest bolar,

Niçeler bar – ýigitlikde nist bolar,

Niçeler bar – süren ýaşyna degmez.

 

Magtymguly, gerçe işim namazdyr,[56]

Köňlüm perişandyr, sehwim derazdyr,

Adam bar – müň tümen iýdirseň azdyr,

Adam bardyr – iýen aşyna degmez.

 

GOLDA BARY BOLMASA

 

Zamana beýledir – göze ilmezler,

Her ýigidiň golda bary bolmasa.

Ýüz tümenlik sözün şaýa almazlar,

Her kişiniň ygtybary bolmasa.

 

Ten bir dar kapasdyr, jan bir wagşydyr,

Tile gelen sözler köňül nagşydyr,

Otly, suwly tamug andan ýagşydyr,

Her ýuwurdyň bir bazary bolmasa.

 

Begzadalar galdy çopan tührine,

Ten kaçan döz getir ýylan zährine,

Bibat bolup, döner Lutuň şährine,

Her ülkäniň häkim äri bolmasa.

 

Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir,

Bilmez bir beladyr, bilenler – jandyr,

Ol ýigitler adam tilli haýwandyr,

Söz aňmasa hem ykrary bolmasa.

 

Ýigide ýoksullyk ýaman beladyr,

Sözüni deň-duşdan gaýra saladyr,

Ýaman gylyk dosty duşman kyladyr,

Guryp galsyn il derkary bolmasa.

 

Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir,

Sözi ahdyr içi doly armandyr,

Ýüz ýaşasa, bäş gün ömür sürmändir, –

Her kimiň mynasyp ýary bolmasa.

 

Magtymguly, Haka tabşyr özüňni,

Her namarda sarartmagyn ýüzüňni,

Terhosym bar terk etgil bu sözüňni,

Näge gerek hyrydary bolmasa.

 

ÇILIMKEŞ

 

Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,

Ede bileniň et munda, çilimkeş!

Diwan gurlan güni hasap jaýynda,

Jowabyň nämedir anda, çilimkeş!

 

Kuwwatyň kemelder, güýjüň az durar,

Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,

Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,

Bir nyşana budur sende, çilimkeş!

 

El götergin beýle nähak talaşdan,

Puluň köýer, içiň ýanar bu işden,

Erte garnyň doldurarlar ataşdan,

Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş!

 

Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,

Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa,

Binamaza, gybatkeşe, ogruýa,

Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş.

 

Magtymguly, möwlam jandan ýakyndyr,

Çilim bir şor suwdur, ten bir zemindir,

Iman bir tilkidir, göwre bir hindir,

Tilki tüssä dözmez hinde, çilimkeş!

 

PÄLIŇ SENIŇ

 

Ogry bolsaň, diňlegil, bolgaý niçik halyň seniň

Kişi malynda gider köňlüň, gözüň, päliň seniň.

Misli şeýtan aldawydyr mekir-u alyň seniň,

Bu ýalançylyk bile ötgeý mah-u salyň seniň,

Dowzaha dogry barar, billa, giden ýoluň seniň.

 

Taňla magşar it bolup yňranyp iýgeý sen etiň,

Ýüzüni görmez Muhammet sen kibi pis ummatyň,

Hem o dünýä şefgatyň-bolmaz bu dünýä döwletiň,

Her zaman her sagat içre artdyrarlar mähnetiň,

Bu jehim içre tutar möýler sag-u soluň seniň.

 

Aglaýyr sen, gözleinden ýaş ýerine gan gidip,

Munça mähnetler çekip, göwsüň dilip, weýran edip,

Yssy bermez başyňa, toprak saçyp, girýan edip,

Gylça yssy görmegeý sen dag gadar puşman edip,

Döküler gaýdyp dahanyňdan pohuň-böwliň seniň.

 

Ol Muhammet garşysynda hem uýalgaý sen o gün,

Ger ölüm bolsa idi, istärdiň ölgeý sen o gün,

Gürzi astynda-melek zarbynda galgaý sen o gün,

Ol Huryş atlyg ýylanga lukma bolgaý sen o gün,

Maýmynyň suratynda bolgaý ki, tymsalyň seniň.

 

Aýdyýar Magtymguly, görseň günähiň, eý gözüm,

Çekiler gyldan-gyla magşar hasabyň, eý, gözüm,

Ýüz gara, til gysgadyr, bolmaz jowabyň, eý gözüm,

Mal eýesige o gün biýr sen sowabyň, eý gözüm,

Hem günähiň boýnuňa goýgaý – budur halyň seniň.

 

NAS ATAN

 

Göýä bu dünýäge geldiň, gelmediň,

Kül ýygar sen mydam işiň nas atan,

Şerigat ýolundan habar almadyň,

Galar dowzah içre läşiň nas atan.

 

Temmäki diýp her işige ýortar sen,

Çala owup, üç mysgaldan tartar sen.

Bir sümgürip, ýanbaşyňa sürter sen,

Haram bolar üst-u başyň nas atan.

 

Namaza duraňda, üstüňe akar,

Anyň üçin müň ýyl dowzahda ýakar,

«Weýl» diýgen jaýda tütüniň çykar,

Kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan.

 

Ýagşy-ýaman eden işin – «hak eder»,

Nas atanlar galampurun çak eder,

Akar durar, üsti-başyň poh eder,

Senden gaçar deňi-duşuň, nas atan.

 

Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar,

Gelse humar, imanyňy ýandyrar,

Tagam iýseň, tabagyňy doldurar,

Murdar bolar içen aşyň, nas atan.

 

Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,

Burnuňdan dem gelmez: agzyň açar sen,

Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,

Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan.

 

Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,

Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,

Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dykar,

Zähmiňden döküler dişiň, nas atan.

 

Magtymguly, ölenden soň bilerler,

Jynaza okamaý, burnuň dilerler,

Sakar diýgen jaýa seni salarlar,

Nara döner içiň-daşyň, nas atan.

 

NASKEŞ

 

Owwala-a Hak emriden awara bolgan, naskeş,

Meýniniň pişanasy ýüz para bolgan, naskeş,

Pygly şeýtan wakypy-esrara bolgan, naskeş,

Çün ezelde wahydel kahhara bolgan, naskeş,

Nebs üçin jandan geçip, bimara bolgan, naskeş.

 

Naskeş iki jahanda bolmaz asla şadyman,

Burnudan zerdab ile sasyg suw akmyş her zaman,

Mähneti tartar, biliňler, beň, çilimden nas ýaman,

Gybat-u ýalgan, zynadan nas çekmeklik has ýaman,

Ýüz delil, sed mekr ile ryýakäre bolgan, naskeş.

 

Çoh hadys aýtdy Muhammet: nas haramdyr, nas haram,

Kim haramny tahyr etse, nasny kylsa ehtimam,

Giriban bu hanadan, ol hanaga basmyşdy kam,

Rast gitmese ýa eger yhlas birle subh-u şam,

Hanaýy yslam-u din küffara bolgan naskeş.

 

Taňla-magşar naskeşni bir ýere eltgeý Huda,

Eýlegeý efseride derd-u belaga mübtela,

Bendesinden kylgusy bir-bir sowalyny Huda,

Telmuryp durmakdan özge çäre tapdyrmas aňa,

Ýüzleri misli gazan dek gara bolgan naskeş.

 

Burnuny har burny dek dilgeý perişde naskeşiň,

Aýtur: «Eý perzendi-adam, başa düşdi teşwüşiň,

Kaýdadyr ukba ýolyga tahyr etgen peşgeşiň,

Dünýäde röwşen gözüň enduhgin boldy başyň,

Diýgeç ol dem ah urup, efkara bolgan naskeş.

 

Nasy halaldyr diýip, beýle hyýalyň ham eder,

Föwt edip niçe deremni, köňlüni aram eder,

Burnudan aksa nejis, her dem husuly-kam eder,

Bilmes özi dünýä zerre, syratyn betnam eder,

Özni bilgen uşbu dek reftara bolgan naskeş.

 

Her derem bir aždaha bolmuş kyýamatnyň güni,

Aýdyşur: «Keýp ýolyga sen näge sarp etdiň muny?»

Hiç alajyn tapmaýyn, agzyga tutgaý destini,

Kyçgyryp, perýat eder zährini salgaý duşmany,

Neýleýin şeýb dowzaha nazzara bolgan naskeş.

 

Aždahanyň zähriden ol naskeş gamnäk olar,

Keýpi hal bilgen kişiniň didesi nemnäk olar,

Şiddetiden nar içinde narydan köýläk olar,

Görgüsi her bir alamat her haçan mühläk olar,

Tapmaýyn hergiz alaç, biçäre bolgan naskeş.

 

Müjtehid kawly, hadysy-enbiýadyr naskeş,

Her kaçan gelse başyga kaddy naýza ol kuýaş,

Teşnelikden agzyn açyp, it kibi bolmuş ataş,

Her nefesde nefsi nas birle bolmasdyr ki geş,

Aýdadyr Magtymguly: «Hunhara bolgan naskeş».

 

ÇILIM

 

Dostlarym, duşman biliň, älemde bir bardyr çilim,

Eýle mahbun eýlemäň, bir gareti-jandyr çilim,

Suzlaban haly demi bir afgyýy-mardyr çilim,

Tartar uzyn kaýdyga, göýä ki zengardyr çilim,

Kaýda bolsa dowzahylar, bezmide bardyr çilim.

 

Tüşgeç ol mejlis era, her kim çeker, bimar eder,

Al bilen aldap seni her dem özige zar eder,

Sag-salamat goýmaýyn imdi özige ar eder,

Gol-aýagyn şel kylyp, halk içre any har eder,

Bu sypatlar birle ol, çekmäň ki, betkärdir çilim.

 

Kah-kah eýläp, her zaman ol, görseter bet hüýüni,

Burnuňyzga ysgaýyp, almaň oşol bet buýuny,

Eý, musulmanlar, halal diýp, kylmaňyz hiç oýuny,

Ahyretniň oýun etseň, tiz goýuň bu oýuny,

Ahyretniň oýun etmeslerge derkardyr çilim.

 

Her kişi hoş hal olupdyr jim-u lam, mim[57] atyga,

Nige pikr etmes oşol kim bu pelitniň zatyga,

Mündürer göýä any her dem şeýatyn atyga,

Syhr edip her dem any, tartar özüniň katyga,

Çünki betkärler gözige daýyma bardyr çilim.

 

Gul-gul eýläp her säher ol, agzyndan otlar saçar,

Her kişi akyl durar kim, beýle bet buýdan gaçar,

Kim any elge alar, göwsün anyň sary açar,

Ygtykat etse halal diýp, dini-yslamdan geçer,

Dini-yslamdan geçerge bir sebäpkärdir çilim.

 

Şeýle duşmandyr ki, taňla syryňyz paş eýleýir,

Wagty ýetmez solduryp, bu jismiňiz läş eýleýir,

Gaýgy-hasrat ýok ekende çeşmiňiz ýaş eýleýir,

Her zaman düýt ýuwtduryp, hem öýkenňiz daş eýleýir,

Bary gapyl olmaňyzlar şeýle betkärdir çilim.

 

Eý, ýaranlar, nähý kylmyşdyr any bizge ahat,

Pikir edip, zikr eýledi kim, halk era abdyssamat,

Tebdil etmek, nehý kylmak işini bizge ne het,

Kim ki müňkür bolsa, anyň aldyda bardyr lahat,

Aýdadyr Magtymguly, bu bendäge nardyr çilim.

 

ÇILIM ÇEKMEGIL

 

Janyňa kast etme, düýdkeşim, özüň,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Pendim bu, roza tut, oky namazyň,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Çilimden ýylanlar düşer boýnuňa,

Agzyn açyp, haşlap girer goýnuňa,

Her zaman zäherin salar iniňe,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Tenleriň tisginip, andan gaçar sen,

Suwsuzlykdan zäher-zakgum içer sen,

Içim ýandy diýip, agzyň açar sen,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Ýylan aýdar: «Bu gün gaçar sen menden,

Ol Hakyň emridir, aýrylman senden»,

Oşol wagtda bizar bolar sen andan,

Haýypdyr janyňa, çilm çekmegil!

 

Ýalançy dünýäde isteme wepa,

Ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa,

Düýdkeşler ummat däl diýdi Mustapa,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Bu dünýä panydyr, durmaýyn geçer,

Her kimse akyldyr, bil, andan geçer,

Şeýtana ýol berme, imanyň öçer,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Amanat janyňa kylmagyl töhmet,

Sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et,

Magşar gün nä diýr sen, jowabyňny aýt,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Iblise ýol berme, ýuwtmagyl nary,

Gül diýip özüňe salmagyl hary,

Bigaýratlyk etme, saklagyl ary,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Terk eýle çilimi, dogry dur Haka,

Her zaman toba diýp, tutgul sen ýaka,

Diýrlermiş, suw bermez düýdkeşe sakki,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Içdigiň zakkumdyr, iýdigiň otdur,

Bilmez sen, şeýtanlar kesbiňe şatdyr,

Bu gün hoşnud bolsaň, taňla heýhatdyr,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Bir sapar hatadan çekipdir Aly,

Seýl üçin sähraga çykypdyr weli,

Bir mesjidi görüp zerli-sapaly,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Mesjidi görüpdir ajaýyp zada,

Tomaşa eýleýip, girmiş pyýada,

Sütüni syýamyş, örtenmiş oda,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Oşol demde gaýdyp gelmiş resula,

Habaryn söýlemiş sahyp usula

«Sütüni syýamyş nädir wusula?»

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Resul aýdy: «Aly eşitdim sözüň,

Sypatyň, suratyň görüpdir gözüň,

Düýdkeşlik zyýandyr, eşitgil özüň,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Görüp sen mesjidi, turpa ýaranmyş,

Şeýtan saňa bu gün keýpi berenmiş,

Anyň üçin sütün oda bürenmiş,

Haýypdyr janyňa çilim çekmegil!

 

Adamyň sütüni – bilgil, – imany,

Bu şeýtan mekriden saklagyl any,

Gapyl bolsaň ýakar, etme gümany,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Şol pursatda Haýdar çykdy meýdana,

Gahr ile kast etdi lagyn-şeýtana,

Şondan bäri şeýtan boldy pynhana,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Andan owwal şeýtan äşgär gezermiş,

Adam aldap, diniň beýle bozarmyş,

«Bissimilla!» diýseň, umyt üzermiş,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Magtymguly, pendiň illere söýle,

Öz halyň niçikdir bir pikir eýle,

Sapar kylmak lazym, azygyň eýle,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

MUNDA, ÇILIMKEŞ

 

Hak saňa söz diýmez ýalan jahanda,

Edewer bileniň munda, çilimkeş!

Terezi gurulan heýhat gününde,

Jowabyň nämedir anda, çilimkeş!

 

Jepalar, hasretler görer şum seriň,

Eşek dek aňňyryp, daralar ýeriň,

Agzyňdan geledir düýtli gan, iriň,

Bir nyşana budur sende, çilimkeş!

 

Melekler meýdanda tutup eglärler,

Tamug ortasynda eltip baglarlar,

Synalaryň jygyr-jygyr daglarlar,

Köp galar sen gara günde, çilimkeş!

 

Pul-syrat üstünde oklarlar seni,

Zulmata salarlar, beklärler seni,

Zynjyr, künde bilen saklarlar seni,

Azapda, hasretde-kände, çilimkeş!

 

Endamyňdan awy-zäher dökerler,

Süýegiňni bogum-bogum sökerler,

Bugra mysal möýler çykyp çakarlar,

Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş!

 

Her kimse panyda döndi ýamana,

Ol ýerde dat eder, geler amana,

Namazyn terk eden, gybat-zybana,

Ýoldaş olar ýowuz günde çilimkeş!

 

Magtymguly, dowzah sary başlarlar,

Ýylanlar öwrülip gelip dişlärler,

Elterler, jähennem içre taşlarlar,

Örtenip, ah urar anda çilimkeş.

 

GYBATKEŞ

 

Ruzy-magşar şikaýat eder tiliňden,

Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!

Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,

Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş!

 

Bulut dek küküräp, bark kimin gürlär,

Gähi buzdan tagtlar, ataşdan ýerler,

Gatyr dek içýanlar, bugra dek marlar,

Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş!

 

Halyň gören haýran bolup aglarlar,

Özüň Syjjyn atly jaýda baglarlar,

Tiliň çekip, demir bile daglarlar,

Gara bolar şol gün Günüň, gybatkeş!

 

Ýaman söz aýradyr ýagşy dostuňdan,

Günähiň agramy basar üstüňden,

Jähennem içinde tamug astyndan,

Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!

 

Melekler göterip, gürzler urarlar,

Endamyndan suw dek akar zäherler,

Haşlaşyp durarlar ýanyňda marlar,

Endamyňdan sorar ganyň, gybatkeş!

 

Bir dem gutulmaz sen, tamug naryndan,

Teniňe ýaýylan ýylan zährinden,

Şol azabyň hasratyndan, zaryndan

Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!

 

Orun biýrler saňa eltip bir jaýda,

Günüň geçer gije-gündiz haý-waýda,

Azabyň artdyrar seniň her aýda,

Çilimkeş hemradyr-ýanyň gybatkeş!

 

Ruýsyýa sen magşar güni kerime,

Taňry sowabyňdan alar jerime,

Imansyz ten idip elter jehime,

Gile eder senden janyň, gybatkeş!

 

Magtymguly diýer iliň gözünden

Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,

Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,

Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş!

 

ZALETI ÝIGIDIŇ

 

Aga-begler, älem üzre mogrebat,

Gerek synasynda zaleti ýigidiň,

Ruzygäri bolsa-döwleti zyýat,

Şol gün ýakyn bolar ýady ýigidiň.

 

Goç ýigit ugrasa genji-nahana,

Bir zynat ýaraşmaz nahar mekana,

Maly siýab bolsa, akyly dana,

Tartylar asmana bady ýigidiň.

 

Ýigit (bolan) rastguý gerek, düz gerek,

Kemally perzende, biliň, göz gerek,

Bikemaldan elli gerek, ýüz gerek,

Näkes bolsa, ýiter ady ýigidiň.

 

Goç ýigide medet berse perişde,

Çahar tarapyndan bolar serişde,

Abyraýda çemi gelse, her işde

Gerek synasynda ödi ýigidiň.

 

Gül degresi neçün bolmasyn hyrsyz,

Ýigit bolan ýigit bolmasyn arsyz,

Ilsiz, garyndaşsyz, galsa gamhorsyz,

Eşdilmez hiç ýerde dady ýigidiň.

 

Delalaty köpdür, getirmez dile,

Arap at, asur jyda, almaz tyg bile,

Ogşan jennet içre gyrmyzy güle,

Gerek hoşroý perizady ýigidiň.

 

Magtymguly, bolsa ýigit hyrujy,

Adalaty bile diwan soryjy,

Her ýerde gerekdir, bowul beriji,

Göreldesi – hup ustady ýigidiň.

 

GYŞ BOLAR

 

Eşdiň nesihatym, şudur ýigitler,

Ýaman hatyn ýagşy ýigide gyş bolar,

Mydam ah çekersiň, zehin künd eder,

Gündizki hyýalyň gije düýş bolar.

 

Bir ýumuş buýraňda, ýüzüni asar,

Işik-işik gezer, balagny basar,

At torba ýüwürder, kyrk günde keser,

Horjun başlar, alty aýlyk iş bolar.

 

Maňlaýy bir gamyş, bolsun at ýüzli,

Tawus guş simaly, ütelgi gözli,

Mylakatly, şirin dilli, hoş sözli,

Ol periler kä ýigide duş geler.

 

Bedewde bedew bar, alarlar zere,

Bedew bardyr, degmez jula, eýere,

Bedewde bedew bar, alynmaz hara,

Çyn bedew ýigide uzak ýaş bolar.

 

Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,

Nesihatym uly ile ylymdyr,

Algyr şunkar, laçyn awda mälimdir,

Garga, hekek, ýelbe – bary guş bolar.

 

ALAN ÝAGŞYDYR

 

Adam ogly, bu dünýäden ötinçäň,

At bilen abyraý alan ýagşydyr,

Gulatynyň saýasynda ýatynçaň,

Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr.

 

Binamaz elinden tagam içmäňler,

Islenmegen ýerde güftar açmaňlar,

Hergiz namart köprüsinden geçmäňler,

Gark bolup, derýada galan ýagşydyr.

 

Hataryň görküdir maýalar, nerler,

Ilimiň kuwwaty merdana ärler,

Ýalançy Taňrynyň duşmany diýrler,

Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr.

 

Magtymguly, diýer sözüm dag aşmaz,

Namart adam ýoldaşyna garaşmaz,

Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz,

Toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr.

 

SÖZI GEÇER JANYNDAN

 

Deňsiz bile deň eýleseň özüňni,

Dert boluban, sözi geçer janyňdan,

Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,

Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.

 

Gahra münüp galdyrmagyn şeýtany,

Nebse uýup, unutmagyn rahmany,

Kesse aklyň ýagşy bilen ýamany,

Her bir söze dolup-daşma ganyňdan.

 

Sabryň bolsa, subhan ýeter dadyňa,

Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa,

Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,

Tiken bolup dürtüp geçer donuňdan.

 

Barça bolan işler Hakyň işidir,

Aňa ten bermeýen – akmak kişidir,

Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,

Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.

 

Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,

Mesde akyl bolmaz, gäwürde iman,

Jaýyn tapsa garynja deý pes duşman,

Arslan bolup, el götermez şanyňdan.

 

ÝEKÄNIŇ

 

Agalar, dünýäniň paýany bolmaz,

Iş başa düşende, dogany gelmez

Märekede oýnap, hiç göwni galmaz,

Arman bilen geçer saly ýekäniň.

 

Bir ýeke ýigidiň bilinmez işi,

Elinde bal bolmaz, göwnünde hoşy,

Ýassyk çekip ýatsa – agyrsa başy,

Gözünde ganly ýaş doly ýekäniň.

 

Ýeke-ýetim gaýgy-gamdan gutulmaz,

Meýlisler gurulsa, ady tutulmaz,

Anyň üçin hiç alada edilmez,

Gaýgydyr-külpetdir haly ýekäniň.

 

Barly ölse, uly ile ýaýrandyr,

Garyp ölse, anyň yzy weýrandyr,

Bu işlere akyl-huşuň haýrandyr,

Gömülipdir şeýle ýoly ýekäniň.

 

Magtymguly, ýalan-ýaşryk sözleme,

Nogsanyň içinde haýyr gözleme,

Egisgin derdiňi diýgin, gizleme

Il-ulusdyr dosty-ýary ýekäniň.

 

NÄBILSIN

 

Üz umydyň özün bilmez adamdan,

Aňlamaz ol, a:m hasy näbilsin,

Ne tama bar hamr içen gedemden,

Buzahor ýagşyny, ýasy näbilsin.

 

Ýamana ýagşy söz ýokmaz, taşlanar,

Aňlar äriň aňlamasy güýçlener,

It ýalyn topraga dökseň hoşlanar,

Topragy, tabagy, tasy näbilsin.

 

Butparaz müň kylsa ruza-namazy,

Aňa nesip bolmaz behişdiň ýazy,

Älemi göterse ebriň owazy,

Eşitmez, ker pakyr sesi näbilsin.

 

Diňle sözüm, ner zarbyny ner tanyr,

Har bakan har tanyr, mähek zer tanyr,

Eý, ýaranlar, är ýigidi är tanyr,

Namartlar ýagşyny, pisi näbilsin.

 

Magtymguly aýdar, sözlerim hakdyr,

Emma ki hak söze ten beren ýokdur,

Bir gözli diýmese, garadyr, akdyr,

Kör pakyr kümüşi, misi näbilsin.

 

IÇEN ÝALYDYR

 

Ýaman ýagşa ýoldaş bolsa,

Awulyk içen ýalydyr,

Aýryla bilse awusy

Içinden öçen ýalydyr.

 

Adam wehm etmez rişinden,

Gorkar ýatanda düýşünden

Eýýama baksam, işinden

Bu köňlüm geçen ýalydyr.

 

Bedasyl ykbaly ýörmek,

Öýsüz eline mal girmek,

Akmaga syryňny bermek –

Öz aýbyň açan ýalydyr.

 

Ötdi ömrüň, dünýä seýliň,

Hak ýoluna bagla biliň,

Agzy ala bolan iliň

Döwleti gaçan ýalydyr.

 

Ýetip-aňyp göwrede gizlän,

Akyldyr – iş soňun gözlän,

Gepin tapyp, ýagşy sözlän

Misli dür saçan ýalydyr.

 

Ärden gitse ygtybarlar,

Sowar ondan dost-u ýarlar,

Hünärli, ykbally ärler,

Mal-u pul öwjän ýalydyr.

 

Magtymguly, yllatly göz,

Haraba döner degse duz,

Märekede bir jaýsyz söz,

Çermenip … ýalydyr.

 

ATA MEŇZÄR

 

Oba daşyndaky depe

Eýerlenen ata meňzär,

Akylsyz ärler zer bilen

Ýazylan bet hata meňzär.

 

Bu dünýä bir düýpsüz derýa,

Gark eder, bolma biperwa.

Magrur bolma pany dünýä,

Gezekli nobata meňzär.

 

Gardaşsyza kuwwat ýokdur,

Ogulsyza döwlet ýokdur,

Aýalsyza aşret ýokdur,

Hoş güni hasrata meňzär.

 

Ýamandan ýagşy set bolmaz,

Asly ýagşylar bet bolmaz,

Dünýälikden döwlet bolmaz,

Ogul çyn döwlete meňzär.

 

Ýatan ýeri ýylan goýny,

Asylany itiň boýny,

Pis äriň ýagşy hatyny

Dürri-bigymmata meňzär.

 

Burç bilen duz täze ýara,

Awy gatar ruzygäre,

Ýaman hatyn ýagşy äre,

Sowulmaz töhmete meňzär.

 

Magtymguly, namyradam,

Iller hoşdur, men näşadam,

Söz manysyn aňmaz adam

Bir guýruksyz ite meňzär.

 

DAG SAÝAR

 

Daglar ýeriň myhydyr,

Depe özün dag saýar.

Çekik özün bilbil diýr,

Çarlak özün zag saýar.

 

Kemlik eýle – kemal bar,

Menlik etme – zowal bar,

Her başda bir hyýal bar,

Gul özüni ig saýar.

 

Güýjünden, kuwwatyndan,

Dünýäniň nobatyndan,

Bir kişi yzzatyndan

Bedasyl özün beg saýar.

 

Nadanam, zat bilmenem,

Bir kemine gul menem,

Sirke aýdar: «Bal menem»,

Nebit özün ýag saýar.

 

Habar alsaň birewden,

Özün kem saýmaz döwden,

Öz ýanynda bedewden

Eşek özün ýeg saýar.

 

Dert çekenler dert biler,

Namart özün mert biler,

Tilki özün gurt biler,

Garsak özün seg saýar.

 

Magtymguly bir guldur,

Gullugna kaýyldyr,

Akmak özün akyl diýr,

Tentek özün sag saýar.

 

BIWEPALARDAN

 

Gözläp köňül berme biwepalarga,

Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!

Goýma özüň ýersiz bet jepalarga,

Kim bähre tapypdyr bu jepalardan!

 

Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,

Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,

Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,

Bar, habar al gören mübtelalardan!

 

Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,

Bendesi men söze hyrydar guluň.

Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,

Şereňňiz köp tilli kethudalardan!

 

Şeraban-tehuran kimge jam bardyr, –

Köňül gözgi kimin nury enwerdir,

Dünýä ýedi başly ýalmawuz mardyr,

Gaçganlar gutulmaz bu belalardan.

 

Ýatma, Magtymguly, aşretiň söýüp,

Munça ýatajak sen kepeniň geýip,

Hajatyn taparmy, hojasyn goýup,

Dileg eden kimse gul-gedalardan!?

 

ÝARAŞMAZ

 

Hoş tämizli beg oglunyň naştesin

Sygyr ýatagynda kylmak ýaraşmaz.

Goşun serenjamyn, il serişdesin

Padyman ogluna bilmek ýaraşmaz.

 

Eger habar alsaň gepiň teýinden,

Diňleseň diýeýin janym öýünden,

Aryflar ýanynda dünýä feýinden,

Awaralyk eýläp bilmek ýaraşmaz.

 

Ýagşydan ýaman iş çyksa bolar geň,

Akly, görki Alla gaýyrmamyş deň.

Towşan derýa bolmaz, şor suwa harçeň,

Humsuň ülkesine dolmak ýaraşmaz.[58]

 

Her sözüm bir dürdür gadryn bilene,

Doga etmek delalatdyr ölene,[59]

Uçarda, gaçarda – garga, gulana,[60]

Ýedi ýüz ýaşaman ölmek ýaraşmaz.

 

Her kimiň ne mukdar bolsa yhlasy,

Ol mukdar açykdyr Hakyň dergahy,

Bir ýerde jem bolsa jahan derýasy

Güm-gümüň rigine dolmak ýaraşmaz.[61]

 

Her kime el bermez dürri-galtany,

Aş barka, dost gazan, at bar – ýol tany,

Rumuň tagtynda Hebeş soltany,

Käbe mesjidinde galmyk ýaraşmaz.

 

Magtymguly, köýdi bagrym ot bolup,

Dünýä gelen gidejekdir mat bolup,

Özün bilmeý, oýun edip, şat bolup,

Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz.

 

ÝOLDAŞ BOLAN

 

Ýagşy sözi jana ýarar,

Ýagşy bilen ýoldaş bolan;

Gaçyp gutulamaga uwnar

Bir ýaman goňşa duş bolan.

 

Dünäýniň soňy ötmekdir,

Myrat – munda iş bitmekdir,

Işi gussa ýuwutmakdyr,

Ýaman bilen gardaş bolan.

 

Bir ýaman söz ýürek bular,

Ýagşyny älem arzuwlar,

Ýatdan çykmaz, görmek dilär,

Birewden köňli hoş bolan.

 

Her kimde-ki hünär ýokdur,

Duşmanyna heder ýokdur,

Ýagşylyk etse ýer ýokdur

Şu eýýamda ýuwaş bolan.

 

Magtymguly öwüt aýdar,

Aňlan gulagynda güýder,

Özüni ýüňsakal eder,

Bozulan ile baş bolan.

 

LÄLE GETIRMIŞ

 

Asmandan nur ýagsa, münewwer bolar,

Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş

Huda buýrugyndan aýrylan juwan –

Oýnaşyndan haram köle getirmiş.

 

Owwal akan ýerden akarmyş aryk,

Men-menlik edeniň tanapy çüýrük,

Mertden aşna tutsaň, abraýna şärik,

Namart aşnasyna hile getirmiş.

 

Her kim gezer bu dünýäde bir hile,[62]

Ýörgün ata-baba ýörigen ýola,

Baýtal ýapagysyn çekermiş çöle,

Eşek kürresini küle getirmiş.

 

Her kim öz adyna möhür gazdyrar,

Ýazylan takdyry kimse bozdurar,

Ikiniň sylagy birin azdyrar,

Taýak bir dälini ýola getirmiş.

 

Magtymguly, ger doýursaň bir ajy,

Mälimdir, tapar sen bu ýerde hajy,

Näge mertlik etse adam biweji,

Her mejlisde ýüz ýol tile getirmiş.

 

JOŞ OLMASYN

 

Eý, ýaranlar-musumanlar,

Däli köňül joş olmasyn!

Bir ýagşy ýigide, janlar,

Ýaman hatyn duş olmasyn!

 

Her kim alsa Hakdan rahmet,

Gider gaýgy, galmaz mähnet,

Ersgin bolsa, durmaz döwlet,

Hiç ülke bibaş olmasyn!

 

Taňry dest bersin yslama,

Täsip edip at besläne,

Haram iýip, şer isläne

Uzak ömür – ýaş olmasyn!

 

Her kimiň öz synasynda,

Akly görner beýnisinde,

Iki dostuň arasynda

Ýaman-ýowuz iş olmasyn!

 

Her kişiniň öz zürýady, –

Jan hoşy – köňül kuwwaty,

Artsyn jomardyň döwleti,

Muhannesde aş olmasyn!

 

Bir yşk düşse adam serne,

Uky gaçar, köňül urna,

Iki söýgüli bir-birne

Ýakyn olsun, daş olmasyn!

 

Sözüm aýdylsa her çaklar,

Akyly bolan gerçekler,

Bir iş düşende goçaklar

Iş görmedik ýaş olmasyn!

 

Il içinde özün öwer,

Til dumany başdan agar,

Ýigide[63] nogsany deger,

Namartlar ýoldaş olmasyn!

 

Sözle, heý, aşygym, sözle,

Gel, kyýamat işin gözle,

Magtymguly, syryň gizle,

Her namarda paş olmasyn.

 

ÝAKANÇA BOLMAZ

 

Her sepilge saçma derdiň, sözüňni,

Hasret ody jismiň ýakança bolmaz;

Gussa bile däne-däne gözüňden

Eşki-nedamatyň akança bolmaz!

 

Kanyg bolup, yzzatda tut özüňni,

Tama kylyp, sargartmagyn ýüzüňni,

Her namarda haýyp eýleme sözüňni,

Sözüňniň binasyn ýykança bolmaz!

 

Magrur olup gezme ömrüň gülüne,

Sowrular sen bir gün hazan ýeline,

Ýüz ýaşaýyp düşseň ajal eline,

Sagyňdan soluňa bakança bolmaz!

 

Süleýmandan artyk bolsa şöwketiň,

Lerzana getirse gökni haýbatyň,

Göwsüň üzre gürzi üzer riýetiň,

Ajalyň jellady kakança bolmaz!

 

Köňli gara bilen bolmaňlar ülpet,

Ýokar andan dürli-dürli kesapat,

Herçent ki kömürge eýleseň yzzat

Alnyňga garasy ýokança bolmaz.

 

Magtymguly hergiz tapmady aman,

Til ýamany tygdan, teberden ýaman,

Ýaman til ýanynda zähri çoh ýylan

Çaksa-da bir çybyn çakança bolmaz.

 

ÝYRAK EÝLE ÖZÜŇNI

 

Däli köňlüm, muhubbetsiz kişiden

Daş eýleýip, ýyrak eýle özüňni!

Söýeni söý, sen söýene bol rafyk,

Söýmedikden ýyrak eýle özüňni!

 

Gedi namart: gitse, hyzmat bitirmez,

Gadyr bilmän, mert bahasyn ýetirmez,

Bir syryňny aýtsaň, içde ýatyrmaz,

Syrdaş olma, ýyrak eýle özüňni!

 

Kaşşak kişi zere rugsat has olmaz,

Hakdan howpy ýokdur, anda ras olmaz,

Boýnuň burup, arzyň aýtsaň dos olmaz,

Syrhoş olma, ýyrak eýle özüňni!

 

Magtymguly diýir, doga et derde,

Janym gurban olsun tanygan merde,

Agzy gülüp, kalby bulan namarda

Gardaş olma, ýyrak eýle özüňni!

 

SÖHBET ÝAGŞYDYR

 

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,

Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr!

Atarman-çaparman algyr ýigide,

Ýeri gelse aman-nurbat ýagşydyr!

 

Hemra bolup oturmagyl pis bile,

Poha degseň, beýniň dolar ys bile,

Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,

Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr!

 

Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,

Köňlüň haýra bagla, sydkyň – imana,

Hiç azar bermegil bir musulmana,

Ogry ärden, bir dogry it ýagşydyr!

 

Käşki adam bu dünýäge gelmese,

Gelenden soň ömür sürse – ölmese,

Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,

Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr!

 

Magtymguly, niçik geçse ruzugär,

Haka şükr et, barma, namarda, zynhar,

Ýok döwletden ýegdir, bolsa bir hünär,

Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr!

 

ÝAR OLMAGYL

 

Gel, köňlüm, nesihat berem,

Lamekana ýar olmagyl!

Her ýeten ýarym diýip,

Yzynda bizar olmagyl!

 

Geňeş bergil deňe-duşa,

Ahyr ölüm geler başa,

Bir biçäre – ýalňyz kişä

Sütem eýläp, zor olmagyl!

 

Dilegiň Allaga ýetse,

Dergahynda kabul etse,

Öz günüň özüňden ötse,

Ýalançyda hor olmagyl!

 

Ýygyn meýdana düşende,

Namardyň akly çaşanda,

Ol ganyma ugraşanda

Deň-duşuňdan bäri olmagyl!

 

Magtymguly, ýokdur ýalan,

Durman öter munda gelen,

Bir akylsyz biweç bilen

Deň-duş olup, jora olmagyl!

 

ÝELDIM TUT

 

Dünýä görmeý, tutgun galsaň bir künçde,

Bady paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut!

Çynma-Çynda, Rumda, Hindde, Hebeşde

Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut!

 

Aç hem bolsaň, barma ile dilege,

Diý: «Köşkde men, başym barmyş pelege»,

Çölde galsaň hiç tapmaýan kölege,

Erem bagy içre saýa buldum[64] tut!

 

Aş göreňde, özüň atma tullanyp,

Gerde aç hem bolsaň, halka bellenip,

Zer dökübän, çyn gullarny goldanyp,

Tiz hem ölseň, Nuh ýaşyna geldim tut!

 

Mätäçligiň Hakdan özge bilmese,

Ol ruzugär besdir, açdan ölmese,

Hindi kimin egin-örtiň bolmasa,

Patyşalyk puşeş çigne saldym tut!

 

Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,

Bak, olardan ne nam galdy, ne nyşan,

Teşne galyp, jaýyň bolsa çölüstan,

Derýa içre men Isgender boldum tut!

 

Ýoldaş bolsaň dile düşmez mur bile,

Ferş tapmaýyn, bile ýatsaň mar bile,

Ýigrim alty keret, ýüz müň är bile,

Karun hazynasyn gola aldym tut!

 

Magtymguly, çekseň jepa, jebir, bil –

Hudaga hoş geler, şükür-sabyr bil,

Gylça jana gyzyl teni gabyr bil,

Gyzyl tiliň sözlär eken, öldüm tut!

 

ABAT GALMASYN

 

Säher tur, Hudaýa ýalbar,

Yslam öýüň abat galsyn!

Ýamany goý, ýagşa ýol ber,

Şeýtan işi bibat galsyn!

 

Ýagşy söze gulak salgyl,

Säher wagty bidar bolgul,

Ýagşylardan alkyş algyl,

Ömrüň artyp, zyýat galsyn!

 

Adamzat gözden sypynça,

Ýatdan çykar gan kepinçä,

Müňde bir rabat ýapynça,

Hakdan dile, öwlat galsyn!

 

Pis hatyn başa mähnetdir,

Dünýäniň maly nobatdyr,

Ýigide ogul döwletdir,

Mal galynça, zürýat galsyn!

 

Ýigit hoşy – at-ýaragdyr,

Her işe jürýet gerekdir,

Pis oguldan ýagşyrakdyr –

Pyragy, ýagşy at galsyn![65]

 

KARARSYZ ÄRDEN

 

Gördük saýy köňül sowar,

Sabyrsyz-kararsyz ärden;

Yssy beren köpek ýegdir

Uýatsyz-ykrarsyz ärden.

 

Aýlandykça döwran, döwür,

Ykbalyň ýüz köýe öwir,

Dura-bara dosty sowyr,

Garyp galan barsyz ärden.

 

It zeriň minnetin çekmez,

Aňlamaza sözüm ýakmaz,

Köňül istän işiň çykmaz,

Nan ýagysy – kärsiz ärden.

 

Her göz säherde bidardyr,

Eýesinden ülüş bardyr,

Hak, pygamber, halk bizardyr

Sözi ygtybarsyz ärden.

 

Magtymguly magny saçar,

Her kim söz lezzetin içer,

Bara-bara köňül geçer,

Täsibi ýok, arsyz ärden.

 

JANYNA DEGMEZ[66]

 

Eý, ýaranlar,, bir bigaýrat ýigidiň,

Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez;

Zynhar, düşmäň namartlaryň goluna,

Ger, öldürseň, nähak ganyna degmez.

 

Söz bilmeseň, bileniňi aýtmasaň,

Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň,

Ýaý çekeňde, dogry garap atmasaň,

Ol okuň nyşanaň ýanyna degmez.

 

Magtymguly, sözüň bilene sözdür,

Bilmegen adama gury owazdyr,

Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,

Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

 

BAŞ ÜSTÜNE

 

Namart kimdir, biler bolsaň,

Ne diýseň, diýr «Baş üstüne!»

Azmaýyşyn kylar bolsaň,

Hiç tapylmaz iş üstünde.

 

Murtun towlap, herýan tartar,

Habaty peleňden artar,

Gök dek gürlär, damak ýyrtar,

Häzir bolan aş üstünde.

 

Aş üstünde it dek hyrlar,

Ýersiz-ýere har dek harlar,

Her tilki bir şir dek gürlär

Myrdar ölen läş üstünde.

 

Çöl ýerde göwre galdyrma,

Ol-da hoşdur, syr bildirme,

Lap edip dahan doldurma,

Jeň nan degil diş üstünde.

 

Diýseler: «Atlan-ha, atlan!»

Süňk çenäp iýr arda syrtlan,

Ýow güni gaýrata gatlan,

Lagnat goýma riş üstünde.

 

Ynsabyn elden byrakmaz,

Maglum, adamlykdan çykmaz,

Bu sözüm haýwana ýokmaz,

Adam saklar güwş üstünde.

 

Magtymguly, söweş bolar,

Ýigidiň syry paş bolar,

Ýa baş berer, ýa baş alar,

Goçaklar ýoldaş üstünde.

 

DAŞDA BELLIDIR

 

Ýagşynyň gadryn il bilmez,

Ýagşylar daşda bellidir,

Möwlam nazar salsa kime –

Bolajak başda bellidir.

 

Öýde ýatyp etme günä,

Gol-aýagyň bolar güwä,

Ile-pynhan, Haka-ägä,

Asl adam işde bellidir.

 

Bu dünýäde maldyr görküň,

Her bir ýere ýeter erkiň,

Öýünde lap urar her kim,

Batyr söweşde bellidir.

 

Hynany ýaksaň, reň bolar,

Gyzyly sökseň, seň bolar,

Hemme bedewler deň bolar,

Bedew çapyşda bellidir.

 

Hoja, seýit selasetli,

Pakyrlara delalatly,

Hoş tebessüm-mylakatly, –

Her kim deň-duşda bellidir.

 

Magtymguly, şowkuň güni,

Ýagşydyr yslamyň dini,

Ýene ha gözeliň syny

Göz bilen gaşda bellidir.

 

ÝAR EÝLÄR[67]

 

Aklyň bolsa, ýagşylarga hemdem bol,

Akmak özün nadan bile ýar eýlär!

Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn

Bir görsem diýp, gije-gündiz zar eýlär.

 

Näge syrym bolsa, aýdarmen merde,

Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde,

Ulug namyslarda ýaramaz derde,

Namart öýde sähel işi ar eýlär.

 

Namart külpetinden galyp men derde,

Köňlüm jaý tapmaýyr bir pynhan ýerde,

Maly köp diýp, myhman bolma namarda,

Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýlär!

 

Namart öz öýünde merde söz aýdar,

Hak aňa kär etmez, tanapyn dartar,

Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,

Namart baýadykça, köňlün dar eýlär.

 

Magtymguly, imdi özüňni gözle,

Haýyr işiň artdyr, ýamany düzle,

Aklyň bolsa, märekede az sözle,

Köp söz seni il içinde har eýlär!

 

DAŞ DÖKER

 

Akmak bilen syrdaş bolsaň bir sagat,

Pynhan syryň sakla bilmeý, daş döker;

Dostluk açsaň bir biwepa ýar bilen,

Gaýgy birlen dahanyňdan diş döker.

 

Bedasyl götermez bäş gün mesligi,

Kelpezä ýutdurmaz aždar maslygy,

Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,

Gahry gelse, depäň üzre daş döker.

 

Bedewni tanymaz har bakan-beslän,

Jomardy il tanyr, adyly-diwan,

Aty meýdan tanyr, hümmeti-myhman,

Jomart ogly supra ýaýyp, aş döker.

 

Ýigidiň maksady: mahbup, ýarag, at,

Il üstünde namys getir bigaýrat,

Obada jeň tapsa, sansyz bidöwlet

Mert oglunyň depesinden muş[68] döker.

 

Magtymguly aýdar, ýigitler başy,

Mejlisde köp bolar anyň syrdaşy,

Jeň wagtynda ýigitleriň başdaşy –

Il üstünde namys bilen baş döker.

 

SAZYNA DEGMEZ

 

Bezimniň lezzetin bilmeýen adam,

Hünärli ýigidiň sazyna degmez.

Betsyýakly, bethüý bolan pis adam

Perizadyň eden näzine degmez.

 

Bimagnynyň sözi janyňdan öter,

Gybat edip, özi günäge batar,

Ýamanyň zyýany iline ýeter,

Nadanyň peýdasy özüne degmez.

 

Adam bardyr, any şalar çagyrdar,

Adam bar, zulm edip, garyp agyrdar,

Adam bar, per düşek ýanyn agyrdar,

Adam bardyr, ak kiz dyzyna degmez.

 

Muhannesiň bolmaz namysy-aňy,

Bir söweş gününde eýlemez jeňi,

Aga-begler, muhannesiň on müňi

Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.

 

Magtymguly, döwran soňudyr adem,

Lahat atly öýe goýarsen gadam,

Magny söz aňlamaz biakyl adam

Danalaryň aýdan sözüne degmez.

 

ÄR ÝANYNDA BELLIDIR

 

Ýagşylygy pis bilmez, –

Är ýanynda bellidir,

Görer gözüň gymmaty

Kör ýanynda bellidir.

 

Däli köňül daýanjy,

Ýokdur dünýä ynanjy,

Sag gulagyň guwanjy

Ker ýanynda bellidir.

 

Eger pir sen, eger ýaş,

Kylma syryň halka paş,

Syr saklagan mähek daş

Zer ýanynda bellidir.

 

Bu dünýäniň myrady, –

At, zagyfdyr, zürýady,

Arwananyň kuwwaty

Ner ýanynda bellidir.

 

Bolsa gamdan halasym,

Ýaza dönse gyş paslym,

Magtymguly, yhlasym

Ýar ýanynda bellidir.

 

GÖRÜM GÖRÜLMEGEN ÝERDE

 

Yzzat, hormat, syn etmegin,

Görüm görülmegen ýerde;

Akyl bolsaň, söz aýtmagyn

Nobat berilmegen ýerde!

 

Akly ýagşylar unutmaz,

Gury agaja ýaprak bitmez,

Akylly är mesgen tutmaz

Hulky söýülmegen ýerde.

 

Batyl galan aryk akmaz,

Her naşydan kerem çykmaz,

It gözlemez, pişik bakmaz

Supra ýaýylmagan ýerde.

 

Haj eýleseň, jara döner,

Gül açylsa, ha:ra döner,

Hyzmat etmek ha:ra döner,

Gadryň bilinmegen ýerde.

 

Namart goş üstünde harlar,

Orta-aş üstünde gürlär,

Söweş gurup, gylyç parlar

Duşman görülmegen ýerde.

 

Öý içinde hyra döner,

Muhannes bir nere döner,

Tilki, şagal şire döner

Söweş gurulmagan ýerde.

 

Parasat kyl, bakyp akla,

Goç ýigidiň sözü hakla,

Magtymguly, diliň sakla,

Habar soralmagan ýerde!

 

JANAN BOLARMY?

 

Däli köňlüm, bir nesihat diýeýin,

Jan diýmegil, beýle janan bolarmy?

Bir sözüň ornunda söýleý bilmeýen, –

Adam diýen beýle ynsan bolarmy?

 

Mutyg bolup, Huda emrin tutmaýan,

Göwher alyp, bazarynda satmaýan,

Atadan, babadan beglik etmeýen,

Il gadyryn bilen soltan bolarmy?

 

Adam bardyr adamlary bozduran,

Şeýtan bolup, dogry ýoldan azdyran,

Hatyn sözün öý arada gezdiren –

Alarnyň goýnunda iman bolarmy?

 

Magtymguly diýer, bu sözüm çohdur,

Men ibham eder men, hiç aýby ýokdur,

Kitap gören gullar magnydan dokdur,

Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?

 

BEHEM EDER

 

Kimýany topraga seçseň,

Toprakdan zer behem eder.

Her närsäni, ýere sepseň,

Sepdigiň ýer behem eder.

 

Ýagşy-ýaman bolmaz mälim,

Her kim öz bilenne alym,

Munda nobat sürse zalym,

Ýyl-ýyldan şer behem eder.

 

Ýagşy ýigit ýol ýitirmez,

Jäht kysmatdan köp getirmez,

Müň gaýgy bir iş bitirmez,

Töwekgel – ner behem eder.

 

Berimiň bolsa her kanda,

Gören saňa bolar bende,

Bethüýnüň – duşman ýanynda,

Ýagşylyk – ýar behem eder.

 

Magtymguly söýlär sözde,

Gaýrat – ötde, haýa gözde,

Ýyl-ýyldan bu ýurdumyzda

Zulm artyp, zor behem eder.

 

ÝÖR BILÄNI

 

Gel, köňül, ýara gideli,

Hemra bolsaň, ýör biläni!

Ýar ýolunda gadam goýsak

Paý ornuna ser biläni.

 

Asmanyň görki enwerdir,

Dünýä görki sim-u zerdir,

Jeset-toprak, jan-jöwherdir,

Alyp bolmaz zer biläni.

 

Şunkaryň peri ýetiler,

Köp daşy ýyrak atylar,

Ýigidiň ady tutular

Garyndaş hossar biläni.

 

Guwanmagyl syratyna –

Müner sen gahar atyna,

Duş bolsaň ýaman hatyna,

Ömrüň öter şer biläni.

 

Bahyl baýda berim bolmaz,

Merdiň sözün bawer kylmaz,

Arwananyň ýüki galmaz,

Ýola girseň ner biläni.

 

Ganymatdyr gardaş ýüzi,

Dowadyr gadamy-tozy,

Bir eblehiň näkes sözi

Barabardyr nar biläni.

 

Pisiň garşysynda durma,

Bahylyň ýüzüni görme,

Ker bilen hylwat söz urma,

Ýola girme kör biläni!

 

Ýaman bilen ýoldaş bolma,

Duşman bile syrdaş bolma,

Tagamda tabakdaş bolma

Üflis, haramhor biläni!

 

Ýaman hiç nesihat tutmaz,

Ýagşy söze gulak güýtmez,

Hiç bir sözüň örä gitmez

Näkes suhanşor biläni.

 

Iliňden gitseň awara,

Şonda bolar sen biçäre,

Goňşy bolsaň haramhora,

Sütem eýlär zor biläni.

 

Algyl pendim, akmak kişi,

Özüňe kylma käýişi,

Götermese döwlet guşy,

Uçup bolmaz per biläni!

 

Ýagşyga özüň ýar eýle,

Mejlisinde bazar eýle,

Reft-amed kyl, mydar eýle,

Söweş etme şir biläni!

 

Magtymguly, ýakyn, ýatlar,

Gamgynlar-u köňül şatlar, –

Dünýä gelen barça zatlar

Ýegsan bolar ýer biläni!

 

DUZ HEM BOLMASA

 

Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,

Ne lezzet içinde duz hem bolmasa.

Ne biler sen ne iş bardyr başyňda,

Müşgil işdir başda göz hem bolmasa,

 

Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,

Kany bende, saglyk şükrün kylmaga,

Gulak bardyr eşitgenin bilmäge,

Kim düzeder tilde söz hem bolmasa.

 

Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,

Köňül bostanynda biter imany,

Adyň bende bolsa, eýäňi tany,

Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa.

 

Kysmatyn Hak bilen ryzkyn azlamaz,

Söz bilenler bilen sözün gizlemez,

Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez,

Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.

 

Ýyldan-ýyla pisat artar eýýama,

Hakyň özi getirmese enjama,

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

 

Ýum gözüňni, gysyp gezgin dişiňni,

Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyňny,

Töwekgel et, Taňra tabşyr işiňni,

Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa!

 

Magtymguly, hyýal düşüp özüme,

Köp tomaşa geler, geçer gözüme,

Eşidenler, aýp eýlemäň sözüme,

Iller kimin sözüm uz hem bolmasa!

 

BILI BOLMASA

 

Her kim suluw men diýr, olmaz ygtybar,

Sünbül saçy, gylça bili bolmasa;

Ýürekleri at başy dek batyrlar

Hatynça ýok at-ýaragy bolmasa.

 

Näleri görjekdir bu şum köňüller,

Hazan ursa, solar açylan güller,

Bag içre saýraşan şeýda bilbiller

Torgaýça ýok, gonar güli bolmasa.

 

Sözleseň, her ýana öwser bu tiller,

Arkadan ýel össe, şuwlar şemallar,

Ýaşylbaş sonalar, gazlar garkyldar,

Haly harap düşer köli bolmasa.

 

Ahyr bir gün bolar ahyrzamany,

Ysrafyl sur çalsa, bolar zamany,

Gyrgy gören guşlar almaz awuny, –

Guş ganaty, tüý, guýrugy bolmasa.

 

Guşlar uça bilmez guýruk-ganatsyz,

Aşyk ýara ýetmez dady-perýatsyz,

Bir bedew hanazad bolar syýaksyz,

Guýrugy, käkili, ýaly bolmasa.

 

Ahyrzaman bolsa, şeýhden päl gaçar,

Kelamyň ýüzünden hat galmaý öçer,

Ýabandaky suwsuz aryga ogşar.

Her kimiň sahawat-haýry bolmasa.

 

Başyň goşma gadyr bilmez bezzada,

Goşsaň goşgul başyň bir asylzada,

Bir ýagmazak bulda meňzär howada,

Her kişiniň hümmet, haýry bolmasa.

 

Magtymguly, bildiň, mundag zamandyr,

Hälä sudy bolsa, soňra zyýandyr,

Är ýigidiň içi doly armandyr.

Gara göz inçe bil ýary bolmasa.

 

JOŞY ÝANDYRAR

 

Wagt olar ki, bir ýel düşer serime,

Hyýal hüjüm eýläp, joşy ýandyrar;

Ýüregim joş berse, aklym jem bolar,

Pikir basar, gaýgy huşy ýandyrar.

 

Säher wagty derwüş nalyşa gelse,

Bilinden ýüp alyp, boýnuna salsa,

Taňry söýen bende bet doga kylsa,

Pelegi titreder, arşy ýandyrar.

 

Akmak özün akyl bilen deň eýlär,

Bir iş tutar, soňrasyndan aň eýlär,

Zehiniň käýider, aklyň teň eýlär,

Diýdigiň eýlemez, başy ýandyrar.

 

Hak söýüpdir Aly deýin welisin,

Gadym setdir yzzat etmek ulusyn,

Ýetmiş iki millet gömer ölüsin,

Segparaz milleti läşi ýandyrar.

 

Magtymguly, Hakdan pyýala çekse,

Pyýala joş berip, hyýala çekse,

Aşyklar bagryndan bir nala çekse,

Dagy elendirer, daşy ýandyrar.

 

DURASYŇ GELER

 

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler;

Edepli, erkanly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

 

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy –

Garaňky gijede düşer ýalkymy,

Sözlegen sözleri misli bal kimi,

Ýaňagyndan posa alasyň geler.

 

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,

Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,

Döküp, hazynanyň zerin bermeli,

Anyň söwdasynda bolasyň geler.

 

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,

Artmaz, ýuwmaz, tabagyny, daşyny,

Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny,

Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

 

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,

Jan içinde bile bolar ýüregi,

Şeýle gözel mert ýigidiň geregi,

Ne hajat istese, beresiň geler.

 

Magtymguly, syn gerekdir gözele,

Herne kysmat bolsa, tartar ezele,

Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,

Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

 

KÖŇLÜM

 

Oýan haby-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm,

Umyt üzüp älemden, dergahdan dilen, köňlüm,

Düýpsüz derýaýa düşdi görgenne gülen köňlüm,

Jan pany, jahan pany, kepene çolan, köňlüm,

Söz bilen için egser, gabz olup, dolan köňlüm.

 

Alymlar sözün diňle, nesihatyn al-göter,

Tur, Hakyň dergahyna mynajat kyl, gol göter,

Ryýazatnyň ýüküni arkan, ýüzin sal göter,

Bu iş merdiň işidir, merdana dur, gal, göter,

Kämil aýagna baş goý, ýalançydan el göter,

Toba kylyp, bir piriň topragna bulan, köňlüm.

 

Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada,

Kuwwatym bardyr kyrk ýyl ders aýdarga Perhada

Ýüregim ýakyp oda, hojamga barsam dada,

Kerem derýasy joşup, ýetirgeýmu myrada,

Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jan dünýäde.

Mert gerekdir almaga bu garyp galan köňlüm.

 

Säher turup, doga kyl, «Ämin!» diýsin perişde,

Ne bardyr gapyl ýatyp, bihuda oturyşda,

Mülki-jahan tutdurmaz eýleseň müň serişde,

Abdal jindesin geýip, git diwana garyş-a,

Ýogsa galar sen tenha sergişte-ýu gamgeşde,

Aýdan sözüne pyglyn bolmasyn ýalan, köňlüm.

 

Magtymguly, noş etdim gam badasyn iki tas,

Üç içerge rugbet ýok, çün jandan boldum halas,

Serimde sansyz söwda, içde waswasul – hannas,

Geliň, bir tedbir eýläň, bu derde eýýühannas,

Dyza çöküp, dem ursa, Isa, Hyzyr hem Ylýas,

Galynmaz, zinde bolmaz, hud murda bolan köňlüm.

 

ÜSSESI BOLMAZ

 

Allany ýat edip, haky gözleseň,

Deňme-deň söwdanyň üssesi bolmaz,

Dawa kenarynda ýalan sözleseň,

Gümansyz ýanar sen, tüssesi bolmaz.

 

Oky bäş wagtyňy, bolawer müfti

Eger bolajak sen resul ummaty,

Zor bilen iberseň goýna bir iti,

Gurt gelende, goýna yssysy bolmaz.

 

Bu sözi diýmesem, zybanym gijär,

Öz köňlüň goýmasaň, dost köňli ynjar,

Bagdatda nar bişse, Turşizde injir,

Hyrat dek hiç ýeriň pissesi bolmaz.

 

Bu sözi diýmeklik bizlere namys,

Bir mugjuzat gördüm, diýdim: «Älhepus!»

Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus,

Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz.

 

Magtymguly, gel, goý, bu belent ýoly,

Diýseň hem hiç kimse ynanmaz häli,

Alsaň bir sary diş garry aýaly,

Oýnaşaňda, hiç bir yssysy bolmaz.

 

NAMYS-ARY GEREKDIR

 

«Menem» diýen goç ýigidiň, doganlar,

Owal başda söwer ýary gerekdir,

Ondan soňra ogul-gyza howandar,

Ser jydasy, zülpükary gerekdir.

 

Gürbeden şir olmaz, göhert ner olmaz,

Her daş göwher olmaz, misden zer olmaz.

«Är men» diýen her biweçden är olmaz,

Gaýraty, namysy, ary gerekdir.

 

Destur bolar ýol öwrenmek ustatdan,

Är myrady jedel bile gaýratdan,

Ýigit bardyr-parhy azdyr arwatdan,

Bilal bolsa, baguftary gerekdir.

 

BILE MYHMANDYR

 

Adam ogly, ömre bolmagyl maýyl,

Ýigitligiň dyza, bile myhmandyr;

Ýene hak ýolunda bolmagyl kähil,

Basan gadamlaryň ýola myhmandyr.

 

Mekanyňdyr häki-zemin guçar sen,

Bir kerwen sen – diýaryňa göçer sen,

Möwsüm güli solar, guryr öçer sen,

Owazyň sem bolar, tile myhmandyr.

 

Kimseler hak diýer, kimse saz bile,

Kimse humar bile, kimse baz bile,

Garkyldaşyp gezen hoş owaz bile,

Ýaşylbaş sonalar köle myhmandyr.

 

Görüň, dostlar, bu sözümde ýalan ýok,

Bir garybam, nesihatym alan ýok,

Magtymguly, meniň derdim bilen ýok,

Derdimiň dermany dile myhmandyr.

 

JYDA ETMESIN

 

Dostlar, hiç bendäni ýaradan Alla

Akyldan aýyryp, jyda etmesin.

Bergen aklyn alyp, nauzy-billa,

Mal-u mülkün, tagtyn taraç etmesin.

 

Ýöremeýän kemal şiýan ilinde,

Intizardyr aýralygyň ýolunda,

Ýesir bolup, bir zalymyň golunda,

Eýäm hiç bendäni mätäç etmesin.

 

Watandan aýrylan aglar yzlaşyp,

Sapa bilen geçen ömrün sözleşip,

Ahyn çekip, dönüp yzyn gözleşip,

Hiç ilni ýurtdan ehraj etmesin.

 

Hiç kim muňly bolup, galmasyn garyp,

Daşyn garap, ile-güne telmuryp,

Agzasyna şikes gelip sargaryp,

Näkuwwat, natuwan nalaç etmesin.

 

Magtymguly, Huda towfyk berende,

Säher turup, ýalňyz ýollar ýörende,

Tarykatnyň rast ýolyga girende,

Ýolun şeýtan urup, du paç etmesin.

 

ÖZÜNDEN

 

Mähnet bilen mal jemg eden mäkäm baý,

Owwal haýryň bolsa, gönder özüňden!

Ýygyp, zekat bermänleriň haly waý,

Taňla garny dolar tamug közünden.

 

Namut galdyň, ger şeýtana ýol berseň,

Şeýtan boýnun üzdüň pire gol berseň,

Yhlas bilen Alla üçin mal berseň,

Sansyz sowap bolup barar yzyndan.

 

Öwladyna abyraýly gün üçin,

Ýigit eşret terkin eýlär ten üçin,

Halal-haram mal ýygarlar zen üçin,

Ölseň, kany imdad ogul-gyzyňdan.

 

Niçeler bar – haýyr islär, şer tapar,

Niçeler bar – gum diýp garbar, zer tapar,

Birew bardyr – ýaman eýlär, ýer tapar,

Birew – haýyr görmez beren duzundan.

 

Ýigit ölse, hatyn galsa, är tapdy,

Ogul-gyz elinde malyň ýer tapdy,

Zekatsyz mal magşar güni mar tapdy,

Ýyrak düşdüň ýaradanyň gözünden.

 

Dirilikde özi berse elinden,

Habar tutan ýaradanyň ýolundan,

Haýyr tapar mal biýr eken malyndan,

Ol hem ýagşy ýat etseler yzyndan.

 

Ýygnadyň, ýygşyrdyň, mal-u pul boldy,

Haýryn görmän öldüň, üç zen dul boldy,

Ýygnan ýygynçagyň bary kül boldy,

«Görümsiz, gysyk» at galdy özüňden.

 

Saglygyňda el barmasa, bermäge,

Gyýmasalar galanlar gol germäge,

Magtymguly aýdar, azap görmäge,

Kyýamat garasy gitmez gözüňden.

 

PAŞ EDER SENI

 

Içki syryň aýtma her bir namarda,

Syryň ile ýaýyp, paş eder seni!

Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,

Malyňdan aýyryp, aç eder seni!

 

Sam-sam adam bilen oturma, turma,

Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,

Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,

Barsaň, depesine täç eder seni!

 

Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,

Jemalyny bir görmäge zar bolsa,

Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,

Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.

 

Sopular ýaňylyp aýtmaz senany,

Säher tursaň, geçgeý barça günäni,

Aýtmawer gybat söz, etme zynany,

Dowzahyň oduna duş eder seni!

 

Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,

Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,

Huda berse sagadatly bir perzent,

Garrygan çagyňda ýaş eder seni!

 

HEZAR ASTANA SARY

 

And adam sowular

Hezar astana sary.

Pelek bakgal ötürmiş

Bazar astana sary.

 

Gara ýer agzyn aça,

Gapyldyr adam, geçe,

Bilbiller istär – göçe

Bag-u bostana sary.

 

Nurata, Baba Dargan,

Degresi derýa, gorgan,

Bardy kary Bakyrgan

Şol Türküstana sary.

 

Hakdan rahmet sepiler,

Ymaratlar ýapylar,

Gitseň Käbe tapylar

Rumystana sary.

 

Gündogardan günbatar,

Tersa, jöhit hem tatar,

Şäherler hatar-hatar

Magrybystana sary.

 

Aşyk aýdar: «Ýa, subhan,

Müşgilim eýle asan.

Şepagat eýle, ýaran,

Şol Dehistana sary!»

 

Magtymguly tillener,

Gözde ýaşy sillener,

Günde göçdür, ýollanar

Mazarystana sary.

 

HABAR, EÝ, DOST

 

Bir säher düşmüş erdi ýadyma diýar, eý, dost,

Jan güwşüne ýetişdi binägäh habar, eý, dost!

 

Ten mülküniň içinde jan durdy perwaz eýläp,

Şowk ile ede nägäh özüni nisar, eý, dost!

 

Sabyr sefinesini syndyrdy şowkuň sili,

Derýaýy-umman saldy matagy-karar, eý, dost!

 

Ýar wasy-jemalyndan her du jahan ki kämýab,

Bagtym müşterisine gurawer bazar, eý, dost!

 

Ähli älem gark olmuş harman-harman gül içre,

Ol ýyl ýörsem, ugraşmaz alnymdan bahar, eý, dost!

 

Hoş bakmyş jahan içre, hoşlanmyş älem andan,

Älemde adam içre maňadyr gahar, eý, dost!

 

Pyragy, göz ornundan ýyglap gan rowan oldy,

Ornuna elter any ger degse gubar, eý, dost!

 

RUÝY-SYÝADAN GAÝRY

 

Barmy barmaga ýeriň başga-Hudadan gaýry?!

Barmaganyň barmydyr ruýy-syýadan gaýry?!

 

Gezdikçe çarhyň astynda jahanda janlar çekip,

Ne talap bar saňa bu jebr-u jepadan gaýry?!

 

Hak edip, nähak kylyp, ýörseň gözden gan döküp,

Hasylyň nedir seniň jürmi-günäden gaýry?!

 

Iýp-içip, mahbup guçup, ýatsaň ir rahat ile,

Takatyň kany seniň ruýy-riýadan gaýry?!

 

Göz-gözelde, nebs-ýemekde, til dahy gybat bile,

Şöwketiň şer, başda ýok beýle howadan gaýry?!

 

Owwaly aňlamadym, aňlan sözne gitmedim,

Bu belada kimse ýok men binowadan gaýry?!

 

Pikir et, Magtymguly, panyýa bak, ne görner?!

Soňy ýok, aldawy çoh föwti-penadan gaýry?!

 

EÝMENEWER

 

Adyň bende bolsa, adam,

Dergahyňdan eýmenewer!

Öter döwran, durmaz bu dem,

Ýatma gapyl, oýanawer!

 

Dünýäniň düýbi derazdyr,

Pursat kemdir, ömür azdyr,

Ýigitlik-eglenmez ýazdyr,

Ir azygyň edinewer!

 

Göçer jahan halky turup,

Durmazlar saňa gygyryp,

Sen hem çaglan, işiň görüp,

Barjak ýeriň – daýanawer!

 

Eger menden söz sorar sen,

Bijaý işlerni gurar sen,

Tut pendim, ne iş görer sen,

Bir edip, bakyp synawer!

 

Bu dünýäniň düýbi düýşdür,

Işi aşa, wagty giçdir,

Oglanlyk, garrylyk hiçdir,

Garrymaý wagtyň duýnawer!

 

Bu sözler menden nyşana,

Abyraý dileseň jana,

Jahan içre musulmana

Hoş sözler ýagşy sanawer!

 

Magtymguly diýr, iýgeniň,

Gümanadyr çeýnegeniň,

Günä üçin gedergeniň,

Sowap üçin güýmenewer!

 

HABAR BER – ŞEÝLEDIR

 

Magtymguly:

 

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok, towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

Durdy şahyr:

 

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,

Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

– O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?

O nämedir, ganaty bar, gany ýok?

O nämedir, adam ýuwdar, jany ýok?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber?

 

– Ol kependir, ýakasy bar, ýany ýok,

Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,

Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

– O nämedir, derwezesiz galadyr?

O nämedir, penjiresiz binadyr?

O nämedir, bir-birinden aladyr?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

– Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,

Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,

Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

– O nämedir, iýmediler, doýdular?

Ol nämedir, kyýamata goýdular?

Ol kim idi, dabanyndan soýdular?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

– Ol didardyr, iýmediler, doýdular,

Ol namazdyr, kyýamata goýdular,

Nesimini dabanyndan soýdular,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

– O nämedir, ýedi ülkäni gezýän?

O nämedir, bilini bir zat ezýän?

O nämedir, adam mysaly syzýan?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

– Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,

Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,

Bedew atlar adam mysaly syzýan,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

– O nämedir, toprak üste sürünmez?

O nämedir, adamlara görünmez?

O nämedir, hiç bir dona bürenmez?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

  • Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez,

Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

TASA GARŞY

 

Agyz açdym, göz ýumdum,

Gol sundum tasa garşy,

Tas üstünde ýatypdyr

Galandar ýasa garşy.

 

Saky turdy, ses etdi,

Kim giç galdy, kim ýetdi,

Galandar tasyn tutdy,

Düşdüm höwäse garşy.

 

Men bikemal ol ýerde,

Yşk içre düşdüm derde,

Gül ýüzde gülgün perde,

Tutdy palasa garşy.

 

Habar tutan jahandan,

Aýrylar hanymandan,

Aşykdyr geçer jandan

Tutulsa käse garşy.

 

Bu dünýä bir saraýdyr,

Gelen geçip baraýdyr,

Magtymguly haraý diýr,

Hyzyr, Ylýasa garşy.

 

USSADA BELLI

 

Eý, agalar, bir gün bolar, paý alar,

Gulluk edip gezen ussada, belli,

Huda özi kime dogry gözlese,

Ýetişer myrada, maksada, belli.

 

Ol eýwany görseň, mundan geçer sen,

Köwser sakysyndan şerap içer sen,

Dolana dolana, peri guçar sen,

Injilde, Zeburda, Töwratda, belli.

 

Joşar sen, her sözi peýda eder sen,

Jan bilbilin saýrap, şeýda eder sen,

Pelek bir bakgaldyr, söwda eder sen,

Owwal-ahyr utar söwdada, belli.

 

Mest olar sen, jahyllykda joşar sen,

Bilmez sen, her işe başyň goşar sen,

Bir gün bolar, bir zulmata düşer sen,

Başyň bilmez, geçer gowgada, belli.

 

Haram urup, ganlar dökdüň ellikde,

Gel, ne iş bitirdiň segsen ýyllykda,

Gaýdyp ýaman ýoldan, gezgin gullukda,

Jennet diýip ýörgül tamada, belli.

 

Ajal – derýa boýlar, başyňdan aşar,

Serişdäň kem bolar, akylyň çaşar,

Kyrk gün owwalyndan ýapragyň düşer,

«Öli» diýp at biýrler semada, belli.

 

Keramul katibeýn sag-u soluňa,

Ýazyp, namaň tabşyr magşar, goluňa,

Çarhy-pelek duzak gurmuş ýoluňa,

Sen üçin oturmyş saýýada belli.

 

Kimseden alar sen, kimine biýr sen,

Halal parh etmeýin, haramy iýr sen,

Bir şaýydan ötri sowabyň biýr sen,

Düşer sen andan soň zulmada, belli.

 

Çaraýna baglaýyp, geýgen sowutlar,

Ýer goýnuna girdi münüp tabytlar,

Magtymguly, aýdar, deň-duş ýigitler,

Gardaşlar, ýat ediň dogada, belli!

 

IGLÄRLER

 

Sag-salamat, sermest bolup gezen jan

Dört belanyň birisinden iglärler,

Ýa sowukdan, ýa yssydan guryr gan,

Ten üstünde tebipleri eglärler.

 

Ryzk wekili geler ryzkyň ýok edip,

Göwräňi guradyp, ýoluň bek edip,

Demiň perişdesi demiň tükedip,

Iliň-günüň özge ýurda çaglarlar.

 

Egsikleriň saç ýaýarlar, baş döküp,

Ýary-dostuň ýyglaşarlar ýaş döküp,

Gardaş-dogan gatnaşarlar aş döküp,

Gonsa, göçmez-karar ýurda baglarlar.

 

Habar düşer: «Pylan kimse ötdi» diýp,

«Çyragy söndi» diýp, «Güni batdy» diýp,

«Bu dünýäden o dünýäge gitdi» diýp,

«Alla rahmet etsin!» diýip dargarlar.

 

Kim bardyr ki, pelek bagryn ezmemiş,

Göwresin gyýmamyş, köňlün bozmamyş,

Magtymguly, dag-derýalar dözmemiş,

Bu desturdyr, aýralyga aglarlar.

 

ÝÜREGIŇ GAN IÇINDE

 

Köňül, ne iş bitirdiň, geldiň, jahan içinde,

Galdyň dünýä gamynda, ýüregiň gan içinde,

Abat diýip, el sunduň, düýbi weýran içinde,

Ten toprakdyr, eglenmez jöwheri jan içinde,

Rüstem guma garylyp, galdy ýegsan içinde,

Sen alarnyň ýanynda gelmez sen san içinde.

 

Dünýälik diýp ýügir sen, tä içinde dem bardyr,

Dem içinden çykynça, başynda müň gam bardyr,

Gam astynda ýatar sen, ne aňa melhem bardyr,

Doýmaz gözüň dolmaga bir goşawuç gum bardyr,

Bu jahanda, adamzat, senden gapyl kim bardyr,

Gurda, guşa nazar kyl, külli perman içinde.

 

Eý, ýaranlar, ol dünýä baran bar-da, gelen ýok,

Öli-diri halyndan habar, hatyr bilen ýok,

Çarhy pelek elinden aglan bar-da, gülen ýok,

Akyl ediň, gardaşlar, könelerden galan ýok,

Ýalançynyň wepasy ýokdur diýsem, ýalan ýok,

Dünýäge bil baglagan, galdy zyýan içinde.

 

Ýa, ylaha, sen sakla garakçydan ýollarda,

Sagda-solda çaparlar byrakmaýyn çöllerde,

Köňül dünýä yşkynda, haram sözler tillerde,

Men bir ajyz bende men, kemine men gullarda,

Köp günäler gazandym, az pursatly ýyllarda,

Hyjalata goýmagyl ýagşy-ýaman içinde!

 

Magtymguly, aldaýyr gahba dünýäni bezenip,

Köňlüňni maýyl kylma aňa garşy düzenip,

Ne parahat ýatyr sen el-aýagyn uzanyp,

Ajal ýatyr keýniňde okun-ýaýyn gezenip,

Magşar güni barawer imanyňny gazanyp,

Gury geldiň, boş gitme ahyrzaman içinde!

 

PAŞ BOLMAR SEN

 

Gel köňlüm, geňeş edeli,

Sözlemeýen paş bolmar sen!

Panydyr bu ýalan dünýä,

Bir gün andan hoş bolmar sen.

 

Bir güldir sen hem hoşlar sen,

Ýene bir gün agaçlar sen,

Hem daşlar sen, hem dişlär sen,

Ýene bizden daş bolmar sen.

 

Hakyň emridir, neter sen,

Sen bizim çün bir ketir sen,

Geleni garşy ýuwtur sen,

Bir dem bizden boş bolmar sen.

 

Owwal dost bolup güldir sen,

Bir az yzyňdan ýeldir sen,

Bir gün basalap öldir sen,

Baky garyndaş bolmar sen.

 

Magtymguly bilmiş haly,

Sen bu ýurtda däl binaly,

Toba diýp, Haka dönäli,

Imdiden soň ýaş bolmar sen.

 

KEÇDIR, ÝARANLAR

 

Namazhon derwüşler, döwletli baýlar,

Pelegiň gerdany keçdir ýaranlar!

Minnetde okalan namaz ýol almaz,

Döwlete daýanmaň, puçdur, ýaranlar!

 

Sykylsa burunlar, sararsa ýüzler,

Gurysa dodaklar, bolmasa sözler,

Gögerse dyrnaklar, agarsa gözler,

Imandan özgesi hiçdir, ýaranlar!

 

Aslyň owuç gumdur, dem bir nepesdir,

Özüňe bir gözle işiň hebesdir,

Jeset bir menzildir, ten bir kapasdyr!

Jan bir gözi bagly guşdur, ýaranlar!

 

Gapyl bolmaň, dünýä gelen öterler,

Munda hoşwagt bolmaň, bardyr beterler,

Çekiler kerwenler, ýörir hatarlar,

Bir yzy üzülmez göçdür, ýaranlar.

 

Ajal ýakaň tutar, bir gün bagyrdar,

Giden gaýdyp gelmez, bu bir ugurdyr,

Menziller yrakdyr, ýükler agyrdyr,

Irteräk terpeniň, giçdir, ýaranlar!

 

Gutular sen hak ýolunda jan berseň,

Hülle bolar bir garyba don berseň,

Saýa bolar bir mätäje nan berseň,

Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar!

 

Bu dünýä diýgeniň iki warakdyr,

Ýarysy garadyr, ýarysy akdyr

Bir gije düýş gördüm, ertiri ýokdur,

Dünýäniň tymsaly düýşdür, ýaranlar!

 

Magtymguly boýun goýgul bu emre,

Mamla meşgul bolup, galmagyl gümra,

Ýüz ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,

Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar!

 

PAÝANY BOLMAZ

 

Geç köňül, dünýäden, eýleme höwes,

Panydyr, hiç kime paýany bolmaz!

Jan guşy bilbildir, teniň bir kapas,

Bir gün uçar, daýym durany bolmaz.

 

Bir niçäni şalyk bile şat edip,

«Şähriýar» diýp, älem içre at edip,

Ajalyň elinden bir gün dat edip,

Gitdiler barysy, ýöreni bolmaz.

 

Ynsa-jynsa şalyk eden Süleýman;

Jemşid-u Isgender, kany Nowşirwan?

Kany Hak habyby – ol fahry jahan?

Gitdi bary, hergiz gümany bolmaz.

 

Galmady Darabyň, ne Şähriýaryň,

Kany ol Gülçihre, simin uzaryň?

Kany şasuwaryň, zerrin hysaryň?

Hiç biriniň nam-u nyşany bolmaz.

 

Niçe mursal geçdi, niçe müň nebi,

Niçe baleg geçdi, niçe müň saby,

Hasyl olup, her biriniň matlaby,

Pany içre baky galany bolmaz.

 

Kimni gany kyldy, kimlerni gallaç,

Ýoksuzny baýlara eýledi mätäç,

Gelse ajal bady, bolar näalaç,

Gitgisidir, ýagşy-ýamany bolmaz.

 

Maly-dünýe berip niçe müň gany,

Lagl-u jöwahyrdan bolup mesgeni,

Gitdi goýup kasry, köşki, eýwany,

Barganydan gaýdyp geleni bolmaz.

 

Dünýäge gelgeniň bary ýok bolar,

Gapyl adam bilmezlikden aldanar,

Ýygnanyň barysy dünýäde galar,

Hiç bir adam alyp barany bolmaz.

 

Kamaty serwi dek näzik bedenler,

Sibi-zenehdanly, gunça dahanlar,

Gül ýüzli periler, simin zekenler,

Älemde şat bolup güleni bolmaz.

 

Ýok wepasy, dostlar, pany dünýäniň,

Ölinçä terk etme haýru yhsanyň,

Bargandan, gelmäge ýokdur imkanyň,

Ynan, bu sözlerniň ýalany bolmaz!

 

Akyl oldur, meýl etmese dünýäge,

Sydk ile sygynsa kadyr Allaga,

Magtymguly, bir suraty zybaga

Bakmagyl, olarnyň naýany bolmaz!

 

JAHAN SENDEN BIHABAR

 

Sen sen araýyşy-jan, bu jan senden bihabar

Sen jahana dolug sen, jahan senden bihabar.

 

Endişe derýasynda syrym sefinesini

Ýüz tarapga ýüzdürdim, seýran senden bihabar.

 

Ger diýseler küfr olar, eşýa senden halydyr,

Menzil senden mustagrak, mekan senden bihabar.

 

Zemin, asman, garb-u şark pertöwiňde gerdandyr,

Zamanyýa sen gerdan, zaman senden bihabar.

 

Istär seni deňizler ýaýkanyşyp şowkuňdan,

Sen olar içre maglum, umman senden bihabar.

 

Zemin tilär asmanda, asman tilär zeminde,

Bir-birine gümanda, güman senden bihabar.

 

Magtymguly, gör indi, eşýalar ne işdedir,

Ýok imiş bu eşýada, heman senden bihabar.

 

ŞOL MÄHRIBANYM GELDI

 

Dogry magryp tarapdan,

Şol mähribanym geldi.

Ýüz yşwaýy näz birlen

Jany jananym geldi.

 

Men ýarnyň serneguny,

Baglaýyr bu aýyny,

Dökdi jigerden huny

Şahy soltanym geldi.

 

Älemge şahy perwer,

Boldy ummatga serwer,

Jahan boldy münewwer,

Dürri galtanym geldi.

 

Kamaty serwi tuba,

Kaddy, özi münteha,

Wejhi ruýy wazyha,

Serwi rowanym geldi.

 

Nykabyn ýüze salan,

Ýüz görsetip, jan alan,

Munça arzuwlap, ýanan,

Ah-u pyganym geldi.

 

Melek permana bakan,

Sidreti sähra çykan

Ah ursa, arşy ýakan,

Sahypkyranym geldi.

 

Magtymguly binowa,

Gözlemez senet sewa,

Ummatym diýp, daýyma

Hezret işanym geldi.

 

NAHANA GELDIŇ

 

Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň,

Owwal ataň bilinden syzyp nahana geldiň,

Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,

Enede surat bolup, bi şirin jana geldiň,

Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,

Emip enäň süýdüni, gundalyp, dona geldiň.

 

Ýaradan gudratyndan diş bile dahan berdi,

Sözlemäge söz bile dahanda zyban berdi,

Köňlüň gidip her ýana, turdy, aýagyň ýördi,

Bildiň ýakyn-ýadyňny, gözüň dünýäni gördi,

Ýedi sekiz ýaşyňda ataň mollaga berdi,

Okyp Kuran kitaby, ulalyp, ona geldiň.

 

On bäş ýaşa baraňda, oglanlykdan saýlandyň,

Gyz geline meýl edip, köňül berip küýlendiň,

Göýä baryp ak öýüň dört daşyna aýlandyň,

Hakyň permany bile ahyr bir gün öýlendiň,

Ýigrimi ýaşa bardyň, esbabyňny şaýlandyň,

Bedew münüp, segredip, sürüp meýdana geldiň.

 

Otuz ýaşa barynja, göýä bir algyr şir sen,

Dünýä gamy başyňda, göýä ýüwrüp ýelir sen,

Dünýäge doýmak ýokdur, bolgynça bolsun diýr sen,

Ähli musulman bolsaň, ölginçä halal iýr sen,

Kyrkyňda toba eýläp, bir mürşide gol biýr sen,

Köňlüňni bire baglap, azyz subhana geldiň.

 

Elli ýaşa baraňda, dogrulykda bolar sen,

Küdeklikden aýryldyň, şiweligi biler sen,

Her niçe jepa çekseň, ahyr bir gün öler sen,

Bäş wagtyňy okyban, Haka şükür kylar sen,

Altmyş ýaşa baraňda, garryganyň biler sen,

Eken ekiniň bişip, orak ormana geldiň.

 

Magtymguly, mähnetdir her kim togsandan ötse,

Kem-kem geler jahana eger ýüz ýaşa ýetse,

Hiç kimden haraý bolmaz ajal ýakaňy tutsa,

Imanyňy gazansaň, ýoluňny rowan etse,

Ahyr boljagyň şuldur – teniň ýer bile ýatsa,

Işigi, tüýnügi ýok, garaňky hana geldiň.

 

ZYÝAN GÖRSE

 

Kişi sangyny kem eýlär tutan işin rowan görse,

Soňun gözläp, sagnyp sözlär her işinde zyýan görse,

 

Hyýalyndan çykmaýyn, bedenine erki ýetmez,

Alahedde nahan ýolda köňül diýgen juwan görse,

 

Ne garny bolsa aj-u zar, parahat durar ärler bar,

Kararsyz dalmynyp urnar garyçga golda gan görse.

 

Talapkärlikde mal tapgan ýigitler at gulagyndan,

Guwanjy güýçlüräk etgeý bir söwdaýy kerwan görse.

 

Belentden bakyp oturgan şol awçylar karar erken,

Tilär ýer astyndan ýörmek ýakyn ýerden jeýran görse.

 

Söweş jaýynda kem jüret, ýüreksiz, bihünär, namart,

Sütemni, jebri kän eýlär ganymyn natuwan görse.

 

Magtymguly, men magşugym ugraşsa, bu köňül neýlär,

Ýürek ýarylarga gelgeý, gözi körler jahan görse.

 

UTUP DURUPDYR

 

Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin

Ol ne humarbazdyr, utup durupdyr.

Çüýrük saman etmiş mata bazaryn,

Göwhere barabar satyp durupdyr.

 

Ne düşekdir, aňa basan ýarymaz,

Ne kiştidir, derýa batar, ýörimez,

Ne enedir, ölmez, ýitmez, garrymaz,

Öz balasyn özi ýuwtup durupdyr.

 

Ne çyragdyr, gözsüzlerge ýarydyr,[69]

Ne gözgüdir, bu aýnadan arydyr,[70]

Ne sakydyr, pyýalasyn ýörüdir,

Bir goly bogzundan tutup durupdyr.

 

Ne mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi,

Bir gözi dym-akdyr, bir gözi çaşy,

Reňňi gara, ala on iki başy,

Ýeri-gögi birden tutup durupdyr.

 

Başy baryp çykmyş arşyň üstüne,

Aýagy inmişdir ýeriň astyna,

Janly, jansyz, her ne gelse destine,

Dannamaý dahanna atyp durupdyr.

 

Dostlar, höwes etmäň loly aýaly,

Sizi aldar, köpdür anyň hyýaly,

Bu dünýä bir kör syçanyň mysaly,

Kökleri birbe bir kertip durupdyr.

 

Dostlar, bir mysaldyr tilime gelen,

Zehin goýsa, biler akyly bolan.

Jahan ýüzün tutmuş bir gudrat ýylan,

Guýrugy başyndan ötüp durupdyr.

 

Magtymguly, magrur bolma bu söze

Hiç beýle janawer ilmemiş göze,

Ýene bir gudrat bar, ýedi kelpeze,

Şol beýik ýylany ýuwtup durupdyr.

 

AÝRYLMA

 

Mestana ýörinçäň gaýry ýurdunda,

Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma!

Magrup käkilik deý nebsiň ugrunda

Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma!

 

Töwekgel et, halka syryň berip bar,

Sabyr eýlegil, bisabyrlyk hem bikär,

Her ýere barsaňyz, nesibäňiz bar,

«Baý bolaý» diýp, hezzetiňden aýrylma!

 

Namartlar hem muhannesler – naçarlar –

Duzuň iýip, işiň bolsa gaçarlar,

Syryňny paş edip, aýbyň açarlar,

Gadryň bilen ülpetiňden arylma!

 

Gedalaryň köňli şalykny istir,

Nadan köňli ýalgan söze rast diýir,

Bigadyrlar duşmanyna dost diýir,

Tälim beren ustadyňdan aýrylma!

 

Kimse kaşşak bolup, kimse baý bolar,

Her kimsäniň bagty-ykbaly biler,

Herne gelse başa, tiliňden geler,

Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma!

 

MYHMANYDYR

 

Dertdir bu janyň zilleti, saglyk anyň soltanydyr,

Ten mülküniň ser döwleti dynmaz öter, myhmanydyr.

 

Nefs eýleýip serkeşligi ten tagtynyň meýdanyda,

Ruzy ezel ruhuň, ýagyn, şol ähdi, şol peýmanydyr.

 

Bu bazara gelgen kişi yhlasyn ary eýlesin,

Kabyl bolan yhlasly gul merdanlaryň merdanydyr.

 

Diýse bolar sed aperin, ruhun besläp, nebsin basan,

Hakykat anyň bazary, hak mejlisi meýdanydyr.

 

Waý halyna nebsin söýen, jan es ýerin ajyz goýan,

Ruzy-jeza ýoldaş aňa, bet işleriň puşmanydyr.

 

Är tapmadym – gulluk edem, ýol tapmadym – haja gidem, –

Bu iki iş bu ten era bu janymyň armanydyr.

 

Magtymguly bu gamzede, tä ki bu dert ile gider,

Bäş gün bu pany dünýäde bir aşygyň döwranydyr.

 

GÜMAN GÖRÜNER

 

Bu dem ganymatdyr, neçün bilmez men,

Çyksa dem, girmesi güman görüner.

Bizden burun gelen göçüpdir taňla,

Ýol uzak, garaňky, duman görüner.

 

Akyl olsaň iste bu ýolda bir pir,

Ryzkyňa kepildir Alla, mukadder,

Altyn-kümüş, almaz, ýakut ile dür,

Hakdan gaýry tamam zyýan görüner.

 

Allany unudyp, aklyň ýitirme,

Her nepes ägä bol, gaflat getirme,

Bihuda, bipeýda ömrüň ötürme,

Dünýä bakasyzdyr, aýan görüner.

 

Hoja, seýit, patşa – soralmaz neseb,

Haşr-neşr bolsa, alarlar hasap,

Harama azap bar, şübhäge atab,

Munda ýagşy, anda ýaman görüner.

 

Magtymguly, habar aldym «Kurandan»,

Eser ýokdur owwal gitgen kerwenden,

Taňla ýalguz ýatmaklygyň ol görden,

Gardaş, ýylan bilen içýan görüner.

 

GÖÇER SEN

 

Magrur olma bu gondugyň ýurduňa,

Bibakadyr, eglenmez sen, göçer sen,

Saky ajal döwür-döwür sunular,

Sen hem baryp, bir döwürde içer sen.

 

Bu rabatda bir diňlän ýok, okan ýok,

Başly bazar, bir gurulgy dükan ýok,

Gamhanadyr, belli menzil mekan ýok,

Bu mekana gelmiş bolsaň, geçer sen.

 

Aýralyk ýürekde derdi-dagyňdyr,

Toba kyl Taňryga, ýigit çagyňdyr,

Ömrüň şugla ursa, ýürek ýagyňdyr,

Ýag tükener, peltäň ýanar, öçer sen.

 

Gül bolar sen, garyndyrga gülaba,

Lahab guma döner, hanaň haraba,

Süňňüň sürmä döner, teniň turaba,

Doýmaz-dolmaz ýer goýnuny guçar sen.

 

Dünýä durar, hiç tükenmez bu galla,

Ömür baka berse, kyrkdyr bir pille,

Ajal otdur, ten myltykdyr, jan – gülle,

Ryzk därige ataş düşse, göçer sen.

 

Ýagşy sagat, ajap wagtdyr, hoş eýýam,

Ömür azdyr, akyl kütah, işiň ham,

Jan bir guşdur, dünýä – däne, pelek – dam,

Haçan mundan gutular sen, gaçar sen.

 

Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz,

Bidert kişi dertli sözün diňlemez,

Akmak sözden hezl eýlemez, aňlamaz,

Aryf bolsaň, söz magnysyn seçer sen.

 

BOLA-BOLA GIDER SEN

 

Gara ganlar ýuwtup, hasratlar çekip,

Mala meşgul bola-bola gider sen.

Dodagyň tebredip, ýüregiň ýakyp,

Gümanyň bar, alyp, bile gider sen.

 

Munça jepa ogul, gyz-u zen üçin,

Munça aşret häk olajak ten üçin,

Gitmez garamaty iki gün üçin,

Neçün boýny ala-ala gider sen.

 

Magrur olma senjabyňa, samryňa,

Ajal Dawut elin çekmiş demriňe.

Gylça jana bu bäş günlük ömrüňe,

Ne tetärik kyla-kyla gider sen.

 

Malyny küýseme berimsiz baýyň,

Il gezdikçe, gözi doýmaz gedaýyň,

Mümin bolsaň, kyl gullugyn Hudaýyň,

Bäş wagt ýada sala-sala gider sen.

 

Magtymguly, habar bergin näderiň,

Her ýan barsaň, ajal imiş güzeriň,

Ýashana diýp, ýyglap geçdi pederiň,

Senmi mundan güle-güle gider sen?

 

NÄGE ÝATYP SEN

 

Eý, ülkesi abat, mülküne magrur,

Mülküň bakasy ýok, näge ýatyp sen?

Eý ykbaly bidar, döwlete mesrur,

Döwlet wepasy ýok, näge ýatyp sen?

 

Şirin jan riştesi tende osaldyr,

Nebsiň bir megesdir, mal bir asaldyr,

Dünýä aby sildir, ömrüň bir saldyr,

Ömre ygtybar ýok, näge ýatyp sen?

 

Tagat bir dergaha ýoldur basgançak,

Işiň beýle bolsa, durma sen anjak,

Ogul, gyz mal-u zen saňa asgynjak,

Goýmazlar gezmäge, näge ýatyp sen?

 

Pelek saňsar daşyn saňa atypdyr,

Zemin aždarhasy paýyň ýuwtupdyr,

Ajal tiz oragyn golda tutupdyr,

Binurbatdyr, biçer, näge ýatyp sen?

 

Magtymguly, işim ahy-zarydyr,

Bir mukemmel äriň hyrydarydyr,

Dünýä ahyretiň keşte käridir,

Tohum saçynawer, näge ýatyp sen?

 

ÝETER SEN

 

Gelen geçer, gonan göçer, adamzat,

Ýöri sen hem bir menzile ýeter sen,

Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at,

Bu dünýäge gelmiş bolsaň, öter sen.

 

Gapyl adam ýada salsa asylyn,

Pelek goýmuş ajal atly masylyn,

Gelen-geçse, eken-biçse hasylyn,

Orta ýerde sen ne işler tutar sen.

 

Jepa goýma, käýitmegin bu janyň,

Serişdesi hiç tutdurmaz jahanyň,

Terpendikçe, derdi artar dünýäniň,

Gadam goýsaň, göwräň birle batar sen.

 

Joşgun geldi, heddin ýardy, söz aşdy,

Bu ýollardan dogry bargan düz aşdy,

Bihuda imesdir ömrüň güzeşti,

Her çäştiňe bir günüňi satar sen.

 

Duzak gurar al kumaşyň, sim zeriň,

Güzergähin tutup durmuş bu ýeriň,

Germ eýlediň, pelek, sen bu bazaryň,

Maglumdyr ki, bu söwdada utar sen.

 

Magrur olup bu tört günüň dirligne,

Ebed galma kyýamatyň horlugna,

Ynanmagyl bu dünýäniň barlygna,

«Bar, bar» bilen, ýok bolar sen, ýiter sen.

 

Magtymguly, başyňda ýüz köý bardyr,

Aýry menzil, aýry mekan, jaý bardyr,

Lahat atly dar, düşeksiz öý bardyr,

Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.

 

DAŇ ATMAZDAN BURUN[71]

 

Adam ogly, ýatma gapyl,

Tur-ha daň atmazdan burun!

Ýigitlikde tagat kylgyl,

Garrylyk ýetmezden burun!

 

Garrylyk tagat kyldyrmaz,

Işiň ebesdir, bildirmez,

Pelek agladar, güldürmez,

Sür döwran ötmezden burun.

 

Bendäge eýleme kasdy,

Agyrtmagyl ýary-dosty,

Bir gün gelip, ajal desti,

Ýakaňdan tutmazdan burun!

 

Gardaşlaryň ýyglap galar,

Ýeň, ýakasyz dona salar,

Bir gün amanadyň alar,

Sen toba etmezden burun!

 

Bu dünýäge gelen geçer,

Halaýyk ol meýden içer,

Bir aždarha agzyn açar,

Wehm eýle ýuwtmazdan burun!

 

Meşgul sen dünýä oýnuna,

Girer sen ýeriň goýnuna,

Ajal bendäniň boýnuna,

Gaýdawer münmezden burun!

 

Ajal barçany edalar,

Galmazlar şah-u gedalar,

Haramdan gaç, kethudalar,

Rusyýa bolmasdan burun!

 

Sakla gybatdan tiliňni,

Baglatma iki goluňny,

Açylan täze gülüňni

Alla soldurmasdan burun!

 

Bendäge etme hyýanat,

Barça gul Taňryga raýat,[72]

Bu sözde bar hadys, aýat,

Pähim eýle ölmesden burun!

 

Tur säher, Taňryga ýygla,

«Hak» diýip ýüregiň dagla,

Toba gorun mäkäm bagla,

Kyrkyňa gelmesden burun!

 

Magtymguly, dogry söýle,

Ömrüň gelip, geçer beýle,

Zynhar, ýaşulyňy syla,

Baş göre girmesden burun!

 

ŞAÝLAMAÝYNMY?

 

Ömre ygtybar ýok, jana durum ýok,

Ahyret esbabyn şaýlamaýynmy?

Bende men, bararga gaýry ýerim ýok,

Istegim özünden eýlemäýinmi?

 

Ýaranlar, ýetmek ýok subhan syryna,

Açsa ýolum, ýetsem dost eserine,

Ryýazatny ýükläp nebsim şütürne,

Yhlasa iýtdirip, «haýlamaýynmy?»

 

Ýokluga ýandyryp, menlikden sagyn,

Eşkimden suwarsam nistligiň bagyn,

Ujb, riýa, kibir, hasad matagyn,

Bölüp, rehzenlere paýlamaýynmy?

 

Aby towfyk ýuwup[73] jesedim nawyn,

Hümmet bile ötsem ybadat zawyn,

Ruhum guşun besläp, nebsimiň awyn,

Pikir bişesinden awlamaýynmy?

 

Magtymguly, ne bar içmek, iýmekden,

Jan jesetden gider, et hem süňkden,

Göz görmekden galar, til hem diýmekden,

Tilim terpenerkäň, söýlemäýinmi?

 

GALANDAR BILE

 

Görerge safa men, Tanyrga dilkeş,

Diwana hemdemim galandar bile.

Çekdigim naladyr, ýüregim gamkeş,

Höregim ataşdyr Semender bile.

 

Jesedim hoşnema, jigerim birýan,

Ýüregim pürgamdyr, gözlerim girýan,

Tilim guş tilidir, suratym – ynsan,

Hemzybanam barça çemender bile.

 

Pelek kine çekmiş, eýýam ant etmiş,

Döwletim boýnuna gyl kement atmyş,

Ykbalym işigin bagtym bent etmiş,

Daşyn demir, için külünder bile.

 

Hajatym ber, ýa Hak, eýle tedbirim,

Maksadym şanyna tokuna tirim,

Dermanda galyp men, eýle destgirim

Hyzyr ata, Isa pygamber bile.

 

Magtymguly aýdar, ýer ýüzün ýüzseň,

Ahyry ölümdir dünýäni düzseň,

Üç ýüz elli alty ýyl älemi gezseň,

Pilkus ogly şahy-Iskender bile.

 

SALY, DÜNÝÄ, HEÝ

 

Suw ýüzünde gezdirer sen gämini,

Bir gün agdarar sen, saly, dünýä, heý!

Adam oglu barmaz bolsa yzyňdan,

Munda diýp aldar sen maly, dünýä, heý!

 

Bilermi sen, haçan tükener demiň,

Gabyr bolar bir gün basan gadamyň,

Döwran gerdişinde gapyl adamyň,

Üstünden salar sen ýoly, dünýä, heý!

 

Habarsyz geler sen, ýaka tutar sen,

Ýagşy eýläp, ýaman eýläp öter sen,

Bir gün aşymyza awy gatar sen,

Owwal aldap biýr sen baly, dünýä, heý!

 

Aramyň ýok, kararyň ýok, dynmaz sen,

Gije gündiz gan içer sen, ganmaz sen,

Ahyr ne belaň bar, soňun sanmaz sen,

Aklyny aldyran däli, dünýä, heý!

 

Aýlanar, gyş geçer, ýaz, tomus, güýz hem,

Anyň le ýagşydyr, dag, deňiz, düz hem,

Ahyry ötermiz üstünden biz hem,

Gugaryp galar sen, hali, dünýä, heý!

 

Köpleri ýok etdiň, käni ýuwutdyň,

Muhammet – hak resul jany ýuwutdyň,

Harun, Karun, Süleýmany ýuwutdyň,

Budur seniň işiň, belli, dünýä, heý!

 

Adam oglun saldyň tükenmez gama,

Ýaş-garry – ýolunda sergezdan heme,

Bir mada eşek dek gelip sen deme,

Gasygy gam bilen doly, dünýä, heý!

 

Magtymguly, dünýä syryn duýmaz sen,

Bu gün gördügimiz ertä goýmaz sen.

Niçe wagtdan bäri iýer, doýmaz sen,

Ýykylgyn, ýumrulgyn, loly dünýä, heý!

 

SIL GALMAZ

 

Altmyş başly, ala garly daglardan

Duman göçer, ýagmyr geçer, sil galmaz.

Şeýda bilbil mesgen tutan baglardan

Hazan urar, ýaprak gaçar, gül galmaz.

 

Her kim içer ol şerapdan, ol jamdan,

Ýürek joşar, her söz geler zybandan,

Gelen geçer bu ýalançy jahandan

Hoja seýit, beg, patyşa, gul galmaz.

 

Jana degse garrylygyň zäheri,

Bozuk bolar köňül-göwde şäheri,

Elden gitse ýigitligiň bahary,

Kuwwat gaçar, dyz egiler, bil galmaz.

 

Bir namardyň köp minnetli aşyndan,

El uzatma, oýulawer daşyndan,

Ilsiz galan belent daglar başyndan,

Agaç biter, jadde ýiter, ýol galmaz.

 

Magtymguly, bu jahanda kim bolar,

Ol mekana giden gelmez, güm bolar,

Görer gözüň, görkli göwräň gum bolar,

Dahan gider, dendan düşer, til galmaz.

 

GÖZE MYHMANDYR

 

Gara daşdan gara gyly saýlan göz,

Çöňňeler görejiň, göze myhmandyr.

Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz,

Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.

 

Agyrdyr heňňamlar, uzakdyr ýollar,

Soraşsa ýigitler, sözleşse tiller,

Baharda açylan reňbe-reň güller,

Bir pasyl açylar – ýaza myhmandyr.

 

Ne azym hünärler, ne syrly işler,

Ne howaly baglar, belent agaçlar,

Altmyş elwan, ýetmiş dürli iýmişler,

Agaçdan aýrylar, güýze myhmandyr.

 

Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty,

Şony belli biliň, ýokdur gaýraty,

Gojaldykça, gider süňňüň kuwwaty,

Ýigitligiň zory dyza myhmandyr.

 

Bu dünýäde ýüzüňe gülüm-gülümdir,

Pişesi jepadyr, jebr-u zulumdyr,

Her niçe ýaşasaň, ahyr ölümdir,

Eziz janlar tende bize myhmandyr.

 

Haky ýada salsaň, hakdan gorkyňa,

Şeýtan ara düşer, goýmaz erkiňe,

Guba juwan, guwanmagyl görküňe,

Gojalar sen, görküň ýüze myhmandyr.

 

Magtymguly, öwüt bardyr sözümde,[74]

Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde,

Her niçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde,

Adam ogly bäş gün duza myhmandyr.

 

ŞALAR GALMAZLAR

 

Gam çekme, garyp adam,

Begler-şalar galmazlar!

Azym-azym şäherler,

Ak otaglar galmazlar.

 

Galsa sözden gyzyl til,

Jan jöwherdir, ten bir kül,

Hezar mukamly bilbil,

Beýik daglar galmazlar.

 

Şuny kesipdir aklym,

Ýykylar ýedi yklym,

Ýer bolar büklüm-büklüm,

Erir, daglar galmazlar.

 

Hakdan ýetişse perman,

Ne çäre bar, ne derman,

Asman, Gün-u Aý lerzan

Hem ýyldyzlar galmazlar.

 

Ne ýer galar, ne ýurtlar,

Ne türk galar, ne kürtler,

Ne guş galar, ne gurtlar,

Perrendeler galmazlar.

 

Ne gerd galar, ne gerdan,

Ne mert galar, ne merdan,

Pil, peşe-ýu kergeden,

Derrendeler galmazlar.

 

Magtymguly, ýaş süren,

Agyr heňňamlar guran,

Lemmer-lemmer möwç uran,

Şol derýalar galmazlar.

 

PYGAN EGLENMEZ

 

Bilbil hüjüm eýlän howaly baglar,

Bilbil senden gider, pygan eglenmez!

Ýagyşly, ýagmyrly, ümürli daglar,

Siller senden gider, duman eglenmez!

 

Adam ýaradylmyş belentli, pesli,

Akylly-pikirli, dälili-mesli,[75]

Ýigitlik bir göýä baharyň pasly,

Bahar senden gider, zaman eglenmez!

 

Gelene garşy çyk, bolsa mejalyň,

Ýagşy tutawergil  niýetiň-päliň,

Dünýä döwranynda açyk tut eliň,

Döwür senden gider, döwran eglenmez!

 

Bu dünýä gowgadyr, bir galmagaldyr,

Kimi ber-ha-berdir, kim al-ha-aldyr,

Ýigitler, bu dünýä şuňa mysaldyr,

Bark urar asmanda, baran eglenmez!

 

Bir menzildir, üç gün iýip-içensoň,

Ornaşyp, giňrenip, bilin açansoň,[76]

Üzeňňiň çekerler tört gün geçensoň,

Bäş günden ýokary myhman eglenmez.

 

Goýnun açar bir gün, ýer seni gizlär,

Gara gumdan dolar bu nerges gözler,

Adyňa buýsanma, çemenli düzler,

Çemen sende guryr, seýran eglenmez![77]

 

Magtymguly, aýdar aryf dostuna,

Kim galar düşmeýen ajal destine,

Pelek bir gün salar ýeriň astyna,

Agyzdan til gider, zyban eglenmez!

 

KÖŇÜL JOŞGUNDADYR

 

Köňül bir beden şahydyr,

Her söz köňül joşgundadyr;

Ýedi yklymyň tagtynda

Her biri bir işindedir.

 

Daglaryň çykyp, inmesi,

Çohlaryň göçüp-gonmasy,

Dünýäniň agyp-dönmesi,

Pelegiň gerdişindedir.

 

Kimdir bu dünýäde galan,

Maňa çyndyr, size ýalan,

Bir akdyr, bir gara ýylan –

Süleýmanyň gaşyndadyr.

 

Degresi zümerret daşly,

Ner babatly, kerg gardaşly,[78]

Altyn tagtly, almaz täçli,

Döw begleri daşyndadyr.

 

Aýlanar, geçer döwranlar,

Gojalar gurlan eýwanlar,

Gündiz ýarga[79] aşna janlar,

Gije ýatsa, düýşündedir.

 

Üç essesi däli derýa,

Bir esse ýerde müň gowga,

Kim biler ki köne dünýä,

Ýa, Rebb, niçe ýaşyndadyr?!

 

Magtymguly diýr, haraýdyr,

Ajal okdur, pelek ýaýdyr,

Dünýä bir gahba heleýdir,

Adamzadyň başyndadyr.

 

BIBAT GÖRÜNER

 

Ýaranlar, pany dünýäniň

Ahyry bibat görüner!

Jan guşuny aldap tutar,

Şum pelek saýýat görüner.

 

Aldagyna düşme bu gün,

Kökün keser bogun-bogun,

Gör, loly dünýä dostlugyn,

Günbe-günden ýat görüner.

 

Pelek seniň miýesseriň[80]

Niçe ýerde derdeseriň,

Gör, ogulsyz bendeleriň, –

Ýurdy ýok, berbat görüner.

 

Görünse ýagşy ykbaly,

Gün-günden ýeter kemaly,

Goç ýigidiň pis aýaly,

Janyna jellat görüner.

 

Ýagşy ýaryň goýny mata,

Synasy meňzär jennete,

Gözel görmegen sölütä,

Gözüne perizat görüner.

 

Lebinde şekeri-gandy,

Göýä ki pyragy-bendi,

Gara garganyň perzendi,

Gözüne surat görüner.

 

Ýaraşar tirkiş-hatary,

Hatarynda esrik neri,

Bir gedanyň münen hary,

Teblesinde at görüner.

 

Söweşde algyr ussatlar,

Şir ýürekli, algyr gurtlar

Ýagy görende, namartlar,

Näçaglap, owrat görüner.

 

Magtymguly diýr, bu demde,

Bardyr umydym keremde,

Rozy etse ahyr demde,

Imanym myrat görüner.

 

YKBAL BOLMADY

 

Köp ýigitler gelip, geçdi jahandan,

Niýetine görä ykbal bolmady.

Gerdişi keç gahba pelek elinden

Ertiri şat bolan öýlän gülmedi.

 

Günde kepen biçer bu ajal haýýat,

Bir beladyr, hiç gutarmaz bu saýýat,

Pelle-pelle aşak düşer adamzat,

Bu gün gördügimiz ertä galmady.

 

Nesihatym diňle, eşit bu sözi,

Bir degişhanadyr dünýäniň ýüzi,

Ajal ýetip, adam ýumulsa gözi,

Göýä bu dünýäge geldi, gelmedi.

 

Hemaýun gorganyn saldyran Harun,

Dünýäni tört bölen kany Feridun,

Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,

Gözi gumdan doldy puldan dolmady.

 

Magtymguly haýran, her ýana bakar,

Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!

Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,

Lagnatkerde ogul boldy, bolmady.

 

BU DÜNÝÄ

 

Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi,

Diýmäň, bize mälim däldir bu dünýä,

Abady, haraby derýasy, düzi

Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä.

 

Bu jahan ýüzünde işler peýdadyr,

Teferrüçdir, tomaşadyr, gowgadyr,

Kyrk alty müň agaç suwdur, derýadyr,

Ýetmiş iki tüýsli dildir bu dünýä.

 

Bir elli müň agaç ýollar anda bar,

Döw-peri mesgeni, gullar anda bar,

Daşlar, daglar, aç arslanlar anda bar,

Ol ýerde adamdan çöldür bu dünýä.

 

On iki müň agaç jaýy-Hindistan,

Alty müň agaç ýol arzy-Rumystan,

Tört müň Saklap, Senjap, tört müň Zeňistan,

Göýä geçip bargan dildir bu dünýä.

 

Tört müň farsah Ýemen, bir müň-de Bulgar,

Zemini-Ýunan hem bolar ýek hezar,

Müň agaç ýol dagdyr döwi-merdumhor,

Anda agyp bargan saldyr bu dünýä.

 

Müň agaç kelim güwş, ýek dest-u ýek pa,

Bäş müň agaç Ýajuj, müň agaç sähra,

Ýedi müň agaç ýer jezire, derýa,

Müň ýer ýatan maldyr bu dünýä.

 

Iki müň üç ýüz agaç ähli-yslamdyr,

Yrak, Azerbaýjan, Müsürdir, Şamdyr,

Horasan, Fars, Bezirkuhda tamamdyr,

Ýok bolynça, galmagaldyr bu dünýä.

 

Magtymguly, adyň döndi Pyraga,

Pyrag bolup, çek özüňni gyraga,

Hasap etdim dünýä başdan-aýaga,

Üç ýüz altmyş ýyllyk ýoldur bu dünýä.

 

GELEN-DE BARDYR

 

Günde ýüz müň göç hem bolsa ol dünýä,

Ol mukdar bu dünýä gelen-de bardyr.

Ýüz müň akmak bolup, gitse raýyna,

Ýüz müň özün ýola salan-da bardyr.

 

Ýüz müň derwüş syna daglap oturgan,

Ryýazatda bilin baglap oturgan,

Niçe ýerde görseň, aglap oturgan,

Niçe ýerde bigam gülen-de bardyr.

 

Seýran etseň bu dünýäniň tört burçun,

Garyşypdyr halal, haram, arwah, jyn,

Niçeler tämizläp ýol giderler çyn,

Niçe ýüz müň gümrah bolan-da bardyr.

 

Ugursyz eýýamlar, aňlamaz ärler,

Käşgi soran bolsa, saçaýdym dürler,

Kany ol Süleýman, Rüstemler, şirler,

Diýme, busup, sypyp, galan-da bardyr.

 

Magtymguly, köňle gaýgy getirme,

Bu iş wagtydyr, özüň ýitirme,

Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma,

Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr.

 

GELMEZMI

 

Pelek, seniň bu döwletli gerdanyň,

Biziň sary öwrülmezmi, gelmezmi?!

Läşin ýere saldyň niçe merdanyň,

Zemin ynsap eýlemezmi, dolmazmy?!

 

Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň,

Gyzyl gandan gyrmyz bolupdyr dişiň,

Geçi, gurt dostlugna meňzär edişiň,

Gamly şat olmazmy, aglan gülmezmi?!

 

Oraksyz orar sen, tygsyz keser sen,

Ýumruksyz ýüzer sen, ýüpsüz asar sen,

El-aýaksyz bir bihabar basar sen,

Ýykan basar ýatar, gaýdyp galmazmy?!

 

Pelek bakgal, utar uruşsaň, söýseň,

Göwräňi göterip, ganatyň ýaýsaň,

Ölüm zulmun adam boýnuna goýsaň,

Gorkusyndan saralmazmy, solmazmy?!

 

Magtymguly, her säherden, sabadan,

Hali galma bu nalyşdan, dogadan,

Butparazlar butdan alsa myradyn,

Hajatyny Hakdan dilän almazmy?!

 

DÖWRAN TAPYLMAZ

 

Dogama duş gelen gögerer gül dek,

Gülüň möwsümi dek döwran tapylmaz,

Gahrymnyň ataşy köýdürer kül dek,

Kül ornundan gaýdyp bostan tapylmaz.

 

Köňül mysapyrdyr, jeset ýurtdadyr,

Janym joşgundadyr, ýürek dertdedir,

Küýüm kämildedir, gözüm mertdedir,

Şum şertämden hiç bir merdan tapylmaz.

 

Köňül goýgul gözel Alla köýüne,

Meşgul bolup ýatma mala, oýuna,

Adamzat myhmandyr dünýä öýüne,

Bir gün öý içinde myhman tapylmaz.

 

Gaflat içre gapyl ýatma, turawer,

Her ne berseň, eliň birle berewer,

Tiriklikde ölüm işin görewer,

Bir gün jeset içre bu jan tapylmaz.

 

Köňül awlaýyn diýp ugrasam her ýan,

Dawadyr, döwüşdir, käýiş tapar jan,

Aýdylmaz nesihat, okalmaz «Kuran»,

Jana ýakar edep-erkan tapylmaz.

 

Dergaha dogam köp, nalyşym bihed,

Täleýim zebundyr tenim bikuwwat,

Gaçgynym köplükdir, istegim hylwat,

Maňa hiç bir jaýy-pynhan tapylmaz.

 

Magtymguly, jan takdyra ten berdi,

Her kim özün saklaý bilse, nep gördi,

Haý, ne ýaman zatdyr, aňlamaz derdi,

Jahyllyk derdine derman tapylmaz.

 

AR BILE

 

Dyrnagy demirden talaňçy dünýä,

Işiň ýokdur namys bile, ar bile,

Jebri-jepasy köp, ýalançy dünýä,

Goýmaz sen gezmäge ýary-ýar bile.

 

Muhubbet öwjünden ýar bir gel diýse,

Matlabyňny istäp, menden al diýse,

Bir gün durduň, bir gije hem gal diýse,

Gadam goýsam aýak ýerne ser bile.

 

Ösdükçe öwj eder dünýäniň ýeli,

Kast etse, gurudar derýaýy-Nili,

Bir günde esredip, mest eder pili,

Bir günde nist eýlär peşe per bile.

 

Zeminiň üstüne daglar çökär sen,

Tomaşagär bolup, kesä çykar sen,

Her närsäni bir wejh ile ýykar sen,

Jülgäni sil bile, dagy gar bile.

 

Telmuryp, dat etseň, gulak tutmaz sen,

Ýyglap, ýaş dökene rehim etmez sen,

Jan matagyn alsaň, gaýdyp satmaz sen,

Ýene dönüp almak bolmaz zer bile.

 

Leýli üçin ne jebr etdiň Mejnuna,

Zalym, ynsap eýle bu nähak huna,

Günde kyrk at bezäp berdiň Karuna,

Isa mydar berdiň ýeke har bile.

 

Magtymguly aýdar, işiň talandyr,

Bu nobat çohlardan geçip gelendir,

Ygtybaryň ýokdur, sözüň ýalandyr,

Dost goýmadyň, ýegsan etdiň ýer bile.

 

ÝAT ÝAGŞY

 

Hoş günüňde, hoştaplaşyp gezmäge,

Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy,

Gamly günüň, galmagalyň üstünde

Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy.

 

Halal işle, ahyretden wehmiň bar,

Pakyry ynjytma, köňül rehmiň bar,

Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiň bar,

Akyl bolsaň, söze gulak tut ýagşy.

 

Ýürek daýanjydyr ogul zürýaty,

Şirin mahbup erer süňňüň kuwwaty,

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady,

Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.

 

Mollalar ahyret sözün söýlärler,

Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler,

Kim biler ki, ahyretde neýlärler,

Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy.

 

Taňry giň eýlese bende köňlüni,

Ryzk agzyna girer tutsaň elini,

Döwlet güzer etse, tapar ýoluny, –

Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy.

 

Nep almaýan kişi sözden, öwütden,

Enaýlygy bolmaz gury söwütden,

Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden,

Agylyňda yssy beren it ýagşy.

 

Magtymguly, dostdan syryň gizleme,

Biwepadyr nämähremi gözleme,

Ümsüm otur, halk içinde sözleme,

Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy!

 

NE IŞ GELER BAŞYMYZA

 

Eý, ýaranlar, bilmek olmaz,

Ne iş geler başymyza,

Görüň bu gahba pelegi,

Awy goşar aşymyza.

 

Ajal geler, agzyn açar,

Inçe bili zemin guçar,

Gülüp gelen aglap geçer,

Rehm etmez göz ýaşymyza.

 

Daýanmaň bagta, ykbala,

Dolanar ýüz müň hyýala,

Ygtybar ýok genje, mala,

Dünýä meňzär düýşümize.

 

Pelek bize egri bakyp,

El uzadyp, efsun okyp,

Orta ýerde däne döküp,

Tor gurupdyr daşymyza.

 

Magtymguly, barsaň mundan,

Haýyr-şer sorarlar senden,

Şirin jan aýrylsa tenden,

Gum guwanar läşimize.

 

GEÇIP BARADYR

 

Bu dünýä panydyr, tutmaz binany,

Bu dünýäge gelen geçip baradyr.

Kimdir ýalançyda tutan jahany,

Tutanyň ellerin açyp baradyr.

 

Şirin-şirin salar hasaba dünýä,

Ajy-ajy goýar azaba dünýä,

Ne ýetdir, ne tutdyr bu gahba dünýä,

Tutdum-tutdum diýseň, gaçyp baradyr.

 

Döwürler dolanar, gerdişler döner,

Niçeler göçerler, niçeler gonar,

Niçäniň maşaly täzeden ýanar,

Niçäniň çyragy öçüp baradyr.

 

Kimi Hakdan gorkup, reňňi saralyp,

Kimi dünýä kowar ýüwürip, ýelip,

Kimi ýüz hasratda, kimisi gülüp,

Kimi gözde ýaşyn saçyp baradyr.

 

Kimi begliginde düşmez eýwandan,

Kimi ýoksullykda käýiner jandan,

Kimi haram bilip, gaçadyr mundan,

Kimi arak, şerap içip baradyr.

 

Kimi ýalançyda aşretde ýaýlap,

Kimi halal goýup, haramy saýlap,

Kimi parhyn etmeý, bar işi eýläp,

Gözi bagly guş deý uçup baradyr.

 

Düşüp bolmaz gahba pelek alyna,

Dodagyň tamşandyr dünýä malyna,

Bir gün oragyny alar eline,

Öl, gury dannamaý, biçip baradyr.

 

Iki gün hoş bolsa, üç güni waýmyş,

Niçiksi menzilmiş, niçiksi jaýmyş,

Bu dünýä göýä bir kerwensaraýmyş,

Gelen ýük ýazdyryp, geçip baradyr.

 

Magtymguly aýdar, tiken ýok, gül ýok,

Ýigit ýok, garry ýok, hoja ýok, gul ýok,

Dilegçi dermanda, baý ýok, ýoksul ýok, –

Barçasy ýer goýnun guçup baradyr.

 

ADAMZAT

 

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,

Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat,

Garyplygyň gamy köňlün çökermez,

Aýal istäp, saýyl bolsa adamzat.

 

Günäden gorkmagan ruýy-syýadyr,

Munuň maglum güni ruzy-jezadyr,

Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,

Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat.

 

Her kişi kim, söz magnyga düşmändir,

Bir dertlidir, aňa derman duşmandyr,

Kyýamat gün hemme işi puşmadyr,

Hak işine kähil bolsa adamzat.

 

Ykballynyň ugran işi oň görner,

Dünýä ýüzi ele girse, teň görner,

Jahyllykda geçen işler geň görner,

Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat.

 

Akyl et jahanyň ruhyn, röwüşin,

Ygtybar etmegin dünýä duruşyn,

Magtymguly, ýagşy görerdi işin,

Kyrkyndan soň jahyl bolsa adamzat.

 

GARA REŇ BOLAR

 

Hozuň daş postuny, azergun güli,

Suwun saça çalsaň, gara reň bolar,

Içiň şerden sakla, gybatdan tili,

Saklamasaň köňül gözgiň zeň bolar.

 

Her kişi kim, ýamanlyga kast eýlär,

Iki dünýä öz işine kest eýlär,

Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär,

Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.

 

Ýigidiň bolmasa, sözde keseri,

Eýmençdir, aýrylmaz aýakdan seri,

Her kimde bolmasa iman eseri,

Ýüregi erimez, syýa seň bolar.

 

Adam ogly awaradyr, asydyr,

Bir söz diýseň ýagşy äre, besidir,

Bilip bolmaz Hakyň dosty kaýsydyr,

Alkyşy köp alsaň, işiň oň bolar.

 

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,

Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp,

Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,

Müşgil budur – sözleşende deň bolar.

 

DON GEREK

 

Ne beýle sen adamzat,

Çyplak dogduň, don gerek,

Ak süýt emdiň, ulaldyň,

Aglaýyr sen, nan gerek.

 

Ataň hoşnud bolmaga,

Eneň mährin salmaga,

Ýediňde din bilmäge,

Okyrga «Kuran» gerek.

 

Saýlaýyr sen dilbendiň,

Ýognalar biliň, bendiň,

On bäşde arzuwmendiň,

Gyz gerek, juwan gerek.

 

Juwan tapdyň guçmaga,

Aýş-u-aşret açmaga,

Andan soň iýip-içmäge,

Bir tükenmez nan gerek.

 

Köňlün ynjydyp halkyň,

Hoşnud etseň öz hulkuň,

Rum, Pereň bolsa mülküň,

Heniz «azdyr», kän gerek.

 

Ýatsaň düşekde bimar,

Yssyg etmez mal-u kär,

Zer dökseň harwar-harwar,

Göze ilmez, jan gerek.

 

Doga bilen är gögär,

Ýagmyr bilen ýer gögär,

Är oldur – alkyş alar,

Ýerlere baran gerek.

 

Ajal geler oýda ýok,

Görmek ýylda, aýda ýok,

Hiç bir zatdan peýda ýok,

Bir nury-iman gerek.

 

Magtymguly, sözleýen,

Niçe mahfy gizleýen,

Bir magny pähim eýleýen,

Akylly ýaran gerek.

 

AÝYŇ ÝAGŞYSYN

 

Ýigrimi tört sagat on iki aýda,

Remezan  diýerler aýyň ýagşysyn,

Pena döwranynda, ýeriň ýüzünde,

Şamy-şerif diýrler jaýyň ýagşysyn.

 

Ýa, ýaradan kadyr, gudratyň kändir,

Ol gudrat işlere akyl haýrandyr,

Pikir ýetmez, ýa Rebb, niçik pynhandyr,

Zulmat içre goýduň suwuň ýagşysyn.

 

Gara guş ýaraşmaz beýik baglarda,

Gül üstünde bilbil saýrar çaglarda,

Ýeriň arkasynda, gençli daglarda,

Aždarha eýelär zawyň ýagşysyn.

 

Üýnüň ýetse, arzyň aýtsaň subhana,

Akyl haýran bolar däli-diwana,

Ýürekde dert bolup deger hem jana,

Şagal ýaryp gider awuň ýagşysyn.

 

Yşk meni ýandyrdy, janym keseldir,

Dert başdan aşadyr, işim osaldyr,

Bu gadymdan bolup gelen meseldir,

Kirpi ýaryp gider gawun ýagşysyn.

 

Munus bolar dilin bilseň wagşynyň,

Hakyn nähak eýlemegin goňşynyň,

Aklyň bolsa, abyraýly kişiniň,

Ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn!

 

Magtymguly, bu destury-zamana,

Ýagşyny ýygladyp, joşar ýamana,

Gardaşlary Ýusup deýin janana,

Rowa görmediler jaýyň ýagşysyn.

 

ATÇA BOLMAZ

 

Haryň işi hardyr, dostlar,

Müň magtasaň, atça bolmaz.

Bedasyla emel ýetse,

Biliň, asylzada bolmaz.

 

Pany dünýäge ynanmaň,

Altyn-kümüşe guwanmaň,

Giýewlere köňül bermäň, –

Bir dogan zürýatça bolmaz.

 

Köp ýollarny görse gözüň,

Her magnydan bilseň özüň,

Bir nadana aýdan sözüň,

Ösüp giden badça bolmaz.

 

Başyň ýassyga ýetende,

Sabyr, karar bolmaz sende,

Güýjüň-kuwwatyň gidende,

Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.

 

Magtymguly ajap çaglar,

Kimse güler, kimse aglar,

Dürli miwe beren baglar,

Sowular, jennetçe bolmaz.

 

NAZAR EÝLE

 

Ten kapasna giriftar, gel, jana nazar eýle,

Bak, köňül gözgüsine, janana nazar eýle,

Ybrat gözüni açyp, jahana nazar eýle,

Iki kamy tutmagyn, bir ýana nazar eýle,

Hiç kimge baka bermez, döwrana nazar eýle,

Döwranyna daýangan ynsana nazar eýle,

Bu gonup-göçüp bargan kerwana nazar eýle!

 

Bu döwran içre köňül guşlary eýlär perwaz,

Göýä murgy sehrdir, şeb suhan eýlär agaz,

Bag içre bilbil olup, okyr nagma hezar saz,

Hudaýa toba eýläp, dergahyňa döndüm baz,

Ömür az, döwran deraz, ne roza bar, ne namaz,

Oýan haby-gaflatdan, haşra meňzär pasly-ýaz,[81]

Alymlar tesbih okyr, her ýana nazar eýle!

 

Ölmes men diýp düşmesin, köňlüň bu güman içre,

Ömre ýokdur ygtybar, ötegçi zaman içre,

Ajal goýmuş ok-kezin, kirge keman içre,

Bendäge ne armandyr, jan berse iman içre,

Sözle, sözüň ýaýylsyn bu ýagşy-ýaman içre,

Az ömre agyr işler gurup sen jahan içre,

Mukym işini tutan myhmana nazar eýle!

 

Wah, ne hoşdur aşyga hylwat ýara ulaşmak,

Hal-ahwalyn soraşyp, gol boýuna salyşmak,

Magşaryň neşri ýaňlyg ten, jan kimin buluşmak,

Bir-birge derdin döküp, sergüzeştin kylyşmak,

Tow berilgen rişte deý çyrmaşyban-çolaşmak,

Dostlar ne müşgil işdir, gowuşyp, aýrylyşmak,

Wysala magrur olma, hijrana nazar eýle!

 

Magtymguly, sözlemeý goýmaz durmaga derdiň,

Ýalançyda aýlanyp,[82] altmyş ýana el gerdiň,

Panyny baky bildiň; ýeldiň-ösdüň, ýüwürdiň,

Dostuňa yza berdiň, duşmana ýüz öwürdiň,[83]

Azyz janyň pida kyl, saýasynda bir merdiň,

Otuz dört ýaşa geldiň, bu jahanda ne gördüň,

«Kurana» gulak goýup, permana nazar eýle!

 

IRNIP DURUPDYR

 

Gaflat ýassygynda goýupdyr başy,

Gapyl adam munça irnip durupdyr.

Ten kapasy içre wagşy jan guşy,

Her dem perwaz eýlap, urnup durupdyr.

 

Ömrüň ötdi-gitdi kylmadyň perwa,

Menziliň mesjit kyl, düşegiň borýa,

Kylganyň küfürdir, etgeniň yrýa,[84]

Anda kaza ýaýy gurlup durupdyr.

 

Ýagşylardan bir nesihat alawer,

Gitdi kerwen, ýeke galdyň, ýelewer,

Adam ogly, zynhar, häzir bolawer,

Nebsi-şeýtan saňa sürnüp durupdyr.

 

Elwan tagam iýip, al-ýaşyl geýip,

Parahat ýatyr sen, gorkyňy goýup,

Ajal şiri arlap, penjesin ýaýyp,

Başyň ujun alyp, gernip durupdyr.

 

Oýan, Magtymguly, gaflatda ýatma,

Mala magrur olup, mähnete batma,

Öter dünýä üçin özüňi satma,

Bu nogsanyň düýbi görnüp durupdyr.[85]

 

ŞALYK BILE

 

Deň bolar diýp saýmagyl, işiň bet efallyk bile,

Hiç haçan deň bolmagaý eşek bedew şalyk bile,

Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,

Başyňny gowgaýa salma maly-dünýälik bile,

Tur, säher ýat eýle Hakny, ýygla tenhalyk bile.

 

Bardy Turuň dagyna, hak birle boldy ol Kelim,

Ötdi aňlar, galdy dünýä, geçdi eýýamul-kadym,

Ýatsa ýer boldy düşek, örtgünjesi parça kilim,

Bakdy goýnun Şuaýbnyň ýedi ýyl Musa-kelim,[86]

Çölde gezdi daýyma raz aýdyşyp halyk bile.

 

Eý, aty ýüwrük ýigit, özi goçak, gülgün kaba,

Munda jebr etgen kişi, ol günde bolgaý rusyýa,

Her kişi zor eýleýip, alsa bu gün, bergeý saba,

Ol weliler serweri Soltan Weýis dek öwlüýä,

Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

 

Ýakup ogly ol Ýusupnyň käkilinden tutdular,

Urdular, aglatdylar «Gurt iýdi» diýip satdylar,

Niçe ýyl Eýýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,

El-aýagyn baglaýyp, Ýunusny derýa atdylar,

Niçe wagt tagat çekip, «Huw!» diýdi bir balyk bile.

 

Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň,

Gähi-gähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň,

Gühi-gähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň,

Bilmedim, sen kaýsy bolduň, belli bir iş tutmadyň,

Ne sypahyllyk bile bolduň, ne mollalyk bile.

 

GEZEMEK BILEN

 

Ýetmiş ýaşly gardaş, girmegil ýaýa,

Okuň ýola düşmez gezemek bilen,[87]

Guwanma kesekden gurlan binaýa,

Kesek bina tutmaz düzemek bilen.

 

Adamzatdan çykar adamlyk ysy,

Galp adamyň basym biliner misi,

Mümüne azar biýr adamyň pisi,

Dönüp, dagwa tutar duz-emek bilen.

 

Uzak ýola bidöwleti baş etme,

Allanyň emrinden köňlüň daş etme,

Akmaga iç berip, syryň paş etme,

Galbirde suw durmaz gözemek bilen.

 

Dost tutma köp ýaşly adam kösesin,

Baryn ýok diýr, boş görkezer kisesin,

Biribar boş etse aklyň käsesin,

Ne peýda daşyndan bezemek bilen.

 

Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil,

Özüňni sen özgelere göz etgil,[88]

Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,

Ne bar manysyz söz uzamak bilen.

 

GITMEZMIŞ

 

Iller, heý, Mejnun dagynyň,

Serinden duman gitmezmiş;

Müňküre bilin baglanyň,[89]

Köňlünden güman gitmezmiş.

 

Goýna gardaş bolmaz gurtdan,

Dileg etme her namartdan,

Tä ölinçä goç ýigitden

Myzrak, tiz-keman gitmezmiş.

 

Gapyl adam ogly bilmez,

Ölümini ýada salmaz,

Malyň-mülküň yssyg kylmaz,

Ýanyndan iman gitmezmiş.

 

Zamana ýakyn gelende,

Ýeri, gögi suw alanda,

Alladan gaýry ölende,

On sekiz mekan gitmezmiş.

 

Ýer bilen gökden kuwwatly,

Şol Ezraýyldan haýbatly,

Bäş kişiniň haryş atly,

Öňünden ýylan gitmezmiş.

 

Aşyklar terki-jan etsin,

Gözde ýaşyn rowan etsin,

Goç ýigitler yhsan etsin,

Yhsany reýgan gitmezmiş.

 

Magtymguly, galgan derde,

Işiň düşmesin namarda,

Kyýamat güni jomarda

Dowzahdan zyýan ýetmezmiş.

 

DAŞY SYNDYRAR

 

Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,

Daga azy ursaň, daşy syndyrar;

Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,

«Paluda» diýen aş dişi syndyrar.

 

Ajalyňdan gorkup girseň ummana,

Gorkudan ne peýda gidejek jana,

Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana,

Haşhaşyň samany başy syndyrar.

 

Bar sözüne gulak goýgul bileniň,

Ahyry hiç ýere ýetmez ýalanyň,

Ömür saly artar alkyş alanyň,

Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.

 

Akylyň sözüne köňül söýüner,

Akmagyň işine zehin käýiner,

Muhannes giň ýerde akyl saýynar,

Dar ýerde akyly-huşy syndyrar.

 

Magtymguly, çölde gezen naşyny,

Bilik sorma, köp sürdi diýp ýaşyny,

Dar mejlisde doly berseň käşini,

Aşyn iýe bilmez, käşi syndyrar.

 

ÖLMESDEN BURUN

 

Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,

Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun.

Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun,

Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,

Ýaşlygyň gadryny bilgil[90], tä ulalmasdan burun.

 

Ulaldyň – köňlüňdedir ýalgan jahanyň söýgüsi,

Gözleriň gözel görüp, seni günähe goýgusy,

Dilleriň gybat kesip, lap-ýalan sözler aýgysy,

Hatyryň ýüz-müň perişan, kethudalyk gaýgysy,

Ne ajap hoş idiň, özüňni bilmesden burun.

 

Ýaradan ýadyndadyr, başyň ýowuz halda eken,

Ötse ýüz ýyl, ýada düşmez, belli hoş halda eken,

Ömrüňni bihuda tutma, pursatyň elde eken

Degse bir bady-hazan soldyr seni gülde eken,

Gülni ýadyňdan çykarma, täki solmasdan burun.

 

Akly-huşuňga ýetişdiň, eýlediň seýrany sen,

Istär idiň jemg edem, bu külli Eýrany sen,

Iýmediň bir dem parahat Taňry bergen nany sen,

Heý, habaryň barmydyr, bu jahanyň myhmany sen,

Azygyň taýýary kyl, kerwen çekilmesden burun.

 

Galmamyş bu köne dünýä Rüstem ile Zalyňa,

Garra bolma iki günlük iýgu-içgu, malyňa,

Hakykat aryfny gör, atlasny berdi şalyňa,

Tur säher, Magtymguly, ýygla bu gün öz halyňa,

Taňla ol magşar güni derläp uýalmasdan burun!

 

KÜRS ÇYKAR

 

Hakykatda ýola giren derwüşler,

Pelle-pelle sidre bile kürs çykar.[91]

Başçysyz, häkimsiz ýola girenler –

Ýolun şeýtan urar, ýoly ters çykar.

 

Arwah bar hem, jyn bar, peleň bar, gurt bar,

Gaýgy bar, gussa bar, ýol daşdyr, dert bar,

Uşbu ýola girseň, niçeme şert bar,

Şertsiz ýola girseň, garşy bars çykar.

 

Ysrapyl sur çalsa, ýer, gök egilse,

Şeýtan sar-sar ursa, daglar dagylsa,

Deçjal dünýä inse, goşun ýygylsa,

Yzy Hintde bolar, öňi Kars çykar.

 

Çilten, abdal gider, gaýyp galandar,

Dogagöý hiç galmaz, boşanar bender,

Kap dagynyň gädiginde Isgender,

Döw ýoluna goýdurdygy gors çykar.

 

Magtymguly aýdar, bir zat bilmezem,

Işler bardyr, uhdesinden gelmezem,

Eý, ýaranlar, bu nädendir, bilmezem,

Hyzyr diýip el urdugym, hyrs çykar.

 

JEM BOLUP

 

Çalyndykça, jahan çyrçygy artar,

Kaçan köňül karar tapar jem bolup!?

Ahyret işiň gör, mundan baş gutar,

Dünýäni kim tutdy? – Öter güm bolup.

 

Dyrnak bilen daglar dilen Benijan,

Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,

Kany ol Isgener, Rüstem päliwan,

Sen dünýäni tutajak sen kim bolup?

 

Bu nurbatsyz döwranyndan – dat günüň,

Eglenji ok, bökdenji ýok – bat günüň,

Oglanlykda, ýigitlikde – şat günüň,

Garrylykdan gaýdyp basar gam bolup.

 

Maglum işdir – gaýdajakdyr gelenler,

Barar ýeriň işin gördi bilenler,

Gaýgyyz gezenler, gapyl bolanlar,

Wa-hasrat-a, boş gitdiler kem bolup.

 

Tapa bilseň hakykatyň merdini,

Çeşmine totuýa kylgyl gerdini,

Gulzum deý günähiň teriň-derdini,

Çyn toba gurudar aňa em bolup.

 

Owwal özüň yhlasyňny düzlegin,

Her köşeden nyýaz okun gezlegin,

Bildigiňçe, mydam ýagşy sözlegin,

Ýagşy söz tapmasaň, otur sem bolup.

 

Magtymguly, Alla adyn zikr eýle,

Ýamana sabyr eýle, ýagşa şükr eýle,

Görüstany gör-de, otur, pikr eýle,

Men-men diýen ärler, ýatyr gum bolup!

 

ÝETMEÝIN GALMAZ

 

Yhlas bile bir kämile gol bergen,

Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz,

Derýa içre ýüzgen, çöllerde ýörgen,

Dem hasabyn tükel etmeýin galmaz.

 

Çünki geldiň bu ýalançy jahana,

Aýagyň garamaý, bakdyň asmana,

Pelek bazarynda iýdigiň nana,

Adam ogly ömrün satmaýyn galmaz.

 

Hemrahym ýok, baryp syrym açarga,

Derdim togtaşarga, odum öçirge,

Dünýä bir menzildir gelip-geçerge,

Bu menzile gelgen, gitmeýin galmaz.

 

Pelek tomaşakär asmana çykyp,

Adamzat mal üçin ýüregin ýakyp,

Dünýä aždarhasy dem bile çekip,

Jümle-jandar tohmun ýuwtmaýyn galmaz.

 

Magtymguly, bu dünýäniň döwletin,

Gelen görer-çeker ölüm mähnetin,

Mydam ýörüderler ajal şerbetin,

Bu şerbetden hiç kim datmaýyn galmaz

 

ENEDE BIZNI

 

Bir yşykly suw eýläp, owwal atada bizni,

Surat eýläp jan berdiň soňra enede bizni,

Hoşwagt eýläp gezdirdiň darel-penada bizni,

Her işe maýyl etdiň nefsi-howada bizni,

Kim biler ki, neýlär sen, darel-bakada bizni?

 

Gäh dünýä talap eýläp, hem ýortar men, ýeler men,

Gäh ýyglap öz halyma, gäh şoh olup, güler men,

Men bir ejiz bende men, saňa arzym kylar men,

Hudaý-a, kylma ryswa, keremiňden tilär men,

Bu dünýäýi-kyýamat goýma, uýada bizni.

 

Asy bolup ýüwir sen, köp güle-güle bu dem,

Azap çekip ýatar sen ýeriň astynda bi dem,

Ýyglaýyp ýeke galsaň, kim saňa ola hemdem?

Ýer saňa aýdar muny: «Eşit, eý, gapyl adam!»

Goýmazlar hoş gezmäge ýalan dünýäde bizni.

 

Tutsalar gyl köprüde, durmasa anda daban,

Soralan wagt haýr-u şer, ýessirlena hasaban,

Mümüne hoş wagdadyr wesakkahüm şeraban,

Diýse ol wagt käpirler: ýa, leýteni turaban,

Ýa, Rebb, ol gün lutf eýläp, atmagyn oda bizni!

 

Hakykatyň ýoluny rehbersiz gezmek olmaz,

Jemal istegen aşyk görmeýen gyzmak olmaz,

Aşyklygyň belasyn çekmeýen syzmak olmaz,

Wysala doýmak olmaz, hijrana dözmek olmaz,

Örteme yşk oduna mundan zyýada bizni!

 

Gel, köňül, sabyr eýlegil, munçakly oda düşme,

Az bilip, köp sözleýip, gam çeşmesin işme[92],

Bitap olup döker men, gözýaşym çeşme-çeşme,

Ýagşy-ýaman işimiň hiç birine garyşma,

Günähim güzeşt eýläp, ýetir myrada bizni!

 

Magtymguly, binowa, biçäre-andalyby,

Bir parça gam döwrany, bolmuş anyň nesibi,

Ýygylsa, kylmaz çäre, aňa dehriň tebibi,

Her mejlisde söhbetde şat eýläň biz garyby,

Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni!

 

BAKA-BAKA GIDER SEN

 

Panydan bakyýa göçe-göçe bolsa,

Telmuryban, baka-baka gider sen,

Ajal jamgyn sunup, iç-hä iç bolsa,

Jan ajygyn çeke-çeke gider sen.

 

Oglanlaryň durar zar-u girýana,

Egsikler saç ýaýyp, düşer lerzana,

Malyn teksim bolup girer talana,

Eliň ýuwup, çyka-çyka gider sen.

 

Mal üçin, ynjydyp gardaş-doganyň,

Az bildiň tylladan satyp, sowanyň,

Paýlaşarlar halal-haram ýyganyň,

Sen azabyn çeke-çeke gider sen.

 

Bu dünýäden barsaň, ol dünýä, gardaş,

Näler görejekdir bu şum gara baş,

Haýyr gazan munda – ýanyňa ýoldaş,

Ýogsa gabra ýeke-ýeke gider sen.

 

Adam ogly ýada salsa asylyn,

Kaza goýmuş ajal atly masylyn,

Aklyň bolsa ahyretiň hasylyn

Bu dünýäde eke-eke gider sen.

 

Jahanda görkezer gudrat işleri,

Ganatyň kuwwaty galdyr guşlary,

Ýigitligiň zory syndyr daşlary,

Kyrkdan aşdyň, çöke-çöke gider sen.

 

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne,

Kim bar sözleşerge baryp nazarna,

Hiç rowaç tapmadyň sözüň bazarna,

Hyrydarsyz, döke-döke gider sen[93].

 

KÖŇÜL ÝATMAZ HIÇ

 

Alla ýady bilen tirik bolan dil,

Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç.

Köňül bostanynda iman täze gül

Bir açylsa durar, solup ýitmez hiç.

 

Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy,

Bar gullukdan nikdir Hakyň ryzasy,

Eger dogry gelse ajal kazasy,

Müň ýalbarmak bilen köňül güýtmez hiç.

 

Ýigitler, sözüme bir gulak asyň,

Ýalançydan dostluk tamasyn kesiň,

Kaýsy ýaňa köpdür yşkyň höwesin,

Ýatsaň-tursaň hyýalyňdan gitmez hiç.

 

Adam ogly, dünýä geldiň gitmäge,

Gördür seniň barar ýeriň ýatmaga,

Jäht eder sen çalnyp jahan tutmaga,

Bu işlere, meger, aklyň ýetmez hiç.

 

Eý, jahan mülkünde gezen serferaz,

Bir bende men, köp sözleýip bilmen, az,

Dünýä bazarynda pelek – humarbaz,

Hiç söý bile ynsan ony utmaz hiç.

 

Aş, suw bilen gerçe tapar ten maza,

Şirin sözdür jan gulagna geň maza,

Jan öýünden hoş nesihat aňmaza,

Gara daşa degen suw dek ötmez hiç.

 

Magtymguly, ýigitlik bir ýaz görner,

Jany saga mydam söhbet-saz görner,

Ýagşy günler köp hem bolsa, az görner,

Ýaman günler az hem bolsa, ötmez hiç.

 

KÄR BILE

 

Gapyl adam, gar agzynda ýatyp sen[94],

Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile.

Dünýä mardyr, ýastanyban ýatyp sen,

Ynjalarmy bile ýatan mar bilen?!

 

Iman gazan, ynsabyňny ýuwtmagyl,

Göre-göre, özüň oda atmagyl,

Munda bidar geçewergil, ýatmagyl,

Munça dözüp ýatajaksyň gör bile.

 

Her ýan gitseň barar ýeriň gör bolar,

Haýyr gazan, ýatan ýeriň nur bolar,

Ýagşy bolsaň, jaýyň jennet-hüýr bolar,

Ýaman bolsaň, köýdürerler nar bile!

 

Gözüň ýumduň, senden aýrylar malyň,

Ölensoň tirikler ne biler halyň,

Ýagşy-ýaman, her ne eden agmalyň,

Garşyň alyp durar mydam bar bile.

 

Asly käfir musulmana gatyşmaz,

Çyn musulman haram işe tutuşmaz,

Menzil kesmez, hiç bir ýana ýetişmez,

Başçy tutup, ýola giren kör bile.

 

Ömrüňe aldanma, ötgenne ýanma,

Malyňa guwanma, mülke daýanma,

Munda bet işleme, anda uýanma,

Hasap güni haýryň alyp bar bile!

 

Magtymguly, dogry söze ten bergil,

Sowap mundan ötmez, tapsaň, nan bergil,

Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,

Işiň nedir seni diýmez ýar bile!

 

KÖÝMÄN ÝIGIDE

 

Ulalanda iş hoş gelmez,

Ýaşlyklda köýmän ýigide.

Döwlet gelse, özün bilmez,

Dogaly doýman ýigide.

 

Ýamana öwüt hebesdir,

Ýagşy äre bir söz besdir,

Ýörişini ýalňyş basdyr,

Ýaňy don geýmän ýigide.

 

Jüpbe, jöwşen, zyryh-sowut,

Keserli  gylyç, arap at,

Söweş güni gider uýat

Gaýraty bolman ýigide.

 

Çopan adam çoka bolmaz,

Ala garga oka gelmez,

Köp ýygylsa, terhos almaz,

Aňyrsy bolman ýigide.

 

Gulluk ýetirgil janyňdan,

Aýama parça nanyňdan,

Ganly bolsa, geç ganyňdan,

Bir garyp myhman ýigide!

 

Dünýäde hiç kim galmandyr,

Mal jana ýoldaş bolmandyr,

Göýä bu dünýä gelmändir

Bir zürýat galman ýigide.

 

Altyn-kümüş mis görüner,

Dula gyrnak tüýs görüner,

Peri hatyn pis görüner

Bir hulky söýmän ýigide.

 

Mal döner çyýan-çirmege,

Durar et-ganyň sormaga,

Malyndan zekat bermäge,

Gözleri gyýman ýigide.

 

Magtymguly, ýoldan çykmaz,

Ýamana ýagşy söz ýakmaz,

Müň söz aýtsaň, biri ýokmaz

Taňrysy guýman ýigide.

 

ÄDEJEK SEN

 

Adam ogly, özüň bilmeý,

Gedem-gedem ädejek sen;

Eýäniň emrini kylmaý,

Öz köňlüňi güýdejek sen.

 

Istär sen, älemni gapsaň,

Karun bolup genje depseň,

Halal, haram, her ne tapsaň,

Gözüň ýumup, ýuwdajak sen.

 

Nadan olduň[95], bilgil bary,

Unutdyň Perwerdigäri,

Köňle gelen her ne käri

Sangy etmeý edejek sen.

 

Aslyň nedir, etgil nazar,

Tutan işiňden kyl hezar,

Ajal saňa etse güzer,

Habaryň ber, nädejek sen?

 

Dünýäni gyzgyn tutmagyl,

Işiň gör, bikär ýatmagyl,

Magtymguly, unutmagyl,

Gidejek sen, gidejek sen!

 

JOŞ GELSE

 

Dünýäde niçe iş bardyr, amandyr

Biri oldur, ýersiz gahry joş gelse,

Aşyga her güni ahyrzamandyr

Ýardan yrak düşüp, ara daş gelse.

 

Dostuňy egleme, nepden galmasyn,

Duşmanyň saklama, syryň bilmesin,

Açda algyň, bege bergiň bolmasyn,

Iş müşgildir, aňlamaza duş gelse.

 

Zemin seni häli-häli ýutarmy,

Akyl munda beýle bigam ýatarmy,

Hiç bir masgaralyk mundan ötermi,

Giden gury gitse, gelen boş gelse.

 

On gat öýüň bolsa demir galadan,

Ajal tapar emir bolsa Alladan,

Hakykat är ýüz döndermez beladan

Hak ryzasy bilen başa daş gelse.

 

Aşyk men diýp, lap urarlar ýalandan,

Bellisini aýdar sorsaň bilenden,

Il gözüňçe ýüz ýyl tagat kylandan,

Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse.

 

Baýlar baglap sahawatyň gapysyn,

Köpelder tamugyň möýün-apysyn,

Görüň bu eýýamyň pirin, sopusyn,

Dannamaýyn, tykar otyr aş gelse.

 

Magtymguly, söýle aklyň ýetinçä,

Ahyretiň gazan bikär ýatynça,

Tamugdadyr tä dünýäden ötinçä,

Ýaman hatyn ýagşy äre duş gelse.

 

DIŞ GITMEK

 

Tagam lezzetin bilmez,

Dahanyňdan diş gitmek,

Aňyrsyzy azdyrar

Götin döwlet – baş gitmek.

 

Şeýtan ýolun bek eýlär,

Gara ýüzün ak eýlär,

Ýüz müň günä ýok eýlär,

Säher gözden ýaş gitmek.

 

Peltesiz ýag çyraga

Yşyk salmaz gyraga,

Ilin salar aýaga,

Aýak galyp, baş gitmek.

 

Niçe pise zar bolup,

Ýatsaň ýeg bimar bolup,

Hoşdur ýagşa ýar bolup,

Bir ýamandan daş gitmek.

 

Ulaşmaganlar gama,

Şükr etmezler bu deme,

Abyraýdyr adama,

Ýagşy gelip, hoş gitmek.

 

Ýaman dil – ýol ýitirer,

Ýagşy – rahmet getirer,

Äre sangy artdyrar

Kyrkdan aşyp, ýaş gitmek.

 

Pyragy dünýä düýşdür,

Düýş görseň, düýbi hiçdir,

Jahanda ýaman işdir

Gury gelip, boş gitmek.

 

HIJRAN KAÝSY, BILMEDIM

 

Pelek maňa gam badasyn bereli,

Wysal kaýsy, hijran kaýsy, bilmedim;

Hak işine ten bermemişem, göreli,

Arzuw kaýsy, arman kaýsy, bilmedim.

 

Bende bolsaň, gözle Hakyň ryzasyn,

Jebir eýlese, çekewergil jezasyn,

Ajal atar bir gün tiri-kazasyn,

Kiriş kaýsy, keman kaýsy, bilmedim.

 

Bir suratam, bakman, bu gün özüme,

Aryf bolsaň, gulak goýgul sözüme,

Dünýä düýbi ýok görüner gözüme,

Döwür kaýsy, döwran kaýsy, bilmedim.

 

Az ömrümi köp söwdaýa satyp men,

Özüm bilmeý, ol derýaýa atyp men.

Ne ummandyr, ne talabdyr, batyp men,

Zemin kaýsy, zaman kaýsy, bilmedim.

 

Her kim girse ol talaba, ummana,

Başyn alyp çyka bilmez bir ýana,

Gadam goýdum ol sähraýa-meýdana,

Jan kaýsydyr, jahan kaýsy, bilmedim.

 

Men dünýäni asmandaky reň bildim,

Yssy-yssy asylyşdym, soň bildim,

Imdi anyň baryn-ýogun deň bildim,

Sud kaýsydyr, zyýan kaýsy, bilmedim.

 

Magtymguly, ýoluň öňi, ardy bar,

Çeker ýükün, her kişiniň merdi bar,

Ýüregimde pynhan yşkyň derdi bar,

Dert kaýsydyr, derman kaýsy, bilmedim.

 

DÖNDI DÖWÜR ÝAMANA

 

Eý, agalar, aglar men, geldi, geçdi zamana,

Ýagşy gadry bilinmeý, döndi döwür ýamana,

Ýaman aldy jahany, dönmez tili imana,

Köp pakyrlar aglaşyp, geler andan amana,

Istäri bar az wagtdan derhem bola zamana.

 

Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile baş goşman,

Başyň gara bilmediň, ne dost bildiň, ne duşman,

Eý, ýaranlar, sud etmez imdi etseň müň puşman,

Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,

Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

 

Düşmegin ham hyýala – dünýä gelen ölmezler,

Gelen geçer dünýäden, biri aman galmazlar,

Janlar çekip çagyrsaň, dogry ýola gelmezler,

Her ne bola ýuwtarlar, halal, haram bilmezler,

Diýrler: Hakdyr Muhammet, uýupdyrmyz «Kurana!».

 

Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il dynmaz,

Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehm inmez.

Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez,

Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz, gök inmez,

Çarh guwanar bu işe, bolmaz ahyrzamana.

 

Gapyl galdym, ýaranlar, öz-özümden riştim ýok,

Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok, puştum ýok,

Pikir bahryna girdim, ýelkenim ýok, kiştim ýok,

Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştim ýok.

Elim bersem, tutan ýok, düşdüm düýpsüz ummana.

 

PÄLI BENDÄNIŇ

 

Eý, ýaranlar, haram işe ulaşmaz,

Eger dürüst bolsa päli bendäniň,

Harama ulaşmaz, pise bulaşmaz,

Haka dogry bolsa ýoly bendäniň.

 

Täze ömrüň solar ajal badyndan,

Ahyr nogsan geler dünýä, sudundan,

Boýny azat bola tamug odundan,

Haky ýat eýlese tili bendäniň.

 

Gabryňa salmazlar dünýä malyndan,

Ýüzi gara, jowap gelmez tilinden,

Kyýamat gün şikwe eder elinden,

Zekatsyz ýygylan maly bendäniň.

 

Nebs hyýalda, köňül dünýä küýünde,

Ýol yrakdyr, ýük agyrdyr boýunda,

Aýagy talapda, eli oýunda,

Ajal agzyndadyr bili bendäniň.

 

Magtymguly, her kim işin sap etmez,

Maglumdyr ki ahyretden howp etmez,

Ajyz teni otly gürzä tap etmez,

Ýa, Pebb, niçik bolgaý haly bendäniň.

 

KÖŇÜL

 

Bilmezem hiç, kaýsy derdiň mübtelasydyr köňül,

Ýa, Rebb, ol bir biwepanyň çoh höwäsidir köňül.

 

Yşk derýadyr, düýbi ýok, hijran bir otdur, öçme ýok,

Yşka meýl etgen bu otlarga ýanasydyr, köňül.

 

Bilmeýen atmyş özün yşk oduga perwana dek,

Imdi bilmez çäresin kim, ne kylasydyr köňül.

 

Isanyň demi muhal, Lukman o ýerde güň-u lal,

Ýa, Rebb, bu derdiň bu muhal iş dowasydyr, köňül.

 

Gerçe yşkyň derdidir diwanaýy jan apaty,

Aşna ähli bu gamny daýym aýasydyr, köňül.

 

Niçe mährem binowalar tapdylar andan nowa,

Manyg eden andan meni bagtym syýasydyr, köňül.

 

Ýyglaýyp, Magtymguly, dergaha arzyň edewer,

Ne üçin köp ýyglagan bir gün gülesidir, köňül.

 

KÖZ BILE

 

Kimsäm bardyr, arzym ýara ýetirsin,

Yşk oduna köýdüm gitdim köz bile.

Gelip, eli bile odum öçürsin,

Ýogsa sönmez baran bile, buz bile.

 

Gelen geçdi, gelejege ýurt goýdy,

Aşnalygy namart açdy, mert goýdy.

Ýar synamda dag üstünde dert goýdy,

Dert üstüne burç goýupdyr duz bile.

 

Magşugym tapdyrmaz, tapsam, el bermez,

Ykbalym oýanmaz, bagtym hem turmaz,

Ýüregim ynjalmaz, köňül hem durmaz,

Ýar jemalyn görmeginçä göz bile.

 

Bir derde duşup men, hiç kimse bilmez,

Isa aňmaz, Lukman çäresin kylmaz,

Geler – turmaz, duman başdan sowulmaz,

Her zaman bir dert egser men söz bile.

 

Müň yşk ile maly-dünýä ýygar sen,

Bir şaýy çün ýüz köňülge deger sen.

Dünýä – derýa, ten bir saldyr, agar sen,

Kaçana deň taý gider sen düz bile.

 

Bu dünýä malyndan kim eltdi bir zat,

Owwaly gam, gaýgy, ahyry berbat,

Bolajagyň budur seniň, adamzat,

Ýok bolar sen toprak bile, toz ble.

 

Magtymguly, ne menzildir, durar sen,

Ýurt kimiňdir, agyr işler gurar sen,

Kysmat olsa, garyş ýere girer sen,

Nesip etse, alty arşyn biýz bile.

 

DAŞLAR BILE

 

Köňül aýdar: halkdan galyp,

Gezsem daglar-daşlar bile.

Ýazygymny ýada salyp,

Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile.

 

Her kim, görsem, bir pişede,

Meniň köňlüm endişede,

Kuhy-ser içre köşede

Otursam agaçlar bile.

 

Garry dünýä al içinde,

Adamzat hyýal içinde,

Jahan galmagal içinde,

Her kim ýüz talaşlar bile.

 

Allanyň yşkynda mestler,

Duş gelişmez zeberdestler,

Köňül perwaz urar, dostlar,

Durmaz ýüz alaçlar bile.

 

Köp köýler bile oturdym,

Bilmedim, ne iş bitirdim,

Gümrah bolup, ýol ýitirdim,

Oturdym biweçler bile.

 

Bikär goýma ömür tagty,

Oýandyrsak uýumyş bagty,

Doga kylyp, säher wagty,

Nalyş kylsam guşlar bile.

 

Magtymguly, tofyk alsam,

Bir är tapsam, gulluk kylsam,

Köňül aýdar: ýoldaş bolsam,

Dem çeken derwüşler bile.

 

MÄHRAP KAÝSY, BILMEDIM

 

Abdal maňa ebed jamyn sunaly,

Mesjit kaýsy, mährap kaýsy, bilmedim.

Ol gudazda janym erip ýanaly,

Abat kaýsy, hara kaýsy, bilmedim.

 

Bir tabeşe tap etmedim, toz boldum,

Toprak boldum, ataş boldum, suz boldum,

Daşdan bişdim, içden köýdüm, köz boldum,

Ki nar kaýsy, kebap kaýsy, bilmedim.

 

Güzer etdim bir mekansyz mekana,

Seýran etdim bir meýdansyz meýdana,

Haýran galdym bir jahansyz jahana,

Beýit kaýsy hem bap kaýsy, bilmedim.

 

Nebse uýdum, özüm bildim, hyrs boldum,

Akyl işin dogry sandym, ters bildim,

Her eşýadan ýar sypatyn ders aldym,

Kuran kaýsy, kitap kaýsy, bilmedim.

 

Magtymguly ol mekanda meks etdi,

Şeýhler turdy, ýigitler deý raks etdi,

Her eşýadan ýar jemaly eks etdi,

Ab kaýsydyr, şerap kaýsy, bilmedim.

 

JOŞA DÜŞÜP MEN

 

Gel, köňül, gözlegil älem-jahany,

Söýle, neçün beýle joşa düşüp sen?

Älemde seniň dek ýokmy dahanly,

Syryň destan eýläp, paşa düşüp sen.

 

Sökseler neýlär sen sen namyrada:

«Seniň kimin ýokmy?» – diýip – dünýäde,

Ýa şeýle güýçlümi yşkyň zyýada,

Heddin bilmeý, aşa-aşa düşüp sen!».

 

Gadam goýsam, sähralara, çöllere,

Köňül gaýnar, söz joş eder tillere,

Iller saňa haýran, sen hem illere,

Ýa aklyň aldyryp, çaşa düşüp sen.

 

Baka ýokdur söhbetiňe, sazyňa,

Ygtybar ýok gyş gününe, ýazyňa,

Sen bu derdi ýawytmazdyň özüňe,

Ol kubra gudaza nişe düşüp sen?

 

Magtymguly, hemme ýola baş urduň,

Çohlar bilen gezdiň, oturdyň, turduň,

Ýalançyda ne hezl etdiň, ne gördüň,

Imdi sen otuz dört ýaşa düşüp sen.

 

UÇA BILMEN NEÝLÄÝIN

 

Köňlüm istär, gezsem dünýä älemi,

Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin?!

Okyr men, görer men föwzul kelamy,

Manysyny saça bilmen, neýläýin?!

 

Köpler anda guwwas bolup ýüzerler,

Maňa zahyr, halkdan pynhan gezerler,

Gül badada gülgün şerap ezerler,

Gol uzadyp, içe bilmen, neýläýin?!

 

Öý daşyndan şerap ysyn noş kyldym,

Gitdi aklym, özüm bilmeý, joş kyldym,

Meý-mest boldum, dersiz gapa duş boldum,

Rugsat bolmaý, aça bilmen, neýläýin[96]?!

 

Ýitdi ýolum, dag kaýsydyr, düz kaýsy,

Aňmaz köňlüm magny kaýsy, söz kaýsy,

Pähm eýlemen, ýol kaýsydyr, yz kaýsy,

Umyt üzüp, gaça bilmen, neýläýin?!

 

Magtymguly, bu dünýäniň hamusyn,

Ýygyp, düýrüp, ýele berdim namysyn.

Pikir derýasyna aklym gämisin

Batyrmyşam, geçe bilmen, neýläýin?!

 

ÝAŞY NÄDENDIR?

 

Durdy şahyr, senden habar alaýyn,

Öten pygamberiň ýaşy nädendir?

Hökmi Süleýmanyň ýaşyl towtini,

Magrajyň gapysy, gaşy nädendir?

 

Ol ne kimdir ýurtdan göçdi – dargady,

Ol ne kimdir dostun ýelden sargady,

Ol ne kimdir yşka-sähra ugrady,

Semerden asasy, peşi nädendir?

 

Ol kimdir bakyda mübtela galan,

Ol kimdir iline talaňlar salan,

Kyrk ýyl hijran çekip, saralyp-solan,

Özüne gürz uran kişi nädendir?

 

Ol ne gardyr mydam ýagar, erimez,

Ol ne derýa mydam joşar ýörimez,

Ol ne adam, suw içinde çüýrimez,

Akar gözleriniň ýaşy nädendir?

 

Ol ne agaç altmyş iki pudagy,

Kyrk sekiz kez okuň on iki sagdagy,

Ol ne handyr, sekiz ermiş otagy,

Otagnyň içiniň aşy nädendir?

 

Ol kimdir, bakyda bir röwşen göz bar,

Öňüňde magnysy tört müň, tört ýüz bar,

Atasy äridir, aşyk bir gyz bar,

Goşulmaz hüýrlere, daşy nädendir?

 

Magtymguly aýdar, ýat etgil bizi,

Ýedidir garasy, akdyr sekizi,

Bir suratda nedir, oldur dokuzy,

Serindäki akly-huşy nädendir.

 

GITDI BU RAÝA

 

Malyňa, mülküňe magrur olunma,

Eý, ýok ýerden gelen gitdi bu raýa.

Bolar-bolmaz işler üçin ulunma,

Çohlar gelip, batyp galmyş bu laýa.

 

Köp gerdişler geçirmişdir bu ýurtlar,

Niçe synalarda röwşen bu dertler,

Ýüz öwürdi mundan birniçe mertler,

Birniçeler bal diýp, batmyş belaýa.

 

Eý, akyly aryg ýigit, munda gel,

Birniçe sözüm bar, jandan gulak sal,

Nirde derwüş görseň, baryp, alkyş al,

Derwüşden ýeg hiç kim ýokdur Hudaýa!

 

Tamugnyň dykanjy zekatsyz baýdyr,

Derwüşe tagn eden lagny-Hydaýdyr,[97]

Derwüş ýerde derýa, ýa gökde Aýdyr,

Doňuz derýa neýlär, it üýrüp Aýa.

 

Ýalançy ýeri däl, adam uklasyn,

Kim gulak biýr, diňläp, sözüm haklasyn,

Magtymguly, nesihat kyl, saklasyn

Täze gelen ärler köne saraýa!

 

ÝANY BILÄNI[98]

 

Magtymguly diýer, ýigit çagtymyň,

Towfyklyk gözgüsi syýa bagtymyň,

Atamyň dogany Selim magtymyň,

Goýsalar, giderin ýany biläni.

 

JOŞA ÝETDIŇ

 

Bir gün ataň yşk etdi,

Sulbundan joşa ýetdiň.

Owwal suwduň, gan bolduň,

Gandan soň läşe ýetdiň.

 

Hökm eýledi ol Hudaý,

Dokuz sagat, dokuz aý,

On iki endam jaýba-jaý,

Süňňi ulaşa ýetdiň.

 

Güwş berdi, dahan berdi,

Dahana zyban berdi,

Akyl berdi, jan berdi,

Göz berdi, gaşa ýetdiň.

 

Ýaşdyň, ele ulaşdyň,

Ýörip; ýola ulaşdyň,

Sözläp tile ulaşdyň,

Nan iýdiň, aşa ýetdiň.

 

Ýediňde mekdep gördüň,

Okydyň, ýola girdiň[99] ,

Gyz bile bazy gurduň,

Tä on dört ýaşa ýetdiň.

 

Hak berdigin iýp-içdiň,

Her ýola bir baş goşduň,

Mahbup bile söýüşdiň,

Bile çolaşa ýetdiň.

 

Ýigrimi ýaşa geldiň,

Ýigit bolup, sen ýeldiň,

At mündüň, gylyç aldyň,

Jeňe-söweşe ýetdiň.

 

Otuzyňda ýeriňden,

Duman gitmez seriňden,

Ýigitligiň zorundan,

Gezdiň tomaşa ýetdiň.

 

Sürdüň, dünýäni sürdüň,

Ahyr wepasyn gördüň,

Kyrkyňa gadam urduň,

Kämil sen, huşa ýetdiň,

 

Bar almadyň bagyňdan,

Hazan urdy tagyňdan,

Elli, sakal agyňdan,

Utan, bir ýaşa ýetdiň.

 

Altmyşa ýaş ýetirdiň,

Başyň gama batyrdyň,

Hoş günleriň ötürdiň,

Ýazyň ýok, gyşa ýetdiň.

 

Ýetmişde «Hak!» diýp galdyň,

Kuwwatyň ýok, ýykyldyň,

Gojaldyň, işden galdyň,

Söýle, ne pişä ýetdiň.

 

Segsene ýetişse sal,

Niçik geçer beýle hal,

Ötdi gyzgynly mahal,

Oraksyz hoşa ýetdiň.

 

Togsanda ýaňylar söz,

Gara bolup görner boz,

Gowşar süýek, alar göz,

Ýüz müň endişä ýetdiň.

 

Magtymguly oturdyň,

Ömrüň gapyl ötürdiň,

Hak çün ne iş bitirdiň,

Eger ýüz ýaşa ýetdiň.

 

MAGNY BILMEZ ÝAŞYNDA

 

Eý, ýaranlar, adamzat,

Magny bilmez ýaşynda;

Bigam bolar dünýäden,

Törtünde ýa bäşinde.

 

Bäşinde begdir, bilmez,

Dünýäni göze almaz,

Zerre gaýgysy bolmaz,

Gezer oýun daşynda.

 

Eger ki on ýaş geler,

Oglanlykdan huş geler,

Iýmek-içmek hoş geler,

Küý köp bolar başynda.

 

On bäşe ýetse saly,

Galkar köňül hyýaly,

Çalar jahyllyk ýeli,

Juwan görner düýşünde.

 

Juwanlyk ody ýanar,

Oglanlykdan nyrh döner,

Her gün bir yşka müner,

Ol ýigrimi ýaşynda.

 

Gözüň aldyr sen mala,

Ugrar sen ham hyýala,

Güýjüň geler kemala

Otuza ulaşaňda.

 

Jahyl bolan kem bolar,

Ne aňa merhem bolar,

Kyrkda akyl jem bolar,

Adamzadyň başynda.

 

Ýaş ellige gidende,

Bolar garry adynda,

Ölüm bolar ýadynda,

Sangy eder işinde.

 

Düşmüşem söwdaýa diýp,

Söwdaly gowgaýa diýp,

Geçdi ömrüm zaýa diýp,

Ah urar altmyşynda.

 

Ýetmişde läş kaklanar,

Jan jesetde saklanar,

Gaýgy-hasrat çoklanar,

Kösti bolar işinde.

 

Kuwwaty ýok turanda,

Ynjalmaýyn ýatanda,

Ýaş segsene ýetende,

Tanymaz ugraşanda.

 

Çykmaz içerden daşa,

Bakmaz kowum-gardaşa,

Öli diýrler ol kişä,

Ýaş togsandan aşanda.

 

Magtymguly hümmeti,

Galmaz gadyr-gymmaty,

Pygamberiň ummaty,

Hiç bolar ýüz ýaşynda.

 

JAN IÇINDE

 

Pikir kyldym ýer-gögi

Biakyl jan içinde.

Gördüm, jan hem «Alla!» diýr,

Et, siňir, gan içinde.

 

Gider ýoluň bilmeseň,

Dogry ýola gelmeseň,

Haky ýada salmasaň,

Galdyň arman içinde.

 

Ýerden çykan nebatlar,

Gyzyl güller, gök otlar,

Gapyl adam, bu zatlar

Külli perman içinde.

 

Nebsiň aýdar: «Joş bolsam,

Gökjeklere duş bolsam,

Iýsem-içsem, hoş bolsam,

Ýatsam elwan içinde».

 

Köňül, sen bir bazar sen,

Her işe bir gyzar sen,

Düýrsem diýip gezer sen,

Jürm-u usýan içinde.

 

Ýaýylar ganat-perler,

Hup açylar depderler,

Bölek-bölek kepderler

«Hüw!» diýr harman içinde.

 

Bilbil aýdar: «Keşigem,

Bahara gözleşigem,

Gülzar üçin aşygam,

Bag-u bossan içinde»

 

Aşyk aýdar: «Illalla!»

Garlawaç «Alhamdililla!»

Leglek diýr: «Kulhualla!»

Hannan-mennan içinde».

 

Ýarganat diýr: «Ýa, möwla,

Saldyň meni bu ýola,

Berme, Aý, Güne, ýele,

Sakla pynhan içinde!».

 

Anka aýdar: «Ýolçyýam»,

Hüthüt aýdar: «Ilçiýem»,

Süleýmana sawçyýam

Ýalan jahan içinde».

 

Bezgek galyp haýrana,

Haýran bakyp her ýana,

Zanbur çykyp seýrana,

Gezer döwran içinde[100].

 

Durna aýdar: «Uçar men,

Bagdat suwun içer men,

Gyş Hindistan göçer men,

Lälezaran içinde».

 

Baýguş aýdar: «Derdim bar,

Tesbihim bar, wirdim bar,

Weýranada ýurdum bar

Zary-girýan içinde».

 

Ishak aýdar: «Pakyr men,

Gullugymga hakyr men,

Hak ýadyna okyr men,

Şam-şebistan içinde»[101].

 

Musyja diýr: «Giter men,

Geldim, bildim – öter men,

Üç agaçny çatar men,

Guzlap, weýran içinde».

 

Laçyn aýdar: «Hoşumdan,

Mest boldum öz joşumdan,

Galdym Taňry işimden,

Bendi zyndan içinde».

 

Turaç tili senada,

Ördek tili dogada,

Gaz garkyldap howada,

Gözi umman içinde.

 

Gumrular owaz bilen,

Tawus işi näz bilen,

Kaknus guşy saz bilen,

Şol Hindistan içinde.

 

Toty guşlar razlaşyp,

Hak emrini gözleşip,

Adam tilin sözleşip,

Gezer ynsan içinde.

 

Torgaý hezar eýäm diýr,

Ajaýyp hoş eýýam diýr,

Dowzah ody haram diýr,

Ahyrzaman içinde.

 

Bilmez pelegiň ferjin,

Ýeldir, tutmuş gök burçun,

Bir bölejik gögerçin,

«Hüw!» diýr harman içinde.

 

Keýik aýdar: «Aglar men,

Haka sydkym baglar men,

Balalarmyň derdinden[102],

Ýüregim gan içinde».

 

Gurt aýdar ki: «Üzer men,

Nirden kylsam güzer men,

Ryzkym arap gezer men

Çöl-beýewan içinde».

 

At aýdar: «Aslym zordur,

Munça gymmatym bardyr,

Üstüme münen ärdir,

Daglarda daş içinde».

 

Ýaby aýdar: «Men gende,

Üstüme münen bende,

Azabym köpdür günde,

Özüm hyzmat içinde».

 

Eşek aýdar: «Aslym daş,

Hyzmat bilen bagrym baş,

Saman tapsam, köňlüm hoş,

Mydam aýaz içinde».

 

Sygyr aýdar: «Men başdym,

Ýetmez alajym-küştüm,

Guýruk çommaldyp gaçdym,

Çybyn-çirkeý içinde».

 

Düýe aýdar: «Otlar men,

Otlan ýerim ýatlar men,

Elmydama botlar men

Sazak-selin içinde».

 

Ýedi ýer bolmuş bina,

Her zat okyr bir sena,

Otlar hem diýr: «Rebbena!»

Nowruz-baran içinde.

 

Köňül aýdyr gedaga,

Säher tursam sedaga,

Nalyş kylsam Hudaga,

Bolsam iman içinde.

 

Kyýamat gün eliňden,

Habar biýrler halyňdan,

Gaýtgyl ýaman ýoluňdan,

Gördüň furkan içinde.

 

Umytly bol Ýusup dek,

Sabyrly bol Eýýup dek,

Ger ugraşsaň Ýakup dek,

Derde Kengan içinde.

 

Nebsim aýdar: «Hoş eýle,

Jamy-jurga joş eýle,

Keremiňe duş eýle,

Taňla diwan içinde!».

 

Magtymguly, özüňe

Bak, ýaş getir gözüňe,

Aýyplaşmaň sözüme

Ýar-u ýaran içinde!

 

BIR-BIRINE BEZENIP

 

Eý, ýaranlar, maly-dünýä maýasy,

Görünmekdir bir-birine bezenip,

Ýigide näz, gyz kereşme eýesi,

Päliwanlar meýdan gözlär düzenip.

 

Ajal goýmuş ok kezini kirişe,

Bilip bolmaz, näwagt jana erişe,

Ne durup sen aga-ýana ýörişe,

Ömrüň ugur alyp gitmez uzanyp.

 

Dünýä daşyň demir duzak torlaýyp,

Ajal şiri yaňrap ýatyr gürleýip,

Sen parahat uýkusynda horlaýyp,

Kaza gylyç çekip durmuş gezenip.

 

Uýalmadyň Hakdan, agardy rişiň,

Gybatdan til dönmez, haramdan – dişiň,

Penada görewer bakalyk işiň,

Gapyl adam, galyp ýatma agzanyp.

 

Hamu kimse görer hasaply demi,

Takdyry-ajalyň tapylmaz emi,

Magtymguly, galmaz egsigi-kemi,

Her kim bara bilse iman gazanyp.

 

ÝEL BILE

 

Göz, köňül, til, akyl-galdy bu tördi,

Jan watan arzuwlap, turdy ýel bile.

Terhosym bar, gel, terk etme bu ýurdy,

Aşret sürgün, söhbet gurgun gül bile.

 

Bir ajap menzildir, umydyň üzme,

Göwnüňi sowutma, watan diýp gyzma,

Dükanyň dargytma, bazaryň bozma,

Ten mülkünde birniçe gün gal bile.

 

Myhman bolduň bu dünýäniň öýüne,

Köňül berip gitme anyň küýüne,

Başyň baglap, meşgul eder oýuna,

Gitseň bermez, aldap gezer til bile.

 

Munda gul bol, ol jahan seniňdir,

Elwan nygmat, täze birýan seniňdir,

Behişt, Byrag, hüýr-u ryzwan seniňdir,

Asy adam, dogry gelseň ýol bile.

 

Pelek goýmaz, bu gezdigiň saraýda,

Gurt bile koý mydar etmez bir oýda,

Dünýä doly gazna ýygsaň ne peýda,

Çyn mal oldur – jaýna berseň el bile.

 

Gögi büküp, ýazsa ýeriň ýüzüni,

Gurt gaňrylyp, gapa bilmez guzyny,

Mubaryzlar tuta bilmez özüni,

Pil hem durar baglasalar gyl bile.

 

Magtymguly Hak gullugyn bitirse,

Är ol bolar – emrin berjaý getirse,

Möwlam özi diwan üçin otursa,

Peşe turup, dawa kylar pil bile.

 

ÇALDY GITDI

 

Bu dünýä bazygärdir,

Bazysyn çaldy gitdi;

Gümrah edip niçäni,

Ýoldaş diýp aldy gitdi.

 

Akyl, pikr et her kaçan,

Ýüz gonan bar, ýüz göçen,

Tagty asmandan uçan

Süleýman öldi gitdi.

 

Ýa, mürüwwetli şahym,

Umydym, kyblagähim,

Munça ýygnap Ybrahym

Nämäni aldy gitdi!

 

Jigerin daglaý-daglaý,

Zünnaryn baglaý-baglaý,

Niçeler aglaý-aglaý,

Niçeler güldi gitdi.

 

Niçeler güle dönmüş,

Gül ýanyp, küle dönmüş,

Niçeler gile dönmüş,

Niçeler soldy gitdi.

 

Galar sen görde bagly,

Belli bir ýurda bagly,

Bihuda, adam ogly,

Ýygnanyň galdy gitdi.

 

Akmaklyk bilen özüm,

Bilmedim sözlän sözüm,

Magtymguly diýr, gözüm

Gan ýaşa doldy gitdi.

[1] «Men neýläýin, eý dostlar, ogulsyz ykbalymga» diýen warianty hem bar.

[2] «Sährasynda» diýen nusgasy hem bar.

[3] «Garsanyp», «gursanyp» («ölçäp», «gulaçlap») diýen düşünjeleri hem aňladýar.

[4] Bu setiriň «Ýasly ýaňra bolar, garry diýenjeň» diýen nusgasy hem bar.

[5] «Gury jismim odun eýläp» diýen nusgasy hem bar.

[6] a) Halk gürrüňine görä, Magtymgulynyň uýasy Hanmeňli, inisi Janesen, onuň aýaly Baýram üçüsi bir günde ölende, bu goşgyny ýazypmyş. Şol wagt Magtymguly 21 ýaşynda bolanmyş.

  1. b) Bu goşgynyň başky bendi ýok.

[7] «Bir bihünär tapsa habar» diýen nusgasy hem bar.

[8] Bu setiriň «Nerkes gözi haýran eder dostunda» diýen nusgasy hem bar.

[9] Bu setir neşirlerde «Ýara ýaraşar üç müçe» görnüşinde berlipdir. Emma golýazmalrda şeýle nusga gabat gelinmedi.

[10] Bu setiriň «Hindistan tüwlegi, Bulgurda-baldyr» diýen nusgasy hem bar.

[11] «Lam-elip çekilen bir serwi daldyr» diýen nusgasy hem bar.

[12] Bu setir neşirlerde «Suratkeşlik edip çyzmaly boldum» görnüşinde berlipdir. Emma golýazmalarda şeýle setirlere gabat gelinmdi.

[13] Bu setiriň «Gam-gussasy ýok oldy» diýen nusgasy hem bar.

[14] Bu sözüň «zaýa» diýen nusgasy hem bar.

[15] Bu bendiň:

Magtymguly diýrler meniň adyma,

Bir ah ursam, älem ýanar oduma,

Ýaradan, ýa jepbar, ýetiş dadyma,

Başym çykmaz, ne gowgaýa sataşdym – diýen nusgasy hem bar.

[16] Bu setiriň «Hijran meni kowdy Haýbar dagyndan», «Hijran meni goýdy sabyr dagyndan» diýen nusgalary hem bar.

[17] Bu setiriň «Magtymguly, mejalym bar – söýläýin» diýen nusgasy hem bar.

[18] «Altmyş bäşde» diýen nusgasy hem bar.

[19] Bu setiriň «Hakyn alyp geldi goýun bakanlar» diýen nusgasy hem bar.

[20] «Ýoludyr» sözüniň «Ilidir» diýen nusgasy hem bar.

[21] Neşirlerde «Ýaz geler» görnüşinde berlipdir.

[22] «Hiç bilmez» diýen redif bilen gutarýan nusgasy hem bar.

[23] «Dynçlygyň gadryny bilmez armaýan» diýen nusgasy hem bar.

[24] «Ok urar bolsaň» manysynda.

[25] «Urgy» manysynda.

[26] Är ýigit balasy bara pur bolar,

Gamçysy elinde ýaman zor bolar,

Märeke görmegen ýigit har bolar,

Bolar-bolmaz sözi aýdyjy bolma – diýen nusga hem bar.

[27] «Kök zyryhdan» («gök sowutdan») – diýen nusgasy hem bar.

[28] Bu söz öňki neşirlerde «Nuha» görnüşinde berlipdir. Emma golýazmalarda şeýle nusga gabat gelinmedi.

[29] Ýer ady.

[30] Ýer ady.

[31] Geçelge ady.

[32] «Tabagyn» diýen nusgasy hem bar.

[33] Bu setirler neşirlerde: «Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz,

Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez» görnüşinde berlipdir. Emma ähtibarly golýazmalarda bu nusga duşulmaýar.

[34] «Ýagşyny» diýen nusgasy hem bar. Käbir golýazmada:

«Ýagmyr ýagsa, soňra suýy-sebz bolar,

Goç ýigidiň güni bahar-ýaz bolar,

Kim mert bolsa, köp hem bolsa, az bolar,

Goç ýigitler köpe-aza seretmez.

 

Magtymguly, ne söz aýdar ustadlar,

Öten güne şükür eýläwer, hyýaldar,

Özi gerçek, hoşwagt kerim ýigitler

Müň tümen tyllaly baýa seretmez» diýip artdyrylan bentler hem bar.

[35] «Ötmek müşgil bolar daşgyn nehrden» diýen nusgasy hem bar.

[36] «Surhylyň» diýen nusgasy hem bar.

[37] «Bismilla» diýp başlady, çagyrdy ustadyny» diýen nusgasy hem bar.

[38] Bu bendiň:

Gerçe nesihatdyr illere sözüň,

Ile aýtmaý durup, owwal tut özüň,

Nämähremden berhiz etdirgil gözüň,

Ýogsa haýran kerdi-kerden bolar sen – diýen nusgasy hem bar.

[39] Bu setiriň «Il açan, gahryn geçen beýninden eýýam olur» ýaly nusgasy hem bar.

[40] «Beýik dagyň başyndaky üç agaç» diýen nusgasy hem bar.

[41] «Eý görmez daşyňdan ýakynyň, ýadyň» diýen nusga hem bar.

[42] «Magtymguly, sözüň diňlän bolmasa, Nesihata gulak salan bolmasa» diýen nusgasy hem bar.

[43] «Baş saglyk diýp, Hakdan dilär garny aç» diýen nusgasy hem bar.

[44] «Her işandan buzurg bolmaz, pir bolmaz» diýen nusgasy hem bar. Bu goşguda:

«Her göhertden bugra bolmaz, ner bolmaz,

Her ýyldyzdan Aftap bolmaz, Aý bolmaz,

Ýetim bolgan jomart bolmaz, beg beg bolmaz,

Desterhany atda, nanda bellidir» diýen bent hem bar.

[45] «Köňül güýmenç eder aryk fal tapsa», ýa-da «Köňül güýmenç eder artyk mal tapsa» ýaly görnüşleri hem bar.

[46] «Gözi gökde, gaýgysy ýok, iýr gider» diýen nusgasy hem bar.

[47] «Ýagşy, ýaman sözüm köpdür, galyşmaň» diýen nusgasy hem bar.

[48] «Mert ýigit myhmana göwsüni açyp, Namarydyň öýünden gaçyşyn görüň!» diýen nusgasy hem bar.

[49] Adam bardyr – zamanaga saz bolar.

[50] «Ganymym güýçlüdir, ykbalym keçdir» diýen nusgasy hem bar.

[51] «Ekram» manysynda.

[52] «Her kişi geliban görse, rişwet iýrler» diýen nusgasy hem bar.

[53] «Hernub döremez» diýen nusgasy hem bar.

[54] «Köňlüm, howalanma, gel indi besdir» diýen nusgasy hem bar.

[55] «Gybatkeşiň baran ýeri ot bolar» diýen nusgasy hem bar.

[56] «Magtymguly, gerçe dünýä gammazdyr» diýen nusgasy hem bar.

[57] Jim, lam, mim – bu harplaryň şu ýerde goşulyp okalandaky manysy «çilim».

[58] «Jenubnyň kölüne dolmak ýaraşmaz» diýen nusgasy hem bar.

[59] «Dowa etmek dälilikdir ölene» diýen nusgasy hem bar. Dowa – derman, däri, em, çäre.

[60] «Uçarda, gaçarda pile, gulana» diýen nusgasy hem bar.

[61] «Gäminiň içine dolmak ýaraşmaz» diýen görnüşi hem bar.

[62] «Ähli musulmana etmegil hile» diýen görnüşi hem bar.

Dostuna çekermiş ýüz dürli tabak,

Biakyla akyl biýr, akmaga kötek,

Asmanyň ýüzünden dökse bu nemnäk,

Loly heleý gyzyn şaýa getirmiş – diýen bent hem bar.

[63] Ýagyda – diýen görnüşi-de bar.

[64] Bu ýerde «bulmak» sözi «tapmak» manyda.

[65] «Magtymguly öter-gider,

Matlabyna ýeter-gider,

Ýalançyda bir at göter,

Herne galsa, bir at galsyn» diýen bent hem bar. Bu goşgynyň Magrupynyň adyna gelýän ýeri hem bar.

[66] Bu goşgynyň Magrupynyň adyna gelýän ýeri hem bar.

[67] Bu goşgynyň Magrupynyň adyna berilýän ýeri hem bar.

[68] «Muşt» «ýumruk» manyda.

[69] «Ne çyragdyr, günsüz ýeri ýarydyr» diýen nusga hem bar.

[70] «Ol ne gözgi, Aýdan, Günden durudyr» diýen nusga hem bar.

[71] Bu şygyr golýazmalarda bir goşgy hökmünde gelýär. Ýöne aslynda, iki goşgy bolmagy mümkin.

[72] «Çybyn jan Taňra amanat» diýen nusga hem bar.

[73] «Ýuwdup» diýen nusga hem bar.

[74] «Magtymguly aýdar, iller, özüm-de» diýen nusga hem bar.

[75] Bu setiriň «Akylly pikirli, danaly-usly» diýen aýdylyşy hem bar.

[76] «Aýşy-aşret edip, bilin açansoň» diýen görnüşi hem bar.

[77] «Awuňa buýsanma, çemenli düzler,

Çemen senden gider, jeýran eglenmez» diýen nusga hem bar.

[78] «Ner, maýaly, kyrk gardaşly» diýen warianty hem bar.

[79] «Gündiz gören» diýen nusgasy-da bar.

[80] «Pelek bolmaz miýesseriň» diýen nusga hem bar.

[81] «Gyşa meňzär pasly-ýaz» diýen nusga-da bar.

[82] «Ýalançyda ýaýlaýyp» diýip hem gelýär.

[83] «Bildiň ki biwepadyr, bahasy ýok bu ýurduň» diýen nusga-da bar.

[84] «Güzeriň köprüdir, ötgeniň derýa» warianty hem bar.

[85] «Magtymguly, ermiş, bu dünýä pany,

Panyny goý, ahyret diýp ber jany,

Ömrüň berip, satyn alma dünýäni,

Bu dünýäniň düýbi görnüp durupdyr» diýen bent hem bar.

[86] «Ne aýypdyr, ne hata, bakdy goýun Musa-Kelim» nusgasy hem bar.

[87] «Okuň dally deşmez gezemek bilen» diýen nusgasy hem bar.

[88] «Halk dünýe diýr, sen kyýamat göz etgil» diýen nuisga-da bar.

[89] «Müňküre bilin bermegin» diýen setir hem bar.

[90] «Ýaşlyknyň mufettenim tut» diýen nusgasy-da bar.

[91] «Pelle-pelle süre bilen kürs» çykar diýen setir hem bar.

[92] «Içme» manysynda.

[93] Käbir golýazmada:

«Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa,

At-ýarag esbaby-şaýlaryň bolsa,

Ara-arça tolug mallaryň bolsa,

Paýany ýok, taşlap-taşlap gider sen» diýen bent hem bar.

 

[94] «Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen» diýen warianty hem bar.

[95] «Neden olduň» diýen nusga hem bar.

[96] «Meý mest bolup, dür sagyra duş kyldym,

Rugsat almaý içe bilmen, neýläýin» diýen warianty hem bar.

[97] «Derwüşe tagn eden segi – bijaýdyr» diýen nusga hem bar.

[98] Goşgynyň başky bentleri gysgaldyldy.

[99] Golýazmalarda «Okydyň, ýoluň bildiň»diýen görnüşde gelýär.

[100] «Dummuý çykyp seýrana

Gezer meýdan içinde» diýen nusga hem bar.

[101] «Ishak aýdar: «Gamgynam,

Gözde ýaşy nemginem,

Gyzyl gana zenginem,

Şol Horasaň içinde» diýen warianty-da bar.

[102] Neşirde (1976) «Balam» diýip, ylgar men». Ýöne golýazmalarda şeýle warianta duş gelinmedi.