Ependi we şorta sözleri (degişmeleri)

Ependiniň degişmeler ýygyndysy

 

Meni täze öýe göçüreňzokmy?

Günlerde bir gün Ependiniň öýüne giren ogrular tapan-tupan zatlaryny göterip gidipdirler. Muny gören Ependi hem olaryň söbügine düşüp gidiberipdir.
Ogrular şol gidip baryşlaryna öýlerine ýetipdirler. Ependä gözleri düşen ogrular:
– Ýeri, siz nirä gelýärsiňiz? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Weý, siz näme meni täze öýe göçüreňzokmy? – diýip, olaryň özlerine sorag beripdir.

 

Guýyny çöwrüp goýupdyrlar

Günlerde bir gün Ependi bir minaranyň düýbünde oturan eken. Adamlar Ependiden:
– Bu näme? – diýip sorapdyrlar. Ependi minara bakyp:
– Päheý, nämedir öýdýärsiňiz? Şonam bileňzokmy? Bu aslynda bir guýy. Muny guratmak üçin çöwrüp goýupdyrlar – diýip jogap beripdir.

 

Ahyry geler

Günlerde bir gün bir ogry Ependiniň bir bölek peýnirini ogurlapdyr. Ependi ogryny gözläp, çeşmäniň boýuna barypdyr.
– Ependi, bu ýerde näme işleýärsiň? – diýenlerinde ol:
– Aý, peýniri iýeni tutjak bolýaryn. Ol ahyry suwsap çeşmäniň başyna-ha geler – diýipdir.

 

Halwany zor bilen iýdirýärler

Günlerde bir gün Ependi Konýada bazarda gezip ýörkä, bir halwaçynyň dükanyna gabat gelipdir. Halwaçy dükanyny açyp, halwalary dükanyň öňüne çykaryp goýupdyr. Ependi «Bismilla!» diýip, elini uzadyp, halwadan iýmäge başlapdyr.
Muny gören halwaçy:
– Eý, nadan! Näme üçin meniň halwamdan iýýärsiň? – diýipdir.
Ependi oňa jogap bermän, halwadan iýmegini dowam etdiripdir. Halwaçy gazaba münüp, Ependini ýençmäge başlapdyr.
Ependi urgynyň zarbyna çydaman, derrew başyny galdyrypdyr-da:
– Eý-weý! Konýanyň adamlary, gör, nähili ajaýyp eken. Olar halwany ura-ura zor bilen iýdirýärler – diýipdir.

 

Öýde hiç zat ýok

Günlerde bir gün Ependiniň öýüne bir ogry giripdir. Ony görenler:
– Ependi, öýüňe ogry girdi – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Aý, siz ony gaýgy etmäň. Näme bolsa görübereris. Barybir öýde almaga hiç zat ýok – diýip ýatyberipdir.

 

Donuň içinde bolmanyma şükür edýärin

Ependiniň öýüniň öňünde bir bakjasy bar eken. Günlerde bir gün aýaly kir ýuwup, Ependiniň donuny bakjanyň içinde ýüpe seripdir. Ependi mundan bihabar eken. Ependi gije garaňkyda görse, bir adam bakjada ellerini serip durmuş. Ependi aýalyna:
– Eý, keýwany! Tiz bol, okumy-ýaýymy getir. Bakjamyza bir ogry giripdir – diýipdir.
Aýaly derrew Ependiniň ok-ýaýyny onuň eline tutdurypdyr. Ependi ok-ýaýyny eline alyp nyşanalap, atyp goýberipdir. Atylan ok «ogrynyň» edil garnyndan degipdir. Ependi hondanbärsi bolup:
– Ine, biziň bilen oýun etseň, şeýle bolar – diýipdir.
Ertesi ir bilen Ependi bakja baryp görse, agşamky ogrudyr öýdüp atany öz dony eken. Ependi muny gören badyna maňlaýyny ýere urup:
– Eý, Alla, seniň rehimdarlygyňa şükür! – diýip, doga okamaga başlapdyr.
Aýaly haýran galyp:
– Sen näme beýle şükür edip, yzyny üzmän, doga okaýarsyň? – diýip soranda, Ependi:
– Alhamdilulla! Donuň içinde özümiň bolmanyma şükür edýärin – diýip jogap beripdir.

 

Kyýamat näçe?

Günlerde bir gün adamlar Ependiden:
– Kyýamat haçan gopar? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Siz haýsy kyýamat barada soraýarsyňyz? – diýip, olara ýüzlenipdir. Onda töweregindäkiler geň galyp:
– Kyýamat aslynda näçe bolýar? – diýip sorapdyrlar.
Ependi:
– Kyýamat ikidir. Eger meniň aýalym ölse, ol kiçi kyýamat bolar. Eger-de özüm öläýsem, onda uly kyýamat bolar – diýipdir.

 

Niresinden tutup çykarmaly?

Günlerde bir gün agşam adamlar Ependä:
– Pylanynyň eşeginiň guýruksyz kürresi bolanmyş – diýenler.
Muny eşiden Ependi:
– Toba, toba! Ýeke gije gaýgysyz ýatyp bolanok-la! – diýipdir.
Onda adamlar:
– Ependi, senem-aý, mundanam bir saňa gaýgy bolarmy? – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Ýa, adamlar, sizem bir hili-äý! Ol kürre eşek bolup ýetişenden soň, birden batga ýykylaýsa, onuňam guýrugy bolmasa, biz ony niresinden tutup çykararys? – diýipdir.

 

Bu eprik agajy bolmaly

Günlerde bir gün Ependi bir serwi agajynyň aşagynda oturan eken. Adamlar Ependiden:
– Bu agaç haýsy agaçka? – diýip soranlar. Ependi:
– Nähili gowy agaç eken – diýip, başyny ýokary galdyryp, agaja seretse, agajyň üstünde bir garga oturan eken. Birdenkä ol garga Ependiniň üstüne ak nem damdyrypdyr.
Ependi adamlara garap:
– Diýmek, siz bu agajyň haýsy agaçdygyny bileňizok-da? – diýip, sözüni dowam etdiripdir. Olar:
– Ýok, bilemzok– diýipdirler.
Onda Ependi:
– Meniň üstüme daman zada seretseň-ä, bu eprik agajy bolmaly – diýipdir.

 

Diňe sarysy galypdyr

Günlerde bir gün Ependiden:
– Erik agajy nähili agaç bolmaly? – diýip sorapdyrlar.
Ependi:
– Ol agaç bir wagtlar ýumurtga getirýän agaç eken. Onsoň günlerde bir gün güýçli doly ýagyp, ýumurtgalaryň agy gidipdir. Ine, şondan soň onuň diňe sarysy galypdyr. Olary hem indi siz ol agaçda görýärsiňiz – diýip jogap beripdir.

 

Maňa şol bolýar

Ependi bir gün bazardan bir teňňä dokuz sany ýumurtga satyn alypdyr. Bazaryň başga burçuna barybam: «Onusyny bir teňňä satjak» diýip, gygyryp başlapdyr.
Adamlar geň galyp:
– Ependi, sen näme üçin öz zyýanyňa satýarsyň? – diýip soranlarynda, ol:
– Aý, zyýan boldy, peýda boldy, parhy näme? Esasy zat, dostlarym meniň işlidigimi, ýa işli däldigimi görseler, maňa besdir – diýip jogap beripdir.

 

Indi birneme guşa meňzediň!

Günlerde bir gün Ependi leglek tutup, öýüne getiripdir. Görse, leglegiň burny-da, aýaklary-da uzyn eken. Onsoň Ependi eline pyçak alyp, leglegiň burnuny we aýaklaryny kesip gysgaldypdyr-da:
– Ana, indi birneme guşa meňzediň! – diýipdir.

 

Men ýalňyşypdyryn

Günlerde bir gün Ependi hoz agajynyň aşagynda oturyp: «Näme üçin gawun-garpyz ýaly gök önümler inçejik golda ösüp, hoz ýaly kiçijik önümler äpet agaçda bitýärkä?» diýip, pikir öwrüpdir. Soňra öz ýanyndan: «Geň galmaly, Allatagala älemi döredende, pikir edip başyny agyrtmadyk bolsa gerek. Ýogsa ol gawun-garpyz ýaly gök önümleri öz göwrümine görä uly baglarda ösdürip, hoz agajyny kiçijik ösümlik ederdi» diýipdir.
Şol wagt güýçli ýel turup, bir hozy sapagyndan tänderipdir, ol hem gelip, onuň çat maňlaýyna degipdir. Ependi agyra çydaman gygyrypdyr-da:
– Wah-eý, Allatagala edýän zadyny bilip edýär eken. Men ýalňyş pikir eden ekenim. Eger şol hozuň göwrümi garpyz ýa-da gawun ýaly bolan bolsa, meniň kellämi mynjyradardy – diýipdir.

 

Şonda bilerdiň

Günlerde bir gün Ependi hammama gidipdir. Onuň bagtyna hammamda hiç kim ýok eken. Ependi töweregine göz aýlap aýdym aýtmaga başlapdyr. Öz sesi gulagyna hoş ýaran Ependi: «Şeýle ýakymly sesim barka, näme üçin men öz sesimi adamlardan gizlemelimişim» diýip — pikir eden.
Hammamdan çykan badyna-da, wagtyna biwagtyna garaman, minara çykyp, azan aýtmaga durupdyr.
Bir adam:
– A-how, akmak! Sen näme üçin ýakymsyz sesiň bilen biwagt azan aýdýarsyň? – diýip, aşakdan gygyrypdyr.
Ependi bolsa aşak eglip:
– Eger şu ýerde bir haýyr-sahawatly adam hammam guraýan bolsady, sen meniň owazymyň nähili ýakymlydygyny şonda bilerdiň – diýip jogap beripdir.

 

Bag üzümsiz bolmaz

Günlerde bir gün Ependi üzüm iýmäge baga barypdyr we öz-özüne: «Eger bagda üzüm bolmasa, men üzümsiz ölerin. Emma bag hiç haçan üzümsiz bolmaz» diýipdir.

 

Erte kyýamat gopýan bolsa…

Ependiniň bir guzusy bar eken. Dostlary degşip, ol guzyny iýmek isläpdirler. Onsoň aralaryndan birini Ependiniň ýanyna iberipdirler. Ol baryp:
– Ependi, bu guzyny näme edersiň? Erte kyýamat gopýarmyş, derrew guzyny soýup, kebap edip iýeli – diýipdir.
Ependi ol adama asla ýüz bermändir-de:
–Gaýtadan baryp ýene oýlan – diýipdir.
Ol adam «Oýlandym» diýip, ýene-de barypdyr, Ependi ahyry razy bolup:
– Onda geliň, bir sähralyga gideliň. Guzyny soýup, kebap edip iýeliň – diýipdir. Olar bir sähralyga barypdyrlar.
Ependi olara garap:
– Siz dem-dynjyňyzy alyberiň. Men kebap bişirerin – diýipdir.
Ol janlyny soýup, tagam taýýarlaýança, dostlary eşiklerini çykaryp: «Biz egin-eşiklerimizi seniň ýanyňda goýjak» diýip, suwa düşmäge gidipdirler.
Ependi oturlyşygyň eýesi hökmünde ot ýakypdyr we olaryň egin-eşiklerini oda oklapdyr.
Bir zamandan soňra dostlary: «Kebap bişendir, iýeliň» diýip, gelip görseler, ählisiniň egin-eşikleri otda ýanypdyr. Olar bu ahwaly görüp:
– Biziň egin-eşiklerimizi näme üçin ýakdyň? Biz indi näme geýeli? – diýipdirler.
Ependi ýalaňaç galyp, busulyşyp duran dostlaryna bakyp:
– Ertir kyýamat gopýan bolsa, size egin-eşik nämä gerek? – diýipdir.

 

Kem bolsa almaryn

Ependi her säher ýerinden turup: «Hudaýym, maňa müň tyllany özüň ýetir-dä. Eger birini kem berseňem almaryn» diýip, dileg etmegi endik edipdir. Söwdagär goňşularynyň biri onuň bu dilegini eşidip ýören eken.
Ol Ependini synap görmek üçin bir gün ertir bilen Ependiniň doga okap oturan wagty öýüň tüýnüginden 999 tyllany haltajyga salyp, aşak sallapdyr. Özi hem: «Ependi näderkä»? diýip, diň salyp durupdyr. Ependi: «Allatagala meniň nalyşymy eşidip eçildi-ow» diýip, tyllalary alyp, sanap görüpdir welin, laýyk dokuz ýüz togsan dokuz eken.
Ependi biraz pikirlenip:
– Be-ýeý, Allatagala, bir tyllany haltanyň bahasy hökmünde tutup galan eken-ow! – diýip, tyllalary kisesine salypdyr.
Söwdagär Ependiniň rejesiniň geň däldigini görüp, howsala düşüp, derrew onuň ýanyna ylgap gelipdir-de:
– Ependi, meniň tyllalarymy gaýtaryp ber! – diýipdir.
Ependi agraslyk bilen:
– A-how, seniň akylyň bir ýerindemi? Sen nähili tyllaň gürrüňini edýäň? Hiý, men senden pul diledimmi? Hiý, seniň maňa pul beren ýeriň barmy? – diýip, onuň al-petinden alypdyr.
Söwdagär:
– A-how, Ependi, sen her gün Alladan müň tylla diläp: «999 tylla berseň welin, alman» diýýärdiň. Seniň öz sözüňde tapylýanyňy-tapylmaýanyňy biljek bolup, şunça tyllany öýüň tüýnüginden okladym – diýip, hernäçe janyksa-da, Ependi şelaýynlyk bilen ýylgyryp:
– Şu bihuda gepleriňe özüň beri ynanýarmyň? Heý-de, söwdagärem şeýle köp puly öýüň tüýnüginden oklarmy? Muny Allatagalanyň, hut, özi meniň zaryn nalyşymy eşidip, gizlin hazynasyndan eçildi? – diýip, şol bir depen ýerini depip durupdyr.
Söwdagär bu işiň aňsatlyk bilen çözülmejegini bilip, kaza gitmegi teklip edipdir.
Ependi:
– Men kazydan gaçamok, ýöne maňa pyýada gitmek gelişmeýär – diýipdir. Söwdagär muňa bir oňat gatyr getirip beripdir.
Ependi bolsa:
– Men bir abraýly adam. Egnimdäki şu horaşaja çekmän bilen maňa kazynyň huzuryna barmak uslyp däl – diýip, ýene-de geregini artdyrypdyr.
Söwdagär näme-de bolsa, öz dawagärini kaza äkitjek bolup, oňa bir oňat içmek hem getirip berip, gatyra mündürip, kazynyňka alyp gidipdir.
Ependi bilen söwdagär ikisi kazynyň huzuryna baryp durupdyrlar.
Kazy olardan:
– Size näme gerek? – diýip sorapdyr.
Söwdagär söze başlap:
– Bu adam meniň pylança tyllamy aldy-da, indem ony bermekden ýüz öwürýär – diýipdir.
Kazy Ependä ýüzlenip:
– Ýeri, sen näme jogap berýärsiň? – diýipdir.
Ependi bolsa:
– Tagsyr, siz bu adamdan bir sorap görüň, ol şu aýdan puluny maňa eli bilen berdimikä? – diýipdir.
Şundan soň söwdagär bolan wakany birin-birin kaza gürrüň beripdir.
Ependi ýylgyryp:
– Tagsyr, bu söwdagär meniň duldegşir goňşym. Belki, ol meniň pul sanap oturanymy görendir ýa-da eşidendir. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýlenini edip, başyma guýlup durany hem şonuň üçindir. Dogrudan hem, Allatagala maňa köp puly peşgeş berdi. Mundan müň esse artyk eçilmäge-de ol ygtyýarly. Bir adam açlygyndan öljek bolup ýatanda-da, heý, söwdagärden oňa haýyr bolar öýdýäňizmi? Ol mekirlik edip meniň barja rysgalymy-da elimden aljak bolýar. Men-ä şu münüp gelen gatyryma-da «dawa edermikä» diýip gorkýan – diýipdir.
Söwdägär:
– Elbetde, dawa ederin. Sebäbi ol meniňki. Kaza pyýada gaýtmajagyňy aýdyp, ýer depip duransoň, men öz gatyrymy getirip bermedimmi, eýsem? – diýip gygyrypdyr. Şunda kazyda birneme şübhe döräpdir.
Ependi bolsa sözüni dowam edip:
– Eşitdiňmi, tagsyr? Indi ol meniň egnimdäki içmegime dawa edip başlamasa-da biri – diýipdir. Söwdagär saklanyp bilmän, Ependiniň sözüni soňlaryna mähetdel:
– Eýsem, sen nireden içmekli bolduň? Elbetde, içmegem meniňki – diýip gygyrypdyr. Şonda kazy gaharlanyp:
– Häý, bedasyl, sen indi munuň egnindäki baryna-ýoguna hem dawa edip ugradyňmy? Güm bol, gözüme görünme! – diýip, gygyryp, söwdagäri kowup goýberipdir. Ependi öýlerine gelensoň, söwdagäri çagyryp, onuň zatlaryny yzyna gaýtaryp beripdir.

 

Aý söwdasyny edemok

Bir gün Ependiden:
– Bu gün aýyň üçümi ýa bäşi?– diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Men-ä bilmedim. Indi näçe wagtdyr, aý söwdasyny edemok – diýip jogap beripdir.

 

Men dirikäm şu ýoldan gatnaýardym

Günlerde bir gün Ependi bir agajyň üstüne çykyp, onuň şahasyny döwmäge başlapdyr. Ýoldan geçip barýan bir adam:
– Eý, Ependi, beýle etme, düş aşak! Ýogsam ýykylarsyň – diýip gygyrypdyr.
Ependi onuň aýdanyna gulak gabartmandyr. Şol barmana onuň oturan şahasy omrulyp, dik başaşak kelemenläp gaýdypdyr. Ependi agyran-ynjan ýerine seretmän, hasanaklap ýerinden turupdyr-da, ýaňky adamyň yzyndan eňipdir. Barşyna-da:
– Sen bir weli adam ekeniň. Meniň ýykyljagymy-ha bildiň. Haçan we nämeden öljegimi hem aýdyp gidersiň – diýip, zar-zelil bolup, onuň synyndan ýapyşypdyr. Ol adam hem munuň elinden çaltrak sypjak bolup:
– Sen odun ýükli eşegiň ýapydan ýokaryk çykyp barýarka, üçünji gezek ýel goýberende ölersiň. Birinji gezekde seniň janyň üçden biri, ikinji gezekde üçden ikisi çykar, üçünji gezekde bolsa, sen bütinleý ölersiň – diýip jogap beripdir. Ol adam şunuň ýaly gödeksi jogap berip, öz ýoly bilen gidiberipdir.
Bir gün Ependiniň eşegi ýapydan ýokaryk çykyp barýarka, birinji gezek ýeňlände Ependi: «Wah, indi ölýän, endamym sowap başlady» diýip oýlanypdyr. Ikinji gezekde: «Wah, ölümim ýakynlaşdy» diýip pikir edipdir. Üçünji saparynda bolsa, «Wah, armanly öldüm» diýip, ýykylyp ýatyberipdir.
Onuň ýykylyp, ýüzüni aktam edip sessiz-üýnsüz ýatanyny gören adamlar daşyna üýşüpdirler. Olar derrew ýakyndaky obalaryň birinden tabyt getiripdirler. Ependini tabyda salyp, şähere alyp ugrapdyrlar. Olaryň ýoly batgalygyň üstünden düşüpdir. Öňlerindäki ýol hem şu ýerden üç aýrylýan eken. Adamlar ol ýollaryň haýsysyndan gitjeklerini bilmän, maslahatlaşyp durkalar, Ependi tabytdan kellesini galdyryp:
– Men dirikäm-ä şu ýoldan gatnaýardym. Indi bolsa özüňiz biliň – diýip, ýol salgy berip, ýene ýatyberipdir.

 

Iý, donum, iý!

Günlerde bir gün Ependiniň bir goňşusy zyýapat edipdir. Ol zyýapata Ependi hem barypdyr. Zyýapatyň eýesi oňat geýnüwli adamlary töre geçirip hormatlapdyr.
Öý eýesi Ependiniň eginbaşlary onçakly gowy bolmansoň, ony aşakda, pesräk ýerde oturdypdyr, oňa onçakly üns bermändir. Ertesi gün Ependi gowy geýnip, ýene-de zyýapata barypdyr. Zyýapatyň eýesi bu gezek Ependini garşylap, hormat edip ony törde oturdypdyr. Orta tagam gelipdir. Zyýapatyň eýesi Ependä:
– Iýiberiň! – diýipdir. Ependi donu¬nyň ýeňini tutup:
– Iý, donum, iý! – diýen.
Saçagyň başynda oturanlar oňa ýüzlenip:
– Ependi, näme üçin beýle diýýärsiň? – diýipdirler.
Ependi bolsa:
– Düýn köne eşiklerimde geldim. Eşigime seredip, ýüzüme beýle bakylmady. Bu gün bolsa oňat egin-eşigime garap, hormat edildi – diýip jogap beripdir.

 

Gözagyryňdan dynmasaň gerek!

Günlerde bir gün Ependiniň ýanyna biri gelip:
– Meniň gözüm agyrýar, näme etmeli? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Gözüňi köwletseň gutularsyň – diýende, ol adam:
– Heý-de, gözi köwledip bolarmy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Ýakynda dişim agyrdy welin, men-ä sogurdyp zordan dyndym, senem gözüňi köwledäýmeseň, o gözagyryndaň dynmasaň gerek – diýip, maslahat beripdir.

 

Ependi we büreler

Günlerde bir gün Ependiniň öýüne büreler çozup başlapdyr. Ependi näderini bilmän, öýüne ot beripdir. Özem daşyndan seredip duran, görse, öýi labyrdap ýanyp duranmyş. Ol ellerini biri-birine urup «kah-kah» edip gülüpdir.
Adamlar:
– Eý, Ependi, nämä gülýärsiň? – diýenlerinde, Ependi:
– Öý ýandy. Büre bilen syçandan ahyry dyndym – diýipdir.

 

Içi sary, daşy ak

Günlerde bir gün Ependiniň bäsdeşi sebede biraz ýumurtga salyp, ony Ependiden gizläpdir we:
– Eger şu sebetdäkiniň nämedigini bilseň, saňa heýgenek edip bereýin – diýipdir.
Ependi:
– Bilerin – diýip, pikire batypdyr-da:
– Sen onuň nähili zatdygyny biraz ugrukdyr, belki, bilerin – diýipdir. Onda bäsdeşi:
– Içi sary, daşy ak – diýipdir.
Ependi:
– Hä, bildim, şalgamy oýup, içine käşir salypsyň – diýipdir.

 

Azabym ýerine düşüpdir

Günlerde bir gün Ependi gije guýa suw almaga barypdyr. Ol suw çekmek üçin guýynyň üstüne egilende, onuň düýbünde Aýyň şekilini görüpdir. Ependi: «Wah, Aý guýa gaçaýypdyr» diýip, iňkise gidip, haýdan-haý ony halas etmekçi bolup, öýüne baryp, bir gaňyrçak bilen ýüp alyp gelipdir. Ol Aýy çekip çykarmak üçin ýüpüň ujuna gaňyrçagy daňyp, aşak sallapdyr. Gaňyrçak birden bir uly daşa ilişip, saklanypdyr. Ependi gaňyrçak Aýdan ilişendir öýdüp, arkanrak gaýşyp, zor bilen ýüpi çekipdir welin, gaňyrçak sypaýypdyr. Ependi öz zarbyna çiň arkan serrelip gaýdypdyr. Şol ýatyşyna bir salymdan özüne gelip, ýokarsyna seredende asmandan parahat ýalbyrap bakýan Aýa gözi düşüp:
– Hudaýa şükür, azabym ýerine düşüpdir-ow! – diýip begenipdir.

 

Ýa-da köwşümi ber!

Günlerde bir gün Ependi bir uly çeşmeden suw alyp täret kylmakçy bolup egilende, bir taý köwşi suwa gaçyp, suwuň akymyna gidipdir. Ependi şol wagt perýat edip, alan suwuny döküp:
– Eý, suw! Ynha, alan suwum, suwuňy al-da, köwşümi ber – diýip, zarynlap suwa ýalbarypdyr.

 

Onda dünýä düňderiler ahyryn!

Günlerde bir gün Ependiden:
– Näme üçin bu dünýäniň adamlarynyň köpüsi ibirt-de zibirt bolşup, dürli taraplara gidip barýarlar? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Eger hemme kişi bir tarapa gitse, ýeriň şol tarapy agralyp, dünýäniň düňderiläýmegi ahmal ahyryn! – diýip düşündiripdir.

 

Merdiwany nirede satanda näme?

Bir gün Ependi bir çarbagyň haýatyna iç ýüzünden merdiwany söýäp, baga giripdir. Bagban onuň baga girenini görüpdir. Ol derrew Ependiniň ýanyna gelip:
– Ýeri, halypa, bu ýerde näme işleýäň? – diýip sorapdyr.
Ependi darykman:
– Merdiwan satýaryn – diýipdir.
Onda bagban:
– Eý, Ependi, bu ýeri merdiwan satylýan bazarmydyr? – diýip, Ependiniň al-petinden alypdyr.
Ependi:
– Päheý, sen-ä bir gepe düşmez adam ekeiň. Merdiwandyr-da, nirede sataňda näme, onuň aýratyn bazary ýok ahyryn – diýipdir.

 

Reňkini gysganmadyk bolarly

Ependiniň bir gara towugy bar eken. Bir gün ony bazara satmaga getiripdir. Onuň ýanyna bir hyrydar gelip:
– Şu towuk ak bolan bolsady, onda men satyn alardym – diýipdir. Onda Ependi:
– Sen ertir bu ýere gel. Saňa bir ak towuk getireýin – diýipdir. Ol adam hem «bolýar» diýip, ylalaşyp öz ugruna gidipdir.
Ependi towugy öýe getiripdir. Soňra eline bir tokga sabyn alyp, suw ýyladyp, ol towugy ýuwmaga başlapdyr. Emma näçe ýuwsa-da, ol sähelçe-de agarmandyr. Ahyry Ependiniň jany ýanyp:
– Görýän welin, bu towugy reňklän adam reňkini gysganmadyk bolarly. Ol hakyny tüýs halallap işleýän adam eken – diýipdir.

 

Maňa maý berdiňmi?

Bir gün Ependi biriniň bagyna girip, üzüm ýolmaga başlapdyr. Bagyň sakçysy ony görüp, daşdan gygyrypdyr:
– Eý, Ependi, ol ýerde näme işleýäň? Bagyň içinden çyk-da, ýok bol!
– Men meýdan edýän? – diýip, Ependi jogap beripdir.
Bagyň sakçysy:
– Seniň näme edýändigiňi häzir biläýeris – diýip, onuň ýanyna gelipdir.
Ependi golaýynda ýatan sygryň täzeje maçjasyny oňa görkezipdir.
– Ol sygryňky ahyryn – diýip, bagyň sakçysy garşylyk görkezipdir.
Onda Ependi:
– Sen gykylyklap, maňa adamyňky ýaly meýdan etmäge maý berdiňmi näme? – diýipdir.

 

Gaş ýaly Aý

Bir gün Ependi Sibrihisar diýen ýere barypdyr. Görse, bir topar adam Aýa bakyp dur eken. Ependi olara:
– Bu ýer ne oňat ýer eken. Biziň şäherimizde arabanyň tekeri ýaly tegelenip duran Aýa-da seredýän ýok welin, bular gaş ýaly Aýa hüşerilişip durlar-aýt! – diýipdir.

 

Yzymda araba bilen gelýär

Bir gün Teýmirleň Ependiniň ýaşaýan şäherine ýakyn gelende şäheriň adamlary jem bolup, ony garşy almaga çykypdyrlar. Ependi hem bir arabanyň tekeri ýaly saralan uly sellesini başyna geýip, eşege münüp, Teýmirleňiň öňünden çykypdyr. Teýmirleň:
– Ependi, başyňdaky selläň örän uly eken – diýip, geň galypdyr.
Onda Ependi:
– Tagsyr, bu meniň gije geýýän sellämdir, gündizki selläm yzymda, araba bilen gelýär – diýipdir.

 

Örän ýyndamdy

Günlerde bir gün şäher häkimi Ependini çöwgen oýnuny oýnamaga çagyrypdyr. Ependi hem bir garry öküze münüp, oýun meýdanyna barypdyr. Häkim geň galyp gülüpdir-de:
– Çöwgen oýnuny atly oýnamaly ahyryn. Sen näme üçin öküze münüp gelipsiň? – diýipdir.
Ependi:
– On ýyl mundan ozal, bu öküz gölekä örän ýyndamdy, uçup barýan guşy kowup ýetýärdi – diýip jogap beripdir.

 

Iýmedik bolsam, ölerdim

 

Günlerde bir gün Ependi syýahat edip ýörkä, bir oba barypdyr.
Halaýyk onuň öňünden çykyp:
– Sen kim? Käriň näme? – diýipdir.
Ependi:
– Men ussat diş bejeriji hekim – diýipdir.
Olar:
– Gulam aganyň ogly keselläpdir. Seni onuň ýanyna alyp baraly. Oglana bir alaç eýle – diýipdirler.
Ependini hassanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Gulam aga oňa tagzym edip:
– Eý, tebip, ussat hekim, meniň şu oglumyň derdine bir çäre tap! – diýip ýalbarypdyr.
Ependi:
– Bu ýerde ýag, bal, çörek tapylarmy? – diýipdir.
Aksakgal:
– Hawa, tapylar – diýip, ýag, bal we çörek getirip beripdir.
Soňra Ependi:
– Men hekimligi jadylyk bilen edýärin. Maňa bir çemçe getiriň – diýen. Ependi başyny örtüp, bal bilen ýagy garyp, iýmäge başlapdyr.
– Bir salymdan soň Ependä:
– Keselli ýogaldy – diýip, habar beripdirler.
Onda Ependi:
– Bu iýmiti iýmedik bolsam, men hem ölerdim – diýipdir.

 

Dawa meniň ýorganymyň üstünde

Bir gije Ependi öýde hassa ýatyr eken. Daşarda bir üýşmeleň sesi eşidilipdir. Ependi ýorganyny bürenip, daş çykypdyr. Şol wagt biri peýda bolup, Ependiniň arkasyndan gelip, ýorganyny alyp gaçyp gidipdir. Ependi öýe gelende aýaly:
– Bu nämäniň galmagaly? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Aý, keýwany, galmagal meniň ýorganymyň üstünde eken, ony aldylar, galmagal sowuldy – diýip jogap beripdir.

 

Seni gözleýärin ahyryn…

Günlerde bir gün Ependi oglunyň elinden tutup bazara gidipdir.
Ogly Ependä:
– Kaka, men ýadadym – diýipdir.
Soňra Ependi ogluny omzuna alýar. Ol gidip barýarka, görse, ogly ýanynda ýok. Ependi ikibaka aýlanypdyr, emma ogluny tapmandyr. «Be, ol nirä gitdikä?» diýip, bazara baryp, ony gözläpdir. Ol bir halwa satýan dükançynyň dükanyna barypdyr. Şol wagt omzunda oturan ogly:
– Kaka, maňa halwa alyp bersene – diýipdir.
– Oglum, men ertirden bäri seni gözleýärin ahyryn…– diýip seslenipdir.

 

Giden zat nämekä?

Günlerde bir gün bäsdeşi Ependä garap:
– Seniň ogluň eşekden ýykylyp, huşy başyndan gitdi – diýipdir.
Onda Ependi bir wagtdan soň aýňalyp:
– Be, meniň oglumyň owal-başda huşy ýokdy. Giden zat nämekä? – diýipdir.

 

Towşany nätdiň?

Bir gün Aleddin zyýapat edip, adamlary jemläp, Ependini hem çagyrypdyr. Ependi dosty Imat bilen gidipdir. Baranlarynda soltan Ependä bir alma uzadypdyr. Ependi almany alyp iýipdir. Imat Ependini gapdala çekip:
– Näme üçin sen beýle gabahat iş etdiň? Näme üçin almany soltanyň ýanynda iýdiň? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Onda näme etmek gerek? – diýipdir.
Onda Imat:
– Almany goltugyňa salyp, soňra iýmelidiň – diýipdir.
Soňra orta nahar getiripdirler. Soltan Ependini ýanynda oturdyp, nahar iýmäge başlapdyr. Ortadaky saçaga üstüne ýogurt dökülen bir towşany getiripdirler. Soltan Ependiniň öňüne ýogurtly towşan buduny goýupdyr. Ependi ony alyp derrew goltugyna salypdyr. Soltan:
– Ependi, bu näme etdigiň boldy, towşany nätdiň? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Imadyň sözüne giden mundan gowy zat etmez – diýip jogap beripdir.

 

Garaşyp durmaga wagtym ýok

Günlerde bir gün Ependi hammama baranda bir nätanyş adam sen-men ýok, onuň ýeňsesine bir şapbat urup goýberipdir. Ependi ýalta yzyna gaňrylyp görse, asla gören adamy däl.
Ol adam:
– Agam, günämi öteweri, men sizi öz ýakyn dostlarymyň biridir öýdüpdirin – diýip, ötünç sorapdyr. Emma Ependi ony şapba tutup, kazynyň ýanyna alyp baryp:
– Meniň bu adamda hakym bar, şony alyp ber! – diýipdir.
Onda kazy:
– Ol nähili hak? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Bu adam meniň ýeňsäme urdy – diýipdir.
Ol adam kazynyň dosty eken. Näme etjegini bilmän, kyn ýagdaýa düşen kazy:
– Bir şapbadyň haky bir teňňedir, men seniň haýryňa bir teňňe jerime salýaryn – diýipdir.
Soňra kazy günäkäre garap:
– Bar, derrew bir teňňe getir. Urlany üçin ony Ependä berjek – diýipdir. Şeýdip kazy günäkär dostuna gaçyp gitmäge mümkinçilik beripdir. Ependi özüni uran adam «häli geler, şindi geler» diýip, köp garaşypdyr. Ahyry ol kazynyň günäkäri bahana bilen sypdyryp goýberenligine düşünipdir.
Ependi kazynyň aljyraňňylygyndan peýdalanyp:
– Asyl onuň günäsini bagyşlan özüň ekeniň-ow! – diýip, uly ili bilen gygyrypdyr-da, bar güýji bilen kazynyň ýeňsesine suňşurypdyr.
Kazy öwrülip Ependä:
– Bu näme etdigiň boldy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Garaşyp durmaga meniň wagtym ýok. Günäkär gelse, meniň haýryma salan bir teňňe jerimäni özüň alaý – diýip, çykyp gidipdir.

 

Eşege ynanýarmyň?

Günlerde bir gün Ependi çöle gitmekçi bolup durka, bir dilegçi gelip, ondan eşegini sorapdyr. Ependi bir bahana tapyp, eşegini bermezligi ýüregine düwüpdir-de:
– Häzir eşegim ýatagynda ýok – diýipdir. Onýança-da eşegi aňňyraýypdyr.
Dilegçi adam:
– Eý, Ependi sen-ä ýalançy ekeniň. Sakgalyň agyndan utansaň bolmaýarmy? Eşegiň ýatagynda eken-ä! – diýipdir.
Onda Ependi:
– Men ýalançy bolýan bolsam, sen hem ýürege düşgünç dilegçi ekeniň. Indi sen meniň bu ak sakgalym bilen aýdanyma ynanman, eşege ynanýarmyň? – diýip jogap beripdir.

 

Ýöremäni kyn görýäňmi?

Bir gün Ependi eşegine ýük ýükläp gidip barýar eken. Eşek agyr ýükden ýaňa zordan ýöräpdir. Ependi ýüküň birazyny öz egnine alyp, eşegiň üstüne münüp gidiberipdir. Bu eşege has-da agyr bolupdyr.
Soňra Ependi:
– Eý, haýwan, ýüküň baryny men aldym ahyryn. Sen ýene ýöremäni kyn görýäňmi? – diýip seslenipdir.

 

Palanyňy almarsyň…

Günlerde bir gün Ependi eşegini münüp, şähere gidipdir. Ýolda barýarka, aýakýoluna oturmakçy bolupdyr. Ependi çäkmenini çykaryp, eşegiň üstüne atyp, ýoldan uzakda bolmadyk bir agajyň düýbünde oturypdyr. Şol wagt bir ogry peýda bolup, Ependiniň çäkmenini ogurlap gidipdir. Ependi dolanyp gelse, çäkmeni goýan ýerinde ýok. Onsoň ol eşegiň palanyny sypyryp alyp, arkasyna atyp ýöräberipdir. Eşegi aňňyrmaga başlapdyr welin, ony taýak bilen saýgylap:
– Çäkmeni bermeseň, palanyňy almarsyň – diýipdir.

 

Men owal hem ýerdedim

Bir gün Ependi eşege münmekçi bolanda, palany agyp, güpläp, ýere gaçypdyr. Adamlar oňa gülmäge başlapdyrlar. Ependi olara garap:
– Bu ýerde güler ýaly näme bar? Men owal hem ýerdedim, häzir hem ýerde – diýip hüňürdäpdir.

 

Gaçmany nireden bilsin?

Günlerde bir gün Ependiniň gölesi ýüpüni üzüp gaçyp gidipdir. Ependi hernäçe jan etse-de, ony tutup bilmändir. Ol ýataga gelip, garry sygryny güpüledip urmaga başlapdyr.
Adamlar:
– Ependi, munuň günäsi näme? – diýip soranlarynda:
– Asyl, belaň körügi şu haram ölen sygyr bolmaly. Şu öwretmese, ýumruk ýaly göle gaçmany nireden bilsin? – diýip jogap beripdir.

 

Dogrup bilen ölüp-de biler…

Günlerde bir gün Ependi goňşusyndan gazanyny diläp alypdyr. Birnäçe günden soň gazanlyk işi gutaransoň, onuň içine başga-da bir kiçijik gazan salyp, eýesine eltip beripdir.
Gazan eýesi muny görüp:
– Bu näme? – diýip, geň galmak bilen sorapdyr.
Ependi:
– Gazanyňyz guzlady – diýipdir welin, goňşusy begenip, gazanjygy ur-tut garbap alypdyr.
Birnäçe günden soň Ependi goňşusyndan «guzlan» gazany sorapdyr. Goňşusy beripdir. Ependi gazany öýüne getiripdir. Eýesi köp garaşypdyr. Emma Ependi gazany getirer ýerde getirmändir.
Birnäçe günden soňra gazanyň eýesi gelip, gazanyny sorapdyr.
Ependi:
– Seniň şol gazanyň öläýdi, bagyşla! – diýipdir. Onda gazanyň eýesi:
– Heý-de, gazan ölermi? – diýipdir.
Ependi bolsa:
– Sen näme gazanyň «guzlanyna ynanýaň-da, ölenine şübhelenýärmiň? Dogrup bilen, ölüp-de biler ahyryn – diýipdir.

 

Gözi bilen yşarat etdi

Günlerde bir gün Ependi ýer sürýär eken. Birdenkä öküzi ýatyberipdir. Ependi ony gamçy bilen urupdyr. Urup durka beýleki öküz gözüni ýumupdyr. Soňra Ependi ýatan öküzi taşlap, beýleki öküzi ýençmäge başlapdyr. Adamlar:
– Munuň günäsi näme? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Bu ýatan öküze «turmagyn» diýip, gözi bilen yşarat etdi – diýipdir.

 

Hatda öz kellesini hem ýaryp biler

Ependi kazyçylyk edýär eken. Günlerde bir gün iki sany adam dawalaşyp onuň ýanyna gelipdir. Olaryň biri beýlekisini görkezip:
– Kazy aga, biziň dawamyzy çözüp ber. Şu adam meniň gulagymy dişledi – diýipdir.
Beýlekisi bolsa:
– Ýok, men dişlämok, onuň özi dişledi – diýipdir.
Ependi olara:
– Ertir geliň, kimiň mamla, kimiň bimamladygyny şonda aýdaryn – diýipdir.
Ependi öýlerine baryp, öz gulagyňy dişläp bolýandygyny ýa bolmaýandygyny synap görmekçi bolupdyr. Otagyň ortasynda näçe pyrlansa-da, agzyny gulagyna ýetirip bilmändyr. Onuň gahary gelipdir, gulagyndan batlyrak çekende deňagramlylygyny saklap bilmän, güpüläp ýere ýykylypdyr.
Ertesi gün Ependi kellesini daňyp, agsaklap iş ýerine baryp, ol iki dawagäri kabul edipdir. Soňra gulagy dişlenen kişä:
– Ile günä ýüklejek bolma, sen gulagyňy özüň dişläpsiň – diýipdir. Onda gulagy dişlenen:
– Ependi, beýle diýmesene! Heý-de, adam öz gulagyňy özi dişläp bilermi? – diýip gatyrganypdyr.
Ependi agyry zerarly ýüzüni çytyp:
– Wah, gulak dagy nämemiş, hatda arkan ýykylyp, öz kellesini hem ýaryp biler – diýip jogap beripdir.

 

Sen bir tylla-da geçmezdiň…

Teýmirleň Akşähere gelende bir gün Ependä:
– Gel, ikimiz bile hammama gidip ýuwunaly – diýipdir, Olar hammama giripdirler. Teýmirleňiň bilinde ýüz tyllalyk guşak bar eken. Hammama girip, sekiniň üstünde oturypdyrlar. Teýmirleň yzyna bakyp, Ependä:
– Eger men hökümdar däl-de, gul bolup satylmaly bolsam, näçe tylla geçerdim? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Ýüz tylla geçerdiň – diýipdir.
Teýmirleň:
– Heý, Ependi, sen nämeler diýýärsiň? Diňe bilimdäki guşagymyň bahasy ýüz tylla ahyryn – diýende.
Ependi:
– Hawa, dogrusy men biliňdäki guşagyňa baha kesdim-dä. Ýogsa, sen bir tylla-da geçmezdiň – diýipdir.

 

Bir horazy bolmazmy?

Günlerde bir gün Ependi Teýmirleňiň gaşynda oturan eken. Teýmirleň Ependä bakyp:
– Ependi, gel, ikimiz bile hammama gideli – diýipdir.
Olar hammama giripdirler. Teýmirleň bäş-on sany ýaş oglan bilen dil düwşüpdir. Olaryň her haýsy bir ýumurtga alyp hammama girmeli ekenler. Hammama girensoňlar, olardan biri Teýmirleňiň öwredişi ýaly:
– Geliň, her kim bir ýumurtga guzlamaşak edeliň. Kim guzlap bilmese, ol beýleki guzlanan ýumurtgalaryň bahasyny tölemeli bolsun – diýipdir.
Oglanlar towuk kimin wakkyldaşan bolup, getiren ýumurtgalaryny bildirmän çykaryp, sekiniň üstünde goýup, soňra Teýmirleňiň gaşyna baryp durupdyrlar. Şol wagt Ependi ellerini çarpyp, sekiniň üstüne çykyp «gok-go-gogo-o…!» edip, hammamy ýaňlandyryp gygyrypdyr. Teýmirleň Ependiniň bolşuny görüp:
– Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň boldy? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Munça mäkiýanyň arasynda bir horazy bolmazmy, eýsem! – diýip jogap beripdir.

 

Bu onuň neberesindendir

Bir gün Ependiniň aýagyndan it dişläpdir. Şol wagt Ependi bagda bir iti tapyp urmaga başlapdyr.
Biri gelip:
– Ependi, bu iti näme üçin urýarsyň? – diýende, Ependi:
– Meniň aýagymdan dişledi? – diýipdir.
Onda ol adam:
– Bu seni dişlän it däl ahyryn? – diýipdir welin, Ependi:
– Dogry, meni dişlän bu it däl, emma bu onuň neberesindendir – diýip jogap beripdir.

 

Seniň ýaşlygyňa-da belet

Bir gün Ependi eşegine münmekçi bolupdyr. Emma eşegiň palany agyp, güpüläp ýere gaçypdyr. Töweregindäkiler oňa gülmäge başlapdyrlar. Ependi olara garap:
– Haý, ýaşlyk, haý ýaşlyk – diýipdir. Onda olar:
– Heý, zaňňar! Biz seniň ýaşlygyňa-da belet ahyryn – diýip seslenipdirler.

 

Häsiýetsiz eşek

Günlerde bir gün Ependi dagda odun ýygýarka, eşegi onuň çöregini iýmäge başlapdyr. Muny gören Ependiniň zähresi ýarylara gelipdir.
Ependi eşege ýüzlenip:
– Eý, eşek, men Allanyň rugsady bilen, enşalla, bu zatlara çydap çörek tapýançam, zähmet çekerin. Emma sen ölünçäň, şu häsiýetiňde galarsyň – diýipdir.

 

Gawun-garpyz ýeke-ýekeden iýilýändir

Günlerde bir gün Ependi miwe ir-iýmiş iýmek üçin bazara barypdyr. Ol alma, armyt, erik, ülje ýaly iýmişlerden goşawuçlap iýmäge başlapdyr. Muny gören adamlar:
– Ependi, bulary ýeke-ýekeden iýseň bolmaýarmy? – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Ýok, siz bilmeýärsiňiz, ýeke-ýekeden gawun-garpyz iýilýändir – diýip jogap beripdir.

 

Ölçegimi bozaýmaň!

Günlerde bir gün Ependiniň aýaly äriniň özüne sowgat alyp bermegini isläp:
– Maňa gyzyl ýüpek matadan ýaglyk sowgat etsene! – diýip haýyş edipdir.
Onda Ependi:
– Ululygy nähiliräk? Şunuň ýaly bolsa bolarmy? – diýip, gulajyny açyp, iki elini serip sorapdyr.
Aýaly:
– Hawa, bolar – diýipdir.
Ependi ölçegi ýadyndan çykarmajak bolup, gulajyny açyp, ak bazara rowana bolupdyr. Barýarka öňünden çykan adamlara:
– Sowulyň-how, ölçegimi bozaýmaň! – diýipdir.

 

Şu gün anna günümi?

Bir gün Ependi aýalyna «Her bir adam juma agşamy aýalyna ýanaşsa, hasabyny ýöretmelidir» diýen. Olar maslahatlaşyp, «Özleriniň är-aýallyk borçlaryny her annada berjaý etmeli» diýen karara gelipdirler. Soňra Ependi aýalyna:
– Meniň iş-aladam kän bolýar. Anna gününiň gelenini men neneňsi bilerkäm? – diýip ýüzlenipdir.
Aýaly derrew ugur tapypdyr-da:
– Her hepdäniň anna güni men seniň selläňi asawaçdan asyp goýaryn. Selläni göreniňde anna günüdigi ýadyňa düşer – diýipdir.
Şeýlelikde, olar bir çukura tüýküripdirler.
Günlerde bir gün anna gününiň gelerine birnäçe gün bolsa-da, aýaly Nasreddini küýsäp, onuň sellesini asawaçdan asypdyr. Ependi asylgy duran selläni görüp, geň galypdyr-da, aýalyndan:
– Şu gün anna günümi? – diýip sorapdyr. Onda aýaly:
– Elbetde, anna güni – diýip jogap beripdir.
Nasreddin bolsa:
– Ýok, bu boljak zat däl. Ýa anna güni maňa garaşsyn, ýa-da men anna gününe garaşaýyn – diýipdir.

 

Aýagymy bir goýber ahyryn!..

Bir gün Ependiniň ogly derýanyň ýakasynda çörek iýip oturan eken. Birden elindäki bir döwüm çöregi suwa gaçypdyr. Ol suwa seredende, biriniň keşbini görüp, kakasyna:
– Kaka, derýada bir oglan bar – diýipdir. Ependi suwa siňe seredip görse, suwuň içinde bir oglan däl-de, bir garry adam hem bar eken. Ependi oňa:
– Goja, sen suwuň içinde näme işleýärsiň? Çyk daşyna, görüşeli! – diýip, hüjüm edipdir. Goja çykmansoň, ýene-de:
– Suwdan çykmajakmyň? Men seni çykararyn – diýip, başyny egende, Ependiniň aýagy taýyp ýykylypdyr. Şonda Ependi:
– Çyk, meýdana, aýagymy bir goýber ahyryn! – diýipdir.

 

Bu öýüň iki gapysy bar

Bir gün Ependi bir topar alym adamlary öýüne getiripdir. Olary gapyda goýup, içeri giripdir-de, aýalyna:
– Keýwany, öýde iýer ýaly nahar barmy? – diýip sorapdyr.
Aýaly:
– Be, Ependi, öýde ot ýok, ojak ýok, bişirmäge hiç zat ýok – diýip jogap beripdir.
Onda Ependi:
– Eý, keýwany, sen bar-da, alymlara «Ependi öýde ýok» diýeweri. Goý, olar gitsinler – diýipdir. Çykgynsyz ýagdaýa düşen aýaly daşary çykyp:
– Eý, adamlar! Ependi öýde ýok – diýende, olar:
– Heý-weý, janym! Ependi edil şu wagt biziň bilen bile gelip, içeri girdi ahyryn – diýip, ony utandyrypdyrlar. Onda Ependiniň aýaly nalaç galyp, näme diýjegini bilmändir. Şol wagt Ependi içerden gygyryp:
– Adamlar, bu öýüň iki gapysy bar, birinden girip, beýlekisinden çykyp gidilýär ahyryn – diýipdir.

 

Size palaw bişirip bererdim…

Bir gün Ependi talyplaryny öýüne nahara çagyrypdyr.
Ol aýalyna:
– Nahar taýýarla! – diýipdir.
Aýaly talyplara ýüzlenip:
– Nahar bişirere öýde hiç zat ýok – diýip, hüňňürdäp, eline bir uly gazan alyp daş çykypdyr-da:
– Öýde bişirere zat ýok, ýogsa bu gazany dolduryp, size bir palaw bişirip iýdirerdim – diýipdir.

 

Garga öküzi tutup bilermi?

Günlerde bir gün Ependi soltan bilen awa gidipdir. Hemmeler ýany bilen aw guşuny alypdyr. Ependi bolsa ýany bilen ala gargasyny alyp gidipdir. Aw meýdanyna çykanlaryndan soň, hemmeler öz tugunlaryny goýberipdir. Ependiniň gargasy bir öküziň üstüne gonupdyr. Ependi gargasynyň tutan awy hökmünde şol bada öküziň şahyna ýüp daňyp, idip gidiberipdir.
Öküziň eýesi öküzi bermejek bolupdyr, bolmandyr. Onsoň ol adam kazynyň ýanyna baryp, Ependiniň üstünden arz edipdir. Ependi ony eşidip, kazynyň ýanyna eňipdir-de, eger öküzi almaga kömek etse, oňa sowgat etmäge wada beripdir.
Ondan soň öküziň eýesi bilen Ependi ikisi kazynyň ýanyna gelipdir. Kazy olara:
– Ependiniň gargasy öküzi tutupdyr, ýagdaý şeýle bolansoň, ol onuň awy bolýar. Şunlukda, öküz onuňky bolmaly – diýipdir.
Şeýdip kazy öküziň eýesini kowup goýberipdir.
Ertesi Ependi kazynyň öýüne bir tabak getiripdir. Ol tabagyň içine erňegine barýança, öküziň maçjasyny salypdyr-da, üstüni kelemiň ýapragy bilen örtüp, onuň üstüne-de ýag guýupdyr. Ine, onuň kaza beren sowgady.
Garaňky düşensoň, kazy öýüne gelipdir. Şol wagt onuň ýagly zat iýesi gelipdir. Ol aýalyna tabagy getirdipdir. Çemçe bilen bir gezek susanynda tabagyň içindäki zatlary görüp, aňyrsy bärik gelip, ýüregi bulanypdyr. Gahary gelen kazy Ependini ýanyna çagyrypdyr.
Ependi onuň ýanyna baranda kazy oňa:
– Haramzada, şumy maňa hödür edýän zadyň? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Kazym, ol hödüri seniň özüň özüňe etdiň. Sen höküm çykaranyňda, eýýäm şol tabakdaky zatlary iýdiň. Heý, garga-da öküzi tutup bilermi? – diýip jogap beripdir.

 

At näme üçin gülýär?

Günlerde bir gün soltan Ependi bilen awa gidipdir. Bir mahaldan soň dynç almak üçin oturanlarynda gülüşmek üçin, bildirmän Ependiniň atynyň ernini kesipdirler. Soňra Ependi ony aňypdyr-da, soltanyň atynyň guýrugyny kesipdir.
Soňra olar atlanyp gidipdirler. Ependi soltanyň yzyndan atyny sürüpdir.
Soltan Ependä garap:
– Eý, Ependi, atyň näme üçin gülýär? – diýipdir welin, Ependi:
– Soltanyň münen atynyň guýrugynyň kesilip, syrtynyň açylanyna gülýär – diýip jogap beripdir.

 

Ependi we batyllar

Günlerde bir gün Ependi derýadan geçmekçi bolupdyr. Görse, birnäçe batyl suwdan geçmekçi bolup duran eken. Olar Ependä garap:
– Bizi hem suwdan geçirseň, adam başyna bir teňňe bereris – diýipdirler.
Ependi muňa razy bolupdyr we:
– Men siziň öňüňize düşeýin. Soňra siz biri-biriňize ýapyşyň, men öňüňizden gideýin – diýipdir.
Ol batyllaryň köpüsini suwdan geçiripdir. Iň soňkusyny alyp derýanyň ortarasyna ýetende, suw batyly dolap alyp, akymyň ugry bilen alyp gidipdir. Batyllar bir zadyň bolandygyny aňyp, «Birimizi suw aldy öýdýän» diýşip, goh turuzyp başlapdyrlar.
Ependi işiň erbede ýazandygyny aňyp:
– Näme üçin biderek goh edýärsiňiz? Siz maňa bir teňňäni kem beräýiň, wessalam – diýipdir.

 

Ependi we aşpez

Günlerde bir gün Ependi bazardan arzan towuk alyp aşpeze beripdir we:
– Her çorba bişireniňde towugy bir gezek gaýnadyp, ýene asyp goý, men her gün towuk çorbasyny iýerin – diýipdir.
Aradan alty aý geçipdir.
Bir gün Ependi aşpeze:
– Eger şol towuk bilen maňa ýene bir çorba bişirseň, seni boşadaryn – diýipdir. Onda aşpez:
– Aman-aman, Ependi, men azat bolmakdan geçdim. Sen bu towugy azat etseň bolýar – diýipdir.

 

Ependi we ogry

Günlerde bir gün bir ogry gije Ependiniň öýüne girip, erjellik bilen bir zatlar gözläpdir. Ependi muny duýup:
– Men gündiziň güni bu öýden hiç zat tapamok, sen garaňkynyň içinde näme taparsyň? – diýip seslenipdir.

 

Ýüwrük

Bir aýalyň äre çykandan soň üç aý geçmänkä çagasy bolupdyr. Goňşy aýallar ýygnanyşyp: «Bu çaga näme at daksakkak?» diýip maslahat edipdirler.
Ahyrda belli bir karara gelip bilmän, Ependä ýüz tutupdyrlar.
Ependi ol çaganyň adyna Ýüwrük dakmagy maslahat beripdir.
Aýallar Ependä:
– Heý, beýle-de bir at bolarmy? Ilde-günde eşidilen at däl, bu – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Dokuz aýlyk ýoly üç aýda geçensoň, dagy oňa nähili at dakjak? – diýip jogap beripdir.

 

Un serlen urgan

Günlerde bir gün bir dilegçi Ependiden urgan sorapdyr. Ependi öýe girip çykypdyr-da:
– Keýwanym urganyň üstünde un seripdir – diýipdir.
Onda dilegçi:
– A-how! Heý-de, urganyň üstünde-de un serlermi? – diýipdir.
Onda Ependi:
– A-how! Seniň akylyň nirede? Eger şoňa akylyň çatýan bolsa, urganyň berilmejegine-de düşünäýseň bolmaýarmy? – diýipdir.

 

Ygyp ýören bolsa, bize-de gelerdi

Günlerde bir gün adamlar Ependä:
– Ependi, seniň aýalyň öýme-öý ygyp ýör-le – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Allatagala şaýatdyr, eger ol ygyp ýören bolsa, biziň öýmüze-de gelerdi ahyryn – diýip jogap beripdir.

 

Men balykdan soraýaryn

Ependiniň kakasy öýlerine üç sany gowrulan balyk getiripdir. Şol wagt Ependi öýde ýok eken.
Ependiniň ejesi adamsyna:
– Balyklary Ependi gelmänkä iýsek oňat bolar, ýogsa ol ýekeje böleginem arkaýyn iýdirmez – diýipdir.
Şol mahal Ependi gapyny kakýar welin, ejesi iki sany uly balygy tagta sekiniň aşagynda gizläp, ýekeje kiçijik balygy hem görnäýjek ýerde goýupdyr. Emma Ependi gapynyň yşyndan seredip, ol bolýan zatlary gören eken. Soňra bolsa ol öýe giren. Kakasy Ependiden:
– Oglum, sen Ýunus pygamber hakda hekaýaty eşidipmidiň? – diýip sorapdyr.
– Men balykdan soraýaryn – diýip, Ependi jogap beripdir-de, gulagyny balygyň agzyna eltip:
– Bu balyk «Ýunus döwründe men kiçijikdim, goý, ol wakany agaç sekiniň aşagyndaky uly balyklar aýtsyn» diýýär – diýip jogap beripdir.

 

Hakyky erkek kişä meňzemekçi

Bir gün Ependiniň aýaly oňa igenip:
– Sen mydama öýde oturyp, ownuk-uşak zatlara garyşyp ýörsüň. Meniň boýdaşlarymyň ärleri bolsa, är gören ýaly, hakyky erkek kişileriň hemmesi öz işleri bilen bolşup ýörler – diýip, ony öýden kowup goýberipdir.
Ependi sesini çykarman, çäkmenini egnine atypdyr-da, tanyşlarynyňka gidipdir. Aradan gün geçýär, hepde geçýär. Ependi dost-ýarlarynyňkyda myhman bolup geziberipdir.
Ahyry bir gün ol bir dostuna ýüzlenip:
– Sen biziň öýümize baryp, meniň hökmürowan keýwanymdan sorap gör, men dolanyp öýe baryp bilýänmi ýa-da entegem hakyky erkek kişä meňzemeýärmikäm? – diýip, ondan haýyş edipdir.

 

Köçeden gözläýmesem…

Günlerde bir gün Ependi öýde ýüzügini ýitiripdir. Ony ýitiren ýerinden tapyp bilmän, daşaryk çykyp, köçeden gözleýärmiş. Goňşusy onuň näme gözleýändigini sorapdyr. Ol Ependiniň ýüzügini öýde ýitirendigini bilenden soň:
– Ependi, ýüzügiňi öýden gözleseň bolmaýarmy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Öý garaňky, ýagtydan gözläýmesem, gözlerim kütelipdir – diýip jogap beripdir.

 

Ependi we üç alym

Ependiniň ýaşan döwründe bir patyşa bar eken. Adyna soltan Aleddin diýer ekenler. Günlerde bir gün onuň ýurduna özge welaýatdan üç sany adam gelipdir. Soltan Aleddin olary öz dinine boýun egdirmekçi bolupdyr. Olar:
– Herne iş bolsa, biz boýun bolarys. Ýöne biziň üç sany sowalymyz bar. Eger jogap berip bilseňiz, yslamy kabul ederis – diýipdirler.
Soltan Aleddin bularyň sözi bilen razylaşyp, köşk akyldarlaryny ýygnap, myhmanlaryň sowallaryny beýan edipdir. Olar sowallaryň hiç birine jogap berip bilmändirler.
Soltan Aleddin:
– Bu nähili müşgil iş. Meniň ygtyýarymdaky ulamalardan bir adam hem sowallara jogap berip bilmese, nähili bolar! – diýip gaharlanypdyr.
Ulamalaryň içinde bir adam ýerinden turup, tagzym bilen:
– Tagsyr, bularyň sowalyna Ependiden özge hiç kim jogap berip bilmez. Çünki ol adam keramatlydyr – diýdi.
Patyşa bu sözi eşiden dessine bir ýasawulyna Ependini getirmegi emr etdi. Ýasawul derrew baryp, Ependä habar berdi. Ependi şanyň çakylygyny eşiden badyna ýola rowana boldy.
Ependi patyşanyň dergähine gelip salam berip, içeri girdi. Patyşanyň haky üçin doga okap:
– Eý, patyşahy älem! Meni çagyrmakdan maksadyňyz nedir? – diýdi.
Patyşa üç adamyň sowalynyň bardygyny, ol sowallara jogap bermekden akyldarlaryň ejiz gelendigini aýdypdyr we ony ol adamlar bilen duşuşdyrypdyr.
Onda Ependi olara:
– Ýagşy, aýdyberiň, sowallaryňyz nämedir? – diýipdir.
Olaryň biri:
– Meniň sowalym şeýle, ýeriň ortasy nirede? – diýipdir.
Ependi derhal ýerinden turup:
– Şu eşegimiň öň aýagynyň duran ýerinde – diýip jogap beripdir.
Onda ol adam:
– Muny nädip subut edersiň? – diýip sorapdyr.
Ependi oňa:
– Eger ynanmasaň, ýer-ýüzüniň etraplaryny ölçäp gör. Eger bir tarapy artyk ýa-da kem çyksa, meniň ýanyma geläý! – diýip, gaýtargy beripdir. Ol adam geň galyp, gaýra çekilipdir.
Ondan soň ikinji adam:
– Ependi, asmandaky ýyldyzlaryň sany näçedir? – diýip sorapdyr.
Ependi oňa:
– Eşegimiň bedenindäki tüýleri näçe bolsa, ýyldyzlaryň sany hem şonçadyr – diýipdir.
Ol adam:
– Sen ony niçik delillendirersiň? – diýipdir.
Ependi:
– Ynanmasaň, ýeke-ýeke sanap gör. Eger kem ýa-da zyýat bolsa, men sözlemerin – diýipdir.
Ol adam:
– Eý, akylsyz adam! Heý-de, eşegiň tüýüni sanap bolarmy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Eýsem asmandaky ýyldyzlary sanamak şondan aňsatdyr öýtdüňmi? – diýip jogap beripdir.
Nobat üçünji adama ýetipdir. Ol:
– Ependi, eger meniňem soragyma jogap berip bilseň, hemmämiz musulman bolarys – diýipdir.
Ependi:
– Sowalyň nähili, beýan et! – diýipdir. Ol adam:
– Meniň sakgalymyň gyly näçedir? – diýipdir.
Ependi säginmän:
– Meniň eşegimiň guýrugyndaky gyl näçe bolsa, şonçadyr – diýip jogap berende, ol adam:
– Sen ony neneňsi delillendirjek? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Muny delillendirmek aňsat. Seniň sakgalyň gyllaryny hem eşegiň guýrugyndaky tüýleri hem ýeke-ýekeden ýolup çykarys welin, şonda olaryň sany deň bolmasa, seniňki hak bolar – diýipdir.
Ol adam Ependiden bu sözleri eşidip pikire çümüp, bu işleriň Alla tarapyndygyna göz ýetiripdir. Olar Ependiniň akylyna we paýhasyna geň galypdyrlar we:
– Biz yslamy kabul edýäris – diýip, keleme öwrüp, nur imanly bolupdyrlar. Üçüsi-de Ependiniň hakyna doga okapdyrlar.

 

Ependi Hudaýdan razy

Ependi puluny bir ýerde gizläpdir. Günlerde bir gün ol pul gerek bolup, gizlän ýerinden gözlese, puly ýerinde ýok eken. Ependi gamgyn bolup: «Eý, Alla, kim meniň pulumy ogurlan bolsa, özüme gaýdyp bersin» diýip, metjide baryp, gijesi bilen aglap oturypdyr.
Edil şol halatda hem gämisi gaýa uçran täjiriň biri derýa gark bolmakdan sag-aman sypsa, Ependä müň teňňe sadaka berjekdigini wada edipdir. Şol wagt güýçli şemal öwsüp täjiri suwuň kenaryna çykarypdyr. Täjir howpdan sag-aman sypyp, Ependä wada eden müň teňňesini getirip beripdir. Öz gämisiniň deňizde nähili howpa duçar bolandygyny Ependä gürrüň beripdir. Ependi puly alyp, nämäniň-nämedigine düşünip:
– Eý, gudraty güýçli Hudaý! Bir gije metjide gelip aglanyma, ynsap edip, ogurlanan pulumy gaýdyp berdiň! – diýip, metjitden çykyp gidipdir.

 

Enar hem gutardy, jogap hem

Bir syýahatçy molla syýahat edip ýörkä, ýolda-yzda gabat gelen adamlardan dünýäde bolup geçýän geň-enaýy zatlar hakynda sorar eken. Adamlaryň hiç biri-de onuň soragyna jogap berip bilmändir. Onsoň bir adam:
– Seniň bu soraglaryňa Rum şäherinde ýaşaýan Ependi atly bir dana kişi jogap berer – diýipdir.
Ol molla bu sözleri eşidip, bäş-on sany enary Ependi üçin alypdyr we ýola düşüp, Ruma ýetipdir. Ýolda ekinzarlykda işläp ýören bir adama sataşypdyr. Aýagy çarykly ol kişi, arkasyndaky suwly çelegi bilen ekinini suwaryp ýören eken.
Molla: «Bu adamyň danalygy eşiginden bildirip dur. Men mundan bir-iki zat sorap geçeýin» – diýip, oňa ýakyn baryp salam beripdir. Ol onuň salamyna jogap berip: «Ýol bolsun!» diýipdir.
Onda molla:
– Bir sowalym bar. Ony sizden sorasym gelýär! – diýipdir.
Ependi:
– Bir zat bermeseň, soragyňa ýöne jogap bermerin. Muňa hatda ataň atasy-da jogap berip bilmez – diýende, molla:
– Şu enar keramatlydyr – diýip, goltugyndaky enary uzadyp, bir sorag beripdir.
Ependi onuň soragyna jogap beripdir. Molla oňa ýene-de bir enar uzadyp, ikinji sowaly beripdir. Ependi oňa-da jogap beripdir. Molla enarynyň ählisini berip, soragyna jogap alypdyr. Mollanyň enarynyň tükenenini Ependi aňlapdyr. Molla:
– Ýene-de birje soragym bar – diýipdir welin, Ependi oňa:
– Sen indi bu ýerden git, çünki enar hem tükendi, jogap hem – diýipdir. Molla onuň Ependidigini aňmandyr. Oňa: «Berekella» aýdyp:
– Bä-ä, Rum şäheriniň bir daýhany şeýle alymlyk derejesine ýeten bolsa, onda Ependisi nähilikä? – diýip, haýran galmak bilen ýola rowana bolupdyr.

 

Seni özümsiň öýtdüm

Günleriň birinde Ependiniň ýanyna bir adam gelipdir. Olar köp wagtlap lakgyldaşyp oturypdyrlar. Gelen myhman turup ugramakçy bolanda, Ependi oňa:
– Aýyplaşmaň, myhman, men sizi tanamadym-la?! – diýip ýüzlenipdir.
Onda ol adam:
– Tanamaýan bolsaň, neneň edip ýat adam bilen beýle içgin gürrüň edip bilýäň? – diýipdir.
Ependi oňa:
– Selläňe seretsem, meniň selläm ýaly, geýimleriňe seretsem olar hem edil özümiňki ýaly. Asyl seni özümsiň öýdüp, içginsiräp oturypdyryn – diýip jogap beripdir.

 

Hiç zat görmedim

Günlerde bir gün Ependi şäherden çykyp gidip barşyna ýoly bir mazarystanlygyň üstünden düşüpdir. Gonamçylyga aýlanyp ýörkä, bir mazaryň üstüne ýykylypdyr, mazaryň üsti açyk eken. Ol palçyga bulaşan eşiklerini çykaryp, arassalamaga durupdyr we:
– Gel, men ölen bolup, göre girip ýataýyn. Meniň ýanyma Müňkür-Nekir gürzüsi bilen gelermikä ýa gelmezmikä? – diýip, gabra girip, öli halda ýatyberipdir.
Ependi birden adam sesini, haýbatly owazlary eşidip: «Kyýamat güni geldi öýdýän. Birden gelip kyýamatyň gürzüsini ursalar niçik bolar?» diýip, syçrap gabrystandan daşary çykyp, gaçmakçy bolupdyr. Oňa eşidilen ses kerweniň jaňynyň, at aýagynyň sesi eken.
Şol halatda Ependiniň ýanyna ýetip gelen atlylar elem-tas bolup barýan adamy görüp, kürtdürip durupdyrlar. Atlylar ellerine taýak alyp, Ependini kowalap başlapdyrlar.
Olar:
– Kim sen? – diýip sorapdyrlar.
Ependi:
– Men ölüdirin – diýip jogap beripdir.
– Öli bolsaň, bu ýerde näme işleýärsiň? – diýenlerinde, Ependi:
– Aý, biraz bu dünýä tomaşa edip ýörün – diýipdir.
Olar:
– Tomaşany indi görersiň – diýip, Ependiniň çem gelen ýerine urupdyrlar. Ependi ömründe görmedik «tomaşasyny» görüp, gaçyp kerwenleriň golundan zordan sypypdyr. «Gaýdyp mazarystanlygyň golaýyndan ýöremerin» diýip, toba edip, aýagyny süýräp öýüne gelipdir.
Aýaly:
– Sen nirelerde bolduň? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Men gabra, ölüleriň arasyna girip, o dünýäniň wakalaryny görmekçi boldum – diýende aýaly:
– Ýeri, o dünýäde näme we niçik wakalary gördüň? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Sen sorama. O dünýäde kerwenleri, atdyr eşekleri ürküzip, gutulmakdan başga hiç zat görmedim – diýip jogap beripdir.

 

Günde baýram bolsady

Gurakçylyk ýyllaryň birinde Ependi saý-sebäp bilen bir oba düşüpdir. Görse, bu ýeriniň ilaty biş-düş bilen gaýda-gaýmalaşyk eken. Olar Ependiniň öňünde hem oňat tagamly naharlary goýupdyrlar.
Ependi:
– Bäh, bu ýeriniň bolçulykdygyny! Biziň şäherimiziň ilaty bolsa açlykdan gyrylyp ýatyr – diýip geň galypdyr.
Adamlaryň biri:
– A-how, Ependi, biziň hem bol-telki günümiz ýok. Baýramçylygyň nämedigini sen näme bilmeýärmiň? Bu gün baýram ahyryn. Her kim tapdygyndan biş-düş edýär. Şonuň üçindir, zadyň bol görünýändigi – diýipdir.
Ependi biraz pikirlenip:
– Wah, günde baýram bolsa bolmaýarmy? – diýipdir.

 

Kazy bolan eşek

Bir gün Ependi eşegini ýitiripdir. Ol ony gözläp ýörkä, tötänden bir adama sataşyp:
– Heý, bir del eşek görmediňmi? – diýip sorapdyr. Onda ol adam:
– Seniň eşegiň pylan şäherde kazy bolup otyr – diýipdir.
Ependi:
– Dogry aýdýarsyň. Meniň özümem «Ol kazy bolar» diýip, güman edýärdim. Asyl kazyçylykdan sapak berenimde, onuň gulagyny keýertmesi bardy-la! – diýipdir.

 

Bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň!

Günlerde bir gün Ependi metjide baryp, münbere çykyp:
– A-how, musulmanlar! Meniň näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip, adamlara ýüzlenipdir.
Adamlar:
– Ýok bilemzok – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Aý, onda bilmeýänlere wagyz etmegiň geregi-de ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir.
Soňra bir gün ýene metjide baryp, münbere çykyp:
– Eý, doganlar! Meniň size näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip sorapdyr.
Adamlar:
– Hawa, Ependi, bilýäris – diýip jogap beripdirler.
Onda Ependi:
– Aý, bilýän bolsaňyz, onda meniň wagyz etmegimiň hajaty ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir.
Adamlar onuň bolşuna geň galyp:
– Eger Ependi ýene gelip soraýsa, «Käbirimiz bilýäris, käbirimizem bilemzok» diýip jogap bereliň – diýen maslahata gelipdirler.
Ependi ýene-de bir gün münbere çykyp:
– Eý, möminler! Meniň size näme wagyz-nesihat etjegimi bilýäňizmi? – diýip ýüzlenipdir. Onda adamlar!
– Hawa, Ependi, käbirimiz bilýäris, käbirimiz bilmeýäris – diýip, jogap berenlerinde Ependi:
– Be-ýe, neneňsi ýagşy adamlar ekeniňiz. Onda bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň – diýip, münberden düşüp gaýdypdyr.

 

Dokuzam bolsa beräý!

Bir gün Ependi düýş görüpdir. Düýşünde bir eşegi bar eken. Bir adam gelip:
– Ependi, eşegiňi satarmyň? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Puluny köp berseň sataryn – diýen.
Onda ol adam:
– Näçä satarsyň? – diýen.
Ependi:
– On teňňä – diýip jogap beren.
Ol adam:
– Ýedi, sekiz, dokuz teňňe bereýin – diýipdir.
Ependi «Ýok» diýen pursaty ukudan oýanypdyr.
Ependi munuň düýş ekendigini bilipdir. Ne eşek bar, ne-de pul. Soňra derrew gözüni ýumupdyr-da: «Aý, bolýar-da, dokuz teňňe hem bolsa beräý, men razy» diýip, goluny uzadypdyr.

 

Men ýalňyşypdyryn

Bir gün Ependi mazarystanlykdan çykyp barýar eken. Birden onuň gözi ýetip gelýän atlylara düşüpdir. Ependi olary ogrudyr öýdüp: «Meni ogurlap gidäýmesinler» diýip, bir gabra girip gizlenipdir.
Atlylar ony görüpdir-de:
– Bu niçiksi adam eken. Bilmegimiz zerur – diýip ondan:
– Sen kim bolarsyň? – diýip sorapdyrlar.
Ependi gabryň içinden:
– Meniň kim ekenligimi näme üçin soraýarsyňyz? Men gabyrdaky merhumlaryň biridirin – diýipdir.
Olar onuň Ependidigini bilip:
– Eger siz öli bolsaňyz, bu ýerde näme işleýärsiňiz? – diýenlerinde, Ependi:
– Men seýil edip ýörün – diýipdir.
Olar:
– Öli adama sözlemek we ýöremek bolmaýar ahyryn, sen bolsa ýöräbem, sözläbem bilýärsiň – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Berekella, dogry aýdýarsyňyz, men ýalňyşypdyryn – diýip, gabyrdan çykyp, öz ýoluna gidipdir.

 

Özümem haýran

Bir gün Ependi bir adamyň bagyna girip, üzümlerden ýolup, sebedine salyp duran eken. Birden bagyň bagbany peýda bolup, onuň hereketlerini görüpdir.
Bagban Ependä:
– Seniň bu etdigiň näme? Menden birugsat bagyma giripsiň! – diýipdir.
Ependi:
– Men öz ygtyýaryma girmedim. Gije bir güýçli şemal turdy-da, meni uçuryp bu ýere getirdi – diýip jogap beripdir.
– Onuň ýaly bolsa onda üzümleri kim ýoldy? – diýip, bagban sorapdyr.
Ependi:
– Şemalyň güýçlüliginden gorkup, üzümiň ýapraklaryndan aslyşanymda elime geläýdi – diýipdir.
Bagban oňa ynanmandyr. Şeýle-de bolsa:
– Onda üzümleri sebede kim saldy? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Eý, halypa, şuň-a menem haýran, senem – diýip jogap beripdir.

 

Halta hasabyna seredeniňde…

Ependi Oraza aýy bolanda özüçe pikirlenip:
– Maňa adamlaryň hasabyna görä agyz beklemek nämä gerek?! Bir halta alyp, onuň içine her gün ownuk daş ataýyn. Haçan-da ol daşlar otuza ýetende öz hasabym bilen Oraza baýramyny bellärin – diýipdir. Şeýdip ol her gün agzyny açanda, ol halta bir daş oklar eken. Oraza aýynyň 21-i bolanda Ependiniň gyzy haltadaky daşlary görüp:
– Atam näme üçin daş saldyka? – diýip, ol hem bir mukdar maýda daşlary getirip, halta salýar. Şol gün bir kişi Ependiden:
– Orazanyň näçe güni galdy? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Biraz garaş, men öýüme gidip, hasap haltamy görüp, jogabyňy bererin – diýip, öýüne baryp haltadaky daşlary döküp, sanap görýär. Görse daşlar 165-ýe ýetipdir. Ependi adamlardan Oraza baýramyna sekiz gün galandygyny eşiden ekeni. Ol 165-iň üstüne sekizi hem goşýar. Şeýdip, bu san 173-ýe ýetýär. Ol: «Eý, Alla, bu ýylky orazany 173 gün edip ýaradypsyň» diýip, haýran galýar we:
– Eger soragça 165 gün diýsem ol hökman meni masgaralap, üstümden güler. Indi gel 100-ini taşlap, 65 gün diýeýin – diýip, daşary çykýar hem-de ol adama:
– Eý, gardaş, mübärek Remezan aýy 65 gün bolupdyr – diýýär. Ol adam kah-kah gülüp:
– Bir aý doly 30 gün bolýar. Siz nähili 65 gün diýýärsiňiz? – diýipdir. Onda Ependi:
– Eý, akmak, şindem men ynsap edip ýüzüni aýyrdym. Eger halta hasabyma seretsem, bu ýyl Oraza aýy 173 gün eken. Oraza baýramyna sekiz gün galdy. Seniň ýaly nadan kişiler bilen mundan artyk sözleşsem, aklyma zeper ýeter – diýip, öýüne girip gidipdir.

 

Köne aýy näme edýärler?

Bir kişi Ependiden:
– Eý, Ependi, täze Aý dogansoň, köne Aýy näme edýärler? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Ýüzüňe seretsem, adama meňzeýäň, emma öküziňkiçe-de akylyň ýok eken. Bileňokmy näme, täze Aý doganda, köne Aýy döwüp, ýyldyz edýärler – diýip jogap beripdir.

 

Zeleli bolmasa, peýda ýokdur

Ependiniň aýaly bir gün:
– Eý, janym Ependim, siz hem söwdagärler ýaly biraz zat alyp satmagy adat etseňiz niçik bolar?!. Käbir mejlislerde men biçäre hem ýagşy lybaslar geýnip, söwdägärleriň aýallaryna serdar bolardym – diýipdir. Ependi:
– Nirede bolsa tap-da, pully horjunymy ber, bazara baryp sen serdar bolar ýaly iş edeýin – diýipdir. Aýaly hoşal bolup, puly çykaryp beripdir. Ependi puluny sanap görse, on teňňe bar eken. Ol bazara barypdyr, görse, bir kişi ýumurtga alyp barýar eken. Ependi: «Söwdamyň başy tohumdan bolsun» diýip, bir teňňä on sany ýumurtga satyn aldy. Başga bir gün bazara baryp, olary bir teňňä satyp öýüne dolanyp geldi. Aýaly:
– Ependim, nähili söwdagärlik etdiňiz? – diýip sorady. Ependi:
– Aza kanagat edip, bir teňňä on däneden tohum alyp, on bir däneden satdym – diýipdir. Aýaly bu sözi eşidip:
– Heýhat, men bir garamaňlaý aýal ekenim, «Sen peýda gazanyp gelersiň, menem mejlisde serdar bolaryn» diýip, güman etsem, sen zyýana galyp gelipsiň – diýip zeýrenipdir. Ependi:
– Eý, biakyl, bal gerek bolsa arynyň iňňesine razy bolmaly, mähnet bolmasa, rahatlyk bolmaz, zeleli bolmasa, peýda ýokdur. Hawa, sen renç çekdiň. Bar, seni ýüz aýala serdar kyldym – diýipdir.

 

Ependiniň wesýeti

Bir gün Ependi garyndaşlaryny öýüne çagyryp, olara:
– Meniň sizi çagyrmagymyň sebäbi, size aýtjak wesýetim bar – diýipdir. Olar:
– Hawa, Ependi, beýan ediň, nähili wesýetdir? – diýipdirler. Ependi:
– Eý, akmaklar! Baryň, hemmäňiz öýňüze gidiň, nähilidigini sorap näme etjek? – diýipdir. Ýene bir gün olaryň hemmesini ýygnap:
– Meniň size wesýetim bar, eşidiň! – diýipdir. Olar:
– Hawa, eşideris – diýipdirler. Ependi:
– Eý, nadanlar! Aýdylmadyk sözi nähili eşidersiňiz, ýok boluň, öýli-öýňüze baryň – diýipdir. Soňra olar: «Eger bizi ýene çagyrsa, hemmämiz hiç zat diýmän, sessiz duralyň» diýip, maslahat edipdirler. Ependi bir gün olary ýene çagyryp:
– Köňlümde size beýan etjek bir wesýetim bar – diýipdir. Olar hiç zat diýmändirler. Ependi bir salym pikire batyp:
– Eý, jiger-janlarym, aýtsam, «wesýet» diýen sözüň özi ýöne bir güman eken. Ajal gelip, kişiniň ýakasyndan tutandan soň, ol ýokdur. Indi siz işleriňize baryň, wesýetimi ölenimden soň aýdaryn – diýipdir.

 

Eşegimiň keýpi ýok

Bir kişi gelip Ependiden eşegini sorapdyr. Ependi:
– Biraz dur. Eşegim bilen maslahat edeýin – diýip, öýüne giripdir. Soňra çykyp, ol adama:
– Eşegimiň keýpi ýok. Eşegim maňa: «Meni oňa berseň, üstüme agyr ýük urup, gulagyma urar we seniň aýalyňa söger» diýip jogap berdi – diýipdir.

 

Ependi, size näme boldy?

Günlerde bir gün Ependi dagdan ep-esli odun ýygyp eşegine ýükläpdir. Ýüküniň agyrlygy sebäpli eşek ýöremändir. Şol wagt bir kişi iki sany gaty duz berip:
– Ependim, şu zatdan biraz eşegiňiziň syrtyna dykyp goýuň, soňra nähili ýöreýänini görersiňiz – diýipdir. Ependi şonuň ýaly hem edipdir. Eşek şeýle bir jyrtlap ýöräpdir welin, Ependi eşegiň yzyndan ýöremäge ejiz gelipdir. Alaçsyz şol gaty duzlaryň bir mukdaryny özüniň syrtyna hem dykypdyr. Birazdan soň onuň agyrysyna takat etmän, Ependi hem ylgamaga başlapdyr. Kä Ependi eşekden ozup, kä eşek Ependiden ozup, şeýle ýagdaýda öýüne ýetip, çydap bilmän, ikibaka ylgap ýören eken. Aýaly haýran galyp:
– Eý, Ependim, size näme boldy? Munuň ýaly ylgap ýörsüňiz? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Meniň bilen bile ylgamaga höwes etseň, sen hem syrtyňa biraz gaty duz dykyp goý – diýipdir.

 

Bilip iýýärsiňiz

Ependi aýalyndan:
– Ölen kişiniň ölenligini nähili nyşan bilen bilip bolýar? – diýip sorapdyr. Aýaly:
– Hemme agzalaryndaky yssylyk düýpli ýok bolup, el-aýaklary, ähli bedeni sowuk bolýar – diýipdir.
Tötänlikden gyş paslynda Ependi odun getirmäge gidipdir. Sowuk täsir edipdir. Ependi:
– Hawa, men indi öldüm – diýip, eşeginden düşüp, bir gapdalda el-aýaklaryny uzadyp ýatypdyr. Şol wagtda aç börüler gelip, eşegini ara alyp iýmäge başlapdyrlar. Ependi başyny galdyryp:
– Örän hilegär börüler ekeniňiz, eýesi ölen eşegi bilip iýýärsiňiz – diýipdir.

 

Sygyr nähili çykdyka?

Ependiniň aýaly öýünde ýok eken. Ependiniň ýüregi gysyp köçä çykmagy ýüregine düwüpdir. Biraz puly bar eken. «Ogry almasyn, bir ýeri gazyp, ony gömeýin» diýip, öýüň bir gyrasynda gömüpdir. Soň öýüň işigine baryp, yzyna seredip: «Özüm ogry bolsam, ony tapyp alardym, görüp durun» diýip, puly ol ýerden çykaryp, başga bir ýere gömüpdir. Onuň köňli ynjalyk tapman: «Özüm ogry bolsam, tapyp alardym. Indi bir alaç tapaýyn, ogry hem oýan-buýana seredip dursun, özüm hem alyp bilmäýin» diýip, pully gapjygyny bir uzyn agajyň ujuna mäkäm daňyp, howlusynyň ortasyndaky agajyň başynda gizläpdir. Soňra pully gapjygyna seredip: «Indi ýeriňi tapdyň, ogry guş däldir, uçup gidip seni alar ýaly» diýip, çykyp gidipdir.
Bu wakadan Ependiniň goňşusy habardar bolup, derrew gelip agajyň başyndan puly alyp, onuň ýerine sygyr tezegini ýapyşdyryp goýupdyr. Biraz wagtdan soň Ependi gelip görse, pul ýok, ýerine sygyr tezegi bar eken. Haýran bolup: «Bu agajyň başyna adam çykmaz» diýip, güman etsem, sygyr nähili çykdyka? Megerem, sygyrlaryň ogrusynyň ganaty bardyr. Ol agajyň üstüne çykyp alypdyr. Hawa, indi iýsin-içsin, doýmasyn – diýip zeýrenipdir.

 

Gabyr köne bolsa…

Ependi ogluna:
– Eý, nury didäm! Men ölemde, köne matadan kepen edip, köne gör tapyp, şol ýerde jaýlaň – diýipdir. Ogly:
– Kaka, beýle diýmegiňiziň sebäbi näme?
Ependi:
– Eý, oglum, akylyň ýetenokmy? Gabyr köne bolsa, Müňkür — Nekir gelip, «Bu owal sorag soralan öli eken» diýip, maňa azar bermezligi ahmal – diýipdir.

 

Sesiňi çykarma!

Ependiniň öýüne bir gije ogry giripdir. Aýaly aňyp:
– Eý, Ependi! Tur, öýe ogry giripdir – diýipdir. Ependi:
– Eý, nadan! Sesiňi çykarma, eşidip gaçaýmasyn. Ýuwaşlyk bilen baryp, elinde bir zady bolsa ogurlap alaýyn – diýipdir.

 

Hudaýa şükür, maksadyma ýetdim

Ependi derýada suwa düşüp duran eken. Görse, uzakda balyk tutýanlar derýa tor taşlaýan ekenler. Ependi derhal suwuň düýbünden ýüzüp baryp, olaryň toruna giripdir. Balykçylar toruň hereketine «Balyk düşdi» diýip, güman edip, çekip alypdyrlar. Görseler, Ependi eken. Hemmeler kah-kah urup gülüp:
– Eý, Ependi! Suwuň düýbünde näme edip ýörsüňiz? Biziň awumyzy puja çykardyňyz – diýipdirler.
Ependi:
– Her näme bolsa bolsun, köp wagtdan bäri balyk bolmagy arzuw edip ýördüm. Hudaýa şükür, maksadyma-ha ýetdim – diýipdir.

 

Ekin suwarmany öwren!

Ependi bir gün ekin suwaryp ýörkä, bir gurbaga tutupdyr. Onuň bir aýagyny ýüp bilen baglap, ýüpüň beýleki ujuny öz biline mäkäm berkidipdir. Ependi nirä barsa, gurbaga-da şol tarapa bökjekläp, warkyldap, gygyrmaga başlapdyr. Ependi gurbaga seredip:
– Eý, nadan! Beýdip suwda warkyldap ýörenden-ä, menden ekin suwarmany öwren! – diýipdir.

 

Atyň özi tersine durandyr

Ependi bir gün söwdagärler bilen ýoldaş bolup, sapara çykypdyr. Gün gijigende bir menzile ýetip düşläpdirler. Bir gije ýatyp, ertesi ýola çykanlarynda, Ependi köp atyň içinde öz atynyň haýsydygyny bilmändir. Emma birinden soramagy namys bilip, derhal eline ok-ýaýyny alyp, ýoldaşlaryna belent ses bilen:
– Eý, byradarlar! Şu atlaryň içinde eýesi ýok atlar hem bar-a meňzeýär. Olary ok bilen atjak. Bize etleri ganymat at gerek – diýipdir. Bu sözi eşiden söwdagärleriň hemmesi aljyraňňy ýagdaýda her haýsy öz atlaryny tutupdyrlar. Ependiniň atynyň ýeke özi galypdyr. Şeýdip Ependi atyny tanapdyr. «Ýene ýalňyşaýmaýyn» diýip aljyrap, gelip ata tersine münüpdir. Ýoldaşlary gülüşip:
– Eý, Ependi! Näme üçin atyňyza tersine mündüňiz? – diýipdirler. Ependi:
– Men tersine münemok, belki, atyň özi tersine durandyr – diýipdir.

 

Çorbanyň çorbasy

Günlerde bir gün sähra adamlaryndan bir kişi Ependä goýun getirip beripdir. Ependi begenip, ony bir gije öýünde myhman alyp, minnetdarlyk bilen ugradypdyr. Bir hepdeden soň ol adam gelip, Ependiniň işigini kakypdyr. Ependi çykyp:
– Kim sen? – diýip sorapdyr. Ol kişi:
– Goýun getiren dostuňyz men – diýipdir. Ependi ol gije ony ýene-de myhman alyp, çorba bilen hezzetläp goýberipdir. Şondan bir hepde geçenden soň, dört-bäş adam gelip myhman almagyny sorapdyrlar. Ependi:
– Siz kim bolarsyňyz? – diýipdir. Olar:
– Goýun getiren dostuňyzyň goňşularydyrys – diýipdirler. Ependi olary hem bir gije çorba bilen myhman alypdyr. Ýene bir hepdeden soň on-on bäş adam gelip, Ependiniň howlusyna girip, myhman bolmak isläpdirler. Ependi olardan kimdiklerini sorapdyr. Olar:
– Goýun getiren dostuňyzyň goňşusynyň goňşularydyrys – diýipdirler. Ependi haýran bolup:
– Hoş gelipsiňiz, sapa gelipsiňiz – diýip, olary myhmanhanada oturdyp, bir uly ta¬sa suw guýup, öňlerinde goýupdyr. Olar:
– Ependi! Bu nähili tagam? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi:
– Şol dostumyzyň getiren goýnunyň çorbasynyň çorbasydyr – diýip jogap beripdir.

 

Bir aýagym täretsiz

Ependi bir gün täret alanynda bir aýagyna suw ýetmändir. Namaza duranda bir aýagyny galdyryp, namaz okapdyr. Ependiniň bolşuny gören adamlar:
– Eý, Ependi! Bir aýak bilen okalan namaz nähili namazdyr? – diýip sorapdyrlar. Ependi:
– Bir aýagynyň täreti ýok kişiniň namazydyr – diýipdir.

 

Öň tarapymy nähili bilerin?

Bir gije Ependiniň öýüne myhman gelipdir. Şem ýakyp ýatan ekenler. Şem gutaryp, içeri garaňky bolupdyr. Myhman:
– Ependim, öň tarapyňyzda şem bardyr – diýipdir. Ependi:
– Eý, dostum, diwana bolduňmy? Garaňky gijede men öň tarapymy nähili bilerin? – diýipdir.

 

Ulalsa aždarha bolar

Bir kişi Ependiden:
– Ependim, ýylyňyz näme? Ýaşyňyz näçä bardy? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Ýylym aždarhadyr. Ýaşym ellä bardy – diýipdir. Ol kişi:
– Eý, Ependim, ýyllaryň içinde ýylan bardyr. Emma aždarha diýmegiňiz hatadyr – diýipdir. Ependi:
– Eý, dostum! Sen rast aýdýarsyň. Ýöne men hem biderek sözlemeýärin. Çünki enemden doglan wagtymda ýylym ýylan eken. Elli ýyldan soň her nähili ýylan bolsa hem ulalyp aždarha bolmazmy? – diýipdir.

 

Eger et bolsady…

Ependi bir gün bazardan gelýär eken. Ýolda oňa birnäçe molla sataşypdyr. Ependi «Çorba bişirip berjek» diýip olary öýüne çagyrypdyr. Olar hem kabul edip: «Ependi bilen baralyň» diýip, onuň yzyna düşüpdirler. Ependi öýüne ýakyn gelende:
– Siz biraz şu ýerde garaşyň. Men öýümden habar alaýyn – diýip, içeri girip aýalyna:
– Eý, keýwany, basymrak gazan ataryp çorba bişir. Mollalary getirdim – diýipdir. Aýaly:
– Sen nähili akmak ekeniň. Sakgalyň agarsa-da, asla akyl girmändir. Sen näme üçin myhman getirdiň? Bizde et barmy, çörek barmy? – diýipdir. Ependi haýran galyp: «Bolýar, beýle bolsa» diýip, gazanyň gulagyndan tutup, mollalaryň öňünden çykypdyr-da:
– Ýaşym pylança baryp, sakgalym agarypdyr, akylym hem bar, ýöne welin, öýümde etim ýok eken. Eger et bolsady, şu gazany dolduryp, çorba ederdik, siz hem iýip-içerdiňiz, biz hem iýerdik. Haý-haý, çorba şirin eken, yssy eken, derläp gitdim. Hawa, mollalar indi size rugsat – diýip, gazanyny göterip, öýüne giripdir.

 

Belki, güýç toplaryn

Ependi öýüne girip, bir zada ýaplanyp ýatypdyr. Birden oglunyň gözi oňa düşüp:
– Eý, ata! Bu ýerde näme edýärsiň? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Eý, nury didäm! Sorama, ýaşym bir çene ýetip, bedenimden kuwwat gitse hem, heniz eneň hyzmatyndan gutulmanym üçin, naçar terkidünýäligi ygtyýar kyldym. Belki, şeýtsem, güýç toplaryn – diýipdir.

 

Ependi we derwüş

Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuň gapysyny kakypdyr. Ependi:
– Kim bolarsyň, näme gerek? – diýip, ondan sorapdyr.
Bir zaryn ses:
– Öý eýesi, aşak düşüň! – diýip seslenipdir. Ependi aşak düşüp, gapynyň agzyna baranda, gapyda duran derwüş:
— Bir zatjagaz sadaka beriň! – diýipdir. Oňa Ependiniň gahary gelipdir, ýöne syr bildirmän:
– Özüň ýokaryk çyk! – diýipdir.
Biçäre derwüş ýokaryk çykyp, Ependiniň oturan jaýyna baranda:
– Saňa Alla rehmet etsin, mende saňa bererlik zat ýok – diýipdir.
Derwüş bu bolşa haýran galyp:
– Bu näme etdigiň? Eger boş gaýtarjak bolsaň, aşakdakam jogabyny berip goýberseň bolmaýarmydy? – diýipdir.
Ependi hem oňa:
– Sen näme dilejek sadakaňy meni aşak düşürmän, diläp bilmediňmi? – diýipdir.

 

Çaganyň özi çykar

Ependiniň aýaly çaga dogranda köp ejir çekýän eken. Aýallar Ependä:
– Ependi, heý, bir doga bilmeýäňizmi? Okasaňyz, belki, doganyň täsiri bilen Allatagala aňsatlyk berer – diýipdirler.
Ependi:
– Nadanlar, bu işe doganyň ne hajaty bar. Alajyny özüm taparyn – diýip, baryp bir ýerden bäş sany guşuň çagalaryny tutup getirip, aýalynyň ýanynda goýup:
– Biraz sabyr ediň. Şu guşlary oýnamak üçin ünsi bozulsa, çaganyň özi çykar – diýipdir.

 

Şonuň üçin aglaýaryn

Ependini gaharlandyrmak üçin aýaly onuň gyzgyn çorba getirip goýupdyr. Ýöne aýaly ony unudyp, çorbadan owurtlapdyr. Agzy bişip, gözünden ýaş akypdyr. Ependi muny görüp:
– Saňa näme boldy, näme beýle aglaýarsyň? – diýipdir. Aýaly:
– Enem pahyr çorbany gowy görerdi. Enem ýadyma düşüp aglaýaryn – diýipdir. Ependi hem çorbadan bir çemçe owurtlapdyr. Onuň hem agzy bişip, gözi ýaşarypdyr. Aýaly:
– Size näme boldy? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Gaýynenem pahyry ýadyma salsam, bozulman durup bilemok. Ol biçäräniň-ä birwagt ölüp gidip, sen emelsiziň bolsa heniz hem diri gezip ýöreniňi ýatlasam dag-a, möňňüriberesim gelýär, onsoňam eneň pahyr wepat bolanda, sen biçäre ýaş çagadyň. Eneden ýaş galanyň ýadyma düşdi. Şonuň üçin aglaýaryn – diýipdir.

 

Ikimize bir öý besdir

Ependiniň aýaly bir gün aýallar bilen oturlyşyga barypdyr. Gelenden soň Ependi:
– Eý, janym, oturlyşykda gören-eşidenleriňden aýtsaň! – diýipdir. Aýaly:
– Gowy-gowy kitaplar okaldy. Kitapdan gowy-gowy sözler eşidip geldim – diýipdir. Ependi:
– Kitabyň sözi nähili eken. Aýtsaňyz men hem eşiderdim – diýipdir. Onda aýaly:
– Kitapda «Bir adam öz halal aýalyna ýakynlyk etse, Allatagala jennetden şeýle bir öý bagyş etjekmiş welin, onuň mysaly bu dünýäde bolmazmyş» diýlip ýazylypdyr – diýipdir. Ependi:
– Nähili gowy kitap eken, beýle bolsa, gel, jennetden bir öý ýasaly – diýip, aýaly bilen ýakynlyk edipdir. Birazdan soň aýaly:
– Ependim, özüň üçin bir öý ýasadyň, gel, tiz bol, maňa hem bir öý ýasa – diýipdir. Ependi:
– Keýwany, ýasasag-a bolardy, emma soňra ataň-eneňe, kowum-garyndaşlaryňa hem öý bina etmegi talap edersiň öýdüp gorkýaryn. Gowusy, aýrylyşmajak bolsaň, ikimize bir öý besdir – diýipdir.

 

Akyly ýerindedir

Günlerde bir gün Ependiniň ogly:
– Eý, ata, men seniň doglanyňy bilýärin – diýipdir. Bu sözi Ependiniň enesi eşidip:
– Eý, biýedep, munuň ýaly biderek sözleri sözleme – diýipdir. Ependi:
– Eý, ene, oglumyň sözüni ret etme, akyly ýerindedir, belki, bilse bilýändir – diýipdir.

 

Güman edýärin

Imat atly bir şägirt Ependiden ders öwrenýän eken. Ol gara bedenli bolup, hebeşi taýpasyndan eken. Bir gün Ependiniň donuna syýa dökülipdir. Ony gören adamlar:
– Eý, Ependi, donuňyza näme boldy? – diýip sorapdyrlar. Ependi:
– Näme bolany-na bilemok. Emma howanyň yssylygyndan Imat derlän bolsa, onuň bedeninden syçrandyr diýip, güman edýärin – diýipdir.

 

Eger kabul etse…

Ependi biraz wagt obasyna ymam bolupdyr. Obadaşlaryndan bir kişi wepat bolupdyr. Ependi onuň jynazasyna ymamlyk etmegi boýun almandyr. Adamlar:
– Näme üçin jynaza ymamlygy kabul etmeýärsiňiz? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi:
– Meniň ymam bolmagymy öliniň özi halamaýar. Sebäbi ikimiziň duşmançylygymyz bardy. Öliniň özünden soraň, eger kabul etse, ymam bolaryn – diýipdir.

 

Näme tapawut bar?

Ependiniň ýanyna bir adam gelip:
– Meniň pylany bilen bugdaý dawam bar. Kazyň huzuryna baryp, «Bugdaýynyň barlygy rast» diýip, güwälik beriň – diýipdir.
Ependi razy bolup, onuň bilen kazyýete baryp, olaryň şikaýatlary çözüş mejlisinde kaza:
– Bu adamyň arpasynyň barlygyna ynanyp, höküm ediň – diýipdir. Kazy:
– Bu kişiniň dawasy bugdaýdady. Siz näme üçin «arpa» diýip güwälik berýärsiňiz? – diýipdir. Ependi:
– Munuň dawasy, elbetde, ýalandyr. Meniň güwäligim hem dogry däl. Sözümiziň ýalan bolandygy üçin, arpa bilen bugdaýda näme tapawut bar? – diýipdir.

 

Şükür edýärin

Ependiniň bagynda bir erik agajy bar eken. Ol beýleki iýmişlerden öň ýetişýän eken. Bir gün görse, erikleriň üç sanysy saralyp bişipdir. Patyşa sowgat bermek üçin olary ýygyp, bir sebede salyp alyp barýan eken. Sebediň içinde erikler her tarapa urnupdyrlar. Ependi: «Köp oýnamaň, ýaş janyňyzdan aýrylarsyňyz, iýip goýaryn» – diýipdir. Olar şonda-da, ikiýana urnupdyrlar. Ependi: «Bulary tenha kylmasam, biri-birleri bilen oýnaşar ekenler» diýip, ikisini iýipdir we birini patyşa alyp barypdyr. Şa mähremlik görkezip, Ependä halat berip goýberipdir.
Ýene bir gün Ependi patyşa üçin hyýar alyp barýan eken. Bir adam:
– Eý, Ependi, nirä barýarsyňyz? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Patyşa hyýar alyp barýaryn – diýipdir. Ol adam:
– Patyşa injir alyp baryň, injiri gowy görýär – diýipdir.
Ependi bu sözi oňlap, hyýary goýup, injir alyp barypdyr. Patyşa bolsa injiri asla halamaýan ekeni. Patyşa bir adama emr edip: «Gaýdyp munuň ýaly zady meniň dergähime getirmez ýaly, getiren zady bilen kellesine ur» diýipdir. Ol adam Ependini injir bilen urup başlapdyr. Emma Ependi uruldygyça, şükür edýän eken. Patyşa:
– Eý, Ependi, bu wagt şükür etmegiň sebäbi nämedir? – diýipdir. Ependi:
– Eý, tagsyr! Her kim öz işini özi gowy biler. Men şükür etmän, kim şükür etsin. Kelläme hyýaryň ýerine injir degse – diýipdir.
Patyşa:
– Bu sözüň manysy näme? – diýip sorapdyr. Onda Ependi:
– Men size hyýar alyp gelýärdim. Bir adam: «Ony goýup, injir alyp git» – diýdi. Eger hyýar getiren bolsam, gaty hyýar degip, kelläm ýarylardy. Injiriň mylaýymlygyna şükür edýärin – diýipdir. Patyşa kah-kah gülüp, Ependini ýene-de halatlapdyr.

 

Guýrugy horjundadyr

Ependi eşegini satmakçy bolup bazara alyp barypdyr, görse guýrugy laý bolupdyr. «Hyrydarlara ýaman görünmesin» diýip, derrew eşegiň guýrugyny kesip, horjunyna salypdyr. Bir adam:
– Ependi, eşegiňizi alardym welin, guýrugy ýok eken – diýipdir. Ependi:
– Eşegi halan bolsaň, gel, söwdasyny et, guýrugy horjundadyr – diýipdir.

 

Çyrany söndüräýmeseňiz…

Ependi bir gije ulamalar mejlisinde oturan eken. Bir adam gelip:
– Eý, Ependi, söýünji beriň! Aýalyňyzyň çagasy boldy – diýipdir. Ependi oňa buşluk berip, sylaglap goýberipdir. Birazdan soň ýene bir adam gelip: «Söýünji beriň!» diýipdir. Ony hem sylaglap goýberipdir. Şol wagt ýene bir adam gelip: «Ependi, size Allatagala täze myhman bagyş etdi, söýünji beriň!» – diýip, ol hem bir zat alypdyr. Soňra ogly gelip:
– Kaka, ejemiň çagasy boldy, söýünji beriň! – diýipdir. Ependi:
– Eý, oglum, meniň razylygyma seretseňiz, çyrany öçüriň, bolmasa, garaňky ýerde ýatan çagalar çyranyň şuglasyna tomaşa etmek üçin daň atýança çykarlar. Men olara çörek tapyp bermäge ejiz gelerin. Şu söýünjiler bilen hem işimiz tamam boldy – diýipdir.

 

Gündiziň günortany şäheriň ýoluny bilmezmiň?

Bir gün Ependi towuklaryny kapasa salyp, başga bir şähere alyp barýan eken.
Ol öz ýanyndan:
– Biçäre towuklar yssydan horugyp öläýmesin. Gel-aý, şu görgüsi ýamanlary ýagty ýalança bir çykaraýyn. Az-kem öz peýwagtyna bir gezip görsünler – diýip, kapasanyň agzyny açypdyr.
Gapy açylan badyna, towuklar wakgyldaşyp çykypdyrlar-da, her haýsy birýana dargap gidipdirler. Muny gören Ependi eline çybyk alyp, bir towugyň ökjesine münüp barşyna:
– Gözedürtme garaňkyda daňyň atandygyny bilersiň-de, gel-gel, indi gündiziň günortany şäheriň ýoluny bilmezmiň? – diýip gygyrýarmyş.

 

Paltany goýarmy?

Ependi her gün et getirse-de, aýaly bişirip iýip, Ependä: «It alyp gitdi» diýip aýdýar ekeni. Bir gün Ependi paltasyny getirip, sandygyň içine salypdyr. Aýaly:
– Paltany näme üçin sandyga salýarsyň? – diýipdir. Ependi:
– Eý, akmak, bir teňňelik eti alyp giden it on teňňelik paltany goýarmy?! – diýipdir.

 

Hiç kim ýeňsede galmasyn!

Bir gün Ependi şägirtleri bilen şäherden daşary gezelenje gitmekçi bolup, ata ters münüp ýola düşüpdir. Şägirtleri pyýada barýan ekenler. Olar:
– Eý, hezreti ussadymyz, näme üçin atyňyza ters mündüňiz? – diýipdirler. Onda Ependi:
– Dogry aýdýarsyňyz, eger ata dogry münsem, arkam size tarap bolar, siz meniň yzymda bolarsyňyz. Eger siz öňümden ýöreseňiz, onda siziň arkaňyz maňa tarap bolar. Bu bolsa biedeplik bolar. Munuň ýaly münsem bolsa, hiç kim ýeňsede galmaz – diýipdir.

 

Ine, halwa alyp iýiň!

Ependi ýaz paslynda eşek münüp uzak sapara gidipdir. Eşegi teşnelikden uly aryga özüni taşlapdyr. Gurbagalar böküp, warkyldaşypdyrlar. Olaryň sesinden ürken eşek suw içmezden, syçrap-syçrap, ýokaryk çykypdyr. Bu ýagdaýa Ependi şatlanyp:
– Berekella, köl bilbilleri, hyzmatyňyzyň muzdy bolsun, ine, halwa alyp iýiň – diýip, dört-bäş teňňe puly suwa taşlap gidipdir.

 

Näme diýip aglarsyň?

Günlerde bir gün Ependi hassalapdyr. Aýalyna:
– Eger men ölsem näme sanawaç sanap aglarsyň? – diýipdir. Aýaly:
– Her näme isleseňiz beýan ediň, men şonuň ýaly sanap aglaýyn – diýipdir. Ependi:
– «Uzaklygyma goýman, ýakynlygyma doýman ölen ärim» diýip aglagyn – diýipdir.

 

Köwşüm ýerde galmasyn

Ependi bir gün ýoldan barýar eken. Ýaş ýetginjekler agajyň düýbünde oýnap ýören ekenler. Ependini görenlerinde biri-birleri bilen maslahat edip, Ependini agaja çykaryp, köwşüni alyp gaçmagy ýüreklerine düwüpdirler. Ependi gelende:
– Ependi aga, şu agajyň üstüne hiç kim çykyp bilmedi. Megerem, siz çykarsyňyz? – diýipdirler. Ependi:
– Elbetde, çykaryn – diýip, köwşüni goltugyna salyp agaja çykypdyr. Ýetginjekleriň pirimi ýol almansoň:
– Ependi aga, agajyň üstünde köwşi näme edersiňiz, ony bu ýere taşlaýyň! – diýipdirler. Ependi:
– Ätiýaçlyk üçin aldym, agajyň üstünden öýüme gitmäge ýol bolsa, köwşüm ýerde galmasyn – diýipdir.

 

Çünki men öli

Ependi bir gün uly ýabyň ýakasynda el-aýagyny uzadyp, öli ýaly bolup uka batypdyr. Bir adam gelip:
– Bu ýabyň o tarapyna nähili geçilýär? – diýip sorapdyr.
Ependi kellesini galdyryp, elini bir tarapa salgap:
– Dirikäm-ä şu tarapdan geçýärdim. Indi haýsy ýerden geçip bolýanyny bilmeýärin, çünki men ölüdirin – diýipdir.

 

Bugdaý ekerin

Ependi bir gün dellekhana baryp saçyny aldyrypdyr. Dellekçi onuň kellesiniň köp ýerini kesip ganadandan soň, pagta ýelmeşdiripdir. Ependi dellekçä:
– Nähili gowy dellekçi ekeniň. Kellämiň ýaryna-a pagta ekipsiň, indi galanyna özüm bugdaý ekerin – diýipdir.

 

Ýerimi ulaltjak

Ependi bir akmak adam bilen şäriklikde ýer satyn alypdyr. Soňra goňşularyna:
– Men öz paýymy satýan, alarsyňyzmy? – diýipdir. Olar:
– Näme üçin satjak? – diýip soranlarynda, Ependi:
– Men ol ýeri satyp, puluna ýerimi ulaltjak – diýipdir.

 

Munuň syry näme?

Ependi diri wagty deňziň ýakasyna gelip, ussalary çagyryp, olara özi üçin deňze golaý bolar ýaly oňaýly tabyt ýasadypdyr. Görseler, tabydyň bir gapdaly suwa çümüp barýan eken. Ol tabydyň gury tarapyndan iki sany berk agaç hem dikipdirler. Ony görenler haýran galyp, gülşer ekenler. Tabydyň töwereginde diwar bolmasa-da, öňünde bir derweze gurduryp, ondan bir gulp asyp goýupdyr. Käbir adamlar Ependiden «Munuň syry näme?» diýip sorapdyrlar. Ependi:
– Her zada suw gerek, ölenimden soň jesedim teşne bolsa, deňziň çyglygyndan peýdalanar – diýip jogap beripdir.
Köp wagt geçmänkä, ol pany dünýäden baky äleme göç edipdir. Garyndaşlary üýşüp, ony şol tabytda jaýlapdyrlar.

 

Men kimkäm?!

Günlerde bir gün Ependi baga baryp ýatypdyr. Bir adam onuň uklap ýatanyny görüp, ýanyna baryp, sakgalyny syrypdyr. Birnäçe wagtdan soň Ependi oýanyp görse, sakgaly ýok. Ýerinden turup: „Alla janlarym, men kimkäm?!” – diýip, pikire batypdyr. Soňra: „Men öýe baryp soraýyn, «Ependi bar» diýseler, men başga adamdyryn. Eger-de «ýok» diýseler, men özümdirin” diýip, öýüne baryp, gapyny kakypdyr-da:
– Ependi öýde barmy? – diýip sorapdyr. Ependiniň aýaly oňa:
– Ependi bagda uklap ýatandyr – diýip jogap beripdir. Ependi: „Onda men Ependi ekenim” diýip, öýüne giripdir.

 

Bet bolansoň…

Bir gün Ependi ýol bilen gidip barýarka, ýoluň üstünde ýatan kätmeniň ujundan basypdyr. Kätmeniň sapy galyp, Ependiniň maňlaýyna patlap degipdir. Ol öz-özüne:
– Sen bet bolaňsoň, maňlaýyňa agajy patlatdylar – diýip gidiberipdir.

 

Bu seniňkimidi?

Bir gün Ependi gidip barýarka, ýolda ýatan bir aýnany görüp, ony eline alyp, seredipdir welin, öz ýüzüni görüpdir. Ependi ony görüp:
– Asyl, bu seniňkimidi? – diýip, taşlap gidiberipdir.

 

Gaýdyp soramaň!

Günlerde bir gün Ependi akdan, garadan, gyzyldan gurnaşdyryp, bir uly telpek tikdiripdir. Telpegini geýip obada Hudaýguly atly bir baýyň hudaýýolusyna barypdyr. Sadakada her kim ondan:
– Ependi, telpegiňi kim tikdi? – diýip sorapdyr. Ependi olaryň haýsy birine jogap berjegini bilmändir-de:
– Adamlar, Hudaýguly baýyň beýik diňiniň töweregine ýygnanyň! – diýip, jar çekdiripdir. Adamlar «Ependi bir paýhasly adam, ýagşy gep aýdar» diýşip, aýdylan ýere ýygnanypdyrlar. Ependi orta çykyp:
– Adamlar, meniň telpegimi Gurbandurdy telpekçi tikendir. Indi gaýdyp menden şuny soramaň! – diýip, adamlary dargadypdyr.

 

Etjegimi, özüm bilýärin

Günlerde bir gün Ependi eşeginiň torbasyny ýitiripdir. Ol:
– Eşegimiň torbasyny tapsaňyz-a tapanyňyz, tapmasaňyz, etjegimi özüm bilýärin – diýip, adamlaryň arasynda jar çekipdir.
Halaýyk bu jary eşidip „«Bu bir uly bilimdar adamdyr. Geliň, munuň gaharyny getirmäliň, torbasyny tapyp bereliň» diýip, maslahat edipdirler. Gözläp-gözläp, ahyry onuň torbasyny tapypdyrlar we Ependä el¬tip berip:
– Ine, Ependi, seniň eşegiň torbasy, ýöne, sen aýt, eger torba tapylmasa, sen näme etjekdiň? Çünki sen „«Torbamy tapyp bermeseňiz, etjegimi özüm bilýärin» diýipdiň – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– «Etjegimi özüm bilýärin» diýdigim, bir köneje horjunym bardy, şony ortasyndan ikä bölüp, iki sany torba etjekdim – diýip jogap beripdir.

 

Hiç ynanma!

Günlerde bir gün Ependi hammal bolup bazara çykýar. Bir söwdagär ony görüp, özüniň horjun doly käse-çäýnegini bazardan öýüne alyp gitmegini sorapdyr. Ependi hem:
– Zähmet hakyna näçe tölejek? – diýip sorapdyr.
– Zähmet hakynyň ýerine saňa üç sany nesihat söz aýtjak – diýip, söwdägar jogap beripdir.
Ependi onuň teklibini kabul edip, horjuny gerdenine alyp ugrapdyr. Bular ýaňy ýola düşenlerinde Ependi söwdagäre:
– Hany, birinji nesihatyňy aýt! – di¬ýipdir.
Söwdagär bolsa:
– «Açlyk doklukdan gowy» diýseler, ynanmagyn – diýipdir.
Bu manysyz söz Ependä hiç täsir etmändir. Näme-de bolsa ol hiç zat diýmän, söwdagäriň yzyndan gidiberipdir. Olar orta ýola baranlarynda Ependi söwdagäre:
– Ikinji nesihatyňam aýt! – diýipdir.
Söwdagär:
– Uzak ýola gideňde «Pyýada atlydan gowy» diýseler, ynanmagyn – diýipdir.
Ependi bu manysyz sözi eşidende hem hiç zat diýmändir. Ýöne aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkap gidiberipdir.
Soňra olar söwdagäriň öýleriniň gapysynyň agzyna gelip duranlarynda, Ependi:
– Üçünji nesihatyňy hem aýt, eşideli – diýipdir.
Onda söwdagär:
– «Dünýäde seniň ýaly akmak bar» diýseler ynanmagyn – diýipdir.
Bu söze Ependiniň birden gahary gelipdir. Ol gerdenindäki horjuny eline alyp, bulap-bulap, başyndan aşyryp, ýere urupdyr-da:
– Saňa hem «Uly horjunyň içindäki zatlaryň biri döwülmän galdy» diýseler, sen hem ynanmagyn – diýip gidiberipdir.

 

Ýene bir ursaň…

Günlerde bir gün Ependi horjunynyň iki gözüni hem owunjak jürdejiklerden dolduryp, bazara alyp barýan eken. Onuň öňünden eli taýakly biri çykyp, taýagy bilen horjunyň bir ýanyna kakyp:
– Ýeri-ow, bazara nämejik alyp barýaň? – diýip, Ependä ýüzlenipdir.
Ependi:
– Beýle tarapyna-da şeýle kakaýsaň, hiç zat – diýipdir.

 

Ependiniň bazardan ýag satyn alşy

Bir gün Ependi ýag almakçy bolup bazara gidipdir. Bazara baryp et-ýag satyp oturan gassaba:
– Bir kirbenke ýag bersene! – diýip, puluny we käsesini uzadypdyr.
Gassap:
– Hany, tut gabyňy – diýip, ergin ýagy onuň käsesine guýmaga başlapdyr.
Bir kirbenke ýagyň hemmesi käsä sygmandyr welin, gassap:
– Ependi, başga gabyň ýokmydy? – diýip sorapdyr. Onda Ependi:
– Ine, bar – diýip, käsesiniň beýlesini agdaryp, ýagyň galanyny käsäniň beýle tarapyna guýdurypdyr. Ependi şonluk bilen ýagy öýüne alyp gelipdir. Aýaly ondan:
– Bir kirbenke ýag diýip, getiren ýagyň hemmesi şujagazmy? – diýip soranda, ol:
– Ýok, keýwany, köpüsi käsäniň beýleki ýüzündedir – diýip, käsäni beýleki tarapyna agdarypdyr welin, barja ýagy hem dökülipdir.

 

Her kesiň maly gözüniň öňünde bolsa gowy

Günleriň bir gününde Ependi sakgyç çeýnäp ýörşüne, agzy ýadansoň, agzyndaky sakgyjyny alyp, burnunyň gapdalyna ýelmäp goýupdyr.
Adamlar:
– Eý, Ependi, näme üçin çeýnäp ýören sakgyjyňy burnuňa ýelmäp goýupsyň? – diýip soranlarynda, ol:
– Her kimiň maly gözüniň öňünde bolsa gowy – diýip jogap beripdir.

 

Gowy bolsa satjak däl

Günleriň bir gününde Ependi sygryny satmak üçin bazara alyp gidipdir. Bazarda onuň sygryny hiç kim almandyr. Ahyry biri gelip:
– Ependi, bu sygryňy dellala ber. Ol ony gowy satyp berer – diýýär.
Ondan soň Ependi sygryny satdyrmaga dellala berýär. Dellal sygry bazarda gezdirip ýörşüne adamlar onuň daşyna üýşüpdirler. Dellal adamlara sygry taryplap:
– Bu sygyr üç guzlan, özem süýtli, oňat häsiýetli, tüýs tohum sygyrdyr – diýensoň, Epen¬di:
– Bu hili gowy sygyr bolsa, men satjak däl – diýip, sygry dellaldan alyp gaýdyp¬dyr.

 

Hiç zat iýemok

Bir gün Ependi ýelli howada eşeginiň üstünde talhan iýip barýan eken. Talhany agzyna atjak bolanda, her gezek agzyna talhandan zat düşmän, ýeliň ugruna gidýär eken. Şol wagt öňünden bir adam çykyp:
– Ependi, näme iýýärsiň? – diýip soranda, ol:
– Ýeliň şu öwsüşi bilen hiç zat iýemok – diýip jogap beripdir.

 

Enşalla, äriňdirin!

Günlerde bir gün Ependi aýalyna ýüzlenip:
– Men bazara goýun almaga gitjek – diýipdir-de, aýalyndan pul alypdyr. Aýaly hem:
– Kakasy, «enşalla» diýsene – diýipdir welin, Ependi jübüsine elini urup:
– Päheý, jübümde pul barka, enşalla nämä gerek? – diýip, bazara gidipdir. Wagt giç bolupdyr. Ýolda ýatmakçy bolanda puluny nirede goýjagyny bilmän, ahyry bir agajyň şahasyndan asyp goýmakçy bolýar. Munuň şahada goýanyny geçip barýan oglanlar görüp, Ependi uklan badyna agaja dyrmaşyp, pul¬ny alypdyrlar.
Ependi ukusyndan oýanyp, agajyň ýanyna puluny almak üçin barypdyr. Görse, goýan ýerinde puly ýok. Dolanyp öýüne gelýär. Gelip öýüniň gapysyny kakýar. Içerden aýaly:
– Kimdir gapyny kakýan? – diýende, Ependi:
– Enşalla, äriňdirin! – diýip, jogap berensoň, aýaly gapyny açypdyr.

 

Ikiňiz paýlaşyň!

Ependi bir gün bir adama sögüpdir. Ol adam onuň ýakasyndan tutup, kazynyň ýanyna alyp barypdyr we: «Şeýle-şeýle, şu adam maňa sögdi» – diýip, Ependiniň üstünden şikaýat edipdir.
Onda kazy:
– Eý, Ependi, munuň aýdýany dogrumy, sen şu adama sögdüňmi? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Hawa, kazy aga, garaz, şeýle bir iş boldy, men şu adama sögdüm – diýipdir. Kazy:
– Onda sen şu adama bir gyran jerime bermeli bolarsyň – diýipdir.
Ependi jübüsinden bir goşa gyrany çykarýar-da:
– Kazym, meniň ýanymda şundan artyk pul ýok. Oňa görä-de seniň pylanyňy pylan…! Me, şu iki gyrany ikiňiz paýlaşyň! – diýip, çykyp gidiberipdir.

 

Pişik nirede?!

Günlerde bir gün Ependi bazardan iki kilogram et satyn alypdyr. Eti öýe getirip: «Agşam keýwany bişirer» diýip, goýup gidipdir. Agşam dolanyp gelende aýaly jazsyz, ýagsyz jöwen ýarmasyny onuň öňünde goýupdyr. Ependi görse, içinde etden hiç zat ýok.
– Wah, keýwany, munda tagam-tagsyr ýok, hany, meniň satyn alyp getiren etimden birneme atsaň bolmaýarmy? – diýipdir.
Ependiniň aýaly ol eti bişirip boýdaşlary bilen iýen eken. Onsoň aýaly:
– Wah, neme-le, eti dograp atjakdym welin, eti goýan ýerimden pişik alyp gidäýipdir – diýen.
Onda Ependi:
– Pişik iýipmi? – diýip sorapdyr.
– Hawa.
– Haýsy pişik?
– Ine, şu pişik.
– Bar, onda terezini getir!
Aýaly terezini getiripdir. Ependi pişigi terezide çekipdir welin, agramy etiň ag-ramy bilen deň gelip duruberipdir. Ependi:
– Eti iýen şu pişikmi? – diýip, ýene-de sorapdyr.
– Hawa.
– Onda et nirede? Eger şu et bolsa, onda pişik nirede?! – diýipdir.

 

Iki gat gazan

Ependi bir gün bazara gidip, et satyn alyp gelýär-de, aýalyna:
– Şu eti bişir – diýipdir.
Aýaly:
– Nämede bişireýin, gazanymyz ýog-a – diýipdir.
Ependi:
– Goňşulardan alaýsana – diýipdir.
Aýaly:
– Meniň ýüzüm garadyr, öňem alan zadymy wagtynda berip bilemok, özüň alaýmasaň – diýipdir.
Ependi «Bolýar» diýip gidýär-de, goňşusyndan gazan soraýar.
Goňşusy Ependiniň üstünden gülmek üçin:
– Hä, gazanym-a beräýerdim welin, gazanym iki gatdyr – diýipdir.
Onda Ependi:
– Aý, goňşy, arkaýyn bol, gazanyňy özüňdenem gowy edip saklaryn – diýipdir.
Ependi gazany alyp aýalyna eltip beripdir.
Aradan birki gün geçipdir.
Goňşusy:
– Ýeri goňşy, gazany hiç getirmediň-le! – diýipdir.
Onda Ependi:
– Wah goňşy, seniň aýdanyň dogry eken. Gazanyň iki gat eken. Aýy-günem ýetipdir. Ýolda oglany boldy-da, ýaş üstünden öläýdi – diýipdir.

 

Töhmet

Bir gün Teýmirleň Ependini ýanyna çagyryp:
– Düýn pylan ýerde meniň zalymlygym hak¬da gürrüň edipsiň. Kelläň bedeniňe artykmaçlyk edýän bolaýmasyn!? – diýip gaharlanypdyr. Ependi geň galyp:
– Patyşanyň jany sag, ömri uzak bolsun! Meniň diňe hiç kimiň bilmeýän-eşitmeýän zatlary hakda gepleýän dilim seniň özüňe mälim ahyry. Seniň zalymlygyň bolsa, hemme kişä mälim, uly-kiçi diýmän hemmeler seniň pähimsizligiň hakda gürrüň edýär. Men iliň bilýän zadyny gaýtalap durar ýaly ýaňra däl. Kim saňa aýdan bolsa, maňa töhmet atypdyr – diýip jogap beripdir.

 

Ynanmaz

Bir gün Teýmirleň Ependiniň oglunyň aky¬lyny synap, atasyna mynasyp ogul-dy¬gy¬ny bilmekçi bolupdyr-da, oňa bir teňňe pul beripdir. Ependiniň ogly puly alman, yzyna gaýtarypdyr-da:
– «Kişiden pul alma» diýip, ejem maňa tabşyrypdy – diýipdir.
Teýmirleň ony öwüpdir:
– Berekella, şeýtseň gowy, emma men ýurduň şasy ahyryn, ejeň meniň saňa pul berenimi bilse saňa käýinmez – diýipdir.
Onda oglan:
– Ýok, men ony alyp bilmen, ejem bu puly senden alanyma asla ynanmaz. Ol „ «Eger ýurduň şasy bolup, sylag berjek bolsa, onuň sylagy bir teňňe bolmaz» diýer-de, meni urar – diýip, Teýmirleňi utandyrypdyr.

 

Onuň zeleli ýok

Günlerde bir gün Ependi şähere göçüpdir we köp ýyllardan bäri süýşürenje puluna bir jaý salypdyr. Bir gün Teýmirleň Epen¬diniň üstünden gülmekçi bolup, wezir-wekilleri bilen onuň öýüni görmäge barypdyr. Ol jaýyň hemme ýerine aýlanyp görenden soňra, nahar bişirilýän otaga garap, ýüzüni turşadypdyr-da, onuň örän kiçi hem dardygyny aýdypdyr. Onda Ependi:
– Tagsyr, onuň zeleli ýok. Munuň ýaly adamlaryň aşhanasy kiçi hem-de dar bolmasa, siziň ýalylaryň köşgi uly hem giň bolmaz ahyryn – diýipdir.

 

Parasatly häkim ibersinler!

Teýmirleňiň häkimlik eden zamanynda bir şäheriň ilaty gozgalaň edip, şäheriň häkimini zyndana salypdyr, beýleki emeldarlary hem kowupdyrlar.
Teýmirleň bu habary eşidip, gaty gaharlanypdyr we goşun sürüp, ol şäheriň ilatyna jeza bermäge gidipdir. Gozgalaňçylar şäheriň derwezesini bekläp, goranmaga başlapdyrlar.
Teýmirleň telim gezek çozsa-da, ýeňiş gazanyp bilmändir.
Şonda ol öz paýtagtyna çapar iberip: «Bir topar atly we pyýada goşun, bir topar hem ok atyjy we gaýry goşun ibersinler» diýip, aýtmagy oňa tabşyrypdyr. Bu gürrüňi eşiden Ependi:
– Şu zatlaryň hiç biri hem gerek däl, iň gowusy, bir parasatly häkim ibersinler, şonda uruş hem bolmaz, gaý hem bolmaz – diýip, maslahat beripdir.

 

Iň bir howply gedaý

Günlerde bir gün Teýmirleň Ependini çagyryp:
– Şäherimizde haýasyz, uýatsyz gedaýlar biçak köpelipdir. Olar bir adam görseler ýakasyndan tutup, zat alman goýberenoklar. Sen eliňe bir galam, kagyz alyp, gedaýlaryň atlaryny ýaz, soňra hemmesini şäherden çykaryp kowaly – diýip buýruk beripdir.
Ependi eline galamdyr kagyz alyp birinji bilen Teýmirleňiň öz adyny ýazypdyr. Patyşa ony gören badyna gazap atyna münüp¬dir. Ependi:
– Siz gaharlanmaň! Özüňiz maňa «Iň bir haýasyz, uýatsyz gedaýyň adyny ýaz» diýip, buýruk berdiňiz ahyryn» – diýipdir.
Teýmirleň:
– Men şalaryň şasy Teýmirleň, indi men gedaý, onda-da gedaýlaryň baryp ýatan haýasyzy boldummy?! – diýip, has hem gazaplanypdyr. Ependi bolsa:
– Hawa şahym, beýleki gedaýlar howplulykda saňa taý bolup bilmezler. Gedaýlar halkdan bir zat aljak bolsalar, ýalbaryp-ýakaryp, dilenip alýarlar. Siz bolsaňyz zor bilen, gamçy-dürräniň güýjüne daýanyp alýar¬syňyz – diýip, hakykaty aýtmakdan çekinmändir.

 

Kimiň ebti agypdyr?

Teýmirleňiň Ependä ilkinji sapar duşuşy hakda şeýle gürrüň edýärler.
Bir gün Teýmirleň ir bilen awa gidip barýarka, onuň öňünden Ependi çykypdyr. Ependiniň ýüzi betgelşik bolansoň, Teýmirleň «Ýola çykylanda şunuň ýaly ebti agyp durany görmek, adamy görgä-bela duçar edýändir. Indi meniň awum şowly bolmaz» diýip, gaharlanypdyr we Ependini tussag edip, zyndana salmagy buýrupdyr.
Teýmirleňiň eden yrymynyň tersine, ol gün onuň awy juda şowly bolupdyr. Gaýdyp gelen badyna Ependini boşadyp, ötünç sorapdyr. Öz tussaglygynyň sebäbine düşünen Ependi:
– Eý, hökümdar.! Siz meni ebtagan hasaplap tussag etdiňiz-de, awuňyz şowly bolup, yzyňyza dolandyňyz. Men bolsam, «Maşgalam üçin bir bölejik çörek puly» diýip, öýden çykypdym welin, ýüzüm ilki siziň ýüzüňize sataşdy-da, uzynly gün zyndanda oturmaly boldum. Häzir hem aç oturan bala-çagalarymyň ýanyna çöreksiz gaýtmaly. Indi kimiň betbagtlygyň nyşany bolup, ony ilki gören adamsynyň bagtsyzlyga duçar edýändigini özüňiz aýdyň?! – diýip, patyşa sowal beripdir.

 

Gyjygy gelýär

Bir gün emir Teýmirleň Ependiniň gorkakdygyny ýa-da ýüreklidigini bilmek üçin jellatlara:
– Ependini dardan asyň! – diýip buýrup¬dyr.
Jellatlar Ependini alyp barýarkalar, Teýmirleň oňa ýüzlenip:
– Hany, indi ahyrky sözüň, ýa wesýetiň bolsa, aýt! – diýipdir.
Ependi:
– Mende wesýet bolmaz. Ýöne, eý, hökümdar! Senden bir haýyşym bar, meni dardan asanlarynda bogazymdan däl-de, bilimden assynlar, sebäbi boýnumyň gyjygy gelýär – diýip, haýyş edipdir.

 

Howa maglumaty

Ependi bilen Teýmirleň bir ýere gidip barýarkalar, howanyň ýüzüni duman büräpdir. Teýmirleň ýagyşa ezilmekden gorkup:
– Ýagyş ýagarmy, ýa ýagmazmy? – diýip, Epen¬diden sorapdyr.
Ependi özüniň howa barada ylymsyzdygyny aýdypdyr. Teýmirleň Ependä:
– Bar. onda, ho-ol, çopandan sorap bil! – diýip buýruk beripdir.
Çopan Ependiniň haýyşyny eşidensoň, gatyrynyň guýrugyny galdyryp, ep-esli pikirlenipdir-de:
– Bar-da, hojaýynyňa aýt, tizara bulut dagap, gök durlanar, ýagyş hem ýagmaz – diýipdir.
Olar ep-esli ýöränsoňlar, çagba ýagyp başlapdyr. Teýmirleň gaharlanyp, murtlaryny çeýnäp:
– Sen «Ýagyş ýagmaz» diýip aýtdyň ahyryn!? – diýip, Ependä gygyrypdyr.
Ependi bolsa biperwaýlyk bilen:
– Eý, uly hökümdar, howany bilýän alym-a çopan bolsa, howa maglumat abzaly-da gaty¬ryň guýrugy bolsa, hökümdaryň başyna gökden daş hem ýagar – diýip, onuň üstünden gü¬lüpdir.

 

Kim uly?

Bir gün adamlar Teýmirleňiň uly patyşadygy hakda gürrüň edip oturan ekenler. Olar patyşanyň güýç-kuwwatlydygyny, parasatlydygyny öwüpdirler. Şäher häkimi hem: „ «Dünýä näçe hökümdar gelen bolsa, olaryň arasynda has ulusy Emir Teýmirleň Körekenidir » – diýipdir.
Adamlaryň arasynda oturan Ependi:
– A-how, adamlar! Teýmirleňi şeýle götergiläp, arşa çykardyňyz–la, ol näçe uly bolsa-da, düýeden uly bolup biljek gümany ýok – diýipdir.

 

Akylsyzyň hasaby ýok

Bir gün Teýmirleňiň uly wezipeli adamlaryndan biri akylyndan azaşypdyr. Teýmirleň Ependini ýanyna çagyryp, köşkdäki akylsyzlaryň atlaryny ýazyp bermegini buýrupdyr.
Ependi:
– Gowusy men akylyny ýitirmediklerden ýazyp bereýin. Ýogsam akylsyzlaryň hetdi-ha¬saby ýokdur şahym, hemmesini ýazmaga miltim ýok – diýip, garşylyk görkezipdir.

 

Häkimiň sylagy

Günlerde bir gün şäher häkimi Ependini masgara etmek üçin ýanyna çagyrypdyr we oňat goşgy ýazyp, ertir hemme şahyrlaryň üýşen wagtynda okap bermegini tabşyrypdyr.
Ependi:
– Men şahyr däl, goşgyny nähili düzmegi düýşümde hem gören adam däl – diýip, hernäçe dady-perýat etse-de, häkim buýrugyny üýtgetmändir.
Ependi uzynly gijäni uklaman, goşgy goşjak bolup synanyşsa-da, şahyrlyk oňa düýbünden başartmandyr. Ahyrda Ependi aňyna gelenini ýazypdyr.
Ertesi şahyrlar häkimiň ýanyna gelip, hersi öz düzen goşgusyny okapdyr. Ahyrda Ependiniň gezegi ýetipdir. Ependi aljyraman, düzen goşgusyny gaty ses bilen okapdyr welin, adamlar ha-hahaýlaşyp gülşüpdirler.
– Örän gowy, öz adyňa laýyk goşgy goşupsyň – diýip, häkim kinaýaly gülüpdir-de, nökerlere ümläpdir. Nökerler eşek palanyny getirip, Ependiniň öňünde goýupdyrlar. Ependi ol palanyň näme üçin getirilenini soranda, häkim:
– Seniň düzen goşgyň bu ýerde okalan goşgularyň hemmesinden gowy, meniň göwnümden turdy. Ana, şoňa görä-de, saňa baýrak bermeli etdik – diýipdir.
Ependi keýpini bozman:
– Hawa, häkim aga, bu goşgynyň siziň mübärek göwnüňizden turanyna men ynanýan, eger meniň ol goşgym siziň ýatasuw ýaly porsan göwnüňi joşdurmasady, onda öz lybasyňy «baýrak» diýip, maňa sylag bermezdiň – diýip gygyraýypdyr.

 

Kazy bir tapmasyn

Bir gün Ependi ýiten sygryny gözläp ýör¬kä:
– Eý, Hudaýym! Meniň sygrymy kim tapsa-da, kazy bir tapmasyn – diýip, dileg edip¬dir.
Adamlar:
– Ependi aga, ony kim tapanda näme? Näme üçin sen kazydan gorkýaň? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Eý, sowatsyz nadanlar! Siz bileňzok, men bu ýeriň hemme kada-kanunyny bilýän. Eger meniň sygrym kazynyň eline düşse, ony iýjek bolup, ýüz delil tapar. Eger gar¬şylyk görkezsem, birnäçe teňňe pul ýa-da bir kem kyrk dürre jerime salar – diýip, olara düşündiripdir.

 

Howlukman iýmegem kyn däl

Bir gün bir baý Ependini öýüne myhmançylyga çagyryp, ony mazaly hezzetläp naharlapdyr. Ependi iýip-içip bolansoň, gaýtmakçy bolanda:
– Ýakynlarda ýene bir gezek myhmançylyk eder ýaly, Hudaý döwletiňe döwlet goşsun! – diýip, töwir edipdir. Onda ol baý:
– Eý, Ependi! Men seni indi myhmançylyga çagyrjak däl. Sen dünýäde süýji nahar datmadyk ýaş oglan ýaly, şeýle bir gyssanyp iýýäň, hatda elleriňi hem görmek mümkin däl – diýip igenipdir.
Ependi göwnüne zat getirmän:
– Ýene şunuň ýaly myhmançylyga çagyrsaň, howlukman iýmek hem kyn zat däl. Sen asla bu zatlar üçin keýpiňi bozma! – diýip, onuň sözüni kesipdir.

 

Düýş

Ependiniň kazyçylyk edýän wagtynda bir açgöz söwdagär bir garyby ýany bilen geti¬rip:
– Kazy aga, şu adamyň maňa bergidardygyny men düýşümde gördüm. Häzir şol algymy talap etsem, ol «berjek däl» diýýär – diýip, arz edipdir.
Ependi ol husydyň maksadyny aňypdyr we:
– Şerigat kitaplarynda şonuň ýaly zatlar hakynda zat ýazylmanlygy üçin men bu adama zat diýip biljek däl. Gowusy, sen baryp gaýtadan ukla. Eger-de bu garybyň saňa bergidardygyny ýene bir gezek düýşüňde görseň, dessine ylgap meniň ýanyma gel, ondan soň men algyňy alyp bereýin – diýip, söw¬dagäri gelmez ýaly edipdir.

 

Baýguşy getirmäň!

Bir gün Ependi keselläpdir. Onuň ýanyna gelen tebip:
– Ependi, bir başa bir ölüm bar. Adamlaryň hemmesi-de Allatagalanyň emri bilen dogýar, Allatagalanyň emri bilen ölýär. Seniň bu keseliňden gutulma ýok. Şoňa görä-de, dogan-garyndaşlaryňy daşyňa ýygnap, wesýetiňi ediber – diýipdir.
Ependi onuň maslahatyny eşidip, ähli ýakynlaryny ýanyna çagyrypdyr-da:
– Meniň ýekeje bir wesýetim bar. Men ölsem-de, galsam-da haýsy iti meniň öýüme goýberseňiz goýberiň welin, bu «„baýguşy» meniň golaýyma getirmäň – diýip haýyş edipdir.

 

Deň paýlaşyk

Bir gün üç adam Ependiniň ýanyna gelip:
– Ependi, üçümiziň dört sany gara pulumyz bar. Biz ony deň paýlaşyp bilemzok. Sen ony bize paýlap bersene! – diýip ha¬ýyş edipdirler.
Ependi:
– Ýa-ha üçüňize-de zat bermeli däl, ýa-da ol puly iki adama bermeli, ýa-da ýene iki sany gara pul tapynçaňyz garaşmaly, ýa-da gowusy, puluň birini maňa beriň-de, her biriňize-de des-deň bir pul ýetsin – diýip, maslahat beripdir.

 

Agzymy beklejek däl

Oraza aýyna birnäçe gün galanda Ependi kazynyň ýanyna baryp:
– Kazy aga, orazanyň haçan başlanýanlygyny nähili bilip bolýar? – diýip, sowal beripdir. Kazy bolsa:
– Remezan aýy girende oraza başlanýar – diýip jogap beripdir.
Ependi ýene-de:
– Tagsyr, biz Remezan aýynyň gelenini nähili bileli? – diýende, kazy:
– Täze dogan aýy gören badyňa agzyňy bekle! – diýip, maslahat beripdir.
Ependi bolsa şondan soňra agzyny beklemezlik üçin täze dogan aýy görmejek bolup, asmana seretmändir. Emma günlerde bir gün Remezan aýynyň aýagynda bir kölüň ýanyndan geçip barýarka, täze dogan aýyň şekilini kölüň içinde göräýipdir. Ol:
– He-ýeý, Remezan aýy, görnen bolýaňmy? Isle baryp derýa, deňze gir, bir görünme-de müň görün, onda-da men agzymy beklejek däl – diýip, gaharly aýdypdyr.

 

Ol günälimi näme?

Bir gün Teýmirleňiň goşun serkerdeleri geçen günleri ýatlap, gürrüň edip oturan ekenler. Olardan biri:
– Biz pylan şähere çozanymyzda, şäheriň bütin ilaty gaçyp gidipdi – diýipdir. Ýene biri gürrüňe başlap:
– Biz pylan şähere çozup başlanymyzda müňdenem köp äpet uly pilimiz, pylança topumyz bardy. Ol toplary atyp bir goh turuzdyk. Dünýä gümmür-gümmür boldy, hatda… – diýen badyna, olaryň ýanynda oturan oglanlardan biri bimazaçylyk edipdir. Onda gürrüň berip oturan:
– Eý, haramzada, bu bolşuň näme? – diýip, oglanyň üstüne gygyrypdyr. Onda Ependi ol adama ýüzlenip:
– Eý, gahryman! Siziň toplaryňyzyň gümmürdisinden gorkanyna ol günälimi näme? – diýip utandyrypdyr.

 

Nireden bildiň?

Bir gün Ependi gawun ekilen ýeriniň ýanynda otyrka, onuň ýanyna üç adam gelipdir. Ependi olara:
– Gawun iýiň we oglan-uşaklaryňyza alyp gidiň! – diýip, hödür edipdir.
Ol gelenleriň ikisiniň hersi bir gawundan alan bolsa, beýlekisi üç gawun alyp ýola düşüpdir. Ependi onuň öňünde baş egip:
– Hökümdaryň jany sag, ömri uzak bolsun, sen öz wezir-wekilleriň bilen meniň ekinime hoş geldiň! – diýipdir.
Ol adam geň galyp:
– Sen meniň hökümdardygymy nireden bil¬diň? – diýip soranda Ependi:
– Açgözlügiňden bildim – diýip jogap beripdir.

 

Ependiniň işdämenligi

Günlerde bir gün Teýmirleň keýpiniň kök wagtynda Ependä:
– Men saňa sylag berjek bolýan, göwnüň näme islese maňa aýt! – diýipdir.
Ependi:
– Eý, tagsyr, sag boluň. Siz maňa näme hödürleseňiz, meniň göwnümden turar – diýipdir.
Onda patyşa:
– Bolýar, onda men agzap geçeýin, haýsyny halasaň aýdaý – diýip, Teýmirleň sanap başlapdyr:
– On tylla, at, süri goýun ýa-da oňat bir bag, isläniňi saýlap al!
Ependi uzak pikirlenmän:
– Eger siz rugsat berseňiz, on tyllany jübime salyp, ata müner-de, süri goýny baga baka haýdadaryn – diýipdir.
Onda Teýmirleň gülüp:
– Ependi, sen gaty işdämen ekeniň. Eger men saňa düýbünden zat bermesem, şonda näme bolar? – diýipdir.
Ependi:
– Hiç zat bolmaz. Onda siz tüýs Teýmirleňdigiňizi subut edersiňiz-dä – diýipdir.

 

Teýmirleňiň sowaly

Teýmirleň özüniň parasatlydygyny subut etjek bolup Ependä:
– Dünýäde önmedik, önmeýän we hiç haçan önmejek zat näme? – diýip, sowal beripdir.
– Ol hyzmata götereniňizde, bize bellän aýlygyňyz – diýip, Ependi dessine jogap beripdir.

 

Üzr bedter ez günäh

Teýmirleň bu sözüň manysyny Ependiden sorapdyr.
Ependi:
– Şahym, bu parsça bir nakyl, «„Eden ötünji günäsinden-de beter» diýmekdir – diýip düşündiripdir.
Teýmirleň ýene-de onuň manysyna düşünmändir. Ependi:
– Şahym, mysal üçin bir adam birine ýamanlyk edip, soňra ol hereketiniň erbetligine düşünip, şol adamyň ýanyna gelip, gös-göni öz günäsini boýnuna alman, «„Aý, pylan sebäpden şeýle boldy, meni bagyşla» diýer, emma ol görkezen sebäbinden ozalkydan hem beter gödeklige ýol berer – diýip, düşündirmekçi bolupdyr.
Teýmirleň bu sözleri eşidip:
– A-how, Ependi! Sen pelsepe aýtma-da, düşüner ýaly açyk geple! – diýipdir.
Ependi onuň nadanlygyna geň galsa-da, hiç zat aýtmandyr we birden baryp Teýmirleňiň çep böwründen çümmükläpdir. Muňa Teý¬mirleňiň gahary gelip:
– Sen akylyňy ýitirdiňmi? Bu bolşuň nähili? – diýende, Ependi gol gowşuryp:
– Eý, beýik hökümdar, bagyşla, men seni öz aýalymmykaň öýdüpdirin – diýipdir. Teýmirleňiň gahary içine sygman:
„– Jellat! – diýip gygyrypdyr. Ependi gülüp:
– Ine, şahym, edilen ötünjiň edilen günäden beterdigine indi açyk düşündiň gerek?! – diýipdir.

 

Ýene ikisini jaýlaryn

Bir gün Teýmirleň Ependä ýüzlenip:
– Ependi, sen dogryňy aýt, hökümdar bol¬mak seniň hem göwnüňde barmy? – diýip sorapdyr. Ependi ol sözi eşiden badyna:
– Hudaý saklasyn! Näme, meniň öz janyma haýpym gelenokmy? Men özümi bilelim bäri iki hökümdar wepat boldy. Hudaý halasa, ömrüm gutarynça, ýene ikisini jaýlaryn. Em¬ma entek hiç bir hökümdar Ependiniň aradan çykanyny gören däldir – diýipdir.

 

Şeýle bolsa uruş hem bolmaz

Bir gün Teýmirleň urşa gitmekçi bolan pursatynda Ependini hem öz ýany bilen äkitmekçi bolup, oňa taýýarlanyp gelmegi emr edipdir. Ependi hem taýýarlanyp gelipdir. Teýmirleň görse, Ependi ýekeje-de oky bol¬madyk bir köne ýaýy alyp gelipdir. Teýmirleň gaharlanyp:
– Hany, seniň okuň? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Men oky özüme ýük edip göterer ýaly ham¬mal däl ahyry. Men duşmanyň atan oklaryny çöpläp alaryn – diýip, ony köşeşdirmekçi bolupdyr.
Onda Teýmirleň:
– Duşman ok atmasa nädersiň? – diýende, Ependi begenip:
– Eger şeýle bolsa has hem gowy, onda uruş hem bolmaz – diýip jogap beripdir.

 

Bu gezek olaryňky hak

Günlerde bir gün Teýmirleňiň wezir-wekilleri Ependini ýamanlap, „«Ependiniň agzyndan porsy ys gelýär» diýip, onda ýigrenç duýgusyny döretjek bolupdyrlar.
Şeýle gürrüň edip oturan pursatlarynda Ependiniň özi-de köşge geläýipdir. Onda Teýmirleň:
– Ependi, geleniň gowy boldy. Bu adamlar «Ependiniň agzyndan porsy ys gelýär» diýip, saňa myjabat edýärler. Hany, bir ýakynyma gel, göreli! – diýip, aýdylanlaryň dogrudygyny özi barlamakçy bolupdyr.
Ependi wezir-wekillere garap, bir bolşuny üýtgetmän, aram-asuda ýagdaýda Teýmirleňe ýüzlenipdir:
– Eý, beýik hökümdar! Bu gezek olaryňky hak. Sebäbi, men şu çaka çenli bu adamlaryň edip ýören pyssy-pyjurlyklaryny görüp, hiç kime aýtman içimde gizlin sakladym. Häzir olar içime dolansoň, wejera bolup daşa çykmaly bolýar, ine, ol porsy ys şondandyr – diýip jogap beripdir.

 

Arçyn hem senden öwrenen eken

Ependiniň bir-iki tanap ýeri bar eken. Her ýylda birnäçe batman hasyl alyp, maşgalasy bilen oňňut edýär eken.
Günlerde bir gün täze bellenen arçyn Ependiniň alkymyndan alyp:
– Sen ýüz batman hasyl alypsyň, şonuň salgydyny ber – diýip talap edipdir.
Ependi alaçsyz galyp, Teýmirleňe arz edipdir we hakykaty aýdypdyr.
Emma Teýmirleň Ependä:
– Bir gulaç sakgalyň bolsa-da, ýalan sözlemekden utanmaýarmyň? – diýipdir. Ependi:
– Hawa, sen bir owuç sakgalymy bir gulaç edeniňde, onda arçyn hem bäş batmany ýüz etmäge hakly-da?! – diýipdir.

 

Dyky

Tomus aýlarynyň bir gününde Ependi uzakda bir obadan gelýärkä suwsap, gaty horlanypdyr. Bir ýerden suw tapyp içmese, teşnelikden öljegine gözi ýetipdir. Ependi gelýän ýol-ýodasyny taşlap, suw gözlemek bilen bolupdyr. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyrda bir çeşmäniň üstünden barypdyr. Ol biçak begenipdir. Suw içmekçi bolanda, bir görse, kimdir biri çeşmäniň gözbaşyna gazyk ýaly edip bir agaç dykypdyr.
Ependi howlugyp ol dykyny dartyp çekende, suw pürkülip, onuň ähli egin-eşigini, ýüz-gözüni ezipdir. Ependi gaharlanyp, ol agajy ozalky ýerine dykyp, «Hä, şeýle guduz açanyň üçin bokurdagyňa dyky dykan ekenler-dä» diýipdir.

 

Ependiniň çapyksuwarlygy

Bir gün adamlar bir ýere üýşüp, oňat at we hünärine ökde çapyksuwarlar hakynda gürrüň edýär ekenler. Ependi hem şolaryň arasynda bar eken. Ependi özüni öwjek bolup:
– Adamlar, men öten ýazda pylan obada boldum. Ol ýerde bir adamyň bir mes aty bar eken. Ol aty kişmiş ýaly nygmatlar bilen bakypdyr. Bütin ýyl boýy münülmäni üçin ol at gyzypdyr. Garaz, obanyň iň gowy seýislerini, çapyksuwarlaryny golaýyna-da goýbermändir. Ine, onsoň men synlarymy ýygnap, bilime oradym-da, atyň ýanyna bardym – diýip, ol aty nähili ýuwaşadyp münenini aýtmakçy bolanda, Ependiniň ata münmek islän ýerinde bolan bir adamyň hem bu oturlyşygyň bir çetinden gözüni petredip, özüne garap oturanyny görende, aljyraman:
– Wah, doganlar, emma ol ata münmek maňa-da başartmady – diýip, armanly aýdypdyr.

 

Ependiniň çapyksuwarlygy

Bir gün adamlar bir ýere üýşüp, oňat at we hünärine ökde çapyksuwarlar hakynda gürrüň edýär ekenler. Ependi hem şolaryň arasynda bar eken. Ependi özüni öwjek bolup:
– Adamlar, men öten ýazda pylan obada boldum. Ol ýerde bir adamyň bir mes aty bar eken. Ol aty kişmiş ýaly nygmatlar bilen bakypdyr. Bütin ýyl boýy münülmäni üçin ol at gyzypdyr. Garaz, obanyň iň gowy seýislerini, çapyksuwarlaryny golaýyna-da goýbermändir. Ine, onsoň men synlarymy ýygnap, bilime oradym-da, atyň ýanyna bardym – diýip, ol aty nähili ýuwaşadyp münenini aýtmakçy bolanda, Ependiniň ata münmek islän ýerinde bolan bir adamyň hem bu oturlyşygyň bir çetinden gözüni petredip, özüne garap oturanyny görende, aljyraman:
– Wah, doganlar, emma ol ata münmek maňa-da başartmady – diýip, armanly aýdypdyr.

 

Hudaýyň adamlary

Günlerde bir gün Ependi maýda-çüýde sürüm-ekin işleri bilen güýmenip ýadansoň, çeş¬mäniň başynda oturyp, ýany bilen getiren naharyny iýmäge başlapdyr. Edil şol mahal birnäçe adam peýda bolup, onuň saçagynyň başyna geçip, barja zadyny iýip gutarypdyrlar. Gaýtjak bolanlarynda Ependi olaryň kimdiklerini sorapdyr welin, olar:
– Biz Hudaýyň adamlary – diýip jogap beripdirler.
Olar giden badyna ýene-de bir topar atly gelip çeşmäniň bir gyrasynda düşläpdirler. Bir goýnuň damagyny çalyp gowurma, kebap taýýarlap iýipdirler.
Ependi olardan hem kimdiklerini soranda, olar hem:
– Biz şanyň adamlary – diýip jogap beripdirler.
Ependi ýüzüni asmana tarap aýlap:
– Eger sen öz adamlaryňy şanyň ekleýşi ýaly ekläp bilmeýän bolsaň, onda näme üçin özüňe „ Alla diýdirýäň!? – diýip zeýrenipdir.

 

Şeýtanyň höwürtgesi

Günlerde bir gün Ependi sakgalyny syrypdyr. Tanyşlaryndan biri ony görüp:
– Be-ýe, Ependi, näme üçin sen perişdeleriň höwürtgesini dargadyp, sakgalyňy syrdyň? – diýip, ýomak atypdyr.
Ependi bolsa, keýpini-de bozman:
– Wah, gadyrlym, men sakgalymda şu çaka çenli ýekeje-de perişde görmedim, ol hemişe, hut, seniň sakgalyň ýaly şeýtanyň höwürtgesidi – diýipdir.